Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrmak babatda möhüm ähmiýetli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda alnyp barylýan “Açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginde giňden dabaralanýan ulag-logistika, energiýa serişdelerini howpsuz we üstaşyr geçirmek ýaly giň gerimli halkara başlangyçlaryny öňe sürýär. Halkymyzda: “Ulag geçer — rysgal seçer” diýlen ajaýyp, jümle bar. Şu aýtgydan ugur alsak, rysgalyň, döwletliligiň, rowaçlygyň başlangyjy ak ýollardan geçýän kerwenlerde bolsa gerek. Bereketliligiň seçilmegi üçin bolsa ýollaryň gurulmagy, döredilmegi möhüm wezipe bolup durýar. Ýol gurmagy, köpri gurmagy sogap hasaplaýan halkymyz şeýle asylly işlerde nusgalyk görelde görkezmegi hem başarýar. Döwletimiziň geografik taýdan amatly çäkde — Günbatar bilen Gündogary, Aziýa bilen Ýewropany baglanyşdyrýan ýollaryň çatrygynda ýerleşmegi hem döwletlilikden nyşandyr. Bu bolsa ýurdumyzyň ulag-üstaşyr ulgamynyň döwrebap şertlerde has-da ýokary depginler bilen ösmegine mümkinçilik döredýär. Türkmenistan häzirki taryhy döwürde ähli döwletleri we yklymlary birleşdirýän, häzirkizaman üpjünçilik ulgamlary bolan howa menzillerini, awtomobil we demir ýollaryny, gaz we elektrik geçirijileri, aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak, döretmek bilen halkara derejesindäki belent ornuny has-da pugtalandyryp, Demirgazygyň we Günortanyň, Günbataryň we Gündogaryň, Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda “Altyn derwezä” öwrüldi.
Döwletimiziň ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde gurlup, ulanylmaga berilýän Türkmenistanyň halkara awtomobil we demir ýollary, howa menzilleri, halkara deňiz porty halklary birleşdiriji häsiýete eýe bolmak bilen, müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny özara baglanyşdyran we adamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde ägirt uly ähmiýete eýe bolan Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegine giň ýol açýar. Sebitde ähliumumy parahatçylygyň, durnukly ykdysady ösüşiň bähbitlerine ýardam berýär.
Ýolagçylaryň tiz wagtda barmaly menzillerine ýetmeklerini amala aşyrmak, gurulýan ýollaryň amatlylygyny üpjün etmek göz öňünde tutulandyr. Watanymyzyň baş ýörelgesi dünýä döwletleri bilen parahatçylykly, özara bähbitli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. Dünýäde parahatçylygy saklamak we bu ugurda halkara ylalaşyklaryny gazanmak bilen bagly umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlary dünýä halklaryny bagtyýar geljege we ösüşiň täze belentliklerine çagyrýar. Şonuň netijesinde hem ýurdumyz dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän döwlete öwrüldi. Ulag diplomatiýasy uly ösüşlere eýe bolýar. 2021-nji ýylda açylyp, ulanmaga berlen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurluşygyny Türkmenistanyň üstaşyr ulag düzümini döretmek babatda durmuşa geçirýän taslamalarynyň iň irileriniň biri hasaplamak bolar. Ol diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, Merkezi Aziýa we goňşy döwletler üçin hem üstaşyr geçelgeler ulgamynda açylan ägirt uly mümkinçilikdir. Ýokary tizlikli bu ýoluň gurulmagy Eýrandan, şol sanda beýleki ýurtlardan gelýän harytlary Türkmenistanyň üsti bilen sebitiň bazarlaryna çykarmaga-da amatly şertleri döredýär. Türkmenistanyň çäkleri häzirki wagtda Merkezi we Günorta Aziýa döwletlerine çykmak üçin möhüm geçelge bolup hyzmat edýär. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýol ugruny, Türkmenbaşy — Astrahan — Aktau parom geçelgesini ýola goýmak ýaly taslamalar durmuşa geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 19-njy maýynda Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyrdy, şol ýerde hormatly myhman hökmünde «Russiýa — yslam dünýäsi: Kazan Sammit — 2022» XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy we plenar mejlisde çykyş etdi. «Kazan EKSPO» halkara sergisinde Gahryman Arkadagymyz elektrik çekiş güýjünde işleýän döwrebap awtobuslaryň nusgalary bilen tanşyp, ekologik taýdan arassa bu awtobuslary ýurdumyz üçin satyn almaga gyzyklanma bildirdi. Häzirki wagtda türkmen-rus hyzmatdaşlygy dürli ulgamlar boýunça alnyp barylýar. Awtomobil senagatynda, gämi gurluşygynda, söwdada we beýleki pudaklarda üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen birlikde, ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, bar bolan uly kuwwatdan has doly peýdalanmaga aýratyn üns berilýär. Muňa mysal edip, hormatly Prezidentimiziň Russiýa döwletine resmi iş saparyny aýtmak bolar. Saparyň çäginde iki döwletiň Prezidentleriniň arasynda ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy boldy. Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Wladimir Putin Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler.
Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň ulag diplomatiýasynda döwrebap halkara ulag-logistika ulgamyny döretmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça ählumumy başlangyçlarynyň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyny tassyklaýar we Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatynyň ýokary netijeliliginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.
Demir ýol ulgamynda hem birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda demir ýol ulaglary pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň başynda “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi. Täze esasda gurnalan demir ýol ulgamy döwrebap ösüşleriň we ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolup durýar. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda hem Türkmenistanyň ulaglar ulgamynyň çygryndaky milli kanunçylygy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary we ýörelgeleri bilen sazlaşýar. Ýurduň bu ulgamynda ýüze çykýan gatnaşyklar Türkmenistanyň Howa kodeksi, Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksi, şeýle hem «Awtomobil ulagy hakynda», «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda», «Magistral turba-geçiriji ulag hakynda», «Demir ýol ulagy hakynda» hem-de «Ulag howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär. Ulag- logistika ulgamynda köptaraplaýyn gatnaşyklary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Maýsa KURBANOWA.
Welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.