«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2021»

Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagydyr. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmekde bu pudaga uly orun degişlidir. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Nebitgaz toplumynyň baý kuwwatyny has netijeli peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalar we işläp taýýarlamalar esasynda ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak onuň esasy düzüm bölekleridir. Şunda ekologiýa, gazyp alýan we gaýtadan işleýän ulgamlaryň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, «mawy ýangyjyň» daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» korporasiýasy tarapyndan hem-de ‘CaffneyCline’ britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guralan «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2021» atly XXVI halkara maslahat üstünliklere beslendi. Oňa hökümet düzümleriniň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly guramalaryň ýolbaşçylary hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 30 gowrak döwletden 100-den gowrak kompaniýanyň, iri halkara guramalaryň we banklaryň wekilleri sanly ulgam arkaly maslahata goşuldylar.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy-2021» forumynyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň maslahata gatnaşyjylara iberen gutlagy uly üns bilen diňlenildi. «Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlary bilen dünýä jemgyýetçiligini giňden tanyşdyrmak we bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak üçin, her ýyl geçirilýän halkara maslahatynyň energiýa serişdelerini gözläp tapmakda, özleşdirmekde we pudagyň işiniň halkara ülňülerine laýyk gelmeginde ähmiýeti uludyr» diýlip, milli Liderimiziň gutlagynda bellenilýär. Nebitgaz senagatyny ösdürmek Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. Döwletimiziň amala aşyrýan energetika strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini halkymyzyň we beýleki ýurtlaryň halklarynyň bähbidine gönükdirmek babatda alnyp barylýan işler öz oňyn netijesini berýär.

Forumyň barşynda ählumumy energiýa ulgamyny ösdürmegiň geljegi, hususan-da, Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň geljegi, bu strategiki ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygyň ekologiýa ugruna aýratyn üns berildi. Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda halkara işlerine başlangyçlar bilen gatnaşmak arkaly Türkmenistanyň öz ägirt uly kuwwatyny adamzadyň bähbidine ulanmagy teklip edip, durnukly maksatlar hem-de olara ýetmegiň mümkinçilikleri barada öz garaýyşlaryny beýan edýändigi nygtaldy. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda bu ulgamda amala aşyrylýan strategiýa ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ileri tutulmagyny, döwletiň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň ähli düzüminiň binýatlyk ugry hökmünde «ýaşyl ykdysadyýeti» ösdürmek üçin şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Maslahatyň dowamynda resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Olaryň hatarynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Daniýa Patyşalygynyň «Haldor Topsoe A/S» kompaniýasynyň arasynda Tebigy gazy monetizasiýa etmek arkaly ammiak we metanol önümçiligi boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe nebitgazly ýatagynyň gündogar böleginde we Günorta Burun künjeginde 3D we 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek maksady bilen, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bilen Singapur Respublikasynyň «Ýug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen Beýik Britaniýanyň «Petro Gas LLP» kompaniýasynyň arasynda TNGIZT-nyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak boýunça Şertnama bar.

Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahatyň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän «EKSPO – 2020» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň sergi bölüminden göni alnyp görkeziliş geçirildi. Şol ýerde Aşgabatdaky maslahat bilen birlikde, «Tebigy gaz we alternatiw energiýa çeşmeleri – pes uglerodly geljege geçmegiň açary» diýen mesele boýunça mejlis geçirildi.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/45824