Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 9-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarowy kabul etdi.

Şu ýylyň 13 — 17-nji oktýabrynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu abraýly ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Welosiped sporty federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi bilen bilelikde guramak tabşyryldy.

UCI-niň Ýolbaşçy komitetiniň agzasy I.Makarow ýokary depginde alnyp barylýan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň bu möhüm sport çäresini guramaçylykly geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bu ýaryşlara dünýäniň 186 ýurdunyň wekilleri gatnaşar.

Milli Liderimiz Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmeginiň Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyzyň dünýäniň olimpiýa hereketini ösdürmäge hem-de sporty wagyz etmäge mynasyp goşandydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz dünýä derejesindäki iri ýaryşyň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de Aziýanyň merjeni hasaplanylýan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda geçirilýändiginiň çuňňur manysynyň bardygyny belledi.

Daşary ýurtly bilermenleriň baha bermegine görä, sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary hem-de işjeň wagyzçysy bolan türkmen Lideriniň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanda diňe bir bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmak üçin däl, eýsem, ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek üçin hem ähli şertler döredildi.

2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hem-de 2018-nji ýylda Amul — Hazar halkara awtorallisiniň we Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda soňky ýyllarda sportuň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Köpugurly stadionlar we ajaýyp sport toplumlary, ilkinji nobatda bolsa, sebitdäki iri Olimpiýa şäherçesi guruldy. Şu gezekki dünýä çempionaty hem Olimpiýa şäherçesiniň üsti ýapyk welotrek toplumynda geçiriler. Bularyň ählisi Halkara Olimpiýa komitetiniň ähli talaplaryna laýyk gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigine şaýatlyk edýär.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi milli Liderimiziň baştutanlygynda dünýäniň sport giňişliginde uly üstünlikleri gazanmagy başaran Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerine ýokary baha berilýändiginiň hem-de ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport we bedenterbiýe hereketi maksada okgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň hem-de güýç-kuwwatyň çeşmesi bolup durýar. Welosiped sporty bolsa sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşi bolmak bilen, ilatyň saglygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan adamlaryň sany yzygiderli artýar.

2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilen halkara baýram mynasybetli Aşgabatda “Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin sapagyň” geçirilendigini bellemelidiris. Bu sapak dünýä rekordy hökmünde bellige alyndy. 2019-njy ýylda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde 2019 adamyň gatnaşmagynda “Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş” geçirildi. Bu ýöriş hem Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun eýeledi. 2020-nji ýyl 12 kilometr aralyga guralan welosipedli ýörişe hem-de türkmen paýtagtynyň täze ajaýyplygyna öwrülen “Welosiped” binasynyň açylyşyna beslendi.

Häzirki wagtda şosse welosiped sportuny wagyz etmek boýunça hem uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşini ösdürmek üçin ähli şertler, ilkinji nobatda bolsa, dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtomobil ýollary çekildi.

I.Makarow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä derejesinde welosiped sportuny ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolan Welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky başlangyjyna ýokary baha berip, Halkara welosipedçiler birleşiginiň bu ýaryşlary ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça uly işleri amala aşyrjakdygyna ynandyrdy.

Bellenilişi ýaly, guramaçylyk meselelerine uly ähmiýet berilýär. Hususan-da, koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, dünýäde emele gelen çylşyrymly şertlerde Türkmenistana gelýän ähli türgenlere degişli sanjymlaryň edilmegi babatda ýardam berler.

Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen, Türkmenistan üçin ýubileý ýylynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň aýratyn ähmiýetini nazara almak bilen, welosiped sportuny hem-de ekologiýa taýdan arassa we daşky gurşaw üçin howpsuz ulag görnüşi hökmünde welosipedi wagyz etmäge ýardam berýän mahabat we düşündiriş işlerine üns güýçlendiriler.

I.Makarow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli tabşyryklarynyň gysga wagtda ýerine ýetiriljekdigine ynandyryp, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22753?type=feed