![](https://fineconomic.gov.tm/storage/app/uploads/public/62c/7c2/072/62c7c20721289119479695.jpg)
Häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasatyň esasy ugurlary, esasan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öz aýdyň beýanyny tapdy. Şoňa görä-de, ýokary depginli ykdysady ösüşi gazanmakda, ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümini diwersifikasiýalaşdyrmakda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, bazar-ykdysady özgertmeleri çuňlaşdyrmakda, ýurduň sebitleriniň we pudaklarynyň gyradeň ösüşini gazanmakda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek.
Türkmenistany geljek 30 ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulyşy ýaly, ýurdumyz ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna maýa serişdelerini goýar. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda esasy maýa goýum awtomobil, howa, demir ýol, derýa we deňiz gatnawlaryny ösdürmäge, awtomobil ýollaryny gurmaga, telekommunikasiýa, poçta-elektroaragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň geosyýasy ýerleşişinden we üstaşyr ulag amatlyklaryndan has netijeli peýdalanyp, ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmaga, täze üstaşyr geçelgeleri döretmäge gönükdiriler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle belleýär: «Häzirki döwürde ulag-logistika ulgamy sebitleri we dünýäniň kontinentlerini birleşdirýän güýje öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Şoňa görä-de, bu geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanarys».
Üçünji müňýyllykda Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmegiň gözbaşynda duran hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag diplomatiýasynyň özenini tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen asylly maksatlarda görýär. Halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, onuň häzirki zaman şertlerine görä hereket etmegini gazanmak üçin Türkmenistan tarapyndan ulag ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamyny ösdürmek boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki belent abraýyndan habar berýär. Mundan başga-da, 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň guralmagy ýurdumyzyň bu babatda halkara gepleşikleriň ýokary derejede geçirilýän merkezine öwrülendigini görkezýär.
Şu ýylyň ýanwarynda tassyklanan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» strategik taýdan ähmiýetli çäreler göz öňünde tutulýar. Olar, hususan-da, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň we halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmekden; ulag ugrunda halkara guramalar, şol sanda BMG hem-de onuň sebitleýin komissiýalary, ýagny Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, şeýle-de ýöriteleşdirilen halkara ulag we logistika guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekden; badalga berlen iri halkara we sebitara taslamalary durmuşa geçirmekden, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Mälim bolşy ýaly, ulag diplomatiýasy biri-biri bilen ýakyndan baglanyşykly bolan birnäçe ugry özünde jemleýär. Muňa ýurduň üstaşyr ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmek babatda çäkdeş ýurtlar bilen ylalaşyklary baglaşmak, zamanabap awtomobil, demir ýollary gurmak, howa we deňiz-derýa gatnawlaryny döretmek, şol ýollardan üstaşyr ýükleri we ýolagçylary gatnatmagyň şertlerini ylalaşmak ýaly ugurlary mysal getirmek bolar. Bu ugurda amala aşyrylýan işler Beýik Ýüpek ýoluny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gaýtadan dikeltmekde, ýurdumyzy sebitde iri ulag-logistika merkezine öwürmekde ynamly ädimleri ätmäge mümkinçilik berýär.
Dünýä döwletleri öz ýüklerini we ýolagçylaryny gysga wagtda amatly geçirmek babatda Türkmenistanyň mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýärler. Türkmenistan Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ýük we ýolagçy gatnawlaryny geçirmegiň howpsuzlygyny kepillendirýär. Parahat ýagdaý, halkyň agzybirligi, berk berjaý edilýän ekologik talaplar dünýä döwletlerinde we iri kompaniýalarda ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly isleg döredýär. Ýurdumyzyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, «Açyk gapylar» syýasaty bu ugurda işleriň has-da ilerlemegine itergi berýär.
Türkmenistan sebitara ykdysady hyzmatdaşlyga itergi berýän esasy güýji ulag ulgamyny we üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini giňden durmuşa geçirmekde görýär. Daşary ýurtlaryň, hususan-da, sebitiň ýurtlarynyň Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça durnukly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşmagynyň üstünlikli hyzmatdaşlygy, dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygy hakykatdyr. Arkadagly Serdarymyzyň daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarynyň çäklerinde ulag ulgamyna degişli halkara resminamalara gol çekilmegi hem hut şu asylly maksada ýetmäge gönükdirilendir. Şeýle resminamalaryň hatarynda ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Russiýa we Eýran bilen gol çekilen Ähtnamalary görkezmek bolar. Bu ugurdaky gepleşikler paýtagtymyzda geçirilen altynjy Hazar sammitinde hem dowam etdirildi.
Mahlasy, Türkmenistanda ulag ýollarynyň doly döwrebaplaşdyrylmagyna, täze köprüleriň, ähli zerur düzümi bolan ýokary tizlikli awtobanlaryň gurulmagyna uly üns berilýär. Şunda transmilli awtomobil ýollarynyň gurluşygynda halkara ülňüleriň berjaý edilmegi möhüm talap bolup durýar.
Netijede, häzirki döwürde ýurdumyzyň awtomobil, demir, howa we deňiz ýollaryna degişli düzümler milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, onuň eksport mümkinçiliklerini amala aşyrmak, halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleriň döredilmegini üpjün edýär. Şeýle işler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan we uly geljegi nazarlaýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.