Watanymyzyň durnukly ösüşini we halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr. Bazar gatnaşyklaryna geçmek, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän netijeli guramaçylyk-dolandyryş usullaryny, innowasion tehnologiýalary ulanmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik we eksport ugurly kärhanalary döretmek ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
15-nji fewralda döwlet Baştutanymyz Içeri işler ministrligine degişli Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy we şol enjamlaryň nusgalary, häsiýetli aýratynlyklary hem-de ulanylyşy, enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň garamagyna merkeziň gurluşygynyň baş meýilnamasynyň çäklerinde bina edilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň taslamalary görkezildi. Milli Liderimiz taslamalara birnäçe düzedişleri girizip, olaryň gurluşygynda öňdebaryjy tejribäniň, täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmalydygyny, uçarmansyz uçýan enjamlaryň dürli pudaklarda netijeli peýdalanylmagy üçin ähmiýetli bolmalydygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň IIM-niň bu düzümi bilen tanyşlykdan soňra, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu merkeziň işi we ony mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň ugurlary hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini belledi. Munuň özi sanly tehnologiýalary hem-de täzeçil usullary işjeň ornaşdyrmakdan, elektron senagatyndan we häzirki zaman ylmyndan baş çykaryp bilýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.
Milli Liderimiz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň depginleri barada aýdyp, Aşgabat-siti taslamasynyň nazara alynmalydygyny, bu ýolda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek, ulaglaryň tehniki ýagdaýyny kesgitleýän enjamlary herekete girizmek hem-de ulaglaryň daşky gurşawa edýän täsirini kesgitlemek we onuň çäginde degişli eýeçiligi ýola goýmak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.
16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, ulag, aragatnaşyk we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Diplomat Pakistanyň TOPH gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşyklarynyň tizleşdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady we bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň sebit hem-de halkara derejedäki ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegini üpjün etjekdigine ynam bildirdi.
17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen duşuşygynda sebit we dünýä gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halkara giňişlikde özara ynanyşmak we birek-birege goldaw bermek işleriniň ýokary derejä eýedigi nygtaldy hem-de abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň, GDA-nyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanmalar beýan edildi. Sebit howpsuzlygy meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek we goňşy Owganystana goldaw bermek ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.
Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman syýasy-diplomatik meseleler bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Gaz, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk, söwda, oba hojalygy we beýleki ugurlardaky bilelikdäki işler hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Duşuşygyň dowamynda geçen ýylda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda haryt dolanyşygynyň 8,6 göterim artmagynyň hyzmatdaşlygyň ýokary netijä eýedigini aňladýandygy bellenildi.
Şeýle hem söhbetdeşler medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdüler. Hususan-da, milli Liderimiz Aşgabatda «Daşkent” atly seýilgähiň guruljakdygyny habar berdi. Dünýä taryhynda we medeniýetinde öçmejek yz goýan belli şahsyýetleriň, şol sanda Özbegistanyň beýik döwlet işgäri, şahyr Zahiriddin Muhammad Baburyň hormatyna bilelikdäki dabaralaryň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Beýik şahyryň we filosofyň doglan gününiň 538 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn maslahatyň Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilendigini bellemek gerek. Bu çäre doganlyk türkmen-özbek gatnaşyklaryny berkitmekde we iki ýurduň taryhy-medeni gymmatlyklaryny bilelikde öwrenmekde möhüm ädime öwrüldi.
18-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Hazar deňziniň nebitgaz serişdelerini özleşdirmekde, bu sebite iri daşary ýurt maýa serişdelerini uzak möhletleýin esasda çekmekde, pudaga täzeçil tehnologiýalary we sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda “Dostluk” deňiz käninde bilelikdäki gözleg işlerini alyp barmak, işläp taýýarlamak we özleşdirmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň ähmiýeti bellenildi.
W.Alekperow diňe bir Hazar deňziniň däl, eýsem, Baltika we beýleki deňizleriň ýalpaklygynda işlemek boýunça kompaniýanyň ägirt uly tejribe toplandygyny belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň “Dostluk” taslamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ulanjakdygyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdy. Bu käni ekologiýa talaplaryna laýyklykda işläp taýýarlamak bilen bir hatarda, täze uglewodorod ýataklaryny gözlemek işleri hem geçiriler.
Milli Liderimiziň Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk arkaly 19-njy fewralda geçiren nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy we maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilişi, milli senagat toplumynyň kuwwatlyklarynyň köpugurly esasda ösdürilişi, täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilişi we ýurdumyzyň hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk operatorynyň programma üpjünçiliginiň döwrebaplaşdyrylmagyna, harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mart aýynda geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna, durmuş-medeni maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň medeni maksatnamasy barada hasabat berildi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz şu aýda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça geçen ýylyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen iş maslahatlarynyň netijeleri boýunça seljermeleriň esasynda taýýarlanylan 2021-nji ýyl üçin işleriň hem-de çäreleriň maksatnamasyny tassyklady. Onda milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini we döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmek, pudaklaryň işini üýtgetmek, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, maýa goýum syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek boýunça zerur çäreler göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, ugurdaş düzümleriň maliýe-ykdysady ýagdaýyna yzygiderli seljermeleri geçirmek, durmuş ulgamyny ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmek babatda zerur çäreler bellenildi hem-de döwlet eýeçiligine degişli 30-dan gowrak desgany bäsleşik esasynda hususylaşdyrmak boýunça teklipler taýýarlanyldy.
Milli Liderimiz döwlet eýeçiligine degişli desgalary hususylaşdyrmak we onuň degişli gurallaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerini tizleşdirmegiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwlete degişli kärhanalary dolandyrmak hem-de üýtgetmek boýunça Strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmegiň ähmiýetini nygtady, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda welosiped sportuny ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamasy we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy bilen tanyşdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmek üçin maddy-enjamlaýyn binýady döretmek, welosiped parklaryny gurmak, ýöriteleşdirilen dükanlary, ussahanalary, söwda merkezlerinde duralga zolaklaryny açmak, welotrassalary gurmak, welosipedi abatlamak boýunça ussalary taýýarlamak, seýilgählerde ulularyň we çagalaryň wagtyny peýdaly geçirmegi üçin welosipedleri hödürleýän bölümleri açmak we welosiped ýodalaryny gurmak boýunça zerur işleriň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, geljekde durmuş maksatly binalaryň gurluşygynda şu talaplaryň göz öňünde tutulmagynyň wajypdygyny belledi.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerine garaldy. Köpugurly hyzmatdaşlygy dowam etmegiň çäklerinde, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklary dowam etdirmegiň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. Ony BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek boýunça müdirligi (UNOPS) bilen bilelikde amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Ony üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, türkmen tarapyna ýurdumyzda UNOPS-nyň wekilhanasyny açmak baradaky teklip gelip gowuşdy.
Milli Liderimiz taslamany we teklibi makullap, oňyn Bitaraplyk, “Açyk gapylar” ýörelgelerine hem-de giň hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanyň abraýly halkara guramalar bilen ählumumy abadançylygyň bähbidine kybap gelýän özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-russiýa gatnaşyklary barada aýdyp, Russiýanyň sebitleri bilen oňyn, netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň häzirki döwürde täze mazmun bilen üsti ýetirilýän netijeli döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi.
Milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna Saglygy goraýyş we derman senagaty hem-de Dokma senagaty ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynda öndüren önümlerini muzdsuz bermek hakyndaky Buýruga gol çekip, onuň türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgesine üýtgewsiz eýerýändiginiň nobatdaky subutnamasydygyny belledi. Ynsanperwer ýüki Türkmenbaşy — Astrahan ugry boýunça deňiz arkaly Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämisi elter.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Dokma senagaty ministrligine gaýtadan işlemek üçin dürli görnüşli pagta süýümini ýerlemek hakyndaky Karara gol çekdi. Meýilnama laýyklykda, 145 müň 557,5 tonna pagta süýümi, 8500 tonna inçe süýüm, 200 tonna gysga süýümli pagta we 200 tonna pagta übtügi satyn alnar. Bu bolsa şol bir wagtyň özünde Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda açyljak ýyllyk kuwwaty 3650 tonna pagta süýümi bolan dokma toplumynyň hem-de Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda açyljak, ýyllyk kuwwaty 3300 tonna inçe süýümli ýüplüge barabar bolan dokma toplumynyň çig mal bilen üpjünçiligine gönükdiriler. Olaryň işe girizilmegi bilen, 2450 sany täze iş orny dörär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” we “Türkmenistanyň halk itşynasy” döşe dakylýan nyşanlaryň hem-de “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” medalynyň görnüşlerini tassyklady. Bu nyşanlar pederlerimiziň döreden gadymy itşynaslyk ýörelgelerine we häzirki döwürde alabaý tohumyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere goýulýan hormaty alamatlandyrýar.
Halkara wakalar barada aýdylanda bolsa, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň BSGG-niň Ýurt edarasy bilen bilelikde guramagynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin geçirilen nobatdaky maslahatda pandemiýa ýokanjynyň öňüni almak boýunça möhüm maglumatlary işläp taýýarlamagyň netijeli usullaryna garaldy. Duşuşyga gatnaşyjylar bu ugurda dünýäniň ösen tejribesi bilen tanyşdylar we bu babatda ýörite gollanmany taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara ylmy-okuw merkezinde saglygy goraýyş boýunça onlaýn teleköpri arkaly II türkmen-koreý maslahaty geçirildi. Oňa Koreýanyň alym-professorlary, ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň, paýtagtymyzyň lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Dostlukly ýurduň hünärmenleri Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň sazlaşykly ösdürilýändigini belläp, bu ugurda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar.
Maslahatyň dowamynda bu ugurda ýerine ýetirilýän işlere baha berildi, COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmekde ilata lukmançylyk hyzmatlarynyň ilatyň elýeterliligini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy we adatdan daşary ýagdaýlara, olara gyssagly garşy durmaga, şol döwürden soňky dikeldiş wezipelerini ýerine ýetirmäge taýýarlyk meselelerine garaldy.
Daşary işler ministrliginde onlaýn tertipde Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili hanym Emma Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmen tarapy üçin ýörite tehnikalary we enjamlary ugratmaga uly gyzyklanma bildirýän “JСB Sales Limited” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerine möhüm üns berildi. Şeýle hem bilelikdäki taslamalara maýa serişdelerini gönükdirmegiň meselelerine we beýleki ugurlara garaldy.
DIM-de wideoaragatnaşyk arkaly iki dostlukly ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda türkmen-gazak geňeşmeleri boldy. Taraplar Türkmenistanyň we Gazagystanyň halkara hem-de sebitara düzümleriniň çäklerinde özara gatnaşyklar boýunça oňyn tejribe toplandygyny belläp, Merkezi Aziýanyň we goňşy sebitleriň ägirt uly kuwwatyny herekete girizmek üçin bilelikdäki başlangyçlary taýýarlamaga ikitaraplaýyn gyzyklanmalary beýan etdiler. Hususan-da, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň şu ýyl Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän VI sammitiniň gün tertibini işjeňleşdirmek boýunça teklipler beýan edildi.
Şeýle hem diplomatlar port düzümlerini, ýangyç-energetika we senagat pudaklaryny herekete girizmek arkaly ulag-üstaşyr geçelgeler babatda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meselelerine garadylar, ekologiýa, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty ugurlarynda gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekildi.
Her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilýän ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanyň diplomatiýasy — onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi” atly ylmy maslahat geçirildi. Çykyşlarda ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda köpugurly halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, sebit we ählumumy möçberde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilen netijeli daşary syýasaty alyp barýandygy bellenildi.
Milli Liderimiziň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar hem-de döwrebaplaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany tassyklanyldy.
Maslahatyň dowamynda diplomatik gullugyň ýaş işgärleri we Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary döwletimiziň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklary üçin degişli diplomlar bilen sylaglanyldy.
Geçen hepde Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň zähmetkeşleri üçin baýramçylyk dabaralaryna beslendi. Bagtyýar zaman obasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby bäsleşiginiň ýeňijisine mynasyp bolan baýragy gowşurmak dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň ähli ilatyna iberen Gutlagynda Watanymyzyň senagat taýdan ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň wajypdygyny belledi. “Halal zähmetimiz bilen eziz Diýarymyzy gülläp ösýän, raýatlarymyzyň asuda, bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşaýan gözel mekanyna öwürmelidiris, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyryp, onuň dünýädäki ornuny has-da berkitmelidiris” diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça wajyp syýasy möwsüm dowam edýär. Geçen hepdede welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň agzalygynyň 48 mandatyna 81 dalaşgär hödürlenildi. Olaryň 15-si Ahal welaýatyndan, 15-si Balkan welaýatyndan, 9-sy Daşoguz welaýatyndan, 16-sy Lebap welaýatyndan, 15-si Mary welaýatyndan we 11-si Aşgabat şäherinden hödürlenildi. Dalaşgärleri hödürlemek 2-nji marta çenli dowam eder we bellige almak işleri 7-nji martda tamamlanar. Saýlawyň geçişine öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde milli synçylar gözegçilik ederler.
28-nji martda geçirilmegi meýilleşdirilýän saýlawlar Türkmenistanda milli Liderimiziň başlangyjy we ýolbaşçylygy bilen ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeleriň ýolundaky möhüm ädime öwrüler. Bu başlangyçlaryň üstünlige beslenmegi täze belentliklere ynamly gadam urýan ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini tizleşdirer.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary Türkmenistanyň ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň ýolundaky hereketiniň anykdygyny we ynamlydygyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen syýasatynyň ösüşlere beslenýändigini ýene bir gezek tassyklady.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21488?type=feed