Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew möhüm resminama gol çekilmegini mübäreklediler
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçýän şu baýramçylyk ýylynyň ilkinji günleri möhüm wakalaryň ençemesine beslendi. Şol wakalaryň hatarynda golaýda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina — Andhoý beketleriniň arasynda uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýoluň, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt, uzynlygy 153 kilometre barabar bolan elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de «Malaý» ýatagynda täze gaz gysyjy bekediň açylyş dabaralary bar. Bularyň ählisi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň möçberli taslamalarynyň başyny başlaýan we yzygiderli durmuşa geçirýän milli Liderimiziň döredijilik syýasatynyň aýdyň netijesidir. Örän gysga möhletde amala aşyrylan taslamalar goňşy ýurtlar bilen öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini pugtalandyrmaga, hyzmatdaş ýurtlaryň, şeýle hem tutuş sebitiň ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam etmelidir.
Hazardaky iri «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça täze giň gerimli taslama hem şuňa gönükdirilendir. Bu taslama ýakyn geljekde azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylar. Şeýlelikde, biz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly meýilnamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň şaýatlary bolýarys. Milli Liderimiziň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda «Açyk gapylar» hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Aşgabat, 21-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew onlaýn görnüşde bu möhüm resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Bu resminamada gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi beýan edilýär.
Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramowy kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Azerbaýjanyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny nygtady.
Milli Liderimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm resminamasyna gol çekmek üçin Aşgabada gelen Azerbaýjanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysyny mübärekläp, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda dostlukly Azerbaýjan Respublikasy bilen däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge ygrarlydygyny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda hut özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň ýokary derejesiniň hem-de taraplaryň sebitiň we dünýäniň gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça çemeleşmeleriniň we garaýyşlarynyň ýakyndygynyň köpugurly hem-de örän netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýandygy bellenildi.
Prezident Ilham Aliýewiň 2018-nji ýylda Aşgabada bolan resmi saparynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň martynda Baku şäherine bolan resmi saparynyň barşynda ylalaşyklaryň 39-syna gol çekildi. Şol ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi iki döwletiň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine hyzmat eder.
Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda möhüm ugurlaryň ençemesinde, şol sanda ýangyç-energetika hem-de ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda iki ýurduň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy.
Bu gün Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň sebit taslamalarynyň ençemesiniň, şol sanda “Lapis Lazuli” halkara ulag geçelgesiniň taslamasynyň başyny başlan we ony durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan ýurtlardygy nygtaldy. Bu geçelgeden netijeli peýdalanmak döwletara söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de hyzmatdaş ýurtlaryň durnukly ykdysady ösüşine ýardam eder.
Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda, şu ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň pudagara toparynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşdäki üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Şonuň netijeleri boýunça taraplar Lazurit geçelgesi (“Lapis Lazuli”) boýunça hyzmatdaşlygyň “ýol kartasyna” gol çekdiler.
Milli Liderimiz hem-de Azerbaýjanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň, şol sanda iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde okgunly ösýändigine kanagatlanma bildirip, taraplaryň uzak möhletleýin hem-de özara bähbitlilik esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar.
Şunuň bilen baglylykda, ýokary hem-de hökümetara derejelerde gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm orun eýeleýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň işine oňyn baha berildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmekde iki iri energetika döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmek boýunça köpýyllyk işiň netijelidigi kanagatlanma bilen bellenildi. Şu gün Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi şol uly işiň aýdyň netijesidir.
Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň belleýşi ýaly, munuň özi hoşniýetli goňşuçylyk, dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de Hazaryň biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan dostluk, hyzmatdaşlyk deňzidigini ýene-de bir gezek tassyklaýan taryhy wakadyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri J.Baýramow bu möhüm resminama gol çekilmeginiň türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynda täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýandygyny belläp, döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de türkmen we azerbaýjan halklaryna bagt, parahatçylyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Soňra Azerbaýjanyň wekiliýeti ýurdumyzyň Daşary işler ministrligine ugrady. Şol ýerde ýokarda agzalan Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.
Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrýan bu möhüm resminama gol çekmek dabarasyna göni wideoaragatnaşyk arkaly iki döwletiň Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew gatnaşdylar.
Ilki bilen Türkmenistanyň Prezidentine söz berildi.
Döwlet Baştutanymyz azerbaýjanly kärdeşi bilen salamlaşyp hem-de onlaýn görnüşdäki duşuşyga gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, şu günüň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryndaky örän wajyp gündügini belledi. Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilýär.
Bu resminama biziň ýurtlarymyzyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge, iki iri energetika döwletleriniň ägirt uly özara mümkinçiliklerini açmaga, Hazar deňziniň sebitinde durnukly energetika ösüşi, giň we özara bähbitli halkara gatnaşyklar üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen işleriniň netijesi bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 2020-nji ýylyň mart aýynda Baku şäherine bolan resmi saparyň dowamynda Prezident Ilham Aliýew bilen Hazar deňzinde energetika babatdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy we onuň ugurlary seljerildi. Netijede, Hazaryň iri uglewodorod serişdeleri känleriniň birinde bilelikdäki işi ýerine ýetirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy. Şunda, raýdaşlygyň, birek-birege hormat goýmagyň we goldaw bermegiň bu işiň esasy ugurlarydygy nygtaldy. Hut şonuň üçin hem bu käne “Dostluk” diýip at bermek hakyndaky umumy çözgüdimiz çuňňur mana eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýokarda agzalan ylalaşygyň hem-de kabul edilen çözgüdiň hoşniýetli goňşuçylyk, jogapkärçilik we öňdengörüjilik hem-de deňhukuklylyk we birek-biregiň bähbidini nazara almak ýaly asylly ýörelge hökmünde biziň döwletlerimiziň taryhyna aýdyň sahypa hökmünde girjekdigi gürrüňsizdir. Munuň özi, elbetde, türkmen we azerbaýjan halklarynyň we biziň döwletlerimiziň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Ähtnama gol çekilmegi Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň Hazar deňzinde energetika babatdaky hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze tapgyryny alamatlandyrýar. Pugta halkara hukuk binýady esasynda bilelikdäki işler üçin täze mümkinçilikler açylýar, biziň sebitimize yzygiderli we uzak möhletleýin esasda iri daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin goşmaça, ygtybarly mümkinçilikler döreýär, ýurtlarymyzyň milli ykdysadyýetleriniň sazlaşykly ösüşine kuwwatly itergi berilýär. Bu bolsa täze iş orunlarynyň döredilmegine, adamlaryň ýaşaýyş derejesiniň we hiliniň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, iki ýurduň hünärmenlerine we bilermenlerine, şeýle hem bu resminamany taýýarlamaga goşant goşanlaryň hemmesine çuňňur minnetdarlyk bildirdi.
Çykyşda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli we sazlaşykly ösdürilýär.
Biz ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegi ugrunda halkara giňişlikde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýäris. Biziň ýurtlarymyzyň ählumumy gün tertibiniň energetika howpsuzlygy, halkara energetika akymlaryna goşulmak we umuman, dünýäniň energetika ulgamynyň aýratynlyklary ýaly has wajyp meseleler boýunça çemeleşmeleri umumydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki döwletiň halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklarynyň işjeň we netijeli häsiýete eýedigini aýratyn belledi. Türkmenistan özüniň halkara başlangyçlaryna üýtgewsiz goldaw berýändigi, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňe süren birnäçe Kararnamalarynyň taslamalaryna awtordaşlyk edendigi üçin Azerbaýjana minnetdardyr. Öz nobatynda, Türkmenistanyň Azerbaýjanyň halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryna we tekliplerine goldaw bermäge taýýardygyny tassyklaