Türkmenistan-ÝTÖB: kiçi we orta telekeçiligiň taslamalarynyň maliýeleşdirilmegi maslahatlaşyldy

Sişenbe güni Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy we bankyň Londonda ýerleşýän merkezi edarasynyň wekilleri bilen iş maslahaty geçirildi.

Ministrligiň resmi sahypasynda habar berlişi ýaly, maslahatyň barşynda ÝTÖB bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegi uly bolan ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň dowamynda ÝTÖB tarapyndan Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça işler barada pikir alşyldy we bu ugurda netijeli hyzmatdaşlyk etmäge uly mümkinçilikleriň bardygy barada bellenildi.

Maslahata gatnaşanlar ÝTÖB bilen häzirki wagtda alnyp barylýan işleriň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hususy bölegini ösdürmek ugrunda hem-de bu maliýe edarasy bilen “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna oňyn täsirini ýetirjekdigini bellediler.



https://business.com.tm/tm/post/6529/turkmenistanytob-kichi-we-orta-telekechiligin-taslamalarynyn-maliyeleshdirilmegi-maslahatlashyldy