TÜRKMENISTANDA MALDARÇYLYK PUDAGYNY ÖSDÜRMEGIŇ MÖHÜM JÄHTLERI

           Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistan özüniň ykdysady kuwwatyny yzygiderli berkitmek ugrunda toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň ygtybarly ykdysady binýadyny kemala getirmek we pugtalandyrmak işleri ýurt Garaşsyzlygyny hemmetaraplaýyn berkitmegiň aýrylmaz şerti hökmünde strategik maksatlaryň hatarynda öňe sürülýär. Ýurdumyzyň oba hojalygyny, şol sanda maldarçylyk pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we ösdürmeklik bu ugurdaky işleriň baş ugurlarynyň biridir. Maldarçylyk oba hojalygynyň möhüm we ekerançylyga garanyňda has girdejili pudaklaryndan biri hasaplanylýar. Bu pudak ekerançylyk bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ekerançylykda ekilen ähli ekinleriň galyndy otlary, däneleriniň harpygy oba hojalyk mallaryna iýmlik hökmünde ulanylýar. Maldarçylygyň esasy pudaklaryndan dowardarçylyk, iri şahly maldarçylyk, gylýalçylyk, düýedarçylyk, ýüpekçilik, balaryçylyk, balykçylyk döwletimiz üçin juda häsiýetlidir. Maldarçylyk pudagynyň döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda institusional-hukuk esaslarynyň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi üçin ylmyň soňky gazananlaryny, häzirkizaman usullaryny we tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak meselesi döwlet tarapyndan barha kadalaşdyrylýar. Maldarçylyk önümleri ilata iýmit (et, süýt, ýag, bal, ýumurtga we ş.m.), senagat kärhanalary üçin çig mal (ýüň, deri, gön, mişi, çöpür, guş ýelegi, et­, süýt balyk uny we beýlekiler) bolup hyzmat edýär. Soňky ýyllarda oba hojalygynda maldarçylyk önümleriniň öndürilişi bilen deňeşdirilende ekerançylyk önümleriniň öndürilişiniň depgini has-da artdy. Ýagny 2015-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli hasabat döwründe maldarçylykda 127 göterim  ösüş gazanylan bolsa, ekerançylykdaky ösüş depgini 287 göterime barabar boldy. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, ýurduň maldarçylyk pudagynda hususy hojalyklaryň paýy ortaça 90 göterimden geçdi. Mysal üçin, 2022-nji ýylda mallaryň we guşlaryň baş sany boýunça oba hojalyk kärhanalary bilen  hususy hojalyklaryň paýy deňeşdirilende, gara mallaryň umumy sanynda döwletiň paýy 1,6 göterimini tutýan bolsa, onuň 98,4 göteriminiň hususy tarapyň paýyna degişlidigi görünýär. Has takygy, dowarlaryň baş sany boýunça döwlet sektorynyň paýynyň 8,4 göterime, hususy sektoryň paýynyň 91,6 göterime, düýeleriň baş sany boýunça döwletiň paýynyň 21,7 göterime, hususy pudagyň paýynyň 78,3 göterime, gylýallaryň baş sany boýunça bolsa döwlet eýeçiligindäki mallaryň paýynyň 14,5 göterime, hususyýetçilikde idedilýän gylýallaryň paýynyň 85,5 göterime barabardygyny, şeýle-de guşlaryň baş sany boýunça döwletiň paýy 1,32 göterime deň bolup, hususy tarapyň paýynyň 98,68 göterime ýetendigini bellemek gerek.  Garaşsyzlyk ýyllarynda hususy hojalyklarda saklanylýan mallaryň sanynyň birnäçe esse artmagy maldarçylyk bilen meşgullanýan hususy hojalyklara döwlet tarapyndan berilýän netijeli goldawyň, ilkinji nobatda, ykdysady işiň bu görnüşine salgyt salynmazlygynyň netijesidir. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň köpüsinde, şol sanda Russiýa Federasiýasynda geçirilen ylmy barlaglarda maldarçylyk önümleriniň  bäsdeşlige ukyplylygyny, şol bir wagtda pudagyň maliýe netijeliligini diňe pudagy ýokary hilli ot-iýmlik ekinler bilen üpjün etmegiň esasynda gazanyp boljakdygy bellenilýär. Maldarçylykda süýt öndürmegiň ykdysady netijeliliginde, çykdajylaryň düzüminde ot-iýmligiň paýynyň 60 göterimden gowrakdygyny, mallaryň we guşlaryň diri agramyny ýokarlandyrmak boýunça çykdajylaryň düzüminde ot-iýmligiň paýynyň degişlilikde  75-80 göterimden hem geçýändigini ylmy hasaplamalar görkezýär. Geçirilen ylmy barlaglaryň netijeleri ýylyň dowamynda öndürijilik kuwwatynyň üçden bir bölegini seleksiýa işi we ideg işlerini dogry berjaý etmegiň şertleri tutýan bolsa,  galan iki bölegini mallary ot-iýmlik ekinler bilen üpjün etmek we belok deňagramlylygy kadalarynyň esasynda  iýmitlendirmek işiniň tutýandygyny subut edýär1. Geçen 2021-nji ýylda Türkmenistanda ot-iýmlik ekinleri üçin 26,5 müň gektar ekin meýdany bölünip berildi, şolardan 16,8 müň gektary ýa-da 63,3 göterimi  oba hojalyk kärhanalaryna we 9,7 müň gektary ýa-da 36,7 göterimi bolsa hususy hojalyklara degişlidir. Ozaly bilen ýurdumyzda maldarçylyk pudagy üçin tebigy iýmleriň boldan öndürilmegi hem-de olaryň gaýtadan işlenilen ýagdaýynda rasion boýunça peýdalanylmagy ilaty bolelin, howpsuz azyk önümleri bilen üpjün etmegiň häsiýetli aýratynlygy bolmagynda galýar. Bu ugurda türkmen sähralyklaryny, öri meýdanlary, täsin tebigatly dag-düzlükleri aýawly hem netijeli peýdalanmak boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek agrosenagat pudagynyň esasy wezipesi bolup durýar. Şeýle syýasatyň ýokary derejede durmuşa geçirilmegi, ilki bilen, pudagyň ykdysady netijeliligine, şeýle-de ýurdumyzda günsaýyn artýan et we et önümlerine, ýumurtga, süýt we süýtturşy önümlerine bolan islegiň doly kanagatlandyrylmagyna, olaryň satylyş we satyn alyş nyrhlarynyň elýeter derejede saklanylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. 


Türkmenistanyň 2021-nji ýylda hojalyklaryň toparlary boýunça ot-iýmlik ekinleriň hasyllylygy, bir gektardan sentner2






1-nji diagramma

Ýokardaky 1-nji diagrammadan görnüşi ýaly, maldarçylyk pudagyna niýetlenilen ot-iýmlik ekinleriň hasyllylygy hojalyk toparlary boýunça deňeşdirilende, bu görkezijileriň hususy hojalyklarda oba hojalyk kärhanalaryna garanyňda has ýokarydygy ýüze çykýar. Mysal üçin, Türkmenistan boýunça ortaça hasaba alanyňda, siloslyk we gök ot üçin mekgejöwen hem-de bede ýaly köp ýyllyk otlaryň bir gektarynyň hasyllylygy degişlilikde 46,8 we 61,5 sentnere deňdir. Bu hasyllylyk görkeziji, oba hojalyk kärhanalarynda ekilen meýdanyň bir gektarynda degişlilikde 41,7 we 40,2 sentnere hem-de hususy hojalyklar boýunça ekilen meýdanyň bir gektarynda degişlilikde 55,6 we 84,5 sentnere barabardyr. Türkmenistanda maldarçylyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de yzygiderli artdyrmak we mallaryň baş sanyny köpeltmek pudagyň ot-iýmlik binýadynyň ýagdaýyna gönüden-göni bagly bolup durýar. Häzirki döwürde mallary zerur bolan mukdarda ýokary hilli ot-iýmlik binýady bilen üpjün etmek möhüm wezipeleriň biridir. Bu ugurda, bir tarapdan, ot-iýmlerde ýokumly maddalaryň düzümine we konsentrasiýasyna üns berilmeli bolsa, ikinji tarapdan, berilýän ot-iýmlikleriň  mallaryň zerurlyklaryna laýyk gelmegine, ýagny olaryň baş sanynyň köpelmegine we önüm berijilik döwrüne bagly bolmagyna üns berilmeli. Geljekde döwlet derejesinde maldarçylyk pudagyny mundan beýläk-de durnukly we ygtybarly ösdürmek boýunça geçiriljek çärelerde şu aşakdaky işler yzygiderli dowam etdirilmelidir. Olar: ilatyň şahsy kömekçi hojalyklarynda saklanylýan mallaryň döwrebap tehnologiki enjamlar we ýeterlik mukdarda ot-iýmlik binýady bilen üpjün edilmegi; oba ýerlerinde mal bakmak üçin öri meýdanlaryň anyk kesgitlenilmegi we ýeterlik derejede giňeldilmegi; ekin dolanyşygyndaky suwarymly ýerlerde ot-iýmlik ekinleriň paýynyň artdyrylmagy, öri meýdanlaryň zaýalanmagynyň we öndürijilik kuwwatynyň peselmeginiň öňüniň alynmagy; weterinariýa hünärmenleriniň ýörite ugry boýunça işlemeginiň gazanylmagy  hem-de zähmet hakynyň artdyrylmagy we ýurduň içinde öndürilýän maldarçylyk dermanlarynyň sanawynyň giňeldilmegi; suw üpjünçiliginiň ýeterlik derejesiniň gazanylmagy arkaly uzakdaky öri meýdanlaryň öndürijilik kuwwatynyň ýokarlandyrylmagy; maldarçylyk pudagyndaky ylmy açyşlaryň we rasionalizatorçylyk teklipleriň döwlet tarapyndan höweslendirilmegi we ýokary derejeli zootehnik hünärmenleriň öz hünär ugry boýunça işe ýerleşmegine goldaw berilmegidir. Türkmenistanda maldarçylyk pudagyny ösdürmek boýunça geçirilen SWOT seljermesinde ýüze çykan aşakdaky täsirleriň hasaba alynmagy we olary ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň agrosenagat toplumynda hemişe gözegçilikde saklanylmagy pudagyň ykdysady netijeliligini ýokary götermekde hökmany hasaplanylýar:

Içerki gurşawyň güýçli taraplary: heniz ulanylmadyk öri meýdanlaryň ýeterlik derejede bolmagy; adaty öri meýdanlarda çarwadarçylyk medeniýetiniň ýokary derejesi; zerur hasaplanylýan zähmet gorlaryň artykmaçlygy (oba ilatynyň paýynyň ýurduň umumy ilatynyň 53,3 göterimini düzmegi); bäsdeşlige ukyply we köpugurly oba hojalyk önümlerini öndürmäge we ýurduň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän toprak we howa şertleriniň, maldarçylyga niýetlenilen zolaklaryň agdyklyk etmegi (dag, çöl, düzlük, takyrly örüler); maldarçylyk önümçiliginiň guramaçylyk görnüşlerinde köp gurluşly düzümleriň bolmagy; ýakyn goňşy we sebit ýurtlarda türkmen azyk önümlerine bolan islegiň juda ýokarylygy.

Içerki gurşawyň gowşak taraplary: maldarçylyk pudagynda iş alyp barýan şahsy hojalyklarda kiçi göwrümli önümçiligiň agdyklyk etmegi; maldarçylyk pudagynda söwda gatnaşyklarynyň, gaýtadan işleýän senagatyň we aragatnaşyk, kommunikasiýa hem-de logistika infrastrukturasynyň ýeterlik bolmadyk derejesi; öri meýdanlaryň kem-kemden çölleşmegi; käbir ýyllarda howa şertleriniň ýokary töwekgelçilikleri; suw serişdeleriniň ajamagy we çäkliligi.

Daşky gurşawyň mümkinçilikleri: milli bäsdeşlik artykmaçlyklaryny ösdürmäge esaslanýan doly çykymly maldarçylyk önümçilikleri ýola goýmak; maldarçylyk önümlerini daşarky bazara çykarmak boýunça amatly geografik şertlerden netijeli peýdalanmak; suwarymly ýerleriň ekin meýdanlaryny ulanmak boýunça ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmak; ot-iýmlik ekinleriň we öri meýdanlaryň harajatlaryny azaltmak we düşewüntliligini ýokarlandyrmak; maldarçylyk pudagynda daşky gurşawy goramak we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek; maldarçylyk pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça amatly şertleri döretmek, kanunçylyk binýadyna gaýtadan seretmek.

Daşky gurşawyň töwekgelçilikleri: global howanyň üýtgemeginiň adaty oba hojalyk tehnologiýalaryna ýaramaz täsiri, Aral deňziniň ýurduň demirgazyk sebitlerine ýetirýän zyýany; dünýä halkara bazarlarynda, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň arasynda bäsdeşligiň ýokarlanmagy; oba we şäher ilatynyň girdejilerindäki we eklençlerindäki aratapawut; şäherleşme we iş orunlary bilen bagly oba ilatynyň paýynyň azalmagy (oba ilaty 2007-nji ýylda 57,4 göterime, 2021-nji ýylda 53,3 göterime deň); dünýäniň maliýe bazarlarynda durnuksyz ýagdaýyň ýüze çykmagy.

Biziň pikirimizçe, Türkmenistanyň maldarçylyk pudagyny ösdürmek bilen bagly geçirilen SWOT seljermesiniň netijeleri döwlet derejesinde  aşakdaky çäreleriň ýerine ýetirilmegini talap edýär: Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda we beýleki pudaklaýyn maksatnamalarda ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulan meýilnamalaýyn işlerdäki maldarçylyk desgalaryň doly gurlup ulanylmaga berilmegini gazanmak; azyk önümlerini satyn almak ukybyny artdyrmak we nyrhlaryny peseltmek boýunça umumy söwda, aýratyn-da, bazar infrastrukturasyny ýeterlik derejede giňeltmek; maldarçylyk pudagyny durnukly ýagdaýda ösdürmek boýunça hususy hojalyklaryň we daşary ýurtly maýadarlaryň gatnaşmagynda uzakmöhletleýin maýa goýum taslamalaryny işläp düzmek we ýerine ýetirmek; howa şertleri bilen bagly ýokary töwekgelçilikleri öňünden çaklamak we ýaramaz hadysalaryň öňüni almak boýunça döwlet goldawyny işläp düzmek; maldarçylykda suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we onuň ulanylyşyny kadalaşdyrmak. Umuman, dünýä tejribesinde maldarçylyk pudagynyň netijeliligi, esasan, mallaryň we guşlaryň önüm berijiligini artdyrmagyň hasabyna ýokarlandyrylýar. Häzirki döwürde biziň şertlerimizde hem şahsy we daýhan hojalyklarynda maldarçylyk önüminiň öndürilişini  artdyrmak üçin döwlet tarapyndan hemme mümkinçilikler döredilýär we maliýe goldawy berilýär. Muňa garamazdan, şahsy hojalyklarda az sanly mal saklaýanlar üçin maldarçylygyň önümçilik binýadyny ýokarlandyrmaga, ýagny tohum mallary, guşlaryň dürli görnüşlerini daşary döwletlerden satyn almaga, olary köpeltmäge, idetmäge niýetlenilen enjamlary, gurallary we serişdeleri (ýöriteleşen awtoulaglary, inkubator, ot-iým ýygyjylary, kerçeýjileri, gurallary, weterinar dermanlary, sanjym serişdeleri we ş.m) satyn almaga gönükdirilen uzak möhletli, ýeňillikli karzlary bermegiň täzeçe usulynyň girizilmegi-de pudagyň maliýe netijeliligine oňyn täsirini ýetirer. Oba hojalygynda düýpli ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça çäreler ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda geçirilýän özgertmelerden düýpli tapawutlanýar. Esasan hem, pudakda düýpli maýa goýumlary we ösen innowasion tehnologiýalary täze açylýan ekerançylyk ýerlerini özleşdirmäge, suw üpjünçiligini gowulandyrmaga, maddy tehniki binýadyny ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Mundan başga-da, oba ýerlerinde täze iş orunlaryny döretmek we oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, agrosenagat toplumyny ösdürmäge gönükdirilen daşary ýurt maýa goýumlaryň möçberi yzygiderli artýar. Aýratyn hem, kabul edilýän uzakmöhletleýin maksatnamalarda oba ýerlerinde maldarçylyk önümlerine esaslanýan dokma we azyk senagaty kärhanalaryny döretmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň oba hojalykçylar üçin döredýän giň mümkinçiliklerinden  ýerlikli peýdalanyp, halkara tejribesini we innowasion usullary öwrenmek hem-de önümçilige ornaşdyrmak, ikinji derejeli banklaryň maldarçylyk pudagyny üznüksiz maliýeleşdirmek boýunça alyp barýan işlerinde pes göterimli karzlary bermegiň has netijeli we işjeň görnüşlerini ýola goýmak, söwda ulgamynda we logistika infrastrukturasynda sanly tehnologiýalary özleşdirmek maldarçylyk pudagyny ösdürmegiň netijeli guraly boljakdygyny ynamly aýtsa bolar. 


Hangeldi Gurbangeldiýew,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky 

Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň

 Ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy