Ulag diplomatiýasy: hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 14-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Munuň özi ulag diplomatiýasynyň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň hataryndadygyny ýene bir gezek görkezdi.

Mälim bolşy ýaly, «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» ulag ulgamy boýunça hyzmatdaşlyga strategik ugur hökmünde garalýar. Ulag geçelgelerini döretmek babatda ýurdumyzyň başlangyçlaryny işjeň durmuşa geçirmek we Merkezi Aziýany tutuşlygyna yklym ähmiýetli iri üstaşyr geçelgeleriň çatrygyna öwürmek üçin zerur bolan işler üstünlikli amala aşyrylýar. Iri halkara forumlarda, maslahatdyr duşuşyklarda bu mesele bilen bagly täze çemeleşmeleridir gurallary durmuşa ornaşdyrmak ugrunda netijeli çözgütler kabul edilýär. Türkmenistan ulag babatda kabul edilen halkara resminamalardan gelip çykýan wezipeleri iş ýüzünde amal etmek maksady bilen, bu pudagy ösdürmäge hem-de onuň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen anyk taslamalary, maksatnamalary işläp taýýarlaýar. Şonuň bilen birlikde-de üstaşyr geçelgelerden netijeli peýdalanmak arkaly birleşen multimodal üstaşyr ulag ulgamyny döretmegi, pudagyň tehniki-enjamlaýyn binýadyny berkitmegi, maglumat we logistik merkezlerini döretmegi, bu ugurda daşary ýurt döwletleri, halkara guramalardyr kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegi ileri tutýar.

Ulag babatda dünýäde ýüze çykan häzirki çylşyrymly şertleri göz öňünde tutup, hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly eden çykyşynda şeýle belledi: «Türkmenistan pandemiýanyň ýaramaz ykdysady täsirini azaltmak bilen baglylykda, BMG-niň aýry-aýry ugurlar boýunça işini güýçlendirmegi zerur hasaplaýar. Hususan-da, adatdan daşary ýagdaýlar şertlerinde halkara ulag ulgamlaryny dikeltmegiň we olaryň durnuklylygyny pugtalandyrmagyň üstünde işjeň işlemek möhümdir». Milli Liderimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşynda-da şeýle mazmunly garaýyşlary öňe sürmegi aýratyn bellärliklidir. Çünki Türkmenistan ulag ulgamyny we üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini sebitara ykdysady hyzmatdaşlyga itergi berýän esasy güýç hökmünde görýär. Muny mejlisde beýan edilen şu pikirler hem tassyklaýar: «...GDA-nyň ykdysady ugurlaryny we bähbitlerini Arkalaşygyň çäklerinden daşarda ilerletmegiň, serhetdeş ýurtlaryň, goňşy sebitleriň biziň taslamalarymyza goşulyşmagynyň wajypdygyny nygtaýarys. Ilkinji nobatda, munuň özi üstaşyr ulag düzümini döretmäge, energiýa serişdeleriniň iberilişini ösdürmäge hem-de giňeltmäge, täze aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlaryny çekmäge degişlidir. Arkalaşygyň ýurtlarynyň Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça durnukly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşmagy üstünlikli hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolup durýar diýip hasaplaýarys».

Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň oktýabrynda Hytaýyň Pekin şäherinde gibrid görnüşde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna gatnaşmagy hem, sözüň doly manysynda, taryhy waka boldy. Ýeri gelende aýtsak, ulag ulgamy babatda halkara hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin dialogyň döremegini şertlendiren durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatlary geçirmek bilen bagly başlangyç hut milli Liderimize degişlidir. Mälim bolşy ýaly, dünýä jemgyýetçiliginiň isleglerine, häzirki zamanyň hakyky ýagdaýlaryna laýyk çemeleşmeler 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatda orta atylypdy. Şonda kabul edilen Aşgabat Jarnamasy halkara gatnaşyklarda täze bir möhüm ugruň, ýagny ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň giň gerimli amal edilmegine, munuň bilen bagly gyzyklanmalaryň gepleşikler görnüşinde dürli syýasy giňişlikde dowam etdirilmegine ygtybarly binýat boldy.

Gürrüňi edilýän maslahatda hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan ulag ulgamynda ysnyşykly we giň halkara hyzmatdaşlyga berk ygrarlydyr. Şoňa görä-de, 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşiniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň ähmiýetine-de aýratyn üns çekildi. 48 döwletiň awtordaşlygynda bu resminamanyň kabul edilmeginiň esasynda häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde, hususan-da, gönüden-göni ulag ulgamynda ýüze çykýan ýaramaz täsirleri we howplary azaltmak, aradan aýyrmak boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny utgaşdyrmak, degişli hukuk binýadynyň üstüni ýetirmek ýaly möhüm wezipeler durýar.

Tutuş dünýäde çylşyrymly pandemiýa şertlerinde ösüp gelýän ýurtlaryň, ilkinji nobatda, dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň aýratyn goraga mätäçdigi ýiti duýulýar. Şunda dünýä bileleşigine Birleşen Milletler Guramasynyň, bu ugurda maksatlaýyn hereket edýän halkara edaralaryň ýardamy arkaly şu ýagdaýdaky döwletlere kömek we goldaw bermegiň, şol sanda dünýäniň ulag ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyň pese düşmegini ýeňip geçmekde goldaw bermegiň zerurdygyny aýratyn nygtamak gerek. Hut şu meseleleri giňden ara alyp maslahatlaşmak üçin hem ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde şu ýylyň aprel aýynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmäge giňden taýýarlyk görülýär. Bu maslahat gyzyklanýan ähli taraplar üçin açykdyr. Gün tertibinde dürli ýurtlaryň arasyndaky üstaşyr ulag hyzmatdaşlygynyň kämilleşdirilmegi baradaky meseläniň hem bolmagy forumyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Çünki dünýä ykdysadyýetiniň barha globallaşýan şertlerinde deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň söwda-ykdysady bähbitleriniň göz öňünde tutulmagy ykdysady ösüşiň deňagramlylygyny saklamak nukdaýnazaryndan örän möhümdir.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy halkara ölçegleriň talaplaryna doly kybap gelmek bilen, ýokary depginlerde alnyp barylýar. Geçen ýylyň 29-njy oktýabrynda bu iri taslamanyň Aşgabat — Tejen bölegi işe girizildi. Golaýda bolsa milli Liderimiz onuň Tejen — Mary böleginiň gurluşygyna ak pata berdi. Diýarymyzda hususy pudagyny wekilleriniň gatnaşmagynda çylşyrymly inženerçilik desgalarynyň onlarçasynyň hem-de ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurulmagy halkymyzyň gujur-gaýratyndan, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyndan nyşandyr.

Umuman, ulag ulgamynyň kämilleşdirilmegi, üstaşyr ulag mümkinçilikleriň ýokarlandyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrar, onuň dünýä ykdysadyýetine işjeň we özara bähbitli esasda goşulyşmagynyň derejesini ýokary göterer. Täze kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.

Gylyçmuhammet JORAÝEW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.