«Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
I. 2013-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 88-nji madda; 2014 ý., № 4, 148-nji madda; 2015 ý., № 1, 32-nji madda, № 2, 69-njy madda; 2016 ý., № 1, 68-nji madda, № 4, 165-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda, № 4, 97-nji madda; 2019 ý., № 2, 36-njy madda; 2020 ý., № 3, 46-njy madda, № 4, 85-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:
1) 6-njy maddada:
birinji bölegiň 8-nji bendinde «böleginde» diýen sözi «böleginiň birinji tesiminde» diýen sözlere çalşyrmaly;
ikinji bölege şu mazmunly tesimi goşmaly:
«Şu bölegiň birinji tesiminde göz öňünde tutulan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, milli howpsuzlyk edaralarynyň, serhet we içerki goşunlarynyň, döwletiň bilim berýän edaralarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň, Ylymlar akademiýasynyň hem-de pudaklaýyn akademiýalaryň merkezleriniň esasy iş ugurlary bilen bagly bolmadyk döwlet emlägi eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň obýekti bolup biler.»;
2) 12-nji maddanyň 13-nji bendinde «şahadatnamany» diýen sözden soň, «we paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk maýasyndaky döwlete degişli gymmatly kagyzlaryň paýyna eýeçilik hukugynyň geçendigini tassyklaýan resminamany» diýen sözleri goşmaly;
3) 16-njy madda şu mazmunly bölegi goşmaly:
«9. Ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde hususylaşdyrmagyň obýektleriniň satylmagyny amala aşyrmak boýunça işleri guramak we zerur bolan resminamalaryň dolanyşygy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sanly elektron görnüşinde amala aşyrylyp bilner.»;
4) 18-nji maddanyň ikinji böleginiň ikinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:
«Eger-de hususylaşdyrylmaga degişli döwlet emlägi karz serişdeleriniň hasabyna emele getirilen (gurlan) bolsa, şeýle hem ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilen ýüztutmanyň ýanyna goşulýan resminamalaryň sanawyndaky resminamalary resmileşdirmek boýunça bergiler bar bolsa, onda şeýle emlägiň hususylaşdyrylmagyndan alnan serişdeler karzyň (karz boýunça hasaplanan göterimleriň hasaba alynmagy bilen), resminamalary resmileşdirmek boýunça bergileriň üzülişmegine gönükdirilýär, olaryň artan bölegi bolsa, şu bölegiň birinji tesimine laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýörite hasabyna geçirilýär.»;
5) 19-njy maddanyň ikinji böleginde «şeýle hem» diýen sözlerden soň «ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilen ýüztutmanyň ýanyna goşulýan resminamalaryň sanawyndaky resminamalary resmileşdirmek boýunça bergiler,» diýen sözleri goşmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 13-nji noýabry.
*Elektron neşir edilen gazetiň salgysy - maglumaty ýükläp almak üçin: "Türkmenistan gazeti" 22.11.2021ý.