Aşgabat, 27-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tamamlanyp barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky jemleýji bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy.
Mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, milli Liderimiz Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. 2022-nji ýylyň şygary “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edildi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna ýylyň nyşanynyň taslamasy hödürlenildi.
Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda her ýylyň şygary kesgitlenilýär. Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zaman ösüşiniň wajyp ugurlaryna ünsi çekmäge mümkinçilik berýär, Watanymyz hem-de halkymyz üçin möhüm ähmiýeti bolan wakalaryň giňden wagyz edilmegini üpjün edýär.
Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilen hem-de “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda milli Liderimiziň baştutanlygynda ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen ägirt uly işler ýerine ýetirildi.
Geljek ýylyň şygary bagtyýar zamanany esaslandyran we halkymyzy hem-de Watanymyzy täze belent sepgitlere ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyza bildirilýän belent hormatyň aýdyň nyşanydyr. Ähli ugurlarda täze belentliklere ynamly gadam urýan ýurdumyz sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasatynyň aýdyň miwesidir.
Bu gün milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar we öndürijilikli zähmeti bilen halk hojalygynyň ähli pudaklaryny özgertmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrýar. Bu bolsa watandaşlarymyzyň nurana geljege bolan ynamyny has-da pugtalandyrýar.
2022-nji ýylyň şygaryny tassyklamak hakyndaky çözgüt halkymyzdan gelip gowşan köp sanly teklipleriň esasynda kabul edildi. Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy geljek ýylyň nyşanynyň taslamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürläp, onuň yglan edilen bäsleşik esasynda seçilip alnandygyny habar berdi.
Bilelikdäki mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tamamlanyp barýan ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada aýtdy. 2021-nji ýyl Garaşsyz Watanymyzyň 30 ýyllyk şanly ýubileýiniň ýyly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde berkarar döwletimiziň taryhynda hemişelik galar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde berkarar Watanymyz sebitde durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň daýançlarynyň, kuwwatly we depginli ösýän, daşary ýurt maýa goýumlary üçin özüne çekiji, dünýäde uly abraýa hem-de hormata eýe bolan döwletleriň biri hökmünde giňden tanalýar.
Garaşsyz Diýarymyz içerki durnuklylygy, syýasy ulgamynyň berkdigi, döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyna demokratik kadalary tapgyrlaýyn ornaşdyrýandygy bilen tapawutlanýar. Bularyň ählisi halkara giňişlikde özümizi ynamly duýmaga, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly gatnaşyklary alyp barmaga mümkinçilik berýän hakyky şertler bolup durýar.
Şol bir wagtyň özünde ýubileý ýyly, dünýädäki kynçylyklara garamazdan, halkara işler we ykdysady soraglar babatda Garaşsyz Watanymyz üçin, umuman, üstünlikli ýyl boldy. Biz halkara çäreleri ýokary derejede geçirdik diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyny belläp geçdik, 2021-nji ýyl üçin meýilleşdiren ähli işlerimizi diýen ýaly üstünlikli amala aşyrdyk.
Döwlet Baştutanymyz geçirilen iri çäreleriň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisine, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygyna, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitine aýratyn ünsi çekdi.
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň öz binýatlyk häsiýetine, ýagny bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek esasynda amala aşyrylýandygy bellenildi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, ilkinji nobatda, goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine uly üns berilýär. Bu döwletler bilen ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň ýokary derejesi gazanylyp, dürli ugurlarda açyk we netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar.
Tamamlanyp barýan ýylda halkara saparlaryň guralandygy barada aýdyldy. Türkmenistanyň Prezidenti dünýäniň 5 döwletinde resmi saparda boldy. Biziň ýurdumyza döwlet Baştutanlarynyň we ýokary wezipeli adamlaryň 19 sapary amala aşyryldy.
2021-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurt döwletleriniň resmi wekilleri, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlary, şeýle hem dürli halkara korporasiýalardyr kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn 84 duşuşygy, telefon we sanly ulgam arkaly 25 gepleşigi geçirildi. Netijede, hökümetara resminamalaryň 200-den gowragyna gol çekildi.
Biziň möhüm halkara soraglary çözmäge gönükdirilen netijeli tekliplerimizi iri, abraýly halkara guramalar biragyzdan goldady. Şeýlelikde, Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen, Baş Assambleýa “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny”, “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek”, “Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamalary biragyzdan kabul etdi diýip, milli Liderimiz belledi.
