Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi
Aşgabat, 18-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etdi. Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de birnäçe döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli forumyň gün tertibine häzirki döwrüň anyk ýagdaýlary bilen baglylykda, geljegi nazara alyp, Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri girizildi.
Koreýa Respublikasynyň Baştutany Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşýan döwlet Baştutanlaryna we beýlekilere tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de ýokary derejeli bu duşuşygyň ähmiýetini nygtady. Prezident Mun Çže In döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen şeýle çäreleri yzygiderli geçirmegiň sebitiň ýurtlary üçin möhümdigine ünsi çekdi.
Dostlukly ýurduň Baştutany şu foruma wekilçilik edýän döwletleriň geografiýasynyň giňdigini belläp, duşuşygyň oňa gatnaşyjylaryň arasynda bu ulgamda netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiz öz çykyşynda ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän sebit we dünýä derejesindäki netijeli gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde Bitarap Türkmenistanyň işjeň hem-de oňyn başlangyçlar ýörelgesini tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Ine hem-de duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, guramaçylara gutlag sözleri bilen ýüzlenmäge döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi we Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikli işlemegi arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu foruma Ýewraziýada ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we ösdürmek üçin möhüm halkara binýat hökmünde seredýändigini, şeýle hem Koreýa Respublikasy bilen üstünlikli özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň dowamy hökmünde garaýandygyny belledi.
Ýewraziýada ösüş ýagdaýlaryna işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen netijeli garaýyşlary we başlangyçlary goldaýar diýip, milli Liderimiz Ýewraziýa kontinentinde durnukly ösüşiň maksatnamalaryny hem-de strategiýalaryny emele getirmekde we amala aşyrmakda köp meňzeşligiň bardygyny kanagatlanma bilen nygtady.
Munuň özi Koreýa Respublikasynyň «Täze Demirgazyk syýasaty» bilen Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategik ugry boýunça başlangyçlarynyň düýp mazmunyndan ybaratdyr. Bu iki maksatnama hem üpjünçilik ulgamlaryny, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek, energetika, ulag, ekologik howpsuzlyk, ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek ýaly ugurlarda toplumlaýyn çäreleri öz içine alýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwrüň hakykaty pandemiýa garşy bilelikde göreşmek hem-de onuň ýaýramagy sebäpli ýüze çykan ýaramaz durmuş-ykdysady, ynsanperwer netijeleri azaltmak wezipesini öňe çykarýar. Gynansak-da, ählumumy howpuň öňünde duran dünýä bileleşiginiň bu wehime öz wagtynda netijeli göreşip bilmändigini bellemek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de dünýäniň ähli döwletleriniň aň-bilim, maddy, maliýe we beýleki serişdelerini birleşdirmegiň bu çökgünlik ýagdaýyny üstünlikli ýeňip geçmegiň ýeke-täk usulydygyna ynam bildirdi.
Biz koronawirus meselesini syýasylaşdyrmakdan hem-de ony döwletara gatnaşyklarda täsir ediş guraly hökmünde ulanmakdan doly ýüz öwürmegiň zerurdygyna düşünýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ozal beýan eden başlangyçlaryny anyklaşdyrdy. Biz, hususan-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň howandarlygynda koronawirusyň tebigy gelip çykyşyny öwrenmek boýunça ulgamlaýyn işe girişmegi, bu ýokanjyň döredýän kesellerini bejermek we onuň öňüni almak meseleleriniň üstünde maksada gönükdirilen işleri alyp barmagy teklip edýäris. Şu we beýleki halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen, biz sebitleýin hem-de ikitaraplaýyn esasda degişli taslamalary amala aşyrmaga uly üns berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Türkmenistan saglygy goraýyş, «ýaşyl» ösüş, azyk howpsuzlygy we beýleki ugurlarda Koreýa Respublikasy bilen alyp barýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyna ýokary baha berýär. Bu ugurlar Koreýa Respublikasynyň «Täze Demirgazyk syýasatynyň» düzüm bölegi bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şonuň bilen birlikde, umuman, ylmy köp talap edýän pudaklarda taslamalary durmuşa geçirmekde bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan eden 2021-nji ýyl tamamlanyp barýar, bu başlangyjyň esasynda dünýä bileleşiginiň ünsüni özara ynanyşmak medeniýetini we hormat goýmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň zerurdygyna çekmek islegi durýar, döwletara gatnaşyklarda häzirki döwürde ýüze çykan ynamyň pese gaçmagyny aradan aýyrmak göz öňünde tutulýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Bu umumadamzat meselesini çözmek taryhy, medeni we bilim gatnaşyklarynyň üsti bilen ynsan aragatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam berer. Munuň özi «Täze Demirgazyk syýasatynyň» möhüm düzümlerinden biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwer ulgamyň bilelikdäki tagallalary talap edýän ugur bolup durýandygyna üns çekildi. Bu babatda uly mümkinçilikleri bolan Türkmenistan we Koreýa Respublikasy ýakyn wagtda bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmaga girişip biler, bu bolsa «Täze Demirgazyk syýasatyny» amala aşyrmakda möhüm goşant bolar diýip, milli Liderimiz ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda ýokary derejeli duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisini ýene-de bir gezek gutlady hem-de olara forumyň çäklerinde üstünlikli işlemegi arzuw etdi.
Netijeli ikitaraplaýyn we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde berýän işjeň goldawy, ählumumy gün tertibiniň möhüm wezipeleriniň çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalary birleşdirmekde eýeleýän oňyn ýörelgesi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/47241