Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 25-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň täze düzümini düzmek bilen bagly meselelere hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzümini tassyklamak hakynda» Кarara gol çekdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň düzümi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň dokuz orunbasaryndan, on ýedi ministrden we ýigrimi sany pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysyndan ybaratdyr. 

                                                                   

Hökümeti düzmegi men maliýe, ykdysadyýet we bank toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryny wezipä bellemekden başlajak diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, bu toplum ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu pudaklaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün eder diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary wezipesine M.Muhammedow bellenildi. Döwlet Baştutanymyz onuň maliýe we ykdysadyýet bilen bagly dürli wezipelerde baý iş tejribesiniň bardygyny belläp, onuň bu wezipäni oňarjakdygyna ynam bildirdi. 

                                                                   

Şeýle hem M.Muhammedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ykdysady geňeşine Türkmenistandan wekil hökmünde bellenildi. 

                                                                   

Öz nobatynda, wezipä täze bellenen wise-premýer M.Muhammedow bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi gözegçilik edýän ulgamynyň mundan beýläk-de üstünlikli işlemegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek, bazar gatnaşyklaryna geçirmek boýunça täze wise-premýeriň gözegçilik edýän toplumynyň öňünde duran ileri tutulýan wezipeler barada aýdyp, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginini saklap galmagyny we mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny hemişe berk gözegçilikde saklamaga hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň dowamynda ýüze çykýan meseleleri gyssagly çözmäge ýardam bermäge aýratyn üns berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Merkezi bankyň ýurdumyzyň banklarynyň maýa goýum gorlaryny artdyrmak boýunça degişli işleri geçirmelidigini, bu banklaryň ileri tutulýan milli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmalydygyny, şeýle hem banklaryň ykdysadyýetimiziň önümçilik pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça işini güýçlendirmelidigini nygtady. 

                                                                   

Halkara maliýe edaralary, şol sanda Halkara Pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň Ösüş banky, Yslam Ösüş banky hem-de beýleki esasy daşary ýurt banklary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygy bellenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişini hemişe berk gözegçilikde saklamagy işiň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň täze orunbasaryna işinde üstünlikleri arzuw edip, degişli Permana gol çekdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz oňyn iş tejribesini göz öňünde tutup, S.Toýlyýewi ylym, bilim, saglygy goraýyş we beýleki degişli ulgamlara gözegçilik edýän wise-premýer wezipesinde galdyrmak barada karara gelendigini aýtdy. 

                                                                   

Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Biz innowasiýalary, iň täze tehnologiýalary ulanyp, öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň gazananlaryna daýanyp, giň gerimli maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirýäris. Bu innowasiýalary we tehnologiýalary halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlaryna tapgyrma-tapgyr ornaşdyrýarys. Şonuň bilen birlikde, ykdysady, syýasy, medeni we bilim mümkinçiliklerimizi ýokarlandyrýarys, ata Watanymyzy depginli ösdürmegiň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Milli ylym we bilim ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek, hususan-da, ýokary hünärli ýaş işgärleri — alymlaryň täze neslini taýýarlamak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek berkarar döwletimiziň özgertmeleri amala aşyrmak syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. 

                                                                   

Şundan ugur alnyp, sanly bilim ulgamyny giň gerim bilen ösdürmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron materiallar hem-de degişli usullar esasynda kämilleşdirmegi esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, sanly okuw serişdeleriniň we enjamlarynyň mugallymlar hem-de okuwçylar üçin elýeterli bolmalydygy bellenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümet Baştutanynyň orunbasaryna üstünlikleri arzuw edip, ony wezipä bellemek hakyndaky Permana gol çekdi. 

                                                                   

Wise-premýer bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gözegçilik edýän ulgamynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz M.Mämmedowa ýüzlenip, oňyn iş tejribesini göz öňünde tutup, ony medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinde galdyrmak barada karara gelendigini aýtdy. 

                                                                   

Medeniýet ulgamyndaky syýasata ýurdumyzy durnukly ösdürmek strategiýasynyň esasy şertleriniň biri hökmünde garalýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we munuň täze Hökümetiň öňünde duran çözülmeli wezipeleriň kesgitleýji, ileri tutulýan ugrudygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ilaty medeni gymmatlyklar bilen has giňden tanyşdyrmak, şahsyýeti ruhy we ahlak taýdan ösdürmek, durmuş hem-de ykdysady özgertmelerde medeniýetiň ornuny güýçlendirmek üçin täze şertleri döretmegiň zerurdygy bellenildi. 

                                                                   

Biz berkarar döwletimiziň dünýä giňişliginde diňe bir ýokary ykdysady kuwwaty bolan ýurt hökmünde belli bolman, eýsem, ruhy we döredijilik babatda hem ýokary kuwwatly mümkinçilikleri bolan ýurt hökmünde hem ykrar edilmegini gazanmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow nygtady we şu aýdylanlaryň wise-premýeriň esasy wezipesi bolmalydygyny belledi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Wise-premýer bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz öňünde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli güýç-gaýratyny, bilimini we toplan tejribеsini gaýgyrmajakdygyna hem-de tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz oňyn iş tejribesini nazara alyp, Ş.Abdrahmanowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça orunbasary wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy. Şeýle hem wise-premýeriň üstüne Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý toparynyň, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça Ýolbaşçy komitetiň türkmen böleginiň başlygynyň borçlary ýüklenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Hökümet Baştutanynyň orunbasaryna ýüzlenip, gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň esasy ünsüni, ilkinji nobatda, önümçilik tabşyryklarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini, pudagyň maliýe-ykdysady ösüşini, önümiň ýokary düşewüntli bolmagyny gazanmaga çekmelidigini nygtady. 

                                                                   

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny ahyryna çenli ýerine ýetirmek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi. Möhüm halkara ähmiýeti bolan bu gaz geçiriji diňe bir Türkmenistandan Günorta Aziýanyň örän iri ýurtlaryna tebigy gazy uzak möhletleýin ibermegi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebiti mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin hem kuwwatly itergi beriji güýje öwrülmelidir. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, «Galkynyş» gaz känini, geljegi uly bolan beýleki nebitgaz ýataklaryny mundan beýläk-de özleşdirmegi dowam etmegiň, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny has çalt depginde özleşdirmek maksady bilen, daşary ýurt maýa goýumlaryny köpräk çekmegiň wajypdygy nygtaldy. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz degişli Permana gol çekip, wise-premýere işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Wise-premýer döwlet Baştutanymyza bildiren ynamy üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi nebitgaz toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz oňyn iş tejribesini göz öňünde tutup, E.Orazgeldiýewi oba hojalyk ulgamyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belledi. 

                                                                   

Şeýle hem wise-premýeriň üstüne Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň we Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň türkmen böleginiň başlygynyň borçlary ýüklenildi. Şeýle hem Hökümetiň Baştutanynyň orunbasary Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzasy hökmünde bellenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň agrar pudagyny ösdürmegiň döwlet strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm orun eýeleýändigini belläp, bu ugurda esasy oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň örän möhüm we esasy wezipeleriň biridigini nygtady. Bu netijeleri ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň, ýerli toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp, işlenip taýýarlanan, ylmy taýdan esaslandyrylan usullary giňden ornaşdyrmagyň, tohumçylyk işini talabalaýyk guramagyň, suw serişdelerini netijeli peýdalanmagyň hasabyna gazanmak wajypdyr. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk institutlarynyň alyp barýan işlerini güýçlendirmegiň, suw bilen bagly meselelere aýratyn üns bermegiň zerurdygy nygtaldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz E.Orazgeldiýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekip, oňa jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Wise-premýer bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz oňyn iş tejribesini göz öňünde tutup, Ç.Purçekowy gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belledi we onuň üstüne Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň türkmen böleginiň başlygynyň borçlaryny ýükledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, pudagyň öňünde çylşyrymly we möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi. Siziň gözegçilik edýän gurluşyk, energetika, awtoýollar ulgamy boýunça ministrlikleriňiz we pudak edaralaryňyz ýurdumyzy özgertmek boýunça bellän meýilnamalarymyzy ýerine ýetirmekde öňdebaryjy pudaklar bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Türkmenistanyň senagat toplumynyň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygy ýene-de bir gezek bellenildi. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň, bilelikdäki kärhanalary döretmegiň, elektron senagatyny döretmegi dowam etdirmegiň, dürli görnüşli elektron we kompýuter önümleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça zerur işleri geçirmegiň möhümdigi nygtaldy. 

