«Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky tüwi öndürýän döwrebap kärhanasynyň ähli önümçilik bölümlerinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinden şaly hasylyny aýawly saklamak, gaýtadan işlemek hem taýýar önümleri sarp edijilere ýetirmek boýunça utgaşykly işler dowam edýär. Sahawatly topragymyzyň bolluk bilen eçilen täze şalynyň tüwüsi döwletli ojaklaryň bereketli saçaklaryny bezeýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly şalyçylar üçin hem iň hasylly ýyllaryň biri boldy. Demirgazyk welaýatyň ussat şalyçylary 8100 gektar meýdandan 35 müň 175 tonna hasyl alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler. Olaryň uly zähmet üstünligini gazanyp, meýilnamadan ep-esli artyk hasyl ýygnamaklaryna döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikler, hemaýat-goldawlardyr giň gerimli mümkinçilikler oňaýly şertleri döretdi.
Welaýat boýunça öndürilýän şalynyň esasy bölegi Aýböwür ýaýlasynyň bütin boýuny eýeläp oturan Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.Nyýazow adyndaky hem-de «27-nji oktýabr» daýhan birleşiklerinde ýetişdirilýär. Şaly hasylyny aýawly saklamaga we gaýtadan işlemäge niýetlenen kuwwatly kärhananyň hut şu etrabyň çäginde gurulmagy önümçiligiň ýitgisiz hem netijeli alnyp barylmagyny üpjün edýär. Bereketli hasyl «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň döwrebap düzümi bolan bu kärhanada çygdan goralyp, amatly şertlerde saklanýar. Sazlaşykly hereket edýän önümçilik bölümlerinde şaly bökdençsiz gaýtadan işlenilýär. Ýokary öndürijilikli, kämil enjamlar ornaşdyrylan önümçilik desgalarynda tüwiniň ýokary, birinji we ikinji sortlary, tüwi ýarmasy hem-de uny öndürilýär.
Etrap merkeziniň günorta künjeginde giň meýdany tutýan kärhananyň 30 müň tonna şalyny gaýtadan işleýän degirmeni we şonça mukdardaky şalyny aýawly saklamak üçin elewatory, tohumlyk şalyny arassalaýan hem-de saklaýan iki ammary bar. Bu döwrebap kärhana oba hojalygynda şalyçylygy ösdürmek babatda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň, şalyçy daýhanlara berilýän dürli ýeňillikleriň hem döredilýän amatlyklaryň miwesidir. Kärhanada 140-dan gowrak adam zähmet çekýär. Häzirki wagtda bu ýerde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, özümizde öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak boýunça önümçilik-hojalyk işleri yzygiderli amala aşyrylýar. Ýöriteleşdirilen dükanlarynyň ikisi bolup, olarda dürli görnüşli önümler sarp edijilere bökdençsiz ýetirilýär.
Aslynda, daşoguz tüwüsi öz meşhurlygyny ýüzýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Häzirki wagtda hem bu topragyň tüwüsi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokumlylygy, şireliligi, ynsan saglygy üçin zerur önümlere baýlygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Munuň özi demirgazyk sebitiň tebigy aýratynlyklary, her bir pasylda Gün şöhlesiniň düşüşi, ylaýta-da, şaly ösdürip ýetişdirmekde daýhanlaryň özboluşly, kämil iş usullary bilen baglydyr. Şalyçylyga ýöriteleşdirilen iki hojalygyň hem kärendeçileri, ussat ýer eýeleri ýokary hasyl alyp, türkmen toýlarynyň datly nygmatynyň bolçulygyny döretdiler.
Etrabyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Öremyrat Arazdurdyýew 8 gektar ýerden 43,5 tonna, Gurbansoltan Weliýewa 4 gektardan 31 tonna golaý hasyl alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler. Aýböwür ýaýlasynda halal zähmet bilen baýamagyň asylly nusgasyny görkezýän daýhanlar S.Nyýazow adyndaky şalyçylyk daýhan birleşiginde hem az däl. Döwlet tarapyndan berilýän hemaýat-goldawlardan, ýeňilliklerden güýç-gaýrat tapýan daýhan nebereleri ak ýürekden zähmet çekmegiň barça eşretleriň gözbaşydygyna gowy düşünýärler. Bu daýhan birleşiginiň kärendeçileri Täzegül Saryýewa 10 gektardan 50, Ogulgerek Baýramgylyjowa 2 gektar ýerden 11,5 tonna şaly öndürip, hasyllylygy 50 — 60 sentnere ýetirdiler. Olaryň halal zähmetiniň miweleri uly toýlara, ýagşy günlere ýaraşýar.
Amanmyrat SAPAROW.