Bulardan başga-da, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meselesi boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň (BMG — Zenanlar) agzalygyna, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wise-başlyklygyna, ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň hökümetara geňeşiniň agzalygyna saýlandy. Şeýle hem Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamanyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerinde çap edilip, agza ýurtlaryň arasynda ýaýradylandygyny bellemeli.
Goňşy Owganystanda durmuş-ykdysady taslamalary amala aşyrmaga ýardam etmek we ynsanperwerlik kömegini bermek arkaly bu ýurdy hemmetaraplaýyn goldamak boýunça hem işjeň çäreler dowam etdirildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Umuman, ýurdumyzyň daşary syýasat boýunça baş ugry parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn berkitmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu ýyl Ministrler Kabinetiniň 35, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 13 mejlisi, döwlet derejeli maslahatlaryň hem 59-sy geçirildi.
Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde, halkara duşuşyklarda çylşyrymly syýasy, ykdysady we durmuş soraglaryna seredildi. Bitarap döwletimiziň hukuk ýagdaýyndan ugur alnyp, şol soraglar boýunça degişli çözgütler kabul edildi, ençeme resminamalara gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dowam edýän koronawirus pandemiýasy we köp ýurtlarda girizilen çäklendirme çäreleri şertlerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barmaga aýratyn üns berlendigini kanagatlanma bilen belledi. Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny ýokary hilli taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek boýunça netijeli işler alnyp baryldy. Hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlary kesgitlendi.
Bellenen maksatnamalary ýerine ýetirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň peselmegine ýol bermezlik üçin bolup geçýän üýtgeşmeler boýunça gyssagly çäreleri gördük diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Milli Liderimiz çylşyrymly şertlere garamazdan, örän köp işleriň bitirilendigini we örän köp soraglary çözmegiň başardandygyny, döwlet dolandyryşy, içerki we daşarky maliýe, söwda, şeýle hem zähmet bazary, harytlary öndürmek ýaly ugurlardaky özgertmeleriň çaltlandyrylandygyny belledi. Bu işler bolsa orta möhletli geljekde önümçiligiň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň hakyky ýagdaýlardan ugur alyp kabul edýän dogry kararlarydyr çözgütleri, biziň sazlaşykly, tutanýerli we maksada okgunly işlerimiz, halkymyzyň giňden goldawy ykdysadyýetde hem-de daşary syýasatda oňyn netijeleri gazanmagyň girewi boldy.
Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýeti ösdürmegiň tassyklanan döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmak boýunça netijeli işleriň geçirilendigine ünsi çekip, gurluşyk, senagat pudaklarynda we beýleki ugurlarda ýokary ösüş depginleriniň gazanylandygyny belledi. Puluň hümmeti bellenen çäklerde saklanýar. Ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek hem kabul edilen maksatnamalara laýyklykda alnyp barylýar. Ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda we beýleki pudaklarda özgertmeler dowam etdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikler barada aýdyp, oba hojalygyny özgertmek boýunça kabul edilen çäreleriň hem netije berip başlandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu ýyl gallanyň we gowaçanyň gowy hasylynyň alnandygyny, iri zawod-fabrikleriň gurluşygynyň üstünlikli dowam etdirilýändigini belledi. Geçirilýän özgertmelere laýyklykda, nebitgazly känler özleşdirilýär, gaz geçirijiler gurulýar. Has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, ýokary derejeli myhmanhanalaryň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar.
Bu işleriň hemmesiniň netijesi hökmünde biz jemi içerki önümiň ösüşini ýokary depginde, ýagny 6,2 göterim möçberde saklaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Milli Liderimiz halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly önümçiligiň möçberiniň ösüşiniň bellenen tabşyryklaryň çäklerinde üpjün edilendigini belledi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri artdyryldy.
Saglygy goraýyş ulgamynda öz wagtynda zerur çäreleriň görlendigi aýratyn bellenildi. Ýurdumyza ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen görlen öňüni alyş çäreleri bilen birlikde, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady hem ep-esli berkidildi we bu işler dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabat döwründe Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Ýokanç keseller hassahanasynyň, Magtymguly etrabynda köpugurly hassahananyň işe girizilendigini, Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki hem-de Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurluşygyna badalga berlendigini belledi.
Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň edara binasynyň, köpugurly hassahananyň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş, Çagalar sagaldyş-dikeldiş hem-de “Tiz kömek” merkezleriniň, saglyk öýleriniň, Daşoguz welaýatynda köpugurly hassahananyň we Onkologiýa merkeziniň, Balkan welaýatynda köpugurly hassahananyň gurluşygy dowam etdirildi. Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara Iç keselleri, “Ene mähri” hem-de Saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezlerini döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp baryldy.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda öndürilen “Tiz lukmançylyk kömegi” dikuçarlary halkymyzyň hyzmatyna berildi diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanma bilen belledi.
Şunuň bilen birlikde Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 50-si welaýatlaryň etrap hassahanalarynyň çagalar bölümlerine sowgat berildi. Şeýle hem “Mersedes-Benz” kysymly “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 50-si saglygy goraýyş edaralaryna paýlandy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň wekilçilikli we kanun çykaryjy häkimiýet edaralaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny, zähmet haklaryny tölemek boýunça hiç hili meseläniň ýokdugyny belledi.
Mundan başga-da, häzirki wagtda umumy şertnama bahasy 36 milliard dollara golaý bolan iki ýarym müňden hem köp önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Bu gurluşyk işleri amala aşyrylýan taslamalaryň geriminiň giňdigini görkezýär. Bütin ýurdumyz boýunça belent desgalar, iri täze ýaşaýyş jaý toplumlary bina edilýär. Müňlerçe kilometre uzaýan tizlikli awtomobil we polat ýollary çekilýär, halkara ähmiýetli ulag üpjünçilik ulgamlary döredilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň ýakyn ýyllarda ykdysadyýetimizi ösdürmäge bolan goşandymyzdygyny belledi. Şu ýyl meýilleşdirilen 30 sany iri desganyň ýerine umumy bahasy 13 milliard manat bolan 73 iri desga ulanmaga berildi.
Işe girizilen iri desgalaryň hatarynda Aşgabatdaky Hökümet münberiniň toplumy, Söwda merkezi we iki sany ýedi ýyldyzly myhmanhana, Ahal welaýatyndaky iki sany iri dokma toplumy we ýokary tizlikli awtomobil ýoly bar. Şeýle hem olaryň hatarynda Balkan welaýatyndaky iri suw howdanyny hem-de birnäçe hassahanany, Daşoguz we beýleki welaýatlarda haly fabriginiňdir “Türkmeniň ak öýi” binalaryny, “Türkmeniň alabaý itleri” desgalar toplumlaryny görkezmek bolar.
Bu aýdylanlara Lebap welaýatyndaky Kerki Halkara howa menzilini, iri elektrik we gaz basyş stansiýalaryny, Mary welaýatyndaky plastmassa turbalaryny öndürýän zawody hem mysal hökmünde agzap bileris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şu ýyl Akina — Andhoý stansiýalarynyň arasynda 30 kilometrlik demir ýol ulgamy, Kerki — Şibirgan ugry boýunça uzynlygy 153 kilometrlik elektrik geçiriji, şeýle hem Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy işe girizildi.
Ýurdumyzda şu ýyl umumy meýdany 1 million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary, şol sanda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, 7 mekdep, lukmançylyk edaralary we beýleki durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygy dowam etdirildi.
Geçip barýan ýylyň jemlerine baha bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow örän kynçylykly bolsa-da, onuň biziň üçin, umuman, gowy ýyl bolandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň bu sözleri şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Biziň bu tagallalarymyza geljek nesillerimiziň mynasyp baha berjekdigine ynanýaryn. Pandemiýa sebäpli dörän ählumumy çökgünligiň kynçylykly synagyndan geçip, biz geljekde öz öňümizde has batyrgaý maksatlary we wezipeleri goýarys. Geljek ýyly anyk işleridir täze taslamalary amala aşyrmak bilen besläris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz öňde durýan meýilnamalar barada aýdyp, ýurdumyzy syýasy taýdan döwrebaplaşdyrmak işiniň dowam etdiriljekdigini belledi. Ata-babalarymyzyň müňlerçe ýyl mundan ozal düýbüni tutup giden demokratiýasynyň esaslary ýolbaşçylaryň saýlawly bolmagydyr, her adamyň öz islegini erkin beýan edip bilmegidir. Şeýle hem söz azatlygynyň goralmagy we raýat jemgyýetiniň berkidilmegidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Munuň özi ýurduň ösüşinde esasy orny eýeleýär. Şoňa görä-de, bu kadalaryň ählisi biziň däp-dessurlarymyzda, kanunlarymyzda we tertip-düzgünimizde öz beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiz geljek ýyl üçin gowy býujetiň kabul edilendigini hem belledi. Zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny ýene-de 10 göterim ýokarlandyrmak göz öňünde tutuldy.
Ykdysadyýetde, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda yzygiderli çäreleriň giň gerimli toplumyny amala aşyrmagy hem dowam etdireris. Ilatyň ähli gatlaklarynyň zerurlyklaryna we isleglerine düýpli üns bereris. Saglygy goraýşyň mümkinçiliklerini yzygiderli berkidip, zerur bolanda, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak üçin goşmaça serişdeleri goýbereris diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Häzirki döwürde halkymyzyň agzybirligi, her bir raýatyň Garaşsyzlygyň gymmatlyklaryny gözüniň göreji ýaly goramagy örän möhümdir diýlip, çykyşda aýratyn bellenildi.
Biz halkara howpsuzlyk ulgamyny berkitmäge gönükdirilen daşary syýasy ugrumyzy dowam etdirip, Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzümleriniň ornuny pugtalandyrmaga ýardam bereris. Milli bähbitlerimizi berk gorap, häzirki köpugurly dünýäde özüniň netijelidigini görkezen sazlaşykly we oýlanyşykly daşary syýasatymyzy yzygiderli alyp bararys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, asylly däbe görä, her ýyl bir şygaryň yglan edilýändigini aýtdy. Şol şygar bolsa öňde goýan maksatlarymyza tarap ynamly öňe gitmäge ýardam edýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň maglumatyna görä, deputatlar we halkymyz bilen giňden ara alyp maslahatlaşmagyň netijesinde, olaryň geljek ýylyň şygarynydyr nyşanyny teklip edýändiklerini belledi hem-de bu şygary we nyşany tassyklaýandygyny aýtdy.
Bilelikdäki mejlise gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary bilen, milli Liderimiz geljek ýylyň şygaryny “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip yglan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda Türkmen alabaýynyň we onuň durmuşymyzda eýeleýän ornunyň ähmiýeti barada aýtdy. Ata-babalarymyz bedewlerimizde öz arzuw-isleglerinidir maksatlaryny, milli seçginiň ajaýyp netijesi bolan alabaýlarda bolsa bagtyýarlygyny görüpdir. Şoňa görä-de, halkymyz “It geldi — gut (bagt) geldi” nakyly döredipdir diýip, milli Liderimiz belledi.
Türkmen alabaýlary halkymyzyň esasy ynsanlyk kadalaryny aňladýar. Bu kadalar batyrlyk, mertlik, wepalylyk we sabyrlylykdyr. Adam haçanda dünýä inende, ony dürli närseler gurşap alypdyr. Şonda adamda hoşniýetli duýgulary itler döredenmiş diýýärler. Bu rowaýat, ýöne rowaýatlar hem tötänden döremeýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Wepalylygy we mertligi bilen alabaý itleri ynsanyň iň ýakyn dostuna öwrüldi. Bu häzirki döwürde hem şeýle.
Alabaý — biziň milli buýsanjymyz, baý mirasymyzyň aýrylmaz bölegi, ata-babalarymyzyň döreden milli baýlygydyr. Şoňa görä-de, alabaýy gorap saklamak, asyl bolşunda geljek nesillerimize ýetirmek biziň mukaddes borjumyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Bilelikdäki mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň isleg-arzuwyny we haýyşyny göz öňünde tutup, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň gününi bellemek baradaky Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň bu çözgüdi şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde raýatlarymyzyň talabalaýyk dynç almagy üçin, şäherleriň we obalaryň kadaly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylygyny göwnejaý guramak bilen bagly meselelere aýratyn ünsi çekdi.
Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň Başlygynyň orunbasary hökmünde Ç.Amanowa baýramçylyk günlerinde ýurdumyz boýunça nobatçylygy talabalaýyk guramak, wise-premýer Ç.Purçekowa bolsa bu ugurda geçiriljek işlere ýardam bermek tabşyryldy.
Şeýle hem ähli wise-premýerlere öz gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirip, Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde ministrliklerde we pudak edaralarynda nobatçylyk etmegiň Tertibine seretmek, nobatçylyk etjek işgärleriň telefon belgilerini şol Tertipde görkezmek tabşyryldy. Bu häkimlere hem degişlidir.
Baýramçylyk günlerinde her bir häkimlik, ministrlik we pudak edarasy boýunça nobatçy bellemeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de jemagat hojalygy gullugynyň, elektrik energiýasy we suw üpjünçilik gulluklarynyň, hassahanalaryň, ýolagçy awtoulaglarynyň, dükanlaryň bökdençsiz we talabalaýyk işlemegini guramagy tabşyrdy.
Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa bütin ýurdumyz boýunça baýramçylyk günlerinde nobatçylygyň talabalaýyk guralmagyna umumy gözegçiligi üpjün etmek tabşyryldy.
Baýramçylyk günleri raýatlarymyz oňat dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede belläp geçer ýaly, ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamak boýunça hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna anyk görkezmeler berildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.
Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem ol ýurdumyzyň 2021-nji ýylyň dowamynda içeri hem-de daşary syýasatda uly rowaçlyklary gazanandygyny, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylyň üstünlikli jemlenýändigini nygtady.
Mundan başga-da, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, milli ykdysadyýetimiz durnukly ösüşe eýe boldy. Aýratyn-da, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli gowulandyrylmagyna möhüm ähmiýet berildi.
Şeýle hem çykyşyň dowamynda halkymyzyň, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň teklipleri esasynda 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylmagynyň giň goldawa eýe bolandygy nygtaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi Täze ýyl baýramy bilen ýene bir gezek gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli şahsy düzümleriniň adyndan Täze ýyl baýramy bilen gutlady.
Wise-premýeriň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň belleýşi ýaly, 2021-nji ýylda ýurdumyzda gazanylan ägirt uly zähmet üstünlikleri, ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly ýörişde öz beýanyny tapdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmekde uly ösüşleri gazandy.
Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly şygaryny ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň doly goldaýandyklaryny aýdyp, hormatly Prezidentimizi ýene-de bir gezek Täze ýyl baýramy bilen gutlady.
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň dowamynda Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň adyndan çykyş edip, milli Liderimizi hemmeleriň söýüp garşylaýan Täze ýyl baýramy bilen gutlady.
Şeýle hem häkim Arkadag Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylyň şanly wakalara baý bolandygyny hem-de ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi. Munuň özi milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, sebitleriň ykdysady-durmuş taýdan ösdürilmegine gönükdirilýändiginiň aýdyň netijesidir.
Häkim geljek ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylmagynyň tutuş ýurdumyzyň ilatynyň arasynda giň goldawa eýe bolýandygyny nygtady we raýatlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, netijeli işlemegi, döretmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryny, häkimleri ýetip gelen Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiz bars ýylynyň aýdyň wakalara baý boljakdygyny belledi. Bars paýhasly, hemmetaraplaýyn ösen we maksadyna ýetmegi başarýan jandar. Ol meňzeş häsiýetleri bilen adamlara ýagşylyk edýär hem-de “ýuwaş bolmagy we igenji” halamaýar. Şoňa görä-de, barsa meňzemek üçin öz-özüňi kämilleşdirmek bilen işjeň meşgullanmaly. Täze zatlara göz ýetirip, täze işler bilen meşgullanmaly. Bars ýyly bolan 2022-nji ýyl höwesjeňlere täze dilleri öwrenmek hem-de hünärleri ele almak üçin şowly bolar.
Bars ýyly adamyň saglygy bilen bagly, aýratyn-da, işjeň durmuş kadalaryna eýerýän adamlar üçin düýpli mesele döretmeýär. Barsyň ruhubelentligi hemme meseleleri çözmäge kömek edýär. Şoňa görä-de, şu ýylda doglan çagalar gowy häsiýetli hasaplanýar. Olar gujur-gaýratly, köpçülik bilen basym öwrenişip, soňra telekeçilikde hem, döredijilik işinde hem üstünlikleri gazanýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara geljek ýylyň şowly bolmagyny, täze üstünlikleri we rowaçlyklary getirmegini, ýurdumyzy ösdürmek, 2022-nji ýylda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda nobatdaky möhüm ädimleri ätmegi tüýs ýürekden arzuw etdi.