Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 20-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşy bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlis başlanmazdan öň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada maglumat berdi.

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň dürli ulgamlaryny öz içine alýan täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak hem-de ozal hereket edýän kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam edýär. Işlenip taýýarlanylan hukuk resminamalaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de kabul etmek üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 15-nji maslahatyny 2021-nji ýylyň 28-nji awgustynda geçirmek meýilleşdirildi.

Döwletara we parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň çäklerinde Mejlisiň deputatlary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen guralan birnäçe çärelere gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň demokratik esaslaryny yzygiderli pugtalandyrmak, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli hem-de toplumlaýyn maksatnamalaryň hukuk taýdan goldanylmagyny üpjün etmek boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň alyp barýan kanunçykaryjylyk işiniň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz bu möhüm işi döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny göz öňünde tutup dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz parlamentara derejede hem-de kanunçylyk-hukuk ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak maksady bilen, abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtady.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek, içeri we daşary syýasaty üstünlikli amala aşyrmaga hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalaryň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary hem-de pudaklaryň hünärmenleri bilen bilelikde hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär, döwletimiziň durmuş ugurly strategiýasyny yzygiderli amala aşyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny hem-de jemgyýetiň durmuşynyň beýleki ugurlaryny has-da ösdürmäge ýardam etjek, kabul edilmegi meýilleşdirilýän kanun taslamalaryny seljermek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de onuň hakyky demokratik däplerini pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işiniň möhümdigini belledi. Garaşsyz Watanymyz düýpli özgertmeler ýoluna düşüp, kanunyň rüstemligini, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň ýokary gymmatlygy hasaplanýan raýatlarynyň bähbitleriniň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny öz ösüşiniň esasy ugry hökmünde kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde amala aşyrylmalydygyny belledi.

Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda öz işine başlajak nobatdaky 76-njy mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi. Mejlise taýýarlyk görmek maksady bilen, häzirki wagtda DIM-de degişli işler amala aşyrylýar.

Bu möhüm resminama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlarynyň we teklipleriniň esasynda taýýarlanyldy hem-de birnäçe esasy ugurlary özünde jemleýär.

Şolaryň biri ählumumy howpa — täze görnüşli howply ýokanç kesele garşy göreşmekde hem-de onuň ýaýramagy bilen ýüze çykan durmuş-ykdysady täsirleri azaltmakda halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny berkitmekden ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň ozal öňe süren başlangyçlaryny we anyk tekliplerini durmuşa geçirmek boýunça işler ýerine ýetiriler. Şolaryň arasynda ylmy diplomatiýa ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, BSGG-niň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny ýola goýmak, BSGG-niň koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin Ýörite maksatnamasyny düzmek, BSGG-niň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini döretmek hem-de Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa merkezini döretmek baradaky teklipler bar.

Häzirki zaman şertlerinde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň öňde boljak mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça hem degişli işler alnyp barlar. Merkezi Aziýanyň häzirki zaman ählumumy geosyýasatynda eýeleýän möhüm ornuny ösdürmek, sebitde bolup geçýän özgerişleri dünýä gün tertibi bilen sazlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistan tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň taslamasyny hödürlemek teklip edilýär. Bu resminama milli Liderimiziň başlangyjy bilen şu ýylyň 6-njy awgustynda ýurdumyzda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda beýan edilen halkara teklipleri BMG-niň çäklerinde öňe sürmek üçin oňyn mümkinçilikleri döreder.

Mundan başga-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek başlangyjyny öňe sürmek teklip edilýär. Onuň şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitinde hukuk taýdan berkidilmegi maksadalaýyk hasaplanylýar.

Ýurdumyz Aşgabatda ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine mundan beýläk hem giň goldaw berer. Bu ugurda 76-njy mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylda kabul edilen bu merkeziň işine bagyşlanan Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde ýaşlar üçin Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy ýaly halkara hyzmatdaşlygyň görnüşlerini ösdürmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda terrorçylyga garşy göreş alyp barmak wezipesi kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, halkara jemgyýetçilige BMG-niň Kontrterrorçylyk müdirliginiň Halkara taslamalar boýunça Aşgabatdaky edarasyny açmak meselesine seretmek teklip ediler.

Türkmenistan halkara we sebit derejelerinde durnukly ösüşi gazanmakda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzasy bolmak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) amala aşyrmakda BMG-niň sebit ykdysady guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmek meselelerine uly ähmiýet berýär. Bu babatda Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurdumyz tarapyndan BMG bilen YHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda Baş Assambleýanyň Kararnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminamany kabul etmek we 76-njy mejlisiň dowamynda onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek üçin degişli halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Durnukly ösüş maksatlarynyň biri bolan energiýa çeşmelerine ählumumy elýeterliligi üpjün etmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň “Hemmeler üçin durnukly energiýa” atly başlangyjy bilen bilelikde bu mesele boýunça halkara forumy guramak teklip edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen tekliplerini durmuşa geçirmek maksady bilen, 2022-nji ýylda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny guramak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, BMG-niň howandarlygynda sebitara ulag aragatnaşygyny ösdürmek boýunça Ýörite maksatnamanyň döredilmegini teklip etmek maksadalaýyk hasaplanýar.

Şeýle hem milli Liderimiziň BMG-niň çäklerinde pes uglerodly energiýany ösdürmek boýunça Strategiýany hem-de wodorod energetikasyny ösdürmek üçin halkara “Ýol kartasyny” düzmek baradaky tekliplerini durmuşa geçirmek üçin işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şu maksatlar bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO), Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) hem-de Ösüş maksatnamasy (UNDP) bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek teklip edilýär.

Türkmenistan köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlyk babatda BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin agzasy bolmak bilen, kabul edilen milli, sebit we ählumumy strategiýalaryň, maksatnamalaryň we meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns bermegi teklip edýär. Dünýäde emele gelen migrasiýa ýagdaýlaryny nazara alyp, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdiriýeti hem-de Halkara Migrasiýa Guramasy bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksadalaýyk hasaplanýar.

Mundan başga-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işine ýurdumyzyň gatnaşmagyny giňeltmek teklip edilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň hem-de Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzalygyny doly möçberde ulanmak hem-de ýurdumyzyň bu guramanyň Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşine 2021 — 2025-nji ýyllar üçin saýlanylmagyny üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy “Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işini kämilleşdirmek hakynda” we “Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda” Kararlaryň taýýarlanylan taslamalary barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň köptaraplaýyn hem-de ikitaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtady.

Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu hyzmatdaşlyk ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşýar. Döwlet Baştutanymyz halkara gatnaşyklaryň wajyp ugurlary boýunça Türkmenistanyň öňe sürýän anyk başlangyçlarynyň muňa ýardam etmelidigini aýratyn belledi. Ýurdumyzyň öňe sürýän şol halkara başlangyçlarynda we tekliplerinde häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi möhüm ugurlary beýan edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň işine gatnaşmagyna Milletler Bileleşiginiň doly ygtyýarly agzasy hökmünde alyp barýan yzygiderli işiniň dowamy hökmünde garaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň milli bähbitlere hem-de dünýä bileleşiginiň uzak möhletli maksatlaryna gabat gelýändigini belledi. Onuň BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine laýyk gelýändigini hem-de dürli ulgamlarda bilelikdäki özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtamak möhümdir.

Milli Liderimiz şundan ugur almak bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki 76-njy mejlisiniň işine gatnaşmagyna taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi hem-de ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny giň köpçülige ýetirmegi, halkara başlangyçlaryny ilerletmek boýunça yzygiderli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Kararlara gol çekip, olary sanly ulgam arkaly wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna iberdi hem-de bu resminamalary ýerine ýetirmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda netijeli maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de «Fitch Ratings» halkara agentliginiň Türkmenistan üçin kesgitlenen derejeleri barada hasabat berdi. Dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamynda dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, halkara reýting agentligi Türkmenistana ilkinji gezek şeýle bahalandyrma berdi. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly we ýokary depginli ösüşiniň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Fitch Ratings» agentligi tarapyndan Türkmenistan üçin berlen halkara derejeleriň döwletimiziň halkara maliýe abraýyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyza çekilýän maýa goýumlaryň mukdaryny artdyrmaga we karzlaryň şertlerini ýeňilleşdirmäge, netijede, Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň has-da ösmegine ýardam berjekdigini belledi. Munuň özi Türkmenistan üçin örän uly abraýdyr. Şonuň üçin hem Türkmenistana döwürleýin esasda derejeleri almak we ony has-da ýokarlandyrmak boýunça halkara agentlikler bilen zerur işleri mundan beýläk-de yzygiderli alyp barmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynda işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik desgalaryny kadaly işletmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagynyň serişdeler, ylmy-tehniki we eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” yzygiderli amala aşyrmagyň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy ylmy-tehniki iş ornaşdyrmagyň esasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik desgalaryny has-da döwrebaplaşdyrmak babatda anyk görkezmeleri berdi. Bu işleriň geçirilmegi ýurdumyzda hem-de dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän önümleriň möçberini artdyrmaga ýardam eder.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem Mary şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen desganyň düýbüni tutmak dabarasynyň göz öňünde tutulýandygy habar berildi. Bu medeni toplumyň tomaşaçylar zalynda welaýatyň sungat ussatlarynyň taýýarlan konserti geçiriler. Mary şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy we Baýramaly şäherinde haly önümhanasy ulanylmaga berler.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Mary welaýatynyň Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda 3 müň orunlyk köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binany gurmak hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip hem-de resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, ony ýerine ýetirmek hem-de degişli ugurda geçirilýän işlere gözegçilik etmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin meýdan işleri barada durup geçmek bilen, güýzlük däne ekişinde, pagta ýygymy möwsüminde ulanyljak tehnikalara hyzmat etmek baradaky meselelere aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan kän müdirligine “Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjy hökmünde gatnaşmaga ygtyýar bermek hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan Garabogazköl aýlagynyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryny özleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň senagat kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi hereket edýän kärhanalaryň düzümini kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzda giň gerim bilen alnyp barylýan gurluşyklary zerur önümler bilen üpjün etmek boýunça işleri amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ministrligiň Balkan kän müdirligine “Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge 49 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar bermek hakyndaky Kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Balkan kän müdirliginiň kaolin önümhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilmegi we durkunyň täzelenilmegi kärhananyň öndürijiligini artdyrmaga mümkinçilik berer hem-de täze iş orunlaryny döretmäge, daşary ýurtlardan zerur çig maly satyn almaga sarp edilýän serişdeleri tygşytlamaga ýardam eder.

Garabogazköl aýlagynyň gidromineral baýlyklarynyň binýadynda sulfat önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Maksatnamada göz öňünde tutulan taslamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni hem-de Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty tarapyndan geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, aýlagyň mineral duzlarynyň düzüminiň natriý we magniý sulfatlary, magniý hloridi, litiý hem-de onuň birleşmeleri, magniý oksidi, magniý metaly ýaly himiki elementlere baý gorlarynyň bardygy tassyklanyldy.

Şeýle hem ekologiýa taýdan arassa täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we bu täsin tebigy desganyň gorlaryny senagat möçberinde özleşdirmegiň ykdysady taýdan maksadalaýykdygyny kesgitlemek üçin tehniki-ykdysady esaslandyrmany taýýarlamak zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de degişli resminama gol çekip, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny depginli özleşdirmegiň, şolaryň binýadynda ýokary hilli, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly himiýa önümlerini çykarmaga niýetlenen döwrebap kärhanalary döretmegiň zerurdygyny nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ç.Purçekowy energetika ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatmak hakynda Karara gol çekdi. Milli Liderimiz bu wezipä energetika ministriniň orunbasary wezipesinde işlän H.Rejepmyradowy bellemek hakynda Permana, şeýle hem S.Saparowy energetika ministriniň orunbasary wezipesine bellemek hakynda Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz energetika ministrine jogapkärli wezipede üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resminamalary sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky” Düzgünnamany kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, resminamada awto, moto, traktorlar we oba hojalyk ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak bilen bagly gatnaşyklar düzgünleşdirilýär. Şeýle hem täze Düzgünnamada sanly tehnologiýalara esaslanýan elektron okuwy peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýokary derejeli sürüjileri taýýarlamakda degişli işleri geçirmegiň, hususan-da, awtomobil mekdepleriniň işini kämilleşdirmek hem-de oňa sanly tehnologiýalary we innowasion enjamlary giňden çekmegiň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz Düzgünnamada taraplaryň hukuklarynyň we borçlarynyň, sürüjileriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga bildirilýän talaplaryň kesgitlenilmelidigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan dokma toplumynyň açylyşyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer meşhur daşary ýurt önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen täze, döwrebap dokma toplumynyň ýylda 3 müň 650 tonna ýüplük, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge niýetlenendigini habar berdi. Kärhananyň ulanylmaga tabşyrylmagy bilen, 1 müň 300 täze iş orny dörediler, öndürilýän ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümler bolsa ýurdumyzyň içerki bazarynyň sarp edijiligini üpjün etmek bilen birlikde, eksport kuwwatlyklaryny artdyrmaga-da mümkinçilik berer.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi we bagtyýar durmuşy üçin hemme zerur şertleriň döredilýändigini nygtady. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen, häzirki döwrüň ýokary talaplaryna kybap gelýän zawodlaryňdyr fabrikleriň gurulýandygyny hem-de ulanylyşa girizilýändigini, şolarda dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleriň öndürilýändigini nygtady.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, onuň eksport mümkinçiligini has-da ýokarlandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda açyljak dokma toplumy munuň mysallarynyň biridir.

Önümçilige netijeli innowasiýalary ornaşdyrmak işinde halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegi, dünýä ylmynyň gazananlarynyň, iň kämil tehnologiýalaryň ulanylmagy uly ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň halkara hil ölçegine we ekologiýa howpsuzlygyna kybap gelmegine aýratyn üns berilmelidir. Türkmen dizaýnerleri içerki bazaryň isleglerini öwrenip, ilatyň möwsümlere degişli isleglerinden ugur alyp, egin-eşikleriň we beýleki harytlaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlamalydyrlar hem-de önümçilige girizmelidirler diýip, milli Liderimiz belledi we wise-premýere dabarany ýokary derejede guramak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi. Bu resminama degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda we “Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň esasynda işlenip taýýarlanyldy.

Şeýle hem şu ýylyň sentýabr aýynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we beýleki şanly seneler mynasybetli geçiriljek esasy çäreler hem-de medeni-durmuş maksatly binalary ulanmaga bermegiň tertibi hakynda hasabat berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, öňde boljak dabaralaryň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Olarda häzirki taryhy eýýamyň döredijilik ruhy, halkymyzyň agzybirligi we mizemez bitewüligi, Watanymyzyň saýlap alan parahatçylygyň, rowaçlygyň we ösüşiň ýoluna bolan ygrarlylygy öz beýanyny tapmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän beýleki baýramçylyk dabaralaryna meýilleşdirilen medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi. Milli Liderimiz bu resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy hem-de halkymyza edilýän medeni hyzmatlaryň kämilleşdirilmelidigine, häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda olaryň görnüşleriniň giňeldilmelidigine ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň döwlet tapgyryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim, terbiýe almagy, sungat we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň milli gymmatlyk bolan medeniýeti kämilleşdirmäge, ýaşlarda sungata söýgini terbiýelemäge, olaryň zehinini hem-de ukyplaryny ýüze çykarmaga we ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi netijesinde, bilim-terbiýeçilik edaralarynda aýdym-saz çäreleri hem-de döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.

“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň döwlet tapgyryny şu ýylyň sentýabr aýynda — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda geçirmek meýilleşdirilýär. Bilim hem-de Medeniýet ministrlikleriniň guramagynda bu bäsleşigiň etrap, şäher we welaýat tapgyrlary geçirildi, şolaryň ýeňijileri döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, zehinli çagalaryň ukyp-başarnygynyň irki wagtdan ýüze çykmagyna we ösdürilmegine ýardam bermek bilen birlikde, milli sungatymyzy has-da ösdürmekde, ösüp gelýän ýaş nesillerde halkymyzyň baý, özboluşly medeniýetine söýgini terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolan çagalaryň döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz çagalaryň döwlet derejesinde her ýyl geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň uly meşhurlyga eýedigini belläp, ýaş zehinleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öň ýanynda geçiriljek gözden geçirilişiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly harby ýörişi hem-de baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmek boýunça ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dabaraly harby ýörişiň eziz Diýarymyzyň Ýaragly Güýçleriniň döwrebap tehnikalar bilen üpjünçiligini, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazanan üstünlikleriniň, ýeten belent sepgitleriniň, ene topragymyzyň asudalygynyň, mähriban halkymyzyň döredijilikli, abadan durmuşynyň goragynda duran pederlerimiziň wesýetine wepaly merdana türkmen esgerleriniň ýokary ussatlygyny we tälimini aýdyň görkezmelidigini belledi.

Milli Liderimiz şanly senä bagyşlanyp geçiriljek çäreleriň, şol sanda dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, onda döwlet durmuşyna degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny hem-de pudaklary ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň kabul edilendigini belledi.

Milli Liderimiz mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/38092