Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

28.10.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de ýurdumyza gelmäge çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, YHG-nyň işjeň agzasy we şu ýylky başlygy hökmünde Türkmenistanyň alyp barýan işiniň netijeli häsiýetini belledi. Dünýä derejesinde ýurdumyza belent abraý getiren milli Liderimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli syýasatyny Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň doly goldaýandygy nygtaldy.

Jenap Husraw Noziri Aşgabatda ilkinji gezek bolýandygyny aýdyp we şäheriň özünde galdyran täsirleri barada gürrüň berip, ak mermerli türkmen paýtagtynyň gözelliginiň hem-de binagärliginiň ýokary baha mynasypdygyny aýratyn belledi. Paýtagtymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistanyň ösüşiniň hem-de rowaçlygynyň aýdyň beýany bolup durýar. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary mümkinçilikden peýdalanyp, milli Liderimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we bu şanly senäniň şu ýyl Aşgabatda geçiriljek YHG-nyň XV sammiti bilen gabat gelendigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Bitarap döwletimiziň gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi, şol sanda abraýly sebitleýin we halkara guramalar bilen giňden gatnaşyk etmäge hemişe açykdygyny belledi. Milli Liderimiz bular barada aýdyp, YHG bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini nygtady. Bu gurama bilen bilelikde işlemegiň uly tejribesi toplanyldy. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistan bu gurama agza ýurtlar bilen dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň YHG-ä häzirki başlyklyk etmegi hem-de degişli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi babatda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi we esasy ugurlary barada pikir alyşmalar boldy. 28-nji noýabrda — YHG-nyň gününde Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitine taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn üns berildi.

YHG agza döwletleriň ägirt uly kuwwaty söwda-ykdysady ulgamda, senagat pudagynda, innowasiýalary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda, maýa goýumlar ugry boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.

Jenap Husraw Noziri oňyn we ysnyşykly hyzmatdaşlygyň öňe ilerledilmeginde berýän goldawy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň paýtagtymyzda üstünlikli, ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine hem-de çuň many-mazmuna eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Bu ýerde munuň üçin ähli şertler döredildi. Bellenilişi ýaly, munuň üçin YHG tarapyndan hem ähli tagallalar ediler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we YHG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň tutuş dünýäde abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene bir gezek tassykladylar.

www.tdh.gov.tm




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/45061