Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň 1-nji awgustdan dynç alşa çykýandygyny yglan etdi.
7-nji awgustda, şenbe güni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga başlan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary — Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedow bilen “Awaza” köpugurly sport toplumynda bolup, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.
Sport toplumynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler bar. Ol ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar we sport gurallary bilen üpjün edilendir. Bu ýerdäki köpugurly türgenleşik enjamlary tejribeli hem-de höwesjeň türgenleriň, dürli ýaşly adamlaryň netijeli türgenleşmegine niýetlenendir.
Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary döwlet Baştutanymyz asylly başlangyçlary bilen ähli watandaşlarymyza, ozaly bilen, ýaşlara şahsy görelde görkezýär. Ine, bu gün hem milli Liderimiz sport toplumynda oturdylan enjamlaryň birnäçesinde bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirip, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagyň netijesinde beden taýdan ajaýyp taýýarlygyny görkezdi.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we ýokary netijeli sportuň görnüşleri bilen meşgullanmak üçin zerur şertler döredilýär. Stadionlar, sport-sagaldyş merkezleri, köpugurly sport toplumlary sagdyn durmuş ýörelgelerini kada öwren ýaşlaryň söýgüli künjekleriniň birine öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport enjamlarynyň her biriniň özboluşly aýratynlygy bolup, olar bedeniň taplanmagynda bolşy ýaly, adam saglygynyň berkidilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Sport enjamlarynda berjaý edilýän maşklaryň kada boýunça dürs ýerine ýetirilmeginiň ynsan saglygy üçin peýdasy ýokary bolýar. Aýratyn-da, bu enjamlaryň ýaşlaryň sazlaşykly ösüşinde, olaryň beden taýdan taplanmagynda möhüm orun eýeleýändigini bellemeli.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedow hem birnäçe beden maşklaryny ýerine ýetirdi.
Bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmegiň, sport bilen meşgullanmagyň adamda ruhubelentlik, maksadaokgunlylyk döredýändigini, onuň saglygyny berkidýändigini durmuş tejribesi subut etdi.
Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň raýatlarynyň, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuş kadasyna öwürmeklerini ündeýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmek, halkara derejeli türgenleri taýýarlamak meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Awazada döwrebap bedenterbiýe-sport toplumynyň hem-de beýleki ugurdaş desgalaryň, şypahanalaryň we dynç alyş merkezleriniň her birinde bolsa sport meýdançalarynyň, suwda ýüzülýän howuzlaryň we dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň dürli görnüşli sport enjamlary bilen üpjün edilen fitnes otaglarynyň bardygy göz öňünde tutulanda, döwlet Baştutanymyzyň Hazaryň kenaryndaky dynç alyş zolagynyň sport binýadyny berkitmäge nähili uly ähmiýet berýändigi aýdyň görünýär.
Hormatly Prezidentimiz sport maşklaryny tamamlap, bu ýerden Hazaryň ekologik taýdan arassa kenaryndaky dynç alyş zolagynyň çäginden geçýän “Awaza” derýasynyň kenaryna geldi.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen çaý başynda Hazaryň türkmen kenarynda amala aşyrylýan özgertmeleri durmuşa geçirmegiň meseleleri barada söhbetdeşlik gurady. Onuň dowamynda Hazar deňziniň gözel kenarynda uly üstünlik bilen geçen giň möçberli halkara çäreleriň ähmiýeti, onda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Daşary ýurtly myhmanlaryň, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy bilen bir günde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalyna gatnaşyjylaryň mähirli kabul edilendigi, forumlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edendikleri bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda, şol sanda Awazada geçirilýän halkara çärelerde baýramçylyk konsertlerini geçirmäge üns berilmeginiň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, her bir çäräniň medeni maksatnamasy taýýarlanylanda, oňa hemmetaraplaýyn esasda jogapkärli çemeleşilmelidir.
Şeýle hem çaý başynda deňizýaka sebitiň ekologik hem-de daşky gurşawy goramak meseleleri, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygy barada gürrüň edildi. Milli Liderimiz Hazaryň çäklerinde biologik dürlüligiň saklanmagynyň, suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň ähmiýetini belläp, bu ugurda ylmyň täze gazananlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Hazaryň kenarynda öňde boljak halkara çärelere taýýarlyk, olaryň guramaçylykly geçirilmegini üpjün edýän maksatnamanyň ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunda tomus paslynyň dynç alyş möwsüminiň guramaçylykly geçirilmeginiň meselelerine garaldy.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň çäklerinde, aýratyn-da, Awazada elektrik geçirijileriň bökdençsiz işiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleler üns merkezinde saklanýar. Döwlet Baştutanymyz elektrik geçirijileriň ýylyň ähli döwründe, aýratyn-da, tomus paslynda sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň wajypdygyny belläp, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň ähmiýetini belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ykdysadyýetiň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işler barada durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz topluma degişli edaralaryň işiniň talabalaýyk guralmagynyň ekologik talaplaryň berjaý edilmeginde wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra Hazaryň kenarynda geçirilen halkara çäreleriň çäklerinde ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerine möhüm üns berlendigi, bu ugur boýunça degişli ylalaşyklaryň gazanylandygy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň ýurdumyzyň halkara üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki derejesini berkidýändigini aýdyp, ulag ulgamy boýunça guralan halkara çäreleriň ähmiýetine ünsi çekdi.
Mälim bolşy ýaly, ýakyn wagtda ýurdumyzda bilim işgärleriniň döwlet maslahaty geçiriler hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaralar guralar.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bilim işgärleriniň, mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneler mynasybetli geçiriljek dabaralaryň guramaçylyk derejesine uly üns berilmelidigini belledi.
Şonuň ýaly-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklar, şolary ýerine ýetirmegiň ugurlary boýunça pikir alşyldy. Döwlet Baştutanymyz halkara ylalaşyklaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümler bilen zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň şypaly howa şertleri, bejeriş mümkinçilikleri, innowasiýalara uly orun berilmegi, ýokary derejedäki hyzmatlar türkmen topragynyň bu ajaýyp künjeginiň ykrar edilen saglygy berkitmegiň, şypahana-dynç alyş sport merkezine öwrülmegi üçin ähli şertleri döredilýändigini nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz ajaýyp deňiz görnüşini hem-de Awaza derýasynyň kenarynyň gözelliklerini synlady. Bu ajaýyp derýa dynç alyş zolagynyň esasy bezegine öwrülmek bilen şypahana dynç alşynyň gaýtalanmajak keşbini döretdi. Derýanyň üstünden gurlan köprüler iki kenary baglanyşdyryp, derýanyň ýakasynda gezelenç etmegi halaýanlar üçin amatlyklary üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gezelenji tamamlap, egindeşleri bilen hoşlaşdy hem-de bu ýerden ugrady.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36878