Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly senagat toplumlary kemala gelýär

Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynda ägirt uly “Galkynyş” gaz känindäki nobatdaky guýularyň hem-de täze binanyň gurluşygyna badalga berdi

Mary welaýaty, 23-nji awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda iri “Galkynyş” gaz känine baryp gördi we bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň çäklerinde täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitde ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda köpçülikleýin dabaralary geçirmek üçin niýetlenen binanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň dikuçary tebigy gazyň ägirt uly goruna eýe bolan käniň ýanyndaky ýörite meýdança gondy. Milli Liderimiz bu ýerden dabaraly çäräniň geçirilýän ýerine tarap ugrady.

Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetiň esasy pudagy bolup, oňa ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmekde uly orun degişlidir.

Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň innowasion ösüşine gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirýär. Nebitgaz toplumynyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ugurdaş düzümleri öňdebaryjy tehnologiýalaryň, täzeçil işläp taýýarlamalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak, gazyp alýan we gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, “mawy ýangyjyň” eksport ugurlaryny köpugurly esasda ösdürmek onuň esasyny düzýär. Şunda ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýär.

Pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, täze ýataklary, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginde hem-de kenarýaka zolagynda, Amyderýa sebitinde, Merkezi Garagumda we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde täze känleri senagat taýdan özleşdirmek meseleleri üstünlikli çözülýär.

Bu möhüm pudakda giň möçberli taslamalary öňe sürmek we olary amala aşyrmak arkaly ýurdumyz sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, häzirki döwrüň ýagdaýyna we talaplaryna kybap gelýän energiýa howpsuzlygynyň bitewi binýadynyň döredilmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen degişli Kararnamalar milli Liderimiziň bu ugurdaky netijeli başlangyçlarynyň hem-de teklipleriniň wajypdygyny tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Onuň açylmagy Türkmenistanyň dünýäniň energetika döwleti hökmündäki derejesini berkitdi we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Amatly maýa goýum ýagdaýyny döredip, ýurdumyz dünýäniň onlarça döwleti, belli daşary ýurt kompaniýalary hem-de abraýly maliýe düzümleri we halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Nebitgaz pudagynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň netijeli gatnaşyklary munuň aýdyň mysalydyr. Bu ugurda bilelikdäki iş boýunça köp ýyllaryň dowamynda oňyn tejribe toplanyldy. Transmilli gaz geçirijiniň gurulmagy onuň anyk netijeleriniň biridir. Bu ugur boýunça türkmen gazy Hytaýa ugradylýar.

«XXI asyryň ägirt uly inženerçilik-tehniki desgasy» diýip atlandyrmak mümkin bolan bu gaz geçirijiniň gurluşygynda müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek ýörelgesi öz beýanyny tapdy. 2009-njy ýylyň dekabrynda taslama gatnaşyjy ýurtlaryň — Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Liderleriniň gatnaşmagynda işe girizilen gaz geçiriji ýylda 40 milliard kub metr türkmen gazyny ibermäge niýetlenendir. Onuň üç şahasynyň (A, B we C) geçirijilik ukyby bolsa 55 milliard kub metre barabardyr.

Hytaýly hyzmatdaşlaryň “Galkynyş” gaz käniniň döwrebaplaşdyrylmagyna gatnaşmagy özara bähbitli türkmen-hytaý gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Bu gaz käni Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal çeşmeleriniň biri bolup hyzmat edýär. Bu kuwwatly gaz känini ulanmaga bermek boýunça taslamany ýerine ýetirmek üçin hökümetara ylalaşyklara laýyklykda, Hytaýyň Döwlet ösüş banky “Türkmengaz” döwlet konsernine karz serişdelerini berdi. Häzirki wagtda karz serişdeleri dolulygyna gaýtaryldy. Munuň özi ýurdumyzyň öz üstüne alan borçnamalarynyň doly derejede ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini aňladyp, ygtybarly işewür hyzmatdaş hökmündäki halkara abraýyny has-da belende göterýär.

“Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde düzümleýin desgalaryň ençemesi guruldy. 2013-nji ýylyň sentýabrynda bu desgalar toplumyny ulanmaga bermek dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de HHR-iň Başlygy Si Szinpin gatnaşdy. Bu waka uzak möhletleýin, strategik häsiýetli döwletara hyzmatdaşlygyň ýene bir subutnamasy boldy.

Ýeri gelende, “Galkynyş” gaz käninde “mawy ýangyjy” çykarmak, ýygnamak, gaýtadan işlemek hem-de ibermek bilen baglanyşykly tehnologiki işleriň ählisiniň doly awtomatlaşdyrylandygyny bellemek gerek. Ýörite enjam desgalaryň ygtybarly işlemegini hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çäräniň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde ýokary ruhubelentlik ýagdaýy we baýramçylyga mahsus görnüş emele geldi. Dabara gatnaşyjylar milli Liderimizi mähirli garşyladylar. Bu ýerde taryhy ähmiýeti bolan şanly waka mynasybetli sungat ussatlarynyň aýdym-sazly we joşgunly tansly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, ýörite taýýarlanan ýere geçdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, häzirki döwürde biziň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň her güni şatlykly wakalara, uly üstünliklere beslenýär. Ine, şu gün hem biz ýurdumyzyň gaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm bolan ýene-de bir tutumly işe — ägirt uly “Galkynyş” gaz käninde täze guýularyň gurluşygyna badalga berýäris diýip belledi.

Şu ýyl berkarar döwletimiz şanly senäni — Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýini giňden belleýär. Ata Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşyň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünlikleri gazanmak bilen, bu şanly ýubileýi mynasyp garşylaýar.

Ýurdumyzda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, oňa innowasion häsiýet bermek, sanly ulgama geçirmek işleri giň gerim bilen alnyp barylýar. Ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliklerini döretmek boýunça kabul edilen maksatnamalar hem üstünlikli amala aşyrylýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bu geçirilýän hemmetaraplaýyn özgertmeler gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň ýol açýar. Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatynda alnyp barylýan işleri giňeltmek, pudagy düýpli ösdürmek üçin hem uly mümkinçilikleri döredýär.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýangyç-energetika toplumyna uly möçberde maýa goýumlary goýulýar. Bu serişdeler bolsa köp girdeji getirýän pudagy mundan beýläk-de ösdürmäge, nebitgaz kärhanalaryny döwrebap tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrmaga niýetlenendir. Geologiýa gözleg we buraw işlerini geçirmäge, täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegi güýçli depginler bilen alyp barmaga gönükdirilendir.

Häzirki döwürde 50 trillion kub metr möçberde kesgitlenen tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan Garaşsyz döwletimiz Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryny bu gymmatly harytlyk çig mal bilen üpjün etmek baradaky garaýşyny yzygiderli öňe sürüp gelýär. Bu baýlyklary öz halkymyzyň we dünýäniň halklarynyň bähbidine netijeli ulanmak üçin köp işler amala aşyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bu ugurda biziň ýurdumyz döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek, şeýle hem daşky gurşawy goramak, ekologiýa taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek boýunça özara bähbitli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Ählumumy wezipeleri çözmek nukdaýnazaryndan, möhüm ähmiýete eýe bolan giň gerimli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.

Dünýäniň iri energetika döwletleriniň hataryna girýän Garaşsyz Watanymyzyň baý uglewodorod serişdeleriniň netijeli ulanylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga hyzmat edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şonuň bilen birlikde, pudakda amala aşyrylýan iri möçberli maýa goýum taslamalary özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge-de ýardam berýär.

Milli Liderimiz Hytaý Halk Respublikasy bilen döwletara gatnaşyklaryň dostlukly we netijeli häsiýete eýedigini nygtap, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin dürli ugurlarda uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Bu mümkinçilikleriň netijeli ulanylmagy diňe bir iki döwletiň bähbitlerine däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň maksatlaryna hem laýyk gelýär.

Şoňa görä-de, deňhukuklylyk we birek-biregi hormatlamak esasynda guralýan köpugurly gatnaşyklary üstünlikli ösdürmek bilen, Türkmenistan Hytaýa özüniň strategik hyzmatdaşy, şol sanda bilelikde işläp, uly tejribe toplanan nebitgaz pudagynda esasy hyzmatdaşy hökmünde garaýar.

Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurulmagy bolsa anyk netijäni gazanmaga gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu ulgam boýunça indi 11 ýyldan gowrak wagt bäri Hytaý Halk Respublikasyna türkmen tebigy gazy eksport edilýär. Şu döwrüň dowamynda bu gaz geçiriji arkaly Hytaýa 300 milliard kub metrden hem gowrak tebigy gaz iberildi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Dünýäde iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň energetika strategiýasyny amala aşyrmagyň, eksport gaz geçirijileriniň çig mal binýadyny berkitmegiň ýolunda örän möhüm ädim boldy. Bu iri gaz käniniň gorlary “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde alnanda, 27 trillion kub metre golaý möçberde kesgitlendi.

Mary welaýatynyň günortasynda ýerleşýän bu gaz käni Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen geologlarynyň iň uly açyşlarynyň biri boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

“Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde bu gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde gaz guýularyny hem-de önümçilik düzümleriniň beýleki desgalaryny gurmak boýunça uly işler ýerine ýetirildi.

Bu ýerde umumy kuwwaty ýylda harytlyk gazyň 30 milliard kub metrine barabar bolan gaýtadan işleýän toplumlaryň üçüsi işe girizildi. Olaryň gurluşygyna Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýalary gatnaşdylar.

Umumy meýdany dört müň inedördül kilometrden hem köp bolan “Galkynyş” gaz käniniň ulanyş gorunda häzirki wagtda guýularyň 45-si bolup, olaryň her biri bir gije-gündizde ortaça iki million kub metre çenli tebigy gaz berýär.

Şu gün biz bu gaz käninde üstünlikli ösýän türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň nobatdaky mysalyna öwrüljek ýene-de bir şanly wakanyň şaýady bolýarys diýip, milli Liderimiz belledi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylyň şu gününde “Galkynyş” gaz käninde aýratyn çylşyrymly häsiýeti bilen tapawutlanýan täze gaz guýularynyň üçüsiniň gurluşygyna badalga berýäris.

Bu işleri ýerine ýetirmek barada “Türkmengaz” döwlet konserni Hytaýyň “СNPС” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Taslamany durmuşa geçirmegiň möhleti 30 aý bolup, kompaniýanyň hyzmatlary üçin tölegler 2007-nji ýylda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, üç ýylyň dowamynda Hytaýa tebigy gazy ibermegiň hasabyna amala aşyrylar.

Şeýlelikde, täze gaz guýulary “mawy ýangyjyň” goşmaça gorlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa ýurdumyza köp möçberde pul serişdelerini getirip, halkymyzyň abadançylygyny has-da gowulandyrmaga şert döreder.

Bitarap ýurdumyz mundan beýläk-de daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürer, olaryň alyp barýan işlerine ýakyndan ýardam berip, hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin ähli tagallalary eder diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şeýle hem Mary şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda 3 müň orunlyk köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen binanyň düýbüni tutmak dabarasy bolar.

Mundan başga-da, Mary şäheriniň Magtymguly köçesiniň ugrunda ýedi gatly, 188 öýli ýaşaýyş jaý toplumy, Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramaly haly önümhanasy açylyp, ulanmaga berler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz çykyşyny jemläp, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan tutumly işlerinde olara täze üstünlikleri arzuw etdi hem-de ýygnananlary beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilýän dabaraly çäreler bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçene söz berildi. Ol şu günki dabara gatnaşýandygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Ýakynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berendigi bellenildi. Häzirki wagtda taraplar ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn işleri alyp barýarlar, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyny hem-de “Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi” strategiýasyny utgaşdyrmak boýunça resminamanyň esasynda çäreler geçirilýär. Şeýle hem ýakyn geljek bäş ýylda hyzmatdaşlygyň maksatnamasy bilelikde taýýarlanylýar. Bularyň ählisi strategik häsiýetli türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna täze itergi berer, ony has ýokary derejä çykarar hem-de iki ýurduň pajarlap ösmegine itergi berer.

Diplomatyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ägirt uly energetika kuwwatyna eýedir. Ýangyç-energetika toplumynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk oňyn gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup durýar. HHR-e türkmen tebigy gazynyň iberilmegini üpjün edýän gaz geçiriji işe girizilenden bäri, Hytaý 300 milliard kub metrden gowrak “mawy ýangyjy» import etdi hem-de Türkmenistandan tebigy gazy satyn almakda ilkinji orny saklap gelýär.

Şu gün “Galkynyş” gaz käninde üç guýynyň gurluşygyna badalga berilmegi energetika ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda täze ädimi alamatlandyrdy diýip, jenap Sýan Naýçen nygtady. Hytaý tarapy türkmen tarapy bilen geljekde hem maýa goýumlary, söwda we beýleki ulgamlary öz gerimine alýan netijeli hyzmatdaşlyga, şeýle hem ýangyç-energetika ugry boýunça toplumlaýyn hyzmatdaşlyga taýýardyr, munuň özi iki tarapyň bähbitlerine laýyk gelýär.

Şu ýyl Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýär. Çylşyrymly halkara ýagdaýa garamazdan, ýurduň milli Lideriniň öňdengörüjilikli syýasaty hem-de parasatly baştutanlygy netijesinde ýurt okgunly ösýär, onuň halkara abraýy belende galýar, türkmenistanlylaryň durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Hytaý dostlukly, doganlyk döwlet hem-de ygtybarly hyzmatdaş bolmak bilen, Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden begenýär diýip, diplomat nygtady.

Sözüniň ahyrynda ilçi hemmeleri düzümleýin taslama badalga berilmegi şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen gutlady hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle-de, türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz jenap Sýan Naýçene many-mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip hem-de ony bu ýerde görýändigine şatdygyny aýdyp, diplomatyň syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmäge mynasyp goşant goşýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, gysga wagtyň — 1 ýyl 8 aýyň dowamynda Hytaýa çenli gaz geçirijiniň 7 müň kilometri guruldy, şeýle hem HHR-iň çäkleri boýunça ýene onuň 2 müň kilometri çekildi. Munuň özi ähli ugurlar boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, hytaý tarapyna dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (“CNPC”) Türkmenistandaky “International Ltd.” şahamçasynyň baş direktory Çen Huaýluna söz berildi.

Jenap Çen Huaýlun şu günki dabarada “CNPC” kompaniýasynyň wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, milli Liderimize kompaniýanyň adyndan HHR bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge elmydama üns berýändigi, şeýle hem hytaýly hyzmatdaşlaryň Türkmenistandaky işlerinde goldaw hem-de ýardam edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, 2007-nji ýylyň 17-nji iýulynda iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň we “CNPC” kompaniýasynyň arasynda tebigy gazy satyn almak-satmak baradaky şertnama gol çekildi. Şeýlelikde, ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli uzak möhletleýin türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň binýady goýuldy.

2013-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň birinji tapgyrynyň çäklerinde bina edilen desgalaryň açylyş dabarasy geçirildi. Özüni ägirt uly energiýa serişdelerini öndüriji hem-de ygtybarly işewür hyzmatdaş hökmünde tanadan Türkmenistanyň bu ägirt uly gaz känini üstünlikli özleşdirmegi onuň giň möçberli halkara taslamalaryny durmuşa geçirmäge ukyplydygyny görkezdi, ýurduň dünýä derejesindäki abraýyny ýokarlandyrdy.

Bellenilişi ýaly, häzirki dabaraly çärä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşmagy hytaý we türkmen hünärmenlerine berilýän ählitaraplaýyn goldawyň şöhlelenmesi boldy. Bu waka ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyry aňladýar.

Jenap Çen Huaýlun “CNPC” kompaniýasynyň adyndan gurluşyk işleri geçirilende häzirki zaman ylmy-tehniki esaslandyrmalaryň hem-de usullaryň ulanyljakdygyna, guýulary burawlamak işleriniň bolsa iň ýokary hilinde ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň biziň ýurdumyzdaky “International Ltd” şahamçasynyň baş direktory bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu ekologiýa taýdan howpsuz hem-de ýokary tehnologiýaly taslamanyň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigini nygtady we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de rowaçlanjakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz jenap Çen Huaýluna many-mazmunly çykyşy üçin sagbolsun aýdyp, «CNPC» kompaniýasynyň ähli işgärlerine türkmen gazynyň Hytaýa iberilýän möçberleriniň artdyrylmagyna mynasyp goşant goşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Häzirki döwürde HHR-e türkmen gazynyň 40 milliard kub metri iberilýär. Baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, mawy ýangyjyň 65 milliard kub metrini ibermegiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu görkezijiniň aňrybaş çäk däldigini, geljekde Hytaýa iberilýän tebigy gazyň mukdarynyň 100 milliard kub metre ýetiriljekdigini belledi hem-de öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde kompaniýanyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine üstünlikleri arzuw etdi.

Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we parasatly baştutanlygy bilen durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň täzeçil energetika strategiýasy netijesinde nebitgaz senagatynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan wideofilm görkezildi.

Şeýle hem hünärmen teleköpri arkaly döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, ägirt uly uglewodorod käniniň gazyp alyjy düzüminiň nobatdaky desgalarynda buraw işlerine başlamaga ak pata bermegini haýyş etdi.

Dabaraly pursat gelip ýetdi: milli Liderimiziň düwmäni basmagy bilen, “Galkynyş” gaz känindäki täze guýularyň gurluşygyna badalga berildi.

Dabara gatnaşyjylar teleköpri arkaly bu ýokary tehnologiýaly işiň barşyny synladylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçara tarap bardy we bu ýerden ugrady.

Döwlet Baştutanymyz Mary şäherine gelip, “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda ýerleşip, onuň bilen bir bitewi toplumy emele getirjek 3 müň orunlyk köpçülikleýin dabaralary geçirmäge niýetlenen desgany gurmak üçin taýýarlanan meýdança bardy. Dabara gatnaşyjylar milli Liderimizi mähirli garşyladylar. Sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, özi üçin niýetlenen ýere geçdi.

Körpe nesiller döwlet Baştutanymyzdan täze gurluşyga ak pata bermegini we ýörite gutuda ýerleşdiriljek ýadygärlik ýazgy galdyrmagy haýyş etdiler. Asylly däbe görä, bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalarynyň astynda milli Liderimiz hormatly ýaşulular bilen täze desganyň binýadyna ilkinji betony guýup, gurluşyga ak pata berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar babatda gürrüňdeş bolup, olaryň okuwlary bilen gyzyklandy. Körpeler jogap hökmünde Arkadag Prezidentimize ýaş nesil baradaky hemmetaraplaýyn atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz çagalar hem-de ýaşuly nesliň wekilleri bilen ýadygärlik surata düşdi.

Ministrler Kabinetiniň 20-nji awgustda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Mary welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy esasynda “Ak täjirçilik merkezi” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri bu desganyň taslamasyny taýýarlarlar we gurarlar. Köpçülikleýin dabaralary geçirmäge niýetlenilen binada häzirki zaman ugurdaş enjamlarynyň oturdylmagy bilen, ähli zerur şertler üpjün ediler. Binanyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý derejede abadanlaşdyrylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz “Türkmeniň ak öýi” binasyna bardy. Mälim bolşy ýaly, bu desga 2015-nji ýylyň 27-nji noýabrynda açyldy. Şol gün Mary şäherine “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty — 2015” derejesiniň berilmeginiň çäklerinde türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Binanyň özboluşly bezeginde milli ýörelgeler bilen häzirki zamanyň binagärlik we bezeg ulgamynda ýeten derejesi özboluşly utgaşýar. Onuň içki we daşky bezeg aýratynlyklary halkymyzyň abadançylygynyň, myhmansöýerliginiň nyşany bolan Türkmeniň ak öýüne mahsus ýörelgeler bilen utgaşýar. Şeýle hem ak öýüň binagärlik aýratynlygy halkymyzyň özboluşly, baý taryhy-medeni mirasyny özünde jemleýär.

Şu ýylyň tomsunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda gurlan “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Ahal welaýatynda şeýle binanyň açylyş dabarasy 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda boldy.

Milli Liderimiz “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyna geldi. Binanyň öňünde, şeýle hem bu ýerde baýramçylyk görnüşinde gurnalan köp sanly ak öýleriň ýanynda aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmeniň ak öýi” binasyna täze awtobusyň açaryny gowşurandan soň, binanyň içine girdi. Bu ýerde bagtyýar çagalar şanly waka mynasybetli taýýarlan şadyýan çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

Soňra milli Liderimiz dabaralar geçirmek üçin niýetlenen zala bardy. Bu ýerde şanly waka mynasybetli dabaraly konsert boldy.

Konsertiň maksatnamasynda köpöwüşginli milli sungatymyz, onuň gadymdan gelýän döredijilik däpleri hem-de häzirki zaman ýörelgeleri öz beýanyny tapdy.

Konsert “Binýat gurduň, Arkadag!” atly aýdym-sazly, joşgunly edebi kompozisiýa bilen başlandy. Soňra estrada we ýaş artistler, döredijilik toparlary aýdym-saz, tans hem-de folklor sungatynda öz ussatlyklaryny we zehinlerini görkezdiler.

Konsert maksatnamasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy hem girizildi. Ýurdumyzda tomaşaçylaryň uly söýgüsine mynasyp bolan bu topar onuň çäkleriniň daşynda hem meşhurlyga eýedir. Geçen ýyllaryň dowamynda “Galkynyş” topary halkara bäsleşikleriň ençemesine gatnaşyp, abraýly baýraklara eýe boldy. Toparyň daşary ýurtlarda bolan döredijilik saparlary hem uly üstünlige beslenip, tomaşaçylaryň hakyky söýgüsine mynasyp boldy.

Özüniň ajaýyp çykyşlarynda at üstündäki oýunlaryň inçe sungatyny görkezip, haýran galdyryjy akrobatik maşklaryny ýerine ýetirmek bilen, “Galkynyş” topary halkymyzyň buýsanjy hem-de baky gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň gaýtalanmajak gözelliginiň dünýädäki abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşýar.

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulan gadymy türkmen küştdepdi tansy döwürleriň mizemez baglanyşygynyň hem-de nesilleriň dowamatlylygynyň nyşanyna öwrüldi.

Konserte gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan ýerine ýetirilen hem-de türkmen halkynyň täze taryhy eýýamynda ägirt uly özgertmeleriň ruhlandyryjysy bolan öz milli Lideriniň daşyna jebisligini bütin aýdyňlygy bilen görkezen “Uzak ýaşa, Arkadag!” aýdymy dabaranyň özboluşly jemlenmesi bolup ýaňlandy.

Konsert tamamlanandan soň, körpeler hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde gül desselerini gowşurdylar. Şeýle hem binada milli amaly-haşam sungatynyň we çeper döredijiligiň dürli görnüşleri, halk senetkärçiliginiň özboluşlylygy barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilik berýän sergi ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä medeniýetine mynasyp goşant goşan türkmen halkynyň köpugurly döredijilikli zehininiň aýdyň nyşanyna öwrülen giň möçberli sergini synlady.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, “Türkmeniň ak öýi” binasyndan çykdy we bu ýerden ugrady.

Döwlet Baştutanymyz ýolugra Mary şäheriniň Saglygy goraýyş we anyklaýyş merkeziniň ýanynda saklandy. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan Mary welaýatynyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin niýetlenen “Tiz kömek” awtoulaglarynyň onusyny bermek barada karara gelendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen ýörite awtoulaglaryň açarlaryny gowşuryp, halkymyzyň, aýratyn-da, körpe nesillerimiziň saglygyny goramak bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň üns merkezinde hemişe saklanjakdygyny belledi.

Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärleriniň adyndan ýaş nesiller we ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak ugrunda edýän aladasy üçin, milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz lukmanlara alyp barýan jogapkärli we asylly işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň dabaralar zalynda şanly waka mynasybetli berlen toý sadakasyna gatnaşdy, baýramçylyk sadakasy dutarçy-bagşylaryň, sazandalaryň we aýdymçylaryň çykyşlary bilen utgaşdy.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, şu gün Mary welaýatynda guralan çäreleriň uly ähmiýetini belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, sahawatly türkmen topragynda baýramçylyk dabaralary dowam edýär, olaryň barşynda Mary şäherinde häzirki zaman ýaşaýyş jaý toplumy, şeýle hem Baýramaly şäherinde halyçylyk önümhanasy açylar, munuň özi täze iş ýerleriniň döredilmegi bilen bir hatarda, ene-mamalarymyzdan miras galan halyçylyk sungatynyň has-da ösdürilmegine ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyz taryhda öçmejek yz galdyran gadymy Maru-Şahu-Jahanyň Beýik Ýüpek ýolunyň örän möhüm çatrygynda ýerleşendigini aýtdy. Soňra hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde sungat işgärleri dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halkynyň döredijilik ýörelgelerini mynasyp dowam edýärler.

Özüniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy baýram edilýän ýylda Watanymyz Bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmegini dowam edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyzyň belent halkara abraýynyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň syýasy ugrunyň esasyny ata-babalarymyzyň parasatly ynsanperwer ýörelgeleri, şol sanda ýaşuly nesliň wekillerine hormat goýmak däpleri düzýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki dabaralar mynasybetli guralan konsertde sungat ussatlarynyň çykyşlaryna ýokary baha berdi, konserte hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler hem tomaşa etdiler. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde konsertde çykyş eden Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Kakageldi Çaryýewiň bardygyny aýdyp, ondan “Ýaşlaň arasynda garrylar gerek” diýen aýdymy ýerine ýetirmegi haýyş etdi.

Milli Liderimiziň haýyşy uly joşgun we ylham bilen ýerine ýetirildi.

Toý sadakasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şol gün döwlet Baştutanymyz Aşgabada gaýdyp geldi.

***

Şu gün Mary şäheriniň Magtymguly köçesinde gurlan ýedi gatly 188 öýli ýaşaýyş jaý toplumynyň dabaraly açylyşy boldy. Ony Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy gurdy.

Durmuş maksatly täze desga häzirki zaman talaplaryna doly laýyklykda bina edildi. Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda ulanmaga berlen we Mary şäheriniň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat bolan ýaşaýyş jaý toplumy bäş bölekden ybaratdyr. Onuň birinji gatynda söwda ulgamynyň kärhanalary ýerleşýär.

Jaý toýlaryny toýlaýanlaryň öýlerinde oňaýly ýaşamak üçin ähli şertler döredilipdir. Ýaşaýyş amatlylygyny üpjün etmek üçin degişli düzümler, şol sanda çagalar üçin oýun meýdançalary, awtoulag duralgalary göz öňünde tutulypdyr. Toplumyň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, gülzarlyga öwrülipdir.

Şeýle hem şol gün Baýramaly şäherinde täze halyçylyk önümhanasy açyldy. Ol “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň buýurmasy esasynda guruldy.

Döwrebap ugurdaş enjamlar hem-de degişli inženerçilik-tehniki ulgamlar bilen üpjün edilen önümhanada halyçy gelin-gyzlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Şonuň ýaly-da naharhana, dynç alyş otagy, lukmançylyk bölümi, iş otaglary, maslahatlar zaly, ussahana, çig maly we taýýar önümi saklamak üçin ammar bar. Bu ýerde haly muzeýi hem ýerleşýär. Bu önümhana Mary çeper halyçylyk kärhanasyna degişli şeýle desgalaryň ýedinjisidir. Onda şanly waka mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi guraldy.

Mary we Baýramaly şäherlerinde geçirilen dabaralara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşy, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda ýadawsyz alada edýändigi, “Döwlet adam üçindir!” diýen çuňňur manyly şygarda öz many-mazmunyna eýe bolan durmuş maksatly syýasaty durmuşa geçirýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Däp bolşy ýaly, tapawutlanan gurluşykçylara milli Liderimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Şeýlelikde, Mary welaýatynda guralan dabaralar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhy ýylýazgysyna täze sahypany ýazdy. Bu wakalar Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesini dabaralandyrýan ýylynda Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy we halkymyzy özüniň saýlap alan parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe alyp barýar.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/38279