                                                                   

Aşgabat-sitiniň gurluşygy boýunça işleri dowam etdirmek geljegi uly meýilnamalaryň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzy iň ösen häzirki zaman üpjünçilik ulgamlary bolan, işewürligi alyp barmak üçin hem, şäher ilatynyň ýaşamagy üçin hem ähli amatly şertler döredilen, dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmegiň wajypdygy bellenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. Şu Maksatnama laýyklykda, binalaryň we desgalaryň ýokary hilli gurulmagyny hem-de bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini gyşarnyksyz üpjün etmek möhümdir. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegine hem-de türkmen halkynyň abadançylygyna gönükdirilip, ýurdumyzda başlanan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulan ähli çäreleriň bellenen möhletlerde hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegine köp derejede baglydyr. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, wise-premýere işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bildiren uly ynamy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli güýç-gaýratyny, bilimini we toplan tejribesini gaýgyrmajakdygyna hem-de tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz oňyn iş tejribesini nazara alyp, Ç.Gylyjowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesinde galdyrmak barada karara gelendigini aýtdy. Şeýle hem wise-premýeriň üstüne Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň hem-de Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň türkmen böleginiň başlygynyň borçlary ýüklenildi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, söwda ulgamy, hususy telekeçilik milli ykdysadyýetimiziň örän möhüm pudaklary bolup durýar. Biz ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmalydyrys. Gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen daşary ykdysady gatnaşyklarymyzy giňeltmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

                                                                   

Dokma senagatynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça işleri güýçlendirmek hem-de bu pudagy ösdürmäge döwletimiz tarapyndan goýberilýän ägirt uly serişdeleriň öz netijelerini bermegini üpjün etmek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi. Görnüşi we gurluşy taýdan könelişen dokma önümçiliklerini düýpli döwrebaplaşdyrmak we olaryň durkuny täzelemek, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak üçin gyssagly ýagdaýda ähli zerur çäreleri görmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Asyrlardan gözbaş alýan haly dokamak sungaty hem biziň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak milli gymmatlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Söwda-senagat edarasy ýurdumyzda öndürilýän harytlary işjeň mahabatlandyrmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we häzirki döwürde dünýäniň ýokary depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna doly hukukly goşulýan Garaşsyz Türkmenistanyň gazanýan ägirt uly üstünliklerini giňden wagyz etmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow telekeçilik barada aýdyp, geljekde milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde hususy telekeçilige örän möhüm ornuň berilýändigini göz öňünde tutup, döwletimiziň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini hemişe goldap gelendigini we geljekde hem goldajakdygyny belledi. 

                                                                   

Öňde duran wezipelere laýyklykda, Döwlet haryt-çig mal biržasy ýurdumyzda öndürilip, daşary ýurtlara iberilýän harytlary satmak, şeýle hem harytlary ýurdumyza iň arzan nyrhlardan getirmek meselelerine örän uly üns bermelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň önümlerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we dünýä bazarlarynda mahabatlandyrmak boýunça biržanyň netijeli işlemegini ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, wise-premýer Ç.Gylyjowa işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Wise-premýer jogapkärli wezipä belländigi üçin, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda oňyn iş tejribesi göz öňünde tutulyp, M.Çakyýew ulag we aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory wezipesine bellenildi. 

