Aşgabat, 18-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.
Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we tutuş doganlyk türkmen halkyna rowaçlyk hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyzy gadymdan bäri dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär. Munuň özi iki halkyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen taryhy-medeni we ruhy umumylygy bilen şertlendirilendir. Häzirki döwürde türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolýar.
Mikail Çingiz ogly Jabbarow Azerbaýjanyň iki goňşy ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ägirt uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, myhman Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň maslahatlarynyň maksatlara ýetmek hem-de döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak işlerini ilerletmek üçin zerur bolan esasy döredýändigini nygtady.
Milli Liderimiz dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we halkyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, ýakyn goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklara hemişe sarpa goýýan Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen iki döwletiň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugruna ygrarlydygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ähli ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde üstünlikli guralýan döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň ýokary depginine aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz hem-de myhman syýasy, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nygtap, dürli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek boýunça utgaşdyryjy edara hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň ornuny güýçlendirmegiň wajypdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, özara maýa goýumlaryň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygy nygtaldy.
Telekeçilik işi, forumlary guramak üçin amatly ykdysady, maliýe we hukuk şertleriniň mundan beýläk-de döredilmeginiň wajypdygy bellenildi. Şolar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam eder.
Duşuşygyň barşynda iki goňşy döwletiň çäk taýdan ýerleşişiniň ýük daşamagyň amatly guryýer we deňiz ýollaryny, olaryň halkara ulag düzümine goşulyşmagyny üpjün edýän yklymara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde tagallalary birleşdirmek üçin oňaýly şertleri döredýändigine üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri türkmen Lideriniň bu ulgamdaky döredijilikli başlangyçlarynyň wajypdygyny hem-de ähmiýetini nygtady.
Myhmanyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana bolan saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklar ulag-logistika gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň döwrebap düzümini netijeli ulanmak bilen, dürli döwletlere üstaşyr hyzmatlary hödürleýändikleri nygtaldy. Munuň özi sebitara gatnaşyklaryň we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Şu mesele boýunça pikir alyşmalaryň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe oňyn teklipleri beýan etdi.
Energetika ulgamy ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Bu ulgam Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň milli ykdysadyýetleri üçin strategik häsiýete eýedir. Milli Liderimiz hem-de myhman nebitiň we gazyň uly gorlaryna eýe bolan döwletleriň ikisiniň-de bu ulgamy ösdürmäge aýratyn üns berýändiklerini nygtap, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini aýtdylar.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mikail Çingiz ogly Jabbarow döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de uzak möhletleýin we netijelilik esasynda pugtalandyryljakdygyna, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/47239