Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler durmuşa geçirilýär, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine, “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda”, “Tohumçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly kanun taslamalary taýýarlanylýar.
Halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek we parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Mejlisde Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Milli parlamentiň deputatlary Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren okuw maslahatyna hem-de duşuşygyna gatnaşdylar. Deputatlar döwlet syýasatynyň, durmuş-ykdysady özgertmeleriň we kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny wagyz etmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak babatda netijeli işleri geçirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça dürli pudaklara sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak, degişli kadalaşdyryjy hukuk binýadyny berkitmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şunda esasy wezipeleriň biri, döwrüň talaplaryna laýyklykda, durmuşyň ähli ulgamlaryna innowasiýalary we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýanyndaky Pensiýa gaznasynyň işini kämilleşdirmek, raýatlara hödürlenilýän ugurdaş sanly hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek üçin geçirilýän işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Pensiýa gaznasynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, bu işde sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge, onuň mümkinçiliginden doly peýdalanmaga aýratyn ähmiýet bermegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça Mejlis bilen bilelikde degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew obasenagat toplumynda işleriň alnyp barlyşy hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişi dowam edýär, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar, awtoulag serişdeleri möwsüme taýýarlanylýar. Ilaty ýeralma, gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, ýazlyk ekinleri ekmek hem-de olara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerini ýokary derejede guramak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişini talabalaýyk geçirmek üçin ähli zerur şertleri döretmegiň, ekişi öz wagtynda tamamlamagyň, gögeriş alnan meýdanlarda ideg işlerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de wise-premýere ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleri ekmek we olara ideg etmek boýunça işleriň guramaçylykly dowam etdirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow paýtagtymyzyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze bilim edaralary barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda ýaşlaryň sazlaşykly ösmekleri üçin netijeli işler alnyp barylýar, bilim we ylym ulgamyny kämilleşdirmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak hem-de ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklary üçin has oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi we 320 orunlyk çagalar bagyny gurmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda ýokarda agzalan bilim edaralaryny gurmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew “Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” bellenilen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzda halkara sergileri guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu ýylyň 19 — 22-nji awgusty aralygynda Söwda-senagat edarasynda guraljak “Kids EKSPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarka görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Bellenilişi ýaly, sergi-ýarmarkada ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň çagalar, mekdep okuwçylary, talyplar üçin niýetlenen ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri, okuw esbaplary, elektron harytlary hödürleniler. Şunuň bilen birlikde, bu pudakda iş alyp barýan kompaniýalaryň tejribe alyşmagy, çagalar üçin dürli ugurlarda ussatlyk sapaklarynyň guralmagy, innowasion işläp taýýarlamalar, täzelikler bilen tanyşdyrylmagy meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda sergi-ýarmarka işini ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu halkara sergi-ýarmarkasyny guramak baradaky teklibi goldap, degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, geljek aýda baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli maslahatlary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, konsertleri, wagyz-nesihat çärelerini guramak, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar.
9-njy maýda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarda dabaralar geçiriler. 16-njy maýda Aşgabatda TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň birnäçesi meýilleşdirildi. Hususan-da, medeniýet ministrleri derejesinde halkara maslahat, ýurdumyzyň teatrlarynda sahna oýunlarynyň görkezilişi, kinoteatrlarda we kinokonsert merkezlerinde beýik türkmen şahyrynyň döredijiligine bagyşlanyp surata düşürilen türkmen kinofilmleriniň görkezilişi guralar. 17-nji maýda Aşgabadyň günorta künjeginde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de meşhur söz ussadynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
18-nji maýda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaralar, şol sanda durky täzelenen Baş baýdak meýdançasynyň açylyş dabarasy geçiriler. Şol gün “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahaty, baýramçylyk konsertini guramak meýilleşdirilýär. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni, okuw ýylynyň tamamlanmagy, “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli baýramçylyk çäreleri guralar.
24-25-nji maýda Söwda-senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIII köpugurly halkara sergi, 26-njy maýda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi, Söwda-senagat edarasynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçiriler. Mundan başga-da, geljek aýda paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda täze desgalaryň birnäçesi, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş, beýleki maksatly desgalar ulanmaga berler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar we şanly seneler bilen baglanyşykly şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleri giňden beýan etmek üçin zerur işleri alyp barmagyň wajypdygyny nygtady.
Ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmek, Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaralary, maý aýynda boljak beýleki çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy, “Soňky jaň” dabarasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Däp bolşy ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem uçurymlara iň süýji arzuwlar edilip, uly durmuş ýoluna ak pata berler. 25-nji maýda säher bilen Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki hem-de Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň heýkellerine gül goýmak dabaralary geçiriler. Şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralaryny guramak göz öňünde tutulýar.
Soňra ähli orta mekdeplerde 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda “Soňky jaň” dabaralary geçiriler. Göreldeli uçurymlara hem-de kärine ussat bilim işgärlerine hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.
Şol gün ýurdumyzyň bagtyýar uçurymlarynyň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine, muzeýlere, seýilgählere gezelençleriniň guralmagy meýilleşdirilýär. 25-nji maýda agşam medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyrylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda giň möçberli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz umumybilim berýän mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda «Soňky jaň» dabarasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde GDA-nyň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigi bellenildi. Döwletimiz bu guramanyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, onuň çärelerine işjeň gatnaşýar we köptaraply gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşýar.
GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, häzirki wagtda degişli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde maglumat brifingini, 23-nji maýda bolsa paýtagtymyzda degişli iş duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminama gol çekmek hem-de metbugat maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bitarap döwletimiziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen hyzmatdaşlygy giň gerimde alyp barýandygyny belledi. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde onuň işine işjeň gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, wise-premýer, daşary işler ministrine Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, 28-nji aprelde Diýarymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Türkmen halkynyň durmuşynda behişdi bedewlerimiz aýratyn orun eýeleýär. Wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy bilen halkymyzyň göz-guwanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiz köňül buýsanjymyzdyr. Biz ýurdumyzda atçylygy dünýä derejesinde ösdürmek ugrunda geljekde hem ähli şertleri dörederis diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we mejlise gatnaşyjylary hem-de ähli watandaşlarymyzy bu ajaýyp baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.