Aşgabat, 3-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşynyň möhüm wezipelerine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň çäginde ähli pudaklaryň we sebitleriň durnukly ösüşi üpjün edilýär hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar.
Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 7,4 göterime, gurluşykda 0,3 göterime, ulag-kommunikasiýa toplumynda 4 göterime, söwdada 8,8 göterime, oba hojalygynda 3,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda bolsa 6,1 göterime barabar boldy.
Ýanwar aýynda öndürilen önümleriň derejesi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 7,7 göterim köpeldi.
Hasabat döwründe bölek haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim artdy. Bu görkeziji daşary söwda dolanyşygynda 6,3 göterime deň boldy.
Şu ýylyň ýanwar aýynyň deslapky jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102 göterim, çykdajy böleginiňki bolsa 83,2 göterim berjaý edildi.
Iri we orta kärhanalar boýunça ortaça aýlyk haky, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim köpeldi. Aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy ösdürmek boýunça öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, olary üstünlikli ýerine ýetirmegiň gysga we orta möhletlerde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösüşini üpjün etjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ähli pudaklaryň ösüş ýagdaýyny yzygiderli gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny, maliýe-ykdysady we bank toplumynyň düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça anyk çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini aýtdy.
Milli Liderimiz ähli pudaklar boýunça özgertmeler maksatnamalarynda kesgitlenen meýilnamalaýyn görkezijileriň degişli derejede ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa şu ýylyň birinji aýynda alnyp barlan kanunçykaryjylyk işi hem-de Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görlüşi barada maglumat berdi.
Mejlisiň 2022-nji ýyl üçin kanunçykaryjylyk işiniň Meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Häzir döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmäge, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny hem-de türkmen jemgyýetiniň beýleki ulgamlaryny ösdürmäge gönükdirilen kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar. Şolaryň hatarynda Jenaýat, Raýat kodeksleriniň rejelenen görnüşleri, “Notariat we notarial işi hakynda”, “Itçilik we kinologiýa hakynda”, “Köp çagaly maşgalalary döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar.
Mejlisiň deputatlary ýerlerde iş sapary bilen boldular. Olar saýlawçylar bilen duşuşyp, ilatyň hal-ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuş derejesi bilen gyzyklandylar.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görülýär. Mejlisiň deputatlary syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri bilen bilelikde, döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orun eýeleýän Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti hem-de ýurdumyzyň milli demokratik ösüş ýoly, maslahatda garaljak meseleleriň many-mazmuny barada wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýärler.
Halkara we parlamentara gatnaşyklary ilerletmegiň çäginde Milli Geňeşiň Mejlisi BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de beýleki abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Köp çagaly maşgalalary döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky” Kanuna ünsi çekip, eneligi we çagalygy goldamak, köp çagaly maşgalalara ýardam bermek boýunça ýurdumyzda geçirilýän işler bilen baglylykda, bu resminamanyň ähmiýetini belledi.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň birinji aýynda halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada maglumat berdi.
Halk Maslahatynyň mejlisine girizilen, geljek 30 ýylda ýurdumyzy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler halkymyzyň uly goldawyna mynasyp bolýar.
Häzirki wagtda taryhy ähmiýete eýe bolan ählihalk forumyna guramaçylykly taýýarlyk görülýär.
Ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek üçin raýatlar tarapyndan gelip gowuşýan teklipler yzygiderli öwrenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň häzirki ösüşini nazara almak bilen, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň örän wajypdygyny belledi.
Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek, türkmen jemgyýetiniň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak wezipeleri barada durup geçip, umumymilli forumy guramak hem-de ony ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri pugta gözegçilikde saklamagyň möhümdigine Milli Geňeşiň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow şu ýylyň ýanwar aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynda nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Geçen aýyň meýilnamalary nebit çykarmakda 100,4 göterim, nebiti gaýtadan işlemekde 108,3 göterim, benzin öndürmekde 112,2 göterim, dizel ýangyjyny öndürmekde 116,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmekde 114,8 göterim, polipropilen öndürmekde 124,5 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmakda 105 göterim, mawy ýangyjy eksport etmekde 110,7 göterim ýerine ýetirildi.
Suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113,1 göterime, nebitiň we gazyň geologiýa-gözleg işlerini geçirmekde ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 120,1 göterime barabar boldy.
Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak, maýa goýumlary özleşdirmek babatda gazanylan görkezijiler barada-da hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebiti we tebigy gazy çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň, köp görnüşli nebithimiýa önümleriniň önümçiliginiň möçberini mundan beýläk-de artdyrmagyň hem-de olaryň görnüşlerini giňeltmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz geljegi uly täze känleri we gatlaklary ýüze çykarmagyň hasabyna nebitgaz senagatynyň çig mal binýadyny yzygiderli pugtalandyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda geologik-gözleg işleriniň sanly tehnologiýalary, häzirki zaman enjamlaryny hem-de programma üpjünçiliklerini peýdalanmak arkaly ýerine ýetirilmelidigi aýratyn nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň ýurdumyzyň nebitgaz senagatyna iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleriň depginini ýokarlandyrmagyň ähmiýetine ünsi çekip, bularyň ählisiniň uglewodorod serişdelerini çykarmaga, taýýar önümleriň mukdaryny artdyrmaga ýardam berjekdigini nygtady hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri, şeýle hem ýurdumyzyň oba hojalygyny toplumlaýyn esasda ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeler barada hasabat berdi.
Şu ýylyň başyndan bäri obasenagat toplumyna degişli ministrlikde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 110,4 göterime deň boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 110,7 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,4 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,4 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 112,7 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle hem “Pagta çigidiniň bahasyny bellemek hakyndaky” Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygy barada aýdyldy. Resminama pagta arassalaýjy kärhanalaryň düşewüntliliginiň üpjün edilmegini, pagta arassalaýjy kärhanalar bilen ösümlik ýagyny öndürýän kärhanalaryň arasyndaky maliýe-ykdysady gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagyny esasy ugur edinýär. Şunda ýurdumyzyň pagta öndürijilerine berilýän tohumlyk pagta çigidiniň bahasy üýtgemeýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belledi. Oba hojalyk pudagyny ösdürmekde ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň netijeli peýdalanylmagyna, obasenagat toplumyna öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Milli Liderimiz ýer eýelerine goldaw bermek we oba hojalygyny ösdürmek boýunça mundan beýläk-de maksatnamalaýyn işleriň amala aşyryljakdygyny belledi we degişli resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň gurluşyk, senagat we energetika ugurlarynda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde we paýtagtymyzda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe önümleri öndürmegiň we gurluşyk-senagat toplumynda işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 143,6 göterim berjaý edildi.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 106 göterim boldy.
Şu ýylyň başyndan bäri Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 122,4 göterim berjaý edildi.
Hasabat döwründe Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 127,6 göterim boldy.
Elektrik energiýasynyň önümçiliginiň ösüş depgini 109,9 göterime, onuň eksporty bolsa 133,7 göterime deň boldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça önüm öndürmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasy 184,8 göterim berjaý edildi.
Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 125,1 göterim derejesinde berjaý edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklary bolan gurluşyk-senagat we energetika toplumlaryny bar bolan mümkinçilikleri we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamalaryny nazara alyp, mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň, gurluşyklaryň depginini güýçlendirmek, ýerli çig mallaryň hasabyna öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet bermek tabşyryldy.
Şeýle hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan senagat we durmuş maksatly desgalardaky, awtoýollaryň gurluşygyndaky işleriň depginini ýokarlandyrmak, halkalaýyn energoulgamyň gurluşyklaryny dowam etmek, ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini köpeltmek, milli we halkara ähmiýetli möhüm taslamalary amala aşyrmak babatda anyk görkezmeler berildi.
Wise-premýer hasabatyny dowam edip, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan “Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini döretmek hakyndaky” Permanyň hem-de “Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň meseleleri hakyndaky” Kararyň taslamalaryny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, olary sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamalarda kesgitlenen wezipeleri berjaý etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 107 göterime, önüm öndürmegiň mukdary bolsa 115,3 göterime barabar boldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 129,9 göterime, nah matalaryňky 126,2 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 126,9 göterime, gön önümleriniň önümçiligi bolsa 105,6 göterime deň boldy.
Şu ýylyň başyndan bäri “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 107,8 göterim berjaý edildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 24 sany birža söwdalary geçirilip, 2 müň 743 şertnama hasaba alyndy.
Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 104,3 göterime deň boldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda oba hojalyk we azyk harytlarynyň önümçiliginiň ösüş depgini 160,3 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini bolsa 112 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçilik möçberini mundan beýläk-de artdyrmak boýunça wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz eksport ugurly harytlaryň önümçilik mukdaryny artdyrmagyň, olary daşary ýurtlarda işjeň mahabatlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz söwda hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmagyň, oňa dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň, telekeçiligiň işjeňleşdirilmegi üçin zerur şertleri döretmegiň, ýurdumyzyň senagat taýdan bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, hususy başlangyçlary höweslendirmegiň, bu ugurda täzeçil tehnologiýalary netijeli ulanmagyň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe dürli çäreler, şol sanda 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilmegine, şeýle hem şanly seneleriň hormatyna, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyşyna bagyşlanan dabaralar, maslahatlar, döredijilik duşuşyklary we sergiler geçirildi.
Paýtagtymyzda “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milletiň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ýaşlary ahlak taýdan terbiýelemekde we Türkmenistanyň häzirki döwürde ýeten derejesini dünýäde giňden wagyz etmekde möhüm orun eýeleýän medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ilatyň medeni derejesini ýokarlandyrmak, medeniýet düzümleriniň işini mundan beýläk-de ösdürmek meseleleriniň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Soňra wise-premýer şu ýylyň fewral aýynda meýilleşdirilen dabaralaryň we çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de meýilleşdirilen dabaralar, şol sanda ýylyň möhüm wakalarynyň hormatyna geçiriljek çäreler barada aýdyp, olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Teatr we teatr işi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, ýurdumyzda hereket edýän teatrlara “Milli” ýa-da “Akademiki” hukuk derejelerini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň teatr toparlaryna degişli derejeleriň berilmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, olaryň medeniýet edaralarynyň çeperçilik işiniň netijeleri boýunça berilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew şu ýylyň ýanwar aýynda bilim, ylym, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe milli Liderimiziň başlangyjy bilen bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde okatmagyň öňdebaryjy usullaryny peýdalanmak, bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirildi.
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan milli mirasymyza degişli birnäçe eserler neşir edildi.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek maksady bilen, çäreleriň meýilnamasyny düzmek boýunça işler alnyp barylýar.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň bellenilen ähli maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe bolan ylym-bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini doly açmak, olaryň şahsy ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak üçin ähli şertleriň döredilmeginiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.
Milli Liderimiz şeýle hem saglygy goraýyş we sport ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegine, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem-de ornaşdyrmak, zehinli, geljegine uly umyt baglanylýan türgenleri uly sporta işjeň çekmek boýunça işlere uly ähmiýet berilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer S.Toýlyýewiň XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen gidýän wekiliýetiň düzümine girýändigini belläp, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi şu toparyň başlygynyň orunbasary, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň üstüne ýükledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, Hytaýa sapardan gaýdyp gelnenden soň, toparyň Düzgünnamasyna laýyklykda nähili hereket etmelidigi baradaky teklibiňizi beriň diýip aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew adatdan daşary toparyň Düzgünnamasyna laýyklykda, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek üçin sapardan gelnenden soň, hökmany suratda, karantin çäreleriniň berjaý edilmelidigini, bu çäreleriň iň gysga wagtynyň — 3 gün, ortaça wagtynyň — 10 gün, iň wajyp wagtynyň bolsa 21 gün bolmalydygyny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz bu habary diňläp, wekiliýetiň agzalarynyň hem karantin geçmeli boljakdyklaryny aýdyp, arassaçylyk kadalaryna görä, biz 3 gün — ýekşenbe, duşenbe we sişenbe günleri karantinde bolarys diýip belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, sebit we halkara guramalaryň çäklerinde maksada laýyk işler geçirildi.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary derejedäki duşuşyklara aýratyn üns berilýär. Geçen aýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine hem-de Birinji “Merkezi Aziýa — Hindistan” sammitine gatnaşdy. Şeýle hem milli Liderimiziň Türkiýe Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirildi.
DIM-niň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar we geňeşmeler yzygiderli geçirilýär.
Şeýle hem Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunda degişli ikitaraplaýyn düzümleriň çäklerindäki gatnaşyklara möhüm orun berilýär. Ýanwar aýynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklarynyň duşuşygy hem-de Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de “Açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirmek bilen goňşy döwletler we dünýäniň dürli sebitlerinde ýerleşýän ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýändigini belledi. Şeýle hem abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň we köpugurly gatnaşyklara, halkara hyzmatdaşlar bilen dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär.
Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyryp, Türkmenistanyň oňyn başlangyçlaryny ilerletmegiň hem-de şu ýyl üçin niýetlenilen halkara ähmiýetli çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow adyl kazyýetlilik işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, adyl kazyýetlilik we kazyýet önümçilik işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, oňa sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmak we kazyýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şol bir wagtyň özünde, hukuk çözgütlerini kabul etmegiň häzirki zaman tejribesini öwrenmek, milli kanunçylygy bu ugur boýunça halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek babatda zerur işler alnyp barylýar. Şunda kazyýet edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak, ilatyň arasynda duşuşyklary guramak we düşündiriş işlerini geçirmek, Ýokary kazyýetiň web-saýtynda degişli maglumatlary ýerleşdirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň syýasatynda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň ýörelgelerine möhüm ornuň degişlidigini belledi. Häzirki döwürde ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzda adamlaryň durmuş taýdan goraglylygy kepillendirilmelidir, olara zerur goldawlar berilmelidir we her bir raýatyň erkin, mynasyp durmuşy üçin amatly şertler döredilmelidir.
Kazyýet edaralarynyň esasy wezipeleri adyl kazyýetliligi amala aşyrmakdan, halkymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakdan ybaratdyr. Bu ugurda alnyp barylýan işler kanunyň, adalatlylygyň, hukuk tertibiniň berk berjaý edilmegine gönükdirilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, kazyýet ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, adyl kazyýetliligiň açyklygyny, aýdyňlygyny üpjün etmek, kazyýet çözgütlerini degişli derejede kabul etmek we bu işde häzirki zaman usullaryny, sanly tehnologiýalaryny peýdalanmak meselelerine zerur üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu babatda wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Toplum boýunça hasabat döwründe önümleri öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 104 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ösüş depgini 118,5 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 120,3 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 104,8 göterime barabar boldy. “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça meýilnama 108,2 göterim berjaý edildi. “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça hem degişli işler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek, sebit we yklymara ýollaryny ösdürmek boýunça başlangyçlarymyzyň ulag ulgamynyň kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýadyny kemala getirmekde uly ähmiýete eýedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmagyň, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.
Milli Liderimiz üstaşyr ulag geçelgeleri arkaly ýük daşamagyň gerimini giňeltmegiň hem-de mukdaryny köpeltmegiň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, ulag toplumyny ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda giň gerimli halkara taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini belläp, wise-premýere düzümleýin taslamalaryň öz wagtynda durmuşa geçirilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi jemläp, onuň dowamynda birnäçe meselelere garalandygyny, şeýle hem ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň kabul edilendigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň öňde boljak nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, onuň dowamynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň jemleniljekdigini, şeýle hem döwletimizi geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek boýunça taryhy çözgütleriň kabul ediljekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.