Ulag diplomatiýasy — durnukly ösüşlere binýat

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň amala aşyrýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki döwletara hyzmatdaşlygy, şonuň ýaly-da, abraýly halkara guramalaryň, düzümleriň çäklerinde ýokary derejede geçirýän gepleşikleri we duşuşyklary, olarda gazanylýan netijeli ylalaşyklar diňe bir ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna däl, eýsem, sebitiň we dünýäniň ösüşine gönükdirilendir.

Milli Liderimiziň oňyn daşary syýasatynyň netijesinde Türkmenistan XXI asyryň adamzat siwilizasiýasynyň ösüşleriniň ölçeglerine doly kybap gelýän netijeli özgertmeleri işjeň durmuşa ornaşdyrýar. Şu ýylyň 14-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi hem bu ugurda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda ählumumy halkara hyzmatdaşlygynda barha giň gerime eýe bolýan täze ugur — ulag diplomatiýasy işjeň ösdürilýär. Bu babatda Türkmenistan BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde bu mesele boýunça köpugurly anyk gepleşikleriň barşynda möhüm ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, dünýäde ulag ulgamynda ählumumy wezipeleriň çözgüdini tapmak üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna hem-de şeýle hyzmatdaşlyga taýýarlygyň barha artýandygyna berkarar ýurdumyz uly ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen Beýik Ýüpek ýoly dünýäniň örän çalt depginlerdäki ösüşine laýyklykda, täze görnüşde, onda-da uzak geljegi nazarlaýan uly tutumlar bilen täzeden dikeldilýär. Goňşy döwletlere uzaýan täze gurulýan döwrebap awtomobil ýollary, polat ýollar, deňiz we derýa, howa ýollary, ýokary hil derejesinde gurlan belent köprüler, goňşy we alys döwletlere uzaýan gaz, elektrik geçirijiler muňa doly şaýatlyk edýär. Bu taslamalaryň netijesinde Türkmenistan täze sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzüminiň emele gelýän möhüm halkasyna öwrülýär.

Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman has kämilleşýän ulag aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmek, ýurdumyzyň depginli durmuş-ykdysady ösüşini we ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän sebitleýin hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Biziň ýurdumyz örän amatly geografik ýagdaýy eýelemek hem-de Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany birleşdirýän gatnaw ýollarynyň strategiki çatrygynda ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklerine eýedir. Häzirki wagtda bu ugurda durmuşa ornaşdyrylýan beýik işler ýurdumyzyň döwletara hyzmatdaşlygynda täze derejelere çykmagyna, halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna doly derejede goşulyşmagyna uly ýardam berýär.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň ulag ulgamyndaky möhüm başlangyçlaryna bu ugurda dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasyny has-da artdyrdy.

Türkmenistan bu ugurda sanlyja ýylyň içinde halkara derejeli iri taslamalaryň ençemesini üstünlikli amala aşyrdy. Ýurdumyz deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbitlerine, şeýle hem halkara ülňülerine doly laýyk gelýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa, Owganystan, Hazarýaka döwletler, Hytaý babatda üstaşyr daşama mümkinçiliklerini has-da artdyrýar. Şunda ýurdumyzyň başlangyjy bilen döredilýän Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli) halkara ulag geçelgesiniň hem ähmiýeti örän ýokarydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde Kerki — Ymamnazar — Akina — Andhoý, Serhetabat — Turgundy demir ýollary guruldy. Ýurdumyzda halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň 3 tapgyrda, ýagny «Aşgabat — Türkmenbaşy», «Aşgabat — Farap», «Aşgabat — Daşoguz» ugurlary boýunça meýilleşdirilmegi hem bu ugurda uly taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyndan habar berýär.

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ägirt uly özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ýurtda döwrüň talabyna laýyk gelýän köp şahaly ulag düzüminiň emele getirilmegi sebitde şeýle hem Ýewraziýa giňişliginde netijeli ykdysady hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine we ösmegine giň mümkinçilik döredýär.

Goý, eziz Watanymyzy beýik ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Orazdurdy ABAÝEW,

Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.