Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 7-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine hem-de bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda döwletiň howpsuzlygyny, jemgyýetiň durnuklylygyny üpjün etmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy.

Ilki bilen goranmak ministri B.Gündogdyýew Milli goşunymyzyň harby birikmelerinde ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň goranmak ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, degişli düzümleriň işgärler kuwwatyny berkitmek hem-de harby gullukçylaryň durmuş goraglylygyna degişli meseleleri çözmek maksady bilen görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görmek hem-de harby gulluga çagyryş möwsümini ýokary derejede guramak meseleleri barada hem aýdyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň hasabyna bu ministrligiň we onuň garamagyndaky edaralaryň işiniň kämilleşdirilmeginiň amala aşyrylýan harby özgertmeleriň ileri tutulýan wezipeleriniň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz goşunlaryň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga mundan beýläk-de aýratyn ähmiýet bermegiň wajypdygyny nygtap, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin möhüm çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz üstünlikli durmuşa geçirilýän hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň ýurdumyzda parahat we asuda durmuşyň ygtybarly kepili bolup durýandygyny aýdyp, ýaş serkerdeleriň hem-de çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleriň arasynda watançylyk-terbiýeçilik işlerini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi.

Milli Liderimiz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň hormatyna geçiriljek dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, düzgün bozmalaryň öňüni almak hem-de ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. IIM-niň ýolbaşçysy “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ulaglaryň gatnawlaryny kadalaşdyrmak, pyýada ýolagçylaryň hem-de sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjelerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hem habar berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu edaranyň öňünde jenaýatçylyga garşy göreşmek, jemgyýetçilik tertibini hem-de eýeçiligini goramak we jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly jogapkärli wezipeleriň durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri takyk hem-de birkemsiz ýerine ýetirmek üçin işiň has netijeli usullaryny we döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini nygtap, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň wagyz etmegiň wajypdygyny aýdyp, bu ugurda amala aşyrylýan işleri kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, içeri işler ministrine göz öňünde tutulan çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň sekiz aýynda Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, serhetçileriň jogapkärli gullugynyň halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny hem-de döwletimiziň serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün edýändigini nygtady. Biziň serhedimiz goňşy ýurtlaryň ählisi bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk serhedi bolup durýar.

Milli Liderimiz ýerine ýetirilmeli işleriň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, serhet goşunlarynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegini, serhet birikmeleriniň öňdebaryjy harby tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilmegini, bu düzümiň öňünde durýan jogapkärli borçlary üstünlikli berjaý etmäge ukyply serkerdeleriň taýýarlanylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy şu meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny aýdyp, Döwlet serhet gullugynyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow şu ýylyň geçen sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de milli kazyýet ulgamyny mundan beýläk-de özgertmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hem aýdyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ulgamyň netijeli işlemegi üçin işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri yzygiderli geçirmegiň, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem-de olary gündelik işde işjeň ulanmagyň wajypdygyny belläp, ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna degişli görkezmeleri berdi.

Baş prokuror B.Atdaýew ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça ýanwar — awgust aýlarynda görlen çäreler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyrygy boýunça degişli işlerde geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, prokuratura edaralarynyň kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbitlerini goramak maksady bilen degişli çäreleri görmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz her bir işi guramaga jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekip, anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew 2021-nji ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzda asudalygy saklamak we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda Milli howpsuzlyk ministrliginiň öňünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny goramak, Watanymyzyň abadançylygyny, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyny, jemgyýetde jebisligi üpjün etmek ýaly jogapkärli wezipeleriň durýandygyny belledi. Milli Liderimiz şol wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň bu edaranyň işgärleriniň syýasy, hünär we hukuk taýdan taýýarlygynyň derejesine baglydygyny aýdyp, şahsy düzümiň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri yzygiderli geçirmegi tabşyrdy.

Adalat ministri B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän edarasynyň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de milli kanunçylygy halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyk getirmegiň hasabyna kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunlary mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli seljermegiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz bu ugurda toplumlaýyn çäreleriň görülmeginiň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň täze sepgitlerine tarap üstünlikli öňe gitmegine ýardam etmelidigini belledi.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz hukuk ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegiň uly ähmiýete eýedigini aýdyp, ministre ilatyň hukuk taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmak, güýje girýän kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmek boýunça çäreleri yzygiderli guramagy tabşyrdy.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň geçen döwründe bu düzümiň işini kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler, dünýädäki häzirki ýagdaýy nazara almak bilen gümrükhanalarda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmünde Türkmenistanyň Ýewraziýa yklymynda geostrategik ornunyň barha artýandygyny nygtady. Milli Liderimiz işiň möçberiniň artmagynyň gullugyň üstüne ýüklenen wezipeleri çözmäge has jogapkärli çemeleşmegi talap edýändigini aýdyp, ýurdumyzyň gümrük serhedi arkaly harytlaryň we ulag serişdeleriniň geçirilmeginiň tertibine berk gözegçilik edilmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna degişli işleriň halkara ülňüleriň talaplaryna laýyklykda geçirilmegini üpjün etmek meselelerini üns merkezinde saklamak tabşyryldy.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew 2021-nji ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ählisinde bolşy ýaly, bu gullugyň işine hem innowasion usullary we öňdebaryjy sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow edaranyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, işgärler kuwwatyny pugtalandyrmaga aýratyn üns bermegiň wajypdygyny aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hormatly Prezidentimiziň başyny başlan giň gerimli harby özgertmelerini durmuşa geçirmek boýunça gözegçilik edýän edaralarynda ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işler hem-de Milli goşunymyzyň kuwwatyny we goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby-hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň söweşjeň hem-de hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, gulluk tertip-nyzamyny berjaý etmek boýunça harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan durmuşa geçirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi tarapyndan berlen Bitaraplyk derejesine hemişe ygrarly boljakdygyny belledi. Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Milli Liderimiz serkerdeleriň hem-de esgerleriň hünär taýýarlygynyň ýokary derejesini üpjün etmegi ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitläp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna harby we hukuk goraýjy edaralaryň üstüne ýüklenen wezipeleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak baýramçylyk çäreleri barada durup geçip, bu ajaýyp senäniň hormatyna guraljak dabaraly harby ýörişiň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, parahatçylyk söýüjilikli we ynsanperwer döwlet syýasatyna laýyklykda kabul edilen, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň esasynda harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary baradaky aladanyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini aýdyp, olaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, yhlasly gulluk etmek hem-de göwnejaý dynç almak üçin giň mümkinçilikleri döretmek boýunça toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň bu ugurda mundan beýläk-de netijeli çäreleri görjekdigini aýtdy.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gullugynda uly üstünlikleri arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39740