«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 14-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Munuň özi ulag diplomatiýasynyň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda ileri tutulýan has möhüm ugurlaryň hataryndadygyny ýene bir gezek görkezdi. Milli Liderimiz Maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda Daşary işler ministrligine hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine beýleki düzümler bilen bu ugurda işleri utgaşykly hem-de ulgamlaýyn esasda alyp barmalydygy barada degişli tabşyryklary berdi.
Hereket ýoldan başlanýar. Ýol — başlangyç, maksada ýetmek üçin badalga, ugur alyş nokady. Ýol goňşyny goňşa, ili ile, alysdakyny ýakyna ýetirýär. Özüňde bar zady beýlekilere ýetirmäge, ýoguňy bolsa çet ýerlerden getirmäge mümkinçilik döredýär. Adamlary biri-biri bilen ýakynlaşdyrmagyň serişdesi bolan söwdany işjeň alyp barmak üçin hem ýollar gerek. Söwda ýollarynyň girdeji, peýda getirmekden daşary, medeniýetleri, halklary ýakynlaşdyrýandygyna magat göz ýetiren döwletler, hökümdarlar gadymyýetde olaryň öz üstünden geçmegi barada alada edipdirler.
Üçünji müňýyllykda Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmegiň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag diplomatiýasynyň özenini tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen asylly maksatlar düzýär. Halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmek hem-de onuň häzirki zaman ýagdaýlaryna laýyk derejede hereket etmegini gazanmak üçin döwlet Baştutanymyz tarapyndan ulag ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar bu gün dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Hususan-da, milli Liderimiziň teklipleri esasynda 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamynyň ösdürilmegi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň 4-si biragyzdan kabul edildi. Mundan başga-da, 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň ulag ulgamyndaky başlangyçlaryna dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasynyň nobatdaky beýany boldy.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» strategik taýdan ähmiýetli çäreler göz öňünde tutulýar. Olar, hususan-da, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň we halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmekden; ulag ugrunda halkara guramalar, şol sanda BMG hem-de onuň sebitleýin komissiýalary, ýagny Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, şeýle-de ýöriteleşdirilen halkara ulag we logistika guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginden; Türkmenistanyň Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesi (TRACEKA) Hökümetara komissiýasyna goşulyşmagy boýunça işleri geçirmek hem-de bu ugur boýunça üstaşyr ulag ýollarynyň Türkmenistanyň üstünden geçmegini gazanmakdan; ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ulag pudagyny sanly ulgama geçirmegiň çäklerinde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmakdan; badalga berlen iri halkara we sebitara taslamalary durmuşa geçirmek we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda işleri geçirmekden ybaratdyr.
Maksatnamada Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren anyk teklipleri esasynda halkara ulag geçelgeleriniň ençemesini, şol sanda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe, Demirgazyk — Günorta (Russiýa — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran), Hazar deňzi — Gara deňiz, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman (Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar), Gündogar — Günbatar (Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe) ulag geçelgesini, şeýle-de onuň täze ugruny (Hytaý — Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe) we beýleki halkara üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek boýunça çäreler anyk beýanyny tapýar. Agzalan taslamalar babatda birnäçe işleriň eýýäm alnyp barylýandygyny bellemek möhümdir.
Geçen ýylyň 14 — 16-njy oktýabry aralygynda Hytaýyň Pekin şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça gibrid görnüşde geçirilen ikinji ählumumy maslahatynda eden wideoaragatnaşyk arkaly çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy babatda ozalky halkara başlangyçlaryny has-da anyklaşdyrmak bilen, olara dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni gaýtadan çekdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan BMG-de ençeme ýyllaryň dowamynda durnukly ulag ulgamynda möhüm ähmiýetli, çuň manyly Kararnamalaryň başyny başlady. Milli Liderimiz şol maslahatda hem üç ugur boýunça öz tekliplerini we başlangyçlaryny esaslandyrdy.
Birinjiden, döwlet Baştutanymyz BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça Ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada Türkmenistan tarapyndan ozal beýan edilen teklibe gaýdyp gelmegi öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda bu maksatnamanyň maksatlarynyň we wezipeleriniň Baş Assambleýanyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda dört Kararnamasyndan, 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň Jemleýji resminamasyndan, ählumumy derejede ulag babatda özara arabaglanyşygy pugtalandyrmak bilen bagly beýleki köptaraplaýyn resminamalardan ugur alnyp beýan edilmeginiň zerurdygyny nygtady.
Ikinjiden, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde 2022-nji ýylyň aprel aýynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýändigini aýdyp, döwletleri we halkara guramalary oňa işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Munuň özi pandemiýa şertlerinde ösüp gelýän ýurtlaryň, ilkinji nobatda, dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň aýratyn goragsyzdygy bilen baglanyşyklydyr. Çünki ulag gatnawlaryndaky mejbury çäklendirmeler hut şolara has güýçli täsirini ýetirdi.
Üçünjiden, häzir çökgünligiň täsirini azaltmaga, ykdysady ösüşiň durnukly görkezijilerine çalt çykmaga gönükdirilen utgaşykly, jogapkärli we öňdengörüjilikli çözgütleriň zerurdygyny nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz BMG-niň derejesinde ulag ulgamynda özara gatnaşyklaryň ählumumy strategik meýilnamalary bilen birlikde, kadalary, düzgünleri sazlaşdyrmagyň, gümrük we migrasiýa işlerini aňsatlaşdyrmagyň hem-de ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyga degişli beýleki derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň munuň üçin oňaýly şertleri döretjekdigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz geçen ýylyň 15-nji oktýabrynda onlaýn usulda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşynda ulag babatdaky başlangyçlaryny ösdürip, GDA-nyň ykdysady ugurlaryny we bähbitlerini Arkalaşygyň çäklerinden daşarda ilerletmegiň, serhetdeş ýurtlaryň, goňşy sebitleriň biziň taslamalarymyza goşulyşmagynyň wajypdygyny nygtady. Ilkinji nobatda, munuň üstaşyr ulag düzümini döretmäge, täze aragatnaşyk we kommunikasiýa ulgamlaryny çekmäge degişlidigini aýratyn belledi.
Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbitlerini goramak üçin 2018-nji ýylda ulanmaga berlen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstaşyr daşama mümkinçiliklerini, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa, Owganystan, Hazarýaka döwletler, Hytaý babatda iş ýüzünde amatly ýagdaýda peýdalanmaga, munuň üçin gümrük-wiza ýeňilliklerini döretmäge taýýardygyny mälim edýär. Şunda ýurdumyzyň başlangyjy bilen döredilýän Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli) halkara ulag geçelgesiniň ähmiýeti uludyr. Türkmenistan bu geçelgäni Owganystanyň işjeň ulanmagy üçin Kerki — Ymamnazar — Akina — Andhoý, Serhetabat — Turgundy demir ýollaryny gurdy. Geljekde olaryň birinjisini Täjigistana, ikinjisini bolsa Hyradyň üsti bilen Eýrana tarap dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara ulag geçelgesiniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Pars aýlagynyň üsti bilen dünýä ummanyna çykmagynda ähmiýeti uly bolar.
Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň möhüm şahasy bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny tutuş Ýewraziýa ulag diplomatiýasyna uly üstünlik getiren transmilli taslama hasaplamak bolar. Çünki Eýran bu ýol arkaly Russiýanyň we Hytaýyň bazarlaryna, öz gezeginde, Gazagystana hem Pars aýlagynyň ähli döwletlerine çykmaga mümkinçilik aldy. Bu ugur ikitaraplaýyn we sebitleýin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga oňyn täsirini ýetirdi. Geçen ýylyň oktýabrynda geçirilen ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşikleriniň dowamynda agzalan demir ýol magistralyny doly güýjünde ulanmak esasy wezipe hökmünde kesgitlenildi. Hazardaky Aktau, Kuryk we Türkmenbaşy deňiz portlarynyň arasynda logistik hyzmatdaşlyk boýunça hem giň mümkinçilikler bar. Hut Hytaýyň şu ýoly ulanmak arkaly «Bir guşak — bir ýol» taslamasyny durmuşa geçirmegi, hakykatdan-da, Türkmenistanyň başlangyjy bilen gurlan bu ýoluň Beýik Ýüpek ýoluny dikeldýän transaziýa demir ýoluna öwrülýändigini subut edýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýanynda döredilen Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň çäklerinde ulag diplomatiýasy boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamakdaky tagallalary güýçlendirmek baradaky meselä hem üns çekilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy babatdaky halkara başlangyçlaryny ylmy taýdan öwrenmekde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan halkara üstaşyr ulag taslamalarynyň ähmiýetini wagyz etmekde, umuman, ulag diplomatiýasynyň dünýä syýasatyndaky ähmiýeti barada bilimleri giňden ýaýratmakda bu okuw merkezinde geljekde-de ulgamlaýyn işler alnyp barlar.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory.