Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat ugry dabaralanýar

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylyň ilkinji hepdeleri «Açyk gapylar» syýasatynyň we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň birnäçe möhüm ugurlarynyň we ägirt uly meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini äşgär etdi. Geçen hepdede Hazar deňzinde iri «Dostluk» käninde uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça täze, giň möçberli taslamanyň ýakyn wagtda azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylmagyna badalga bermek çäresi boldy.

21-nji ýanwarda Aşgabatda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Çärä göni wideoaragatnaşyk arkaly iki döwletiň Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew gatnaşdylar.

Bu çäräniň başlamagynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowy kabul etdi. Onuň dowamynda birnäçe möhüm ugurlarda, şol sanda ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa toplumlarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Ýokarda agzalan Ähtnama gol çekmek dabarasynda milli Liderimiz çykyş edip, bu resminamanyň biziň ýurtlarymyz tarapyndan geçirilen we energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň berkidilmegine, iki iri energetika döwletleriniň ägirt uly mümkinçilikleriniň açylmagyna, Hazar deňziniň sebitinde durnukly energetika ösüşi, giň we özara bähbitli halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen işleriniň oňyn netijesidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňzinde energetika babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň 2020-nji ýylyň mart aýynda Baku şäherine bolan resmi saparynyň çäklerinde Prezident Ilham Aliýew bilen jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Onuň netijesinde Hazar deňzinde iri uglewodorod serişdeleri ýataklarynyň birinde bilelikde iş alyp barmak boýunça ylalaşyklar gazanyldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Ähtnama gol çekilmegi Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki energetika hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryny alamatlandyrýar. Pugta halkara hukuk binýadynyň esasynda bilelikdäki işler üçin täze mümkinçilikler açylýar, biziň sebitimize yzygiderli we uzak möhletleýin esasda iri daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin goşmaça şertler döredilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetleriň sazlaşykly ösüşine, täze iş ýerleriniň döredilmegine we adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna kuwwatly itergi berer.

Şeýle hem ulag pudagynyň iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Owgan, gruzin we türk hyzmatdaşlary bilen bilelikde Türkmenistan we Azerbaýjan häzirki döwürde Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ähmiýetli yklymüsti magistral bolup durýan “Lapis Lazuli” ulag geçelgesiniň netijeli hereket etmeginiň üstünde işleýärler. Şeýle hem Türkmenistan we Azerbaýjan Hazar deňzi — Gara deňiz ugurlary boýunça ulag gatnawlary ulgamyny döretmek başlangyjyny öňe süren ýurtlar bolup durýarlar.

Biz bilelikde örän uly, wajyp we geljegi uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine girişýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň “Dostluk” käninde bilelikde alyp barjak işiniň üstünlikli hem-de netijeli boljakdygyna ynam bildirdi.

Dostlukly döwletiň Baştutany Ilham Aliýew Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerini pugtalandyrmak işine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly şahsy goşandynyň bardygyny belledi we goňşy ýurtlar bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýmazdan, üstaşyr geçelgeler meselelerinde anyk netijeleri gazanmak mümkin däldir.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň çykyşlary tamamlanandan soň, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama öz gollaryny goýdular.

Şol gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde türkmen-azerbaýjan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Onuň çäklerinde däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we onuň geljekki ösüş ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar söwda-ykdysady, nebitgaz we ulag-kommunikasiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdylar. Hususan-da, “Dostluk” nebitgaz känini bilelikde işläp taýýarlamak hakyndaky Ähtnamany iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meselelerine garaldy.

Şunuň bilen birlikde, däp bolan ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň we bilim, ylym, medeniýet, sport, syýahatçylyk ugurlaryndaky gatnaşyklary höweslendirmegiň ähmiýetlidigi bellenildi.

18-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Maslahatlar merkeziniň, kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň we Hökümet münberiniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Bu desgalaryň üçüsiniň gurluşygyny Türkmenistanyň binagärlik we şähergurluşygy babatda ozaldan gelýän hyzmatdaşy Fransiýanyň “Bouygues Batiment International” kompaniýasy alyp barýar. Olary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahatlar merkezinde meýilleşdirilýän duşuşyklary we ýokary derejedäki maslahatlary geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň belende galmagynda ähmiýetlidir.

Kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň gurluşygynyň ýagdaýy bilen tanşyp, milli Liderimiz onuň içki we daşky bezeglerinde milli äheňleriň esasy orun eýelemelidigini, myhmanlara hödürlenýän hyzmatlaryň gadymdan gelýän milli myhmansöýerlik däplerine doly laýyk gelmelidigini belledi.

Şunlukda, gurluşygyň ekologiýa ýagdaýy wajyp bolup durýar. Bu ýerde tokaý zolaklary döredilmelidir, myhmanhananyň çäginiň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylmalydyr.

Hökümet münberiniň gurluşygy hem tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Umumy eýeleýän meýdany 20 müň inedördül metrden gowrak bolan desga gündogar köşk binagärligi usulyna laýyk gelýär we ol 2 müň orunlyk münberi özünde jemleýär.

Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu ýerdäki meýdançada häzirki zaman ýöriteleşdirilen tehnikalarynyň gatnaşmagynda dabaraly ýörişleri geçirmek bilen bir hatarda, ajaýyp ahalteke bedewlerini köp sanly myhmanlaryň synlap bilmekleri üçin zerur şertler göz öňünde tutuldy. Giň möçberli köpçülikleýin-medeni çäreleri guramakda häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalary we döwrebap baýramçylyk serişdeleri ulanylar.

Hormatly Prezidentimiz şäher boýunça guran iş saparynyň jemlerini jemläp, täze gurluşyklaryň paýtagtymyzyň ajaýyp tebigy görnüşi, dag etekleriniň aýratynlyklary bolan bu künjegiň binagärlik keşbi bilen sazlaşygy döretmelidigini belledi.

Şeýle hem täze desgalar bina edilende, onuň ähmiýetine, ulanyş ýagdaýyna zerur üns berilmelidir. Şunlukda, toplumlaýyn ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik-tehniki we ösen ulag-kommunikasiýa düzüminiň döredilmegi barada oýlanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 19-njy ýanwarda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimleriniň, şeýle hem medeniýet ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyza möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň we Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, ilaty ýylylyk, elektrik energiýasy, gaz we agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatlar berildi.

Bellenilişi ýaly, Balkanabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň we onuň ýanynda sadaka jaýynyň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmenbaşy şäherinde köpugurly we ýokanç keseller hassahanalarynyň, Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda kottejler toplumynyň gurluşygy dowam edýär.

Mary welaýatynyň çäginden başlanýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygynda degişli işler dowam edýär.

Şeýle hem “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda guraljak çäreleri we olary ýerine ýetirmegiň Meýilnamasyny giňden wagyz etmek boýunça ýörite maksatnamanyň taýýarlanylýandygy barada habar berildi.

Sebitleriň işini kämilleşdirmekde oňyn tejribeleri öwrenmegiň we peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz welaýatlaryň häkimleriniň oba hojalyk ulgamynda we medeni durmuşynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmaklary üçin Mary welaýatyna iş saparlaryny guramagy tabşyrdy.

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we şanly baýramçylyklar mynasybetli meýilleşdirilen medeni çärelerde ýurdumyzyň ýeten derejesi, onuň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gazanýan üstünlikleri öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu ugurda geçirilýän işleriň ýokary guramaçylyk derejesini we olaryň döwrüň talabyna laýyk gelmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylda paýtagtymyzda Welotrek boýunça dünýä çempionaty we Dewisiň Kubogyny almak ugrunda tennis boýunça saýlama tapgyr geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji ýanwarda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde bolup, bu iri halkara ýaryşlara taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy.

Diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, onuň daşynda hem deňi-taýy bolmadyk ajaýyp desganyň halkara ülňülere laýyk gelýän toplumy ýokary derejeli dürli ýaryşlary geçirmek üçin bolşy ýaly, medeni-köpçülikleýin çäreleri, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralary geçirmek üçin ulanmak bolar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu baýramçylyk çäreleri türkmen halkynyň ruhuna kybap gelmelidir we olarda ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri, ýeten derejesi, sportuň we olimpiýa hereketiniň ösüşi, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ykrar edilmegi öz beýanyny tapmalydyr.

Öňde boljak halkara ýaryşlarda daşary ýurtlardan oňa gatnaşýanlar üçin ýokanç kesellere garşy sanjym boýunça zerur bolan hyzmatlar tölegsiz esasda amala aşyrylar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu maksat bilen Türkmenistanyň Merkezi Aziýada ilkinji bolup geçen hepdede resmi taýdan hasaba alan Russiýanyň “Sputnik V” sanjymy ulanylar. Ony ýurdumyzyň çäginde ulanmak resmi taýdan goldanyldy we Türkmenistan bu sanjymy hasaba alan ýurtlaryň birinji onlugyna girdi.

Eger-de, daşary ýurtly türgenlerde beýleki sanjymlary ýa-da ýörite serişdeleri almak islegi dörese, olary saýlamak üçin bizde ähli mümkinçilik bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biraz öňe gidip aýtsak, Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynda taýýarlanan “EpiWakKorona” täze sanjymyny, şeýle hem öňüni alyş dermanlyk serişdeleri we beýleki hyzmatdaş ýurtlaryň sanjymlaryny Türkmenistanda hasaba almak boýunça degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz öňde boljak çempionatlaryň meselelerine, aýratyn-da, türgenleriň saglyk ýagdaýyna, dopinge garşy gözegçilige örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Munuň özi halkara talaplara doly laýyk gelmelidir. Toplumyň çäginde hereket edýän häzirki zaman Saglygy dikeldiş merkezi ähli zerur serişdeler bilen üpjün edilendir.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesiniň Halkara ýaýlyma beriş merkeziniň işiniň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyza gelen myhmanlarda oňyn täsir galdyrmak üçin iri halkara ýaryşlary geçirmekde toplanan tejribeleri netijeli peýdalanmagy tabşyrdy. Munuň üçin Türkmenistanda dünýäniň ýokary ülňülerine laýyk gelýän kämil derejeli sport düzümi bardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji ýanwarda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşine gönükdirilen birnäçe taslamalaryň resminamalaryna garaldy.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen saglygy goraýyş ulgamyndaky gatnaşyklar, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy, durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek, döredijilik bäsleşiklerini, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna halkara çäreleri guramak bilen baglanyşykly meseleler mejlisde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyza Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny we ony ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyny taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Dokma önümleriniň elektron söwdasynyň binýadyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Ýurdumyzda ykdysady ulgamyň durmuş ugry boýunça sazlaşykly ösüşiň gazanylýandygyny, onuň eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanýandygyny we bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirilmegini nazarlaýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde ýerleşýän dükanlary, restoranlary we söwda öýlerini olaryň esasy işini we giň orunlaryny saklamak şerti bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna hususylaşdyryp bermek bellenildi.

Şeýle hem Merkezi bankyň gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetiniň adyny Merkezi bankyň gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasyna öwürmek baradaky teklip goldanyldy.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda we welaýatlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi. Bellenilişi ýaly, gurluşyklar ýokary hil derejesinde we kesgitlenen tertipnama laýyklykda alnyp barylmalydyr.

Milli Liderimiz ýangyç-energetika toplumyny tehniki hem-de tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmakda we ýurdumyz üçin täze önümiň çykarylyşyny özleşdirmekde soňky ýyllarda gazanylan uly üstünlikleri belläp, ýurdumyzyň hünärmenleriniň we alymlarynyň ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça ikinji zawodyň taslamasyny taýýarlamagyň maksada laýyk boljakdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, Türkmennebit» döwlet konsernine dürli ölçegli buraw turbalaryny satyn almak hakynda Kararyň taslamasyna gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika pudagynyň kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy diňe bir ýurdumyzyň ilatyny hem-de durmuş we senagat maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge däl, eýsem, türkmen elektrik energiýasynyň goňşy döwletlere, ilkinji nobatda, Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän möçberlerini artdyrmaga hem ýardam edýär diýip nygtap, ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan enjamlary, materiallary hem-de awtotehnikalary satyn almak hakynda goşmaça ylalaşyklary baglaşmak hakynda Karara gol çekdi.

Şonuň ýaly-da, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklap, saglygy goramagyň milli ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleriň ähmiýetini nygtady. Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerde häzirki zaman sport-sagaldyş, lukmançylyk merkezlerini gurmak şonuň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygyna ylmyň soňky gazananlaryny hem-de ekerançylygyň häzirki zaman tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, “Türkmenistanda 2021-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda” Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny ýygnap almak meýilleşdirilip, kärendeçileriň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer eýeleriniň işini ýokary derejede guramak tabşyryldy.

Telekeçiler tarapyndan ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan ýyladyşhanalaryň baharyň başynda ulanylmaga berilmegi azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam eder diýip belläp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şol dabaralaryň çäklerinde bakja we miwe ýaly oba hojalyk önümleriniň giň gerimli sergisini guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Mejlisde Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň BOMСA we CADAP maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ykdysady ösüş, saglygy goraýyş, bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda sebit we milli derejede amala aşyrylýan uzak möhletleýin maksatnamalara we taslamalara möhüm ähmiýet berilýär.

Olaryň hatarynda 2003-nji ýyldan bäri durmuşa geçirilýän «Merkezi Aziýada we Owganystanda serhetleri dolandyrmak» atly (BOMCA) maksatnamany hem-de «Merkezi Aziýada neşe serişdelerine garşy göreşmek» (СADAP) maksatnamasyny görkezmek bolar.

Bu maksatnamalaryň çäklerinde geljek 5 ýylyň dowamynda dürli ugurlar boýunça çäreleriň tutuş tapgyry meýilleşdirildi.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilleri bilen geçirilen nobatdaky onlaýn duşuşygyň çäklerinde “Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň statistika we maglumat-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly täze bilelikdäki taslamany işe girizmek boýunça guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara pul gaznasynyň wekilleri bilen geçirilen onlaýn duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň makroykdysady ösüşiniň hem-de milli ykdysadyýetimiziň jemi içerki önümiň depginli ösüşine oňyn täsirini ýetirýän aýry-aýry pudaklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nygtalyşy ýaly, milli ykdysadyýetiň durnukly ösdürilmeginde hususy telekeçilige, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini giňeltmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly orun degişlidir.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde göni wideoaragatnaşyk arkaly Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Essen uniwersitetiniň klinikasynyň ýanyndaky ýokanç keselleriň barlaglary merkeziniň ýolbaşçysy Adalbert Krawçik bilen “Türkmendermansenagat” birleşiginiň, Ylymlar akademiýasynyň we saglygy goraýşyň beýleki ugurdaş edaralarynyň hünärmenleriniň iş maslahaty geçirildi.

Duşuşykda ýokanç keselleri bejermekde hyzmatdaşlygyň, şonuň ýaly-da buýan köküni we onda bar bolan glisirrizin turşusyny ulanmagyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda ylmy diplomatiýa ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň hem-de alym-lukmanlaryň, bilermenleriň we hünärmenleriň arasynda yzygiderli tejribe alyşmak üçin şertleri döretmegiň meselelerine garaldy.

Şol ýerde saglygy goraýyş boýunça nobatdaky IX türkmen-german forumy geçirildi. Ol bu ýyl onlaýn görnüşde guraldy. Duşuşykda urologiýanyň we ginekologiýanyň, şol sanda çaga urologiýasynyň we ginekologiýasynyň meselelerine aýratyn üns berildi. Çykyşlaryň dowamynda slaýd-tanyşdyrmalaryň, wideomateriallaryň ulanylmagy Türkmenistanyň we Germaniýanyň klinikalarynda işe girizilen, näsaglaryň ömrüni halas etmäge hem-de saglygyny dikeltmäge ýardam edýän täzelikleriň birnäçesine baha bermäge mümkinçilik döretdi.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda beren tabşyrygy boýunça welaýatlaryň häkimleri, şonuň ýaly-da, beýleki ýolbaşçylaryň birnäçesi Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde dürli ulgamlarda iş tejribesi bilen tanyşdylar.

Hususan-da, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ähli welaýatlarda bina edilýän “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ilkinjisiniň binagärleri hem-de ony gurmaga gatnaşan telekeçiler bilen bolan duşuşykda bu täsin binanyň gurluşyk aýratynlyklary hem-de bezeg işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş saparyna gatnaşyjylar Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky pomidor ösdürip ýetişdirilýän ýyladyşhananyň hem-de “Erkin gurluşyk” hususy kärhanasynyň işi bilen hem tanyşdylar.

Umuman, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary we içeri syýasatynyň — “Açyk gapylar” hem-de Diýarymyzyň ösüşiniň täzeçillik ýoluna, halkymyzyň abadançylygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

TDH


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18984?type=feed