Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlary uly ösüşlere eýe bolýar. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň täze taryhyny emele getirip, onuň kämil nusgada dikeldilmegini üpjün etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Ulag-aragatnaşyk ulgamynda bar bolan giň mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrmak we olary täze ykdysady derejä ýetirmek arkaly iňňän ýokary netijeleri gazanyp, bu ugurda işjeň hereket edýändigimiz hem bellenilmeli ýagdaýdyr» diýip belleýär. Munuň özi ýurdumyzda köpugurly ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmeginiň, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi maksadalaýyk ösdürmäge hem-de ahyrky netijede halkymyzyň bagtyýar durmuşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendiginiň subutnamasydyr.
Milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýa etmek we innowasiýa ösüş ýoluna geçmek çözgüdi uzak möhletleýin ykdysadyýetiň durnukly ösüşine baglydyr. Ulag we logistika ulgamynyň innowasiýa ösüşini dolandyrmagyň esaslaryny öwrenmek ýurdumyzyň ulag we logistika ulgamynyň ähli derwaýys meselelerini göz öňünde tutup, döredilmeli dolandyryş mehanizminiň kämilleşdirmelidigi barada netijä gelmäge mümkinçilik berýär. Ulag we logistika ulgamynyň innowasion ösüşini dolandyrmakda onuň aýratynlyklary, mümkinçilikleri möhüm bolup durýar. Bu ulgamy ösdürmekde dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, bu ugra hususy pudagyň işjeň gatnaşmagy we gyzyklanmagy zerurdyr.
Ýurdumyzda ulag toplumynyň ösüşine uly ähmiýet berilýär. Ulag-logistika ulgamy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň üçin bu ugurda ösen we täsirli ulag ulgamyny döretmek, hyzmatlaryň hilini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, içerki we daşarky bazarlarda onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak we üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmek esasy wezipelerdir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam edýändigi netijesinde geçen sanlyja ýyllarda hemişelik Bitarap Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmek bilen, sebitiň örän möhüm ulag geçirijisine, iri halkara logistika merkezine öwrüldi. Munuň üçin döwrüň ýokary talabyna laýyk gelýän ulag düzümi kemala getirildi, täze awtomobil ýollary çekilýär, transmilli demir ýollary, howa menzilleri gurulýar, gojaman Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty kemala geldi. Häzirki zaman deňiz we howa gämileri satyn alynýar, demir ýol we awtomobil köprüleri bina edilýär, olar diňe bir ýurdumyzyň sebitlerini däl-de, alys we goňşy döwletleri deňhukukly, köpugurly hyzmatdaşlyga çagyrýar. Şunda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ösdürilmeginde raýat awiasiýasyna möhüm orun degişli bolup, täze uçarlar satyn alynýar, ýokary hünärli uçarmanlar we tehniki işgärler taýýarlanylýar. Aşgabat, Daşoguz, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Mary we Kerki şäherlerinde häzirki zaman Halkara howa menzilleri ýolagçylara döwrebap hyzmat edýär.
Awtomobil ýollar düzümini ösdürmek barada aýdylanda, geçirilýän toplumlaýyn işleriň çäklerinde inžener-kommunikasiýa ulgamlaryny doly çalyşmak bilen hereket howpsuzlygynyň täze ulgamlary ornaşdyrylýar. Bu ulgamda Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalardan we dünýäniň öňdebaryjy tejribesinden ugur alýandygyny bellemelidiris. Iň döwrebap ýollar ulanmaga berilýär, şeýle hem ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň ähmiýeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 203 kilometrlik Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat – Tejen bölegini dabaraly ýagdaýda ulanylyşa girizmek arkaly Türkmenistan iri göwrümli ulag-aragatnaşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde hem-de ösdürilmeginde ygtybarly hyzmatdaş bolup çykyş edýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.
Türkmenistanyň halkara we ykdysady hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirmek biziň gatnaşyklarymyzyň giň geografiýasyna we düzümleýin diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, dünýä ösüşiniň esasy ugurlaryna işjeň goşulyşmagyna esaslanýar. Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen ikitaraplaýyn deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini işjeň ösdürýär. Awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny işjeňleşdirmek bilen, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär.
Ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçirilmegi ulaglaryň ähmiýetini has-da güýçlendirdi.
Ýurtlaryň, sebitleriň, welaýatlaryň, etraplaryň arasyndaky gatnaşyklar bazar ykdysadyýetiniň esasyny emele getirýär. Şol sebäpli ýurtlaryň arasynda ulag ýollaryny peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlyk alnyp barylýar we şu esasda hemmetaraplaýyn gatnaşyklar amala aşyrylýar. Bu gatnaşyklary we döwletimiziň öz içindäki dolanyşygy alyp barmakda, önümçiligi rejeli ýerleşdirmekde ulag serişdeleriniň ähmiýeti uludyr. Ulag — bu ykdysady sebitleriň toplumlaýyn ösdürilmeginde, öndüriji güýçleri çäk boýunça mümkingadar endigan ýerleşdirmekde, önümçilik pudaklarynyň, kärhanalaryň arasynda ykdysady-tehnologik aragatnaşygy amala aşyrmakda taýsyz serişdedir. Dünýä ýüzünde häzirki döwürde ulag ýollarynyň köpugurlylygy, hili we tizligi esasy görkezijileriň biri bolmak bilen, halkara ykdysady gatnaşyklarda aýgytly orun eýeleýär. Dünýä tejribesi geografik taýdan amatly ýerleşen ýurtlarda we sebitlerde ösen ulag toplumynyň döredilmeginiň üstaşyr ýüklerden hem goşmaça girdeji almaga mümkinçilik berýändigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ýükleri üstaşyr daşamagyň özüne çekijiligini, bäsdeşlige ukyplylygyny we netijeliligini üpjün edýän, bitewi, köpugurly we daşary ýurtlar bilen goşulyşan ulag giňişligini emele getirmäge uly üns berilýär. Türkmenistan geografik taýdan amatly ýerde, ýagny Ýewraziýa ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär. Şu aýratynlyk nazara alnyp, ýurduň geoykdysady ýagdaýyny düýpli berkitmek maksady bilen uly möçberli, halkara ähmiýetli demir ýol we awtomobil ýollary, gaz geçirijiler gurulýar. Aziýa yklymynda ýerleşýän döwletleriň Türkmenistanyň üsti bilen Pars aýlagyna, Türkiýä, Ýewropa ýurtlaryna çykmak mümkinçiligi bar. Soňky ýyllarda gurlan we gurulýan demir ýol, awtomobil we howa ýollary ýurdumyzyň üstaşyr geçelge hökmündäki ähmiýetiniň artýandygyny we ykdysady görkezijileriniň ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär.
Türkmenistanyň geosyýasy ugry hyzmatdaşlyga oňyn täsir edýär. Milli ykdysadyýetimiz dünýä ykdysady giňişliginiň iň bir ygtybarly, berk binýatly düzüm bölegine öwrülýär. Ýakyn goňşularymyz bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda hem möhüm şert bolup durýar. Türkmenistanyň sebitleýin strategiýasynyň maksady Merkezi Aziýada giň möçberli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden hem-de ösüşiň derwaýys meselelerini çözmek üçin sebitde amatly geosyýasy we geoykdysady ýagdaýy döretmäge doly ýardam bermekden ybaratdyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde barha rowaçlanýan ulag-logistika ulgamy möhüm we geljegi uly bolan ugur bolmak bilen, dünýäniň ähli döwletleriniň arasynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we ýurdumyzyň okgunly ösüşleriniň ygtybarly binýadyna öwrülýär.
Goý, ýurdumyzy ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Hajymämmet NYÝAZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat Halkara howa menziliniň Howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň Baş merkeziniň raýat sektorynyň uly dispetçeri.