Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Ýurdumyz we hemmämiz bilelikde ynamly öňe barýarys

Geçen hepdäniň wakalary döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän syýasatyň täzeçillik häsiýetini ähli aýdyňlygy bilen beýan etdi. Milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri Türkmenistany dünýäniň batly depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryna çykaryp, onuň belent halkara abraýyny hem-de dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçilikleri bolan ygtybarly hyzmatdaşyň hem-de ylalaşdyryjy döwletiň derejesine çykardy.

Häzirki gün tertibinde milletiň ägirt uly serişdeler we intellektual kuwwatyny herekete getirmek üçin adaty bolmadyk çäreleriň görülmegini talap edýän wezipeler durýar. Döwlet Baştutanymyz ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda innowasion ugur boýunça milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna geçmek hem-de döwlete degişli bolmadyk pudagy ösdürmek, sanlylaşdyrmak işlerini işjeňleşdirmek hem-de halkara gatnaşyklary giňeltmek babatdaky bar bolan mümkinçilikleriň doly peýdalanylmagyny kesgitledi.

Milli Liderimiziň golaýda ýolbaşçylar düzümi bilen geçiren iş maslahatlary şol meselä bagyşlanyldy. Şeýlelikde, 8-nji fewralda ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça möhüm çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Bilim ministrliginiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda mekdebe çenli edaralaryň işini kämilleşdirmek, okuwçylaryň we talyplaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, hünärler boýunça zähmet endiklerini we olaryň ugruny üýtgetmek, okuwyň ähli tapgyrlarynda elektron binýatlary döretmek, iri halkara uniwersitetler bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, bilim bermegiň iki tapgyrly maksatnamasyna hem-de iki basgançakly okuw maksatnamasyna, hünärmenleri taýýarlamak işine geçmegi öz içine alýar.

Saglygy goraýyş ulgamynda keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň we dikeltmegiň innowasion usullaryny ornaşdyrmak, ugurdaş edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, işgärleri hünär taýdan taýýarlamak, esasy kliniki merkezler bilen dünýäniň ösen ýurtlarynyň lukmançylyk okuw edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek zerur bolup durýar.

“Aýratyn zähmet şertleri bolan işlerde goşmaça hak bellemegiň we tölemegiň tertibine” laýyklykda, zyýanlylyk hem-de agyrlyk derejelerine baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynda aýratyn zähmet şertleri bolan işleriň, kärleriň we wezipeleriň sanawyny bellenen tertipde taýýarlamak tabşyryldy.

Milli Liderimiziň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň hatarynda bedenterbiýe we sport bilen giňden meşgullanmagy wagyz etmek wezipesi bar. Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň Olimpiýa oýunlaryna, dünýä, Ýewropa, Aziýa we beýleki halkara ýaryşlara, şol sanda 2021-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek iri halkara ýaryşlara — Welotrek boýunça dünýä çempionatyna, Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyryny geçirmäge taýýarlygyny üpjün etmegiň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport desgalaryny netijeli dolandyrmak, sport mekdepleri bilen sazlaşykly işlemek, ugurdaş desgalarda tölegli esasda okuw-türgenleşik sapaklaryny guramak, olary uzak möhletleýin kärendesine bermek boýunça çäreleri görmeli.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlar syýasatynyň wezipeleriniň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy talap etdi. Oňa laýyklykda, gyzlaryň we oglanlaryň önümçilikde, döwlet gullugynda, ylym we döredijilik işinde alan bilimini netijeli ulanmak üçin amatly şertler döredilmelidir.

Milli Liderimiz ýaşlarda ýolbaşçylyk endiklerini ösdürmegiň, dolandyryş we ekologiýa başlangyçlaryny ilerletmegiň, ýaş maşgalalary goldamak syýasatyny dowam etmegiň aýratyn möhümdigini belledi.

Şeýle hem ýurdumyzyň alymlarynyň öňünde birnäçe möhüm wezipeler, şol sanda döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň içinde Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini ylmy taýdan öwrenmek, Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň, professorlaryň, mugallymlaryň, talyplaryň ýerine ýetiren ylmy işlerini we açyşlaryny önümçilikde ulanmaga ýardam etmek boýunça wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem geljek üç ýylyň dowamynda Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralaryny hojalyk hasaplaşygyna geçirmek babatda meýilnamany taýýarlamak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 9-njy fewralda sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçiren maslahatynda daşary syýasy ugry ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän şanly ýylda döwletimiziň daşary syýasy ugruny amala aşyrmak boýunça işleri güýçlendirmegiň möhümdigine üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin ýokary hünär derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyny esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitledi. Ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryna täze hünärler, şol sanda Gündogary öwreniş, Amerika we Ýewropa ýurtlary, sanly diplomatiýa, kiberhowpsuzlyk, seljerme we strategik meýilleşdirme, şeýle hem internet-žurnalistika we syýasy kommunikasiýa ýaly ugurlar boýunça täze hünärleri açmagyň mümkinçiliklerini seljermek tabşyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmak, mugallymlar üçin hünär derejesini ýokarlandyrmagyň okuwlary, talyplaryň döwrebap innowasion tehnologiýalary ulanmak, ýokary okuw mekdeplerinde onlaýn leksiýalary, bäsleşikler, olimpiadalar arkaly daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça tejribe alyşmak aýratyn möhüm bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Daşary işler ministrliginiň öňünde goýlan wezipeleriň hatarynda BMG we onuň ugurdaş edaralary, şol sanda YHG, GDA we ÝHHG ýaly abraýly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň esasy wezipeleri kesgitlendi. Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň söwda wekilhanalaryny açmak üçin teklipleri işläp taýýarlamak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň işini kämilleşdirmek hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmek barada tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatda “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanyny esaslandyrmak hakynda Karara gol çekdi. Şol nyşan bilen Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny durmuşa geçirmäge, dürli ugurlarda daşary ýurt döwletleri bilen gatnaşyklary berkitmäge, abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge goşan şahsy goşandy we Watan öňünde bitiren beýleki hyzmatlary üçin diplomatik gullugyň işgärleri sylaglanar.

10-njy fewralda geçirilen onlaýn iş maslahatynda ýurdumyzyň 2020-nji ýylda ykdysady we maliýe-bank toplumynyň işiniň jemlerine, şonuň ýaly-da şu ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz ilatyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny milli ykdysadyýetimizi berkitmek hem-de durnukly ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda belledi.

Döwlet býujetiniň oýlanyşykly düzülmeginiň we netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň wajypdygy bellenildi.

Halkara tejribeden ugur alyp, býujet-salgyt ulgamy döwrebaplaşdyrylmalydyr, maliýe taýdan hasabatlylygyň, salgyt salmagyň kadalary we usulyýeti yzygiderli kämilleşdirilmelidir, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzda “Elektron salgyt” ulgamyny doly işe girizmek boýunça işler çaltlandyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik maksatly, hususan-da, kiçi we orta telekeçiligiň maýa goýumlarynyň möçberlerini we netijeliligini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli gurluşygy tamamlanmagy we ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän hem-de Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän binalaryňdyr desgalaryň maliýe taýdan ygtybarly üpjün edilmegini, tölegleriň öz wagtynda tölenmegini berk gözegçilikde saklamak zerurdyr.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek üçin, kanunçylygy kämilleşdirip, gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmek mümkinçiliklerini nazara alyp, “Aşgabat gazna biržasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işini halkara tejribeden ugur alyp guramak boýunça zerur işler geçirilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine täze iş orunlaryny döretmek, sebitler hem-de pudaklar boýunça işe ýerleşdirmek, zähmet gatnaşyklaryny, zähmete hak tölemek we zähmeti goramak babatda hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalary kämilleşdirmek boýunça zerur işleri yzygiderli geçirmegi tabşyrdy.

Pensiýa gaznasyna pensiýa gatançlarynyň doly möçberde gelip gowuşmagy gözegçilikde saklanylmalydyr. Gaznanyň wagtlaýyn ulanylmaýan serişdelerini we pensiýa toplamalaryny maýa goýuma gönükdirip, girdejili dolandyrylmagy üpjün edilmelidir.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň işgärleriniň statistika hasabatyny hem-de maglumatlary ýygnamagyň usullaryny döwrebaplaşdyrmak, Türkmenistanyň esasy maliýe-ykdysady görkezijileri baradaky maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmek boýunça işleri dowam etdirmegi möhümdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň welaýatlarda we sebitlerde ýerleşýän düzüm birlikleriniň hem-de barlaghanalarynyň degişli enjamlar bilen üpjünçiligini, önümleriň we harytlaryň dürli görnüşlerini sertifikatlaşdyrmak mümkinçiliklerini öwrenmek barada tabşyryk berdi.

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda ätiýaçlandyryşyň döwrebap görnüşlerini we hasaplamagyň kadalaryny ornaşdyrmak hem-de usulyýeti kämilleşdirmek zerurdyr.

Bank ulgamyndaky wezipeleriň hatarynda ýurdumyzda nagt puluň dolanyşygyny kadalaşdyrmak, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň 40 göterimden ýokary bolmagyny gazanmak, daşary ýurt puly bilen bagly amallary düzgünleşdirmek bar.

Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky hem-de beýleki halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk strategiýalaryny täzeläp, olardan amatly şertlerde karzlary we maýa goýumlary çekmek boýunça işleri dowam etmegiň maksadalaýykdygy barada aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şunda pul geçirimlerinde goraglylygy üpjün etmek maksady bilen, kiberhowpsuzlygyň ýokary derejede bolmagyny gazanmagyň zerurdygyny aýtdy.

Ähli pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, pul üpjünçiligini, pudagara algy-bergiler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini yzygiderli seljermegiň hem-de bu ýagdaýlary wagtynda çözmek boýunça çäreleri görmegiň zerurdygy bellenildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumyndaky işlerde heniz ulanylmaýan mümkinçilikleriň az däldigini belläp, onuň düzümleriniň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmeginiň hem-de netijeliliginiň ýokarlandyrylmagynyň Diýarymyzyň ösüşine, kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň öz wagtynda we doly ýerine ýetirilmegine, amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini çaltlandyrmaga oňyn täsirini ýetirmelidigini aýtdy.

11-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy.

Maslahatyň dowamynda ýolbaşçylary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna, şeýle hem käbir beýleki meselelere garaldy.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz döwlet dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, Hökümetiň işini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň düzümine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýene-de bir orunbasarynyň wezipesini girizmek, ony Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalygyna hem-de Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu wezipä Serdar Berdimuhamedowy belläp, ony senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesinden boşatdy.

Täze wise-premýeriň wezipesi döwlet we jemgyýetçilik gurluşynda, bilim hem-de saglygy goraýyş, maliýe-ykdysady ulgamlarda sanly ulgamy we innowasion tehnologiýalary doly derejede ösdürmekden hem-de bu işlere gözegçiligi üpjün etmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara nebitgaz toplumynyň işini gowulandyrmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, şonuň ýaly-da, özara bähbitli şertlerde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek barada tabşyryk berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depginini güýçlendirip, onuň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny, ýurdumyzyň nebitgaz goruny artdyrmak maksady bilen geologiýa-gözleg, barlag we buraw işleriniň möçberini köpeltmegi, gazhimiýa toplumlaryny taslama kuwwatyna çykarmagy hem-de ýakyn geljekde gurmak göz öňünde tutulan tebigy gazy gaýtadan işleýän täze zawodlaryň taslamalaryny düzmegi we olary gurmak boýunça işleri çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Şeýle hem ylmy-barlag institutlarynyň işläp taýýarlamalarynyň önümçilige ornaşdyrylyşyny güýçlendirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy we ugurdaş ylmy edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiziň 12-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine hem-de şu ýyl üçin halk hojalyk pudaklarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere garaldy.

Milli Liderimiz geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijelerini jemläp, dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli ýüze çykan ähli kynçylyklara garamazdan, “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen 2020-nji ýylda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi.

Ýurdumyzyň ýokary derejedäki kanun çykaryjy häkimiýetini üýtgedip gurmak — iki palataly parlamenti döretmek işi doly diýen ýaly tamamlandy.

Milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginleri saklandy. Geçen ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterime, şol sanda senagat pudagynda 3,3 göterime, söwdada 15,1 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterime barabar boldy.

12 müňe golaý täze iş orunlary döredildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy ulgamlary we pudaklary durnukly ösýär.

Göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde gurluşyk pudagyna 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp maýa goýum serişdeleri gönükdirildi. Umumy bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 45 sany iri önümçilik we durmuş maksatly desgalar, şol sanda umumy meýdany 2 million inedördül metrden gowrak bolan ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga tabşyryldy.

1 million 500 müň tonna golaý guşgursak bugdaý, 1 million 200 müň tonnadan hem köp pagta taýýarlanyldy. Bu bolsa ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Diýarymyzda çagalar baglarynyň gurluşygy alnyp barylýar, täze ýokary okuw mekdepleri, saglygy goraýyş, medeniýet we sport edaralary açylýar, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar.

Ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tarap üýtgedip gurmak işleri yzygiderli dowam edýär. 2021-nji ýyl üçin gowy býujet kabul edildi, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri ýene-de ýokarlandyryldy.

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny netijeli peýdalanmak, döwletimiziň ägirt uly ykdysady kuwwatyny ulanmak we milletimizi ruhy-medeni taýdan gülledip ösdürmek boýunça ägirt uly işler bitirildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gazanylan ähli üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin bolandygyny belledi hem-de Garaşsyz döwletimiziň gazanan uly üstünliklerine öz zähmeti bilen ýardam edenleriň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Ata Watanymyzy üstünlikli ösdürmek üçin täze taslamalar, täze pikirler we dolandyryş çözgütleri zerurdyr. Diýmek, köp başlangyçlar bilen çykyş edip, işjeň zähmet çekmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Geljekde hem beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň özümizde öndürilýän möçberi artdyrylmalydyr, ýurdumyzyň egsilmez tebigy baýlyklaryny özleşdirip, ägirt uly mümkinçilikleri netijeli ulanylmalydyr, ilatyň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmaga, girdejilerini artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge we maýa goýumlaryny çekmäge üns jemlenilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemlerini jemlemek bilen, ata Watanymyzyň özümize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi gazanmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ugrunda ýerine ýetirilen işleri kanagatlanma bilen belledi. Şeýlelikde, ýurdumyz we hemmämiz bilelikde ynamly öňe barýarys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň, 2021-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň we Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine badalga berdi.

Mundan başga-da, 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýa kabul edildi, himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama, 2021-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberleri, şeýle hem 2021-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.

Hödürlenilen rejelenen görnüşdäki “Saglyk” Döwlet maksatnamasy barada aýdylanda, ýurdumyzyň welaýatlarynda täze ylmy-kliniki merkezli hassahanalaryň gurluşygyny nazarda tutup, onuň üstünde işlemek tabşyryldy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara maslahatlary, dabaralary we çäreleri geçirmek hakynda», “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparyny döretmek hakynda” we “Türkmenistanda 2021-nji ýylda bag nahallaryny ekmek hakynda” Kararlara gol çekdi.

Hökümetiň mejlisinde welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda geçirilen däp bolan bäsleşigiň netijeleri jemlenildi. Netijede, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby ýeňiji boldy.

Hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, ýeňiji etrabyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglandy. Şeýle bäsleşik şu ýyl hem geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda döwlet işgäri bolan, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik eden Ýagşygeldi Kakaýewiň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny giň gerimli ösdürmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, onuň adyny Halkara nebit we gaz uniwersitetine dakmak baradaky meselä garamagyň maksadalaýyk boljakdygy barada aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, geçen hepde Türkmenistanyň Mejlisi bu meselä garap, bu ýokary okuw mekdebini mundan beýläk «Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti» diýip atlandyrmagy karar etdi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Türkmenistanyň täze taryhyna möhüm sahypalaryň birini ýazdy. Şol wakalarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetimizi has-da demokratiýalaşdyrmaga, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň rowaçlygyň hem-de gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygy ýene-de bir gezek aýdyň ýüze çykdy.

(TDH).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20747?type=feed