Türkmenistan geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, ulag babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işlere aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugur ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň Konsepsiýasynda hem öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň kemala gelmegi onuň ulag babatda halkara hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrendigini görkezýär.
Döwletimiziň ulag diplomatiýasy Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň sebitlerini Ýewraziýada strategik durnuklylygyň mäkäm halkasyna öwürmegi, Ýewropa we Aziýa ýurtlaryny geljegi uly ykdysady hyzmatdaşlar hökmünde jebisleşdirmegi, yklymara ähmiýetli ulag ulgamyny döretmegi maksat edinýär. Munuň özi häzirki zamanyň birleşdirilen üstaşyr ulag düzüminiň döredilmegini talap edýär, bu bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, goňşy sebitleriň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berer. Şunuň esasynda Merkezi Aziýany we Hazar sebitini Ýewropa, Orta hem Ýakyn Gündogar bilen birleşdirýän, geljekde ony Hytaý, Hindistan, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary ýaly iri ykdysady merkezlere çykarmaga mümkinçilik berýän täze geoykdysady giňişligiň gurluşynyň binýadyny tutmak maksat edinilýär. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, iri halkara we sebit guramalarynyň forumlarynda eden taryhy çykyşlarynda möhüm halkara meseleleri, hususan-da, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde ulag-kommunikasiýa düzümini ösdürmäge degişli meseleler boýunça başlangyçlar bilen çykyş etdi.
Ählumumy bazaryň iri pudaklaryny has tygşytly ugurlar bilen baglanyşdyrýan yklymara ulag-kommunikasiýa geçelgelerini döretmäge gönükdirilen uly möçberli taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi üstünlikli ýöredilýän «Açyk gapylar» syýasatynyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyny görkezýär. Şu jähetden alanyňda, hormatly Prezidentimiziň ulag howpsuzlygyny üpjün etmek we ýokary tehnologiýaly üstaşyr ulag düzümini döretmek baradaky başlangyçlary wajyplygy bilen öňe çykýar. Çünki köp şahaly hem-de howpsuz halkara ulag düzüminiň döredilmegi ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegidir.
Türkmenistanyň ulag strategiýasy ýurduň üýtgewsiz taryhy ýörelgelerine we milli aýratynlyklara esaslanýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda köpugurly ulag-aragatnaşyk infrastrukturasynyň döredilmeginiň, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýeti maksadalaýyk ösdürmäge hem-de ahyrky netijede, halkyň eşretli ýaşaýşyny ýokarlandyrmaga, durmuş häsiýetli maksatnamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigini aýratyn nygtaýar. Türkmenistan halkara geçelgeleriň çatrygynda ýerleşmek bilen, ýurdumyzda döwrebap ýollar, köprüler, halkara howa, demir ýol menzilleri, portlar gurulýar. Bularyň ählisi häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegine ýol açýar, syýahatçylygyň, medeni hyzmatdaşlygyň, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň rowaçlanmagyna şert döredýär.
«Logistika» adalgasy häzirki döwürde ulaglar ulgamynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek jähetinden örän ýörgünlidir. Halkara hyzmatdaşlykda «logistika» adalgasyna önümiň, harydyň ýa-da hyzmatyň dolandyryş ulgamyny, ulaglar bilen daşalyşyny sazlaşdyrmak, ulgamlaşdyrmak ýaly toplumlaýyn işleriň kesgitlemesi hökmünde garalýar. Şeýlelikde, logistikanyň maksady önümi tiz wagtda we ygtybarly ýagdaýda öndüriji kärhanalardan alyjylara ýetirmekden ybarat bolup durýar.
Halkara ýük daşalyşy amala aşyrylanda, dürli döwletleriň çäginden geçmek zerurlygy döreýär. Ulag logistikasy amala aşyrylanda, ulag görnüşleriniň we amatly ugruň dogry saýlanyp alynmagy ýükleriň alyja çalt we arzan gowşurylmagyna täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, ulag logistikasy bu ulgamyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän, ykdysady pudaklary baglanyşdyrýan düşünje bolup öňe çykýar. Ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň girewidir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ulag ulgamynyň ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenendir. Olaryň hatarynda ýolagçylary gatnatmagyň, ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak we hilini gowulandyrmak, ulag hyzmatlarynyň eksportyny, esasan-da, ýurduň üstaşyr ýük geçirijiligini ýokarlandyrmak, ulgamda halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga niýetlenen iri halkara hem-de sebitleýin taslamalary öňe sürmek hem-de olary durmuşa geçirmek ýaly wezipeler bar.
2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda birbada halkara ähmiýetli dört desganyň — halkara demir ýol geçelgesiniň Akina — Andhoý böleginiň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, şeýle hem Kerki şäherinden Şibirgana çenli elektrik geçirijileriň işe girizilmegi milli ulag diplomatiýasynyň üstünliklere beslenýändigini görkezdi.
Şu ýylyň 23-nji iýunynda Kerki şäherinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen Halkara howa menziliniň ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgelerini diwersifikasiýalaşdyrmak we ony sebitiň ählumumy ösüşiniň bähbitlerine peýdalanmak babatda edýän aladalarynyň subutnamasydyr. Bu howa menziliniň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň köp şahaly multimodal üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiligini has-da artdyrar.
Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän Kerki Lebap welaýatynyň we tutuş ýurdumyzyň senagat hem ulag düzümleriniň işjeň kemala gelýän merkezleriniň biridir. Gadymy döwürlerden bäri türkmen Diýaryny Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň söwda hem-de medeni ýollaryny baglanyşdyrýan merkez diýip atlandyrypdyrlar. Ýurdumyzyň çäklerinden adamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde ägirt uly orun eýelän Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Şoňa görä-de, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan häzir ady rowaýata öwrülen bu ýoly täze görnüşde gaýtadan dikeltmek arkaly dost-doganlyk ýollaryny dünýäniň çar tarapyna uzadýar. Ýurdumyzyň multimodal ulag infrastrukturasy bu gün sebitiň parahat, asuda, bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilip, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň berkarar bolmagyna hyzmat edýär.
Ine, ýakynda bolsa Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda gurluşygyna badalga berlen bu howa menzili sebit we sebitara üstaşyr ulag gatnawlarynda möhüm orny eýelär. Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen täze howa menzili toplumy berkarar döwletimiziň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Türkmenistan syýasy, ykdysady mümkinçiliklerini ählumumy parahatçylygy hem ösüşi pugtalandyrmakda halkara hyzmatdaşlygyň peýdasyna ulanýar. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna esaslanýan ulag we aragatnaşyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ulag hyzmatdaşlygyny, sebitiň we dünýäniň halklarynyň abadançylygyny we uzak möhletleýin ösüşini üpjün etmäge, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga möhüm goşantdyr.
Nury KÖMEKOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/34805