Awaza, 6-njy awgust (TDH). Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.
Dostlukly ýurtlaryň Liderleri mähirli salamlaşyp, mizemez dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan wezipelerini ara alyp maslahatlaşmaga, şonuň ýaly-da, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça özara pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Prezident Şawkat Mirziýoýew, öz nobatynda, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklamak bilen, türkmen Liderini şanly waka — BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek” atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen gutlady. Özbegistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu waka Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ýokary netijeliliginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.
Ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belläp, ony netijeli durmuşa geçirmegi üpjün etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň häzirki konsultatiw duşuşygynyň ähmiýeti bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň sebitiň umumy meselelerini çözmekdäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn möhüm ähmiýet berýändigini hem-de onuň parahatçylykly hem-de durnukly ösüşini, bar bolan meseleleriň ählisini diňe syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmegi üpjün edýän ygtybarly hem-de netijeli gurallary döretmek ugrunda çykyş edýändigini nygtady.
Prezident Şawkat Mirziýoýew öz nobatynda sebit gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglylykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň hem-de oňa bagyşlanylan halkara forumlaryň we çäreleriň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlarynda mynasyp beýanyny tapan daşary syýasat ugrunyň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Şunda özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyny ilerletmek, özara düşünişmek ýagdaýyny emele getirmek we ikitaraplaýyn hem-de tutuş sebit derejesinde özara düşünişmek we goldaw ýagdaýyny döretmek üçin möhüm ugur hökmünde syýasy diaology çuňlaşdyrmak işindäki işjeň ornuny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36812