Sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň maslahatynda mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda taýýarlanylan möhüm kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna hem-de «Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Kararyň taslamasyna garamak maslahatyň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. «Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň Karary biragyzdan kabul edildi.
Maslahatyň garamagyna hödürlenilen esasy maliýe-hukuk resminamasy ykdysady strategiýadan ugur alnyp hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenilen ilkinji nobatdaky wezipeler nazara alnyp taýýarlanyldy. «Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanun ýurdumyzyň geljekki ykdysady we durmuş ösüşiniň depginlerini kesgitlemelidir.
Deputatlar ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda ýeten sepgitlerini, 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny düzmäge esasy çemeleşmeleri hem-de ýörelgeleri, onuň girdeji bölegini emele getirmegiň aýratynlyklary we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň çykdajy böleginiň maddalary aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýjileriň haklarynyň goragyny üpjün edýär, olar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda 10 göterim ýokarlandyrylar.
Soňra deputatlar «Döwet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda», «Poçta aragatnaşygy hakynda», «Döwlet ýer kadastry hakynda» (rejelenen görnüşi), «Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlarynyň hukuk ýagdaýy hakynda», «Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda» kanunçylyk taslamalaryna garadylar. Raýatlaryň we döwletiň hukuklarynyň we bähbitleriniň berjaý edilmegi, jemgyýetiň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyna, şeýle hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam bermek bu hukuk resminamalarynyň esasy wezipeleridir.
«Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetme girizmek hakynda» «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek we güýjüni ýitiren» diýip ykrar etmek hakynda», «Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmak hakynda» «Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalary we üýtgetmeler girizmek hakynda» , «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanunlaryň taslamalaryna-da garaldy.
Şeýle hem Mejlisiň dowamynda başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on bäşinji maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalary biragyzdan goldanyldy we kabul edildi.