TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SÖWDASYNYŇ ÖSÜŞI

Daşary söwda ykdysady ösüşiň möhüm faktory hökmünde hemişe ähli döwletlerde möhüm orny eýeläp gelýär. Bazar gatnaşyklary şertlerinde bolsa daşary söwdanyň ähmiýeti has-da artýar.

1991-nji ýylyň oktýabrynda Garaşsyzlyga eýe bolmak bilen, Türkmenistanda täze bazar ykdysadyýetiniň esaslaryny döretmäge gönükdirilen ykdysady özgertmeler amala aşyrylyp başlandy. Garaşsyz maliýe we karz syýasatyny alyp barmaga esas döreden 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan milli walýutanyň girizilmegi Türkmenistanyň geljekki ykdysady özgertmeleriniň wajyp düzüm bölegine öwrüldi. Şeýle hem eýeçilik, telekeçiligiň ösüş, ilatyň iş bilen meşgullyk meselelerini kadalaşdyrýan ykdysady kanunlaryň ençemesi kabul edildi. Beýleki çäreler bilen bir toplumda bu işler ýurduň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmaga we ýurduň tebigy hem-de ykdysady mümkinçiligini ýeterlik derejede ulanmaga mümkinçilik döretdi.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti daşary ýurtly hyzmatdaşlar we maýadarlar üçin barha açyk ykdysadyýete öwrülip, ol bazar kanunlaryna we gatnaşyklaryna talaby has güýçlendirýär. Türkmenistanyň daşary söwdasynyň, hususan-da, eksportynyň ýagdaýyny häzirki wagtda tutuşlygyna döwletleriň durnukly töleg ukyby kesgitleýär. Daşary söwda dolanyşygy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine düýpli täsir edýän gurallaryň hataryna degişlidir. Sebäbi ol hem önümçilige, hem sarp edişe öz täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda telekeçilik işiniň giň meýdany we zähmeti ulanmagyň çygry bolup çykyş edýän söwda geçiş döwründäki ykdysadyýetde iş hereketini giňeldip, soňky ýyllarda öz ösüşinde täze itergä eýe bolýar.

Harytlaryň we hyzmatlaryň eksportyny artdyrmak, daşary söwdada oňyn netijeleri gazanmak ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygyny artdyrmak halkara ykdysady gatnaşyklarda üstünlik gazanmagyň wajyp şertleriniň biri bolup durýar. Şunda eksport gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi zerur bolup durýar. Döwletiň daşary ykdysady syýasatynda eksporta goldaw bermek babatynda amala aşyrylýan çäreler möhüm orny eýeleýär, çünki olaryň esasy maksady ýurtda ykdysady ösüşi gazanmaklyga gönükdirilendir.

Ýurdumyzda ýerli çig maly we materiallary ulanmaklyga esaslanýan, importyň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek prosesi höweslendirilýär. Milli eksport mümkinçiliklerimizi artdyrmak boýunça Hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlyk etmeginde ýurdumyzda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Hususan-da, Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, 2015-nji ýylyň maý aýynda “Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy” kabul edildi. Bu Maksatnamada Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmagyň himiýa senagaty, gurluşyk materiallary senagaty, ýeňil senagat, maşyngurluşygy, oba hojalyk we azyk senagaty, farmasewtika ýaly esasy ugurlary kesgitlenilýär. Bulardan başga-da Maksatnamada Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça gurulmaly kärhanalaryň sanawy hem tassyklanyldy.

Ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy barha giňeýär, esasy daşary ýurt hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara ylalaşyklara gol çekilýär.

Şeýle hem milli önümçiligiň bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmekde, ykdysady ösüşiň durnuklylygyny üpjün etmekde kiçi we orta telekeçilik uly rol oýnaýar. Kiçi we orta telekeçilik Türkmenistanyň çig mal serişdeleriniň eksportyna bolan garaşlylygyny peseltmäge, önümleriň eksportyny giňeltmäge uly goşant goşmaga mümkinçilik berýär, iş bilen meşgullyga şertleri döredýär.

2009-njy ýylda kabul edilen “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň wajyp düzüm bölegi bolup daşary ykdysady işiň höweslendirilmegi çykyş edýär. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri daşary ykdysady aragatnaşyklaryň doly hukukly gatnaşyjylary bolup, daşary söwdanyň ösüşine öz goşantlaryny artdyrýarlar.

Şeýlelikde, ýurdumyzda importyň ornuny tutýan, şeýle hem eksporta gönükdirilen pudaklary ösdürmek boýunça çäreler alnyp barylýar. Bu işler, birinjiden, daşarky bazarlara çykarylýan harytlaryň nomenklaturasyny giňeltmäge, ikinjiden, iş bilen meşgullyk syýasatyna laýyk gelýän sosial durnuklylygy üpjün etmäge, işe ýerleşmäge mätäç taraplaryň sanynyň artyşyny saklamaga mümkinçilik berdi.



Orazjemal Myradowa, 

Türkmen döwlet maliýe institutynyň

Maliýe kafedrasynyň mugallymy