Ulag-üstaşyr mümkinçiliklerimiz artýar

Ýurdumyz Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşmek bilen, ony ulagyň ähli görnüşleri boýunça ösdürmegiň uly mümkinçiliklerine eýedir. Häzirki döwürde 2013 — 2017-nji ýyllar aralygyndaky döwür üçin daşary syýasat Konsepsiýamyzyň esasy ugurlarynyň biri hem ulag diplomatiýasyny ösdürmeklik bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň taryhy ähmiýetli başlangyçlary bilen, ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Rezolýusiýalaryň birnäçesi kabul edildi. Bu Rezolýusiýalar ulag ulgamynda halkara kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmek babatda möhüm başlangyç bolup, ýakyn geljekde intermodal logistik merkezleri döretmek arkaly halkara ulag ulgamyny häzirki zamanyň talaplaryna laýyk döwrebaplaşdyrmagyň möhüm guraly hökmünde çykyş eder.

2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi açylyp, ulanylmaga berildi. Munuň özi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ulag ulgamynda iri sebit we halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirýän, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen bagly wezipelere örän jogapkärli garaýan döwletdigini ýene bir ýola subut etdi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz üstaşyr geçelge mümkinçiliklerini netijeli ulanmak arkaly birleşen multimodal ulag-üstaşyr ulgamlaryny we geçelgelerini döretmek bilen bagly wezipelere ulag ulgamynda öňde goýlan belent maksatlaryň möhüm basgançaklary hökmünde garaýar. Hut şu nukdaýnazardan, ýokary tizlikli awtomobil ýoly Türkmenistanyň çäginden dürli ugurlar boýunça daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary işjeňleşdirmäge amatly şertleri döreder. Şeýle hem goňşymyz bolan doganlyk Özbegistan döwleti bilen ulag ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge mümkinçilik berer. Ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýük we ýolagçy awtoulaglaryna Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder. Munuň özi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halkara abraýy barha ýokarlanýan Türkmenistan döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna uly itergi bolup, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň gerimini giňeltmäge ýardam berer.

Umumadamzat bähbitli möhüm taslamalary durmuşa geçirmek arkaly halkymyzy ajaýyp we abadan ertirlere alyp barýan milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, döwletli tutumlary elmydama rowaç alsyn!

Bibijan JORAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Sanly diplomatiýa» ugry boýunça magistranty.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/45945