                                                                   

Şeýle hem agentligiň ýolbaşçysynyň üstüne Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň türkmen böleginiň başlygynyň borçlary ýüklenildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ulaglar we aragatnaşyk ulgamy milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklaryny toplumlaýyn ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Bu, aýratyn-da, täze demir ýollary gurmaga we bar bolan demir ýollary döwrebaplaşdyrmaga degişlidir. 

                                                                   

Ýurdumyzyň demir ýol ulgamlarynyň örän uly halkara ähmiýeti bar. Bu ulgamlara bizden başga-da, goňşy döwletler hem, alysdaky köp sanly ýurtlar hem gyzyklanma bildirýärler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, wise-premýeriň esasy wezipesiniň bu ýollary gysga möhletiň içinde dünýä standartlarynyň derejesine ýetirmekden ybaratdygyny nygtady. 

                                                                   

Hyzmatlar ulgamyny örän ýokary derejä çykarmak işiň ileri tutulýan meýilnamalarynyň hatarynda görkezildi. Bu meseleler diňe bir demir ýol ulgamynyň däl-de, eýsem, ulagyň beýleki ähli görnüşleriniň, şol sanda awtomobil, howa we suw ulaglarynyň ýolbaşçylarynyň hem hemişe üns merkezinde bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşlerini ösdürmek meseleleriniň ykdysadyýetimiz üçin hem, ilatymyz üçin hem aýratyn möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu ulgamy iň öňdebaryjy tehnologiýalary, ygtybarly we ýokary netijeli enjamlary giňden ulanmak esasynda has-da ösdürmegiň zerurdygyny nygtady. Howa menzillerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagy hem-de gurmagy dowam etdirmek, Jebel şäherçesinde gurulýan howa menziliniň gurluşygyny tamamlamak gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktoryna işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Bildiren uly ynamy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, agentligiň ýolbaşçysy bellenen meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz wezipä bellemek bilen bagly indiki meselä geçip, oňyn iş tejribesini göz öňünde tutup, R.Meredowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri wezipelerinde galdyrmak barada karara gelendigini aýtdy. 

                                                                   

Şeýle hem onuň üstüne Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň, Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň, Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-slowen toparynyň türkmen böleginiň başlygynyň borçlary ýüklenildi. 

                                                                   

Şonuň ýaly-da, R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparyna, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde döredilen strategik Maslahat beriş Geňeşine ýolbaşçylyk eder. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň başlygy wezipesine bellenilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Hökümetiň ýaňy-ýakynda geçirilen mejlisinde Daşary işler ministrliginiň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylandygyny hem-de Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň ýakyn ýyllar üçin Konsepsiýasynyň kabul edilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny has-da berkitmek üçin, dahylly ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gatnaşmagynda bu Konsepsiýany doly möçberde durmuşa geçirmek işinde wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna üstünlikleri arzuw edip, degişli resminamalara gol çekdi. 

                                                                   

Wise-premýer, daşary işler ministri bildiren uly ynamy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz öňünde hem-de ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň öňünde goýlan jogapkärli we möhüm wezipeleri çözmek üçin güýç-gaýratyny, tejribesini we bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz oňyn iş tejribesini göz öňünde tutup, Ç.Amanowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesinde galdyrmak barada karara gelendigini habar berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna ýüzlenip, alyp barýan işiniň aýratynlygyny göz öňünde tutup, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde serediljekdigini belledi. 

                                                                   

Hökümet Baştutanynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary bildiren uly ynamy üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde duran wezipeleri ýerine ýetirmekde güýç-gaýratyny we bilimini gaýgyrmajakdygyna, mukaddes borja wepaly boljakdygyna ynandyrdy. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda degişli Karara gol çekildi. Resminama laýyklykda, wise-premýer Ç.Gylyjow Ahal welaýaty, wise-premýer M.Muhammedow Balkan welaýaty, wise-premýer E.Orazgeldiýew Daşoguz welaýaty, wise-premýer Ş.Abdrahmanow Lebap welaýaty, wise-premýer S.Toýlyýew Mary welaýaty, wise-premýer Ç.Purçekow Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenildi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, täze Hökümeti bir aýyň dowamynda düzmek baradaky kanuna laýyklykda, gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek üçin mynasyp adamlary bir hepdäniň dowamynda hödürlemegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ähli derejedäki ýolbaşçylardan örän berk talap ediljekdigini duýduryp, her bir ýolbaşçynyň örän netijeli işlemegi, halkymyzyň bähbidine gujur-gaýratyny, bilimini we tejribesini doly ulanyp zähmet çekmegi üçin, ýolbaşçylary üns bilen seçip almagyň wajypdygyny nygtady. Olar ähli tagallalaryny ileri tutulýan birnäçe wezipelerde jemlemelidirler. 

                                                                   

Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ilkinji nobatda çözmeli bu wezipelerini men Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşymda belläp geçdim diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hökümetiň öňünde ilatyň girdejilerini we ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şäherlerde we obalarda talabalaýyk ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek esasy wezipe hökmünde kesgitlenildi. Bu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin, geljek ýedi ýylda döwletimizi ösdürmegiň Prezident maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetiniň mejlisinde seretmek tabşyryldy. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň gelejekde ileri tutulýan ugurlaryny anyk kesgitledi. Olaryň arasynda döwletimiziň halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine esasy orun berildi. Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge hem-de bütindünýä gün tertibinde duran möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilen strategik taýdan ähmiýetli resminamalar işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýyla çenli ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 17 sany Kararnamasy kabul edildi. Şol bir wagtyň özünde döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň 11 sany toparynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň agzasy bolup durýar we olaryň çäklerinde degişli halkara işleri amala aşyrýar. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň başlangyjy bilen şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilendigini habar berdi. Bu Kararnamanyň döredijileri bolup 62 sany döwlet çykyş etdi. Mundan başga-da, Baş Assambleýanyň ýokarda agzalan mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy. 

                                                                   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzy Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň nobatdaky uly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de mejlise gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, häzirki döwürde eziz Watanymyz Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýän, dünýäde uly abraýdan we hormatdan peýdalanýan döwletdigini nygtady. 

                                                                   

Bitarap döwletimiz BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Türkmenistan abraýly halkara guramalarda möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürüp gelýär. Häzirki döwürde biziň ýurdumyz kabul edilen Kararnamalary durmuşa geçirmek boýunça halkara derejedäki çärelere işjeň gatnaşýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýaňy-ýakynda, has takygy, şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinden Garaşsyz ýurdumyza buýsandyryjy habarlaryň birbada ikisi gelip gowuşdy. Bu mejlisde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda we Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 62-siniň awtordaş bolup çykyş etmeginde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlandy. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri ýurdumyzyň at-abraýyny halkara derejede belende göterýän bu möhüm ähmiýetli wakalar mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Beýleki ulag serişdelerine garanyňda, ony dolandyrmak hem aňsat. Welosiped sporty bolsa sportuň ekologik taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolmak bilen, ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

Garaşsyz ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edilýär. Şoňa görä-de, ýokary derejeli sporty we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2018-nji ýylda Milletler Bileleşiginiň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň hem Garaşsyz ýurdumyzyň başlangyjy boýunça hödürlenendigini belledi. Bu bolsa dünýäde parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada Türkmenistanyň öňe sürýän syýasatynyň doly ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Berkarar döwletimizde her ýyl yzygiderli görnüşde dürli ýaşdaky watandaşlarymyzyň müňlerçesini jemleýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy, awtoulagsyz günüň yglan edilmegi türkmen jemgyýetinde indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp, welosipediň ähmiýetini görkezmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny we ekologiýa abadançylygyny wagyz etmek baradaky çäreleri öz içine alýan, welosiped sürmek boýunça köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. 2019-njy ýylda bolsa Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda «Iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýöriş» geçirildi. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, bu iki çäräniň hem «Ginnesiň rekordlar kitabyna» girizilendigini uly buýsanç bilen belledi. 

                                                                   

Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk berýän «Welosiped» binasynyň açylmagy bolsa Garaşsyz ýurdumyzda ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanylýan welosipede berilýän uly ähmiýetiň aýdyň subutnamasy boldy. 

                                                                   

Biz durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi wagyz etmek we onuň jemgyýetçilik ulag ulgamyna girizilmegini goldamak işini mundan beýläk hem maksatnamalaýyn esasda dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanmagy bilen bagly meselä geçip, munuň hem möhüm ähmiýetli waka bolup, Garaşsyz Watanymyzyň abraýyna abraý goşandygyny belledi. Bu möhüm wakanyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşiniň ýakynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama goşulmak baradaky ýüztutmasynyň Geňeşe agza döwletler tarapyndan biragyzdan makullanyp, Türkmenistana BSG-ä goşulýan ýurt derejesini bermek baradaky çözgüdiň kabul edilen günlerine gabat gelmegi bolsa aýratyn buýsandyryjy wakadyr. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen uzak möhletleýin we strategik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde soňky ýyllaryň dowamynda birnäçe gezek bu guramanyň abraýly düzümlerine — komissiýalaryna, komitetlerine we ýerine ýetiriji geňeşlerine saýlandy. Munuň özi ählumumy meseleleri çözmekde Türkmenistanyň barha artýan ornunyň ykrar edilýändiginiň, şeýle hem sebit we dünýä derejesinde durnukly durmuş-ykdysady ösüşi gazanmaga gönükdirilen oňyn daşary syýasat ýörelgesiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanmagy mynasybetli mejlise gatnaşyjylary ýene-de bir gezek gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt hem-de maşgala abadançylygyny arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzy iň ýokary wezipä halkymyz tarapyndan biragyzdan saýlanmagy bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. 

                                                                   

Arkadagymyz şeýle hem wise-premýerleri jogapkärli wezipelere bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, olara Türkmenistanyň Prezidentiniň ynamyny ödäp, ýurdumyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygy we ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyza ýene-de bir hoş habar gelip gowuşdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Şeýle hem Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar aralygyndaky döwür üçin saýlanyldy. 

                                                                   

Bu eziz Watanymyzyň durmuşynda örän uly syýasy wakadyr, ýurdumyzyň asylly başlangyçlarynyň bütin dünýäde goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr hem-de Bitarap döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan doly ykrar edilýändiginiň ýene-de bir nyşanydyr diýip, Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we hemmeleri bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de eziz Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek, onuň halkara abraýyny has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Biz bu döwri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrdyk. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde ýakyn 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy kabul edildi. 

                                                                   

Geljekde göz öňünde tutulan beýik işleri durmuşa geçirmek, täze eýýamda ata Watanymyzy üstünlikli ösdürmek üçin, bize täze taslamalar, täze pikirler we täze dolandyryş çözgütleri gerek diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we bu işleriň ýurdumyzyň täze ýolbaşçylarynyň üstüne ýüklenýändigini nygtady. Olar halkyň ynamyny ödemegi başarýan, abraýly ýolbaşçylar bolmalydyr. 

                                                                   

Ýaşuly neslimize hem döwletimiziň alyp barýan syýasatyny goldamakda, ýaşlara nusgalyk görelde görkezmekde möhüm orun degişlidir. 

                                                                   

Ata-babalarymyzyň bütin adamzada goýan mirasy bar. Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda pähim-paýhasy, watansöýüjilik, ynsanperwerlik durmuş kadalary, asylly milli häsiýetleri we baý ruhy dünýäsi kemala geldi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, biziň pederlerimiz «Müň işçiden bir başçy», «Baş bolmasa, göwre läş», «Baş bolmadyk halkda rysgal-bereket bolmaz» ýaly pähimli sözleri döredipdirler. Şunuň bilen, olar döwleti üstünlikli dolandyrmakda, ýurdy ösdürmekde, halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmakda ýolbaşçylara köp zadyň baglydygyny aýratyn belläpdirler. 

                                                                   

Häzirki döwürde ähli derejedäki ýolbaşçylara, şol sanda size Garaşsyz ýurdumyzyň we geljekki nesilleriň ykbaly üçin uly jogapkärçilik ýüklenýär diýip, Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, ýolbaşçylaryň döwür bilen aýakdaş gitmelidigi, hemişe iň täze önümçilikleriň, innowasiýalaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň gözleginde bolmalydygy, täze ösüşleri öňe sürmekde ynamly ädim ätmelidigi, munuň üçin bolsa köp işlemelidigi bellenildi. 

                                                                   

Ilatymyzyň ýaşaýyş derejesiniň hilini ýokarlandyrmaga, onuň girdejilerini artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge aýratyn üns berilmelidir. Bu işler biziň esasy ýörelgämiz bolan «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza laýyk gelýär. Bu bolsa adam hakdaky aladanyň biziň döwlet syýasatymyzyň baş ugry bolup durýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Biziň mähriban halkymyz bu aladany duýýar we alyp barýan syýasatymyzy doly goldaýar, özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar.  

                                                                   

Şonuň netijesinde üstünlikler gazanylýar, täze belent sepgitlere ýetilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady we bularyň ählisiniň eziz halkymyzy jebisleşdirýändigini, Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy has-da artdyrýandygyny nygtady. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýolbaşçylaryň her biriniň Milli maksatnamada göz öňünde tutulan wezipeleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirip, ýurdumyzyň geljekki ösüşiniň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň bähbidine öz mynasyp goşandyny goşjakdygyna berk ynam bildirip, olary Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlady we olara berk jan saglyk, alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

 Soňra Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimize şahsy haýyşy bilen ýüz tutdy. 

                                                                   

Siziň bilşiňiz ýaly, men indi 40 ýyl bäri ýolbaşçy wezipede işleýärin, 25 ýyl bäri syýasat bilen meşgul bolýaryn. Şu döwürde işiň köp bolanlygy bilen bagly men doly derejede dynç alyp bilmedim diýip, Arkadagymyz aýtdy we şoňa görä-de, özüne 1-nji aprelden zähmet rugsadynyň berilmegi baradaky haýyş bilen ýüz tutdy. Şu döwürde men öz täze kitaplarymy tamamlap bilerdim. Şu ýyl göz öňünde tutulan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlar dialogyny we beýleki halkara çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin hem gowy taýýarlyk görerdim diýip, Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

                                                                   

Şeýle hem dynç alyş döwründe Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmegi K.Babaýewiň üstüne ýüklemek baradaky haýyş beýan edildi. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadagymyzy diňläp, bu haýyşyň kanagatlandyryljakdygyny belledi. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, durnukly ösüşi we ählumumy parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen Türkmenistanyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde halkara parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we giňeldilmegine möhüm orun berilýändigini nygtady. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 28-29-njy martynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli bu Assambleýanyň Geňeşiniň dabaraly mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, onuň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu ýubileý mejlise, onuň çäklerinde geçiriljek çärelere we duşuşyklara işjeň gatnaşmak üçin, goňşy we doganlyk ýurda gulluk iş saparyny amala aşyrjakdygyny aýtdy. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, bu saparyň dowamynda geçiriljek gepleşikler we olaryň netijeleri Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga, şeýle hem dürli ýurtlaryň parlamentleriniň wekilleriniň arasynda netijeli iş gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen, kanun çykaryjylyk babatda tejribe alyşmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň Türkmenistanyň parlament wekiliýetiniň bu möhüm saparyny ýokary guramaçylykly we üstünlikli geçirmek boýunça zerur işleri geçirmelidigi nygtaldy. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz degişli Buýruga gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna iberdi. 

                                                                   

Mejlisiň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylary Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenmegi bilen ýene bir gezek gutlap, olara berk jan saglyk, jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we öňde goýlan ilkinji nobatdaky ähli wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetiriljekdigine berk ynam bildirdi.