Türkmenistan — ÝUNESKO: milletiň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda Garaşsyz döwletimizde medeniýetiň, edebiýatyňdyr sungatyň gülläp ösmegi üçin hem ähli şertleriň döredilýändigini, milli mirasymyzy gorap saklamak, baýlaşdyrmak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, olaryň öz ajaýyp miwelerini berýändigini belläp, ýaňy-ýakynda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi mynasybetli ýurdumyzyň ähli halkyny tüýs ýürekden gutlady.

Milli medeni mirasy aýawly saklamaga we öwrenmäge, türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine goşandyny wagyz etmäge aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň ähmiýetini hemişe nygtaýar.

2021-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň üç ýyl möhlet üçin guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna hem-de 2021-nji ýylyň 18-nji noýabrynda, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 41-nji mejlisiniň barşynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň hökümetara geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy ýurdumyzyň BMG-niň bu ýöriteleşdirilen guramasy bilen özara gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamakda möhüm tapgyr boldy. Ýerine ýetiriji geňeş ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň ýolbaşçy edarasy bolup durýar. Hökümetara geňeş Halkara gidrologiýa maksatnamasyny meýilleşdirmek, onuň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak bilen meşgullanýar. Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň düzümleriniň agzalygyna saýlanylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa we suw diplomatiýasynyň nobatdaky ýeňşidir.

Ylym-bilim, medeniýet we taryhy-binagärlik ýadygärliklerini aýawly saklamak ulgamlary hem-de ekologiýa ugry boýunça köpýyllyk gatnaşyklar Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň innowasion ösüş, sanlylaşdyrmak, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanmak ýoluna düşmegi bilen baglylykda, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek we ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikler açylýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda geçirilýän, gatnaşyklary ýola goýmaga we pugtalandyrmaga hem-de ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen dürli çäreler medeni-ynsanperwer ulgamda halkara gatnaşyklary berkitmegiň kepili bolup hyzmat edýär. Bu abraýly düzüm bilen hyzmatdaşlygyň çäginde türkmen hünärmenleri tarapyndan daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde, ýurdumyzdaky ýadygärlikleriň arasyndan käbir täsin desgalar saýlanyp alyndy. Soňra şol desgalar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi. Olaryň hatarynda umumadamzat gymmatlygynyň üç sany täsin taryhy-arheologik ýadygärligi — Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaýyň Parfiýa galalary bar.

2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri onuň iň işjeň agzalarynyň biri bolup durýar. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna “Görogly” dessançylyk sungaty (2015-nji ýyl), “Küştdepdi” türkmen milli aýdym we tans sungaty (2017-nji ýyl), türkmen milli halyçylyk sungaty (2019-njy ýyl) girizildi. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Efiopiýanyň Addis-Abeba şäherinde Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky hökümetara komitetiň mejlisiniň barşynda Nowruz baýramy bilen bagly meselä garaldy we ol ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.

2020-nji ýylda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň döredilmegi BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça düzümi bilen özara gatnaşyklarda möhüm ädim boldy. Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we bu toparyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Karara gol çekip, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň düzümini we topar hakyndaky Düzgünnamany tassyklady.

2021-nji ýylda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň gatnaşyklary işjeň ösdürildi. Bu ugurdaky işleriň döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylyň «Ýol kartasynda» beýan edilen ýörelgeler hem-de çäreler bilen sazlaşykly alnyp barlandygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze derejä çykarylmagyny göz öňünde tutýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köp desgalary, türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmäge hödürlemek işini dowam etdirmek başlangyjyny öňe sürdi. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly gadymy we uly türkmen şäherlerinde ýerleşen ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlemek boýunça işler alnyp baryldy.

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynyň gerimini giňeltmek boýunça işler işjeň dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu sanawa türkmen däp-dessurlary hem hödürlenilýär. Şolaryň hatarynda asyrlaryň dowamynda baý tejribe toplan täsin milli mekdepler bar. Olar ahalteke atçylygy we alabaý tohum itlerini köpeltmek bilen baglanyşyklydyr. Dutar özüne bu saz guralyny taýýarlamak, ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny birleşdirýär.

Hereketleriň bilelikdäki üçýyllyk meýilnamasynda ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň ählumumy ulgamyna Aşgabady “Dizaýn”, Türkmenabady “Senetler we halk döredijiligi”, geljekde bolsa Mary şäherini “Edebiýat” ugurlary boýunça girizmäge taýýarlyk görmek göz öňünde tutulýar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa fakultetinde taryhy şäherleri ösdürmekde ÝUNESKO-nyň standartlaryny okatmak üçin ýörite okuwlary açmak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, medeniýet, bilim, ylym, sport, ýaşlar syýasaty ulgamlarynda we beýleki ugurlarda köp sanly taslamalary amala aşyrmak bellenilýär.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek, geljekde bolsa ýurdumyzyň şäherleriniň orta mekdeplerini ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň halkara ulgamyna goşmak maksat edinilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň öňe sürýän, Türkmenistanyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy-medeni ýadygärliklerini aýawly saklamaga we wagyz etmäge, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlarymyz Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNESKO-nyň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi bellärliklidir.

Geçen ýylda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça uly işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň 2021-nji ýylyň 13-nji martynda kabul eden “Bilim ulgamynda hukuk kemsitmelerine garşy göreşmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda”, “Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda” kararlaryny bellemelidiris. Şu güne çenli ýurdumyz ÝUNESKO-nyň jemi 12 konwensiýasyna goşuldy.

ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisleri, geçen ýylyň dowamynda geçirilen maslahatlaryň we sanly ulgam arkaly guralan duşuşyklaryň birnäçesi abraýly halkara gurama bilen gatnaşyklary giňeltmek, işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek hem-de anyk netijeleri gazanmak meselelerine bagyşlandy. Şol çärelere ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr esasy hünärmenleri gatnaşdylar. 2021-nji ýylyň 14-nji iýunynda Aşgabatda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň “Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy we umumadamzat gymmatlyklary” atly mowzugy boýunça okuw maslahaty geçirildi. Geçen ýylyň 17-nji noýabrynda sanly ulgam arkaly pudagyň, köp ýurtlaryň ugurdaş kompaniýalarynyň we assosiasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de bilermenleriniň gatnaşmagynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat guraldy.

Şeýle hem geçen ýylda ÝUNESKO-nyň “Adam we biosfera” maksatnamasynyň çäklerinde gatnaşyklar giňeldildi, ony durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler görüldi. ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli topary dünýäniň palçyk wulkanlarynyň ählisiniň ýarysyna golaýynyň jemlenen ýeri bolan Balkan welaýatyndaky palçyk wulkanlaryny örän gyzykly wulkanly sebiti hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizmek boýunça bu düzüm bilen bilelikde iş alyp barmagy meýilleşdirýär. Munuň özi gaýtalanmajak landşaft-geologik düzümleri öwrenmek hem-de aýawly saklamak üçin täze mümkinçilikleri açar.

Köýtendagyň dag ekologik ulgamyny we onuň gowaklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça milli hödürnama taýýarlanylýar. Bu resminamanyň ylmy-barlag we maglumat ugurlaryny pugtalandyrmak maksady bilen, türkmen hünärmenleri Uly landşaftlary gorap saklamak merkezindäki (CLLC, ABŞ) kärdeşleri bilen bilelikde işjeň gepleşikleri alyp barýarlar.

Türkmenistanyň döwlet tebigy goraghanalarynyň üçüsi — Repetek biosfera, Bereketli Garagum hem-de Gaplaňgyr goraghanalary ÝUNESKO-nyň Biosfera goraghanalarynyň bütindünýä ulgamyna girizilmäge dalaş edýär. Bu ugurda işleri yzygiderli we maksadalaýyk dowam etdirmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň “Adam we biosfera” maksatnamasy boýunça Milli komitet döredildi we onuň Tertipnamasy işlenip taýýarlanyldy.

ÝUNESKO-nyň “UNITWIN” maksatnamasy bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen halkara taslamadyr. Hususan-da, geçen ýylyň 4-nji dekabrynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanylyp geçirilen “Türkmenistan — ÝUNESKO” atly maslahatyň barşynda bu taslamanyň ähmiýeti açylyp görkezildi. Maslahata gatnaşyjylara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek we ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 6-syny bu guramanyň assosirlenen mekdepleriniň ulgamyna girizmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Kafedra döredilenden soň, oňa ýörite nyşan berilýär. Halkara uniwersitetler assosiasiýasy hem-de dünýäniň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçilikler açylýar.

ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasy dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň gadymy ýazuw ýadygärliklerini goramak boýunça halkara taslamasy bolup durýar. Şu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde, ýurdumyzda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň ýygyndysyny ýokarda agzalan halkara sanawa girizmek üçin resminamalar taýýarlanyldy we guramanyň sekretariatyna iberildi.

Geçen ýylda sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň we sebit edarasynyň wekilleriniň milli gymmatlyklarymyzy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek üçin bilelikdäki teklipleri taýýarlamak boýunça iş duşuşygy geçirildi, hususan-da, “El işleri sungatynyň” resminamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň 3-nji mejlisiniň barşynda bu guramanyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna taryhy ýadygärlikleri girizmek hem-de onuň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna keçe we demirçilik senedini, türkmen tazysyny hem-de elguşçulyk sungatyny girizmek üçin deslapky hödürnama resminamasyny taýýarlamak işi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Türkmenistan “Ahalteke bedewlerini seýislemek sungaty”, “Türkmen alabaý itlerini ýetişdirmek sungaty”, “Türkmen keçe sungaty”, “Türkmen demirçilik senedi”, “Türkmen tazysy we elguşy”, “Türkmen milli göreşi”, “Türkmenleriň ýerasty kärizleri we mirapçylyk däpleri” ugurlary boýunça teklipleri hödürledi.

Şeýlelikde, döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň aýawly saklanmagyny we wagyz edilmegini üpjün etmäge, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlar Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň we tutuş adamzadyň belent ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň bähbidine medeni we ylmy diplomatiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir.

(TDH)