Ulag ulgamy kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, ýurduň kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda alnyp barylýan giň möçberli işlere, ýetilen sepgitlere, gazanylan ösüş-özgerişlere nazar aýlasaň, Watanymyzyň at-abraýynyň älem içre ýaýraýandygyna has aýdyň göz ýetirýärsiň.

Türkmenistanyň halkara we ykdysady hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirmek biziň gatnaşyklarymyzyň giň geografiýasyna we düzümleýin diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, dünýä ösüşiniň esasy ugurlaryna işjeň goşulyşmagyna esaslanýar. Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen ikitaraplaýyn deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini işjeň ösdürýär. Awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny işjeňleşdirmek bilen, «Demirgazyk — Günorta», «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Ol Ýuwaş ummanyndan Hazar deňzine we Gara deňze çenli, Ýewropanyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi öz içine alýar.

Ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçilmegi ulagyň ähmiýetini has güýçlendirdi. Ýurtlaryň, sebitleriň, welaýatlaryň, etraplaryň arasyndaky gatnaşyklar bazar ykdysadyýetiniň esasyny emele getirýär. Şol sebäpli ýurtlaryň arasynda ulag ýollaryny peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlyk alnyp barylýar we şu esasda hemmetaraplaýyn gatnaşyklar amala aşyrylýar. Bu gatnaşyklary we döwletimiziň öz içindäki dolanyşygy alyp barmakda, önümçiligi rejeli ýerleşdirmek üçin ulag serişdeleriniň ähmiýeti uludyr. Ulag — bu ykdysady sebitleriň toplumlaýyn ösdürilmeginde, öndüriji güýçleri çäk boýunça mümkingadar endigan ýerleşdirmekde, önümçilik pudaklarynyň, kärhanalaryň arasynda ykdysady-tehnologik aragatnaşygy amala aşyrmakda taýsyz serişdedir. Dünýä ýüzünde häzirki döwürde ulag ýollarynyň köpugurlylygy, hili we tizligi esasy görkezijileriň biri bolmak bilen, halkara ykdysady gatnaşyklarda aýgytly orun eýeleýär. Dünýä tejribesine syn salsak, geografik taýdan amatly ýerleşen ýurtlarda we sebitlerde ösen ulag toplumynyň döredilmegi üstaşyr ýüklerden hem goşmaça girdeji almaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ýükleri üstaşyr daşamagyň özüneçekijiligini, bäsdeşlige ukyplylygyny we netijeliligini üpjün edýän, bitewi, köpugurly we daşary ýurtlar bilen goşulyşan ulag giňişligini emele getirmäge uly üns berilýär. Türkmenistan geografik taýdan amatly ýerde, ýagny Ýewraziýa ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär. Türkmenistanyň şu geografik ýagdaýy nazara alnyp, ýurduň geoykdysady ýagdaýyny düýpli berkitmek maksady bilen uly möçberli, halkara ähmiýetli demirýol we awtomobil ýollary, gaz geçirijiler gurulýar. Aziýa yklymynda ýerleşýän döwletleriň Türkmenistanyň üsti bilen Pars aýlagyna, Türkiýä, Ýewropa ýurtlaryna çykmak mümkinçiligi bar. Soňky ýyllarda gurlan we gurulýan demirýol, awtomobil we howa ýollary ýurdumyzyň üstaşyr geçelge hökmündäki ähmiýetiniň artýandygyny we ykdysady görkezijileriň ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär.

Türkmenistanyň geosyýasy ugry hyzmatdaşlygyň durmuşyna oňyn täsir edýär. Milli ykdysadyýetimiz dünýä ykdysady giňişliginiň iň bir ygtybarly, berk binýatly düzüm bölegine öwrülýär. Ýakyn goňşularymyz bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda hem möhüm şert bolup durýar. Türkmenistanyň sebitleýin strategiýasynyň maksady Merkezi Aziýada giň möçberli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ösüşiň derwaýys meselelerini çözmek üçin sebitde amatly geosyýasy we geoykdysady ýagdaýy döretmäge doly ýardam bermekden ybaratdyr.

Goý, ata Watanymyzy ösüşleriň belent sepgitlerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Nurmämmet ALTYÝEW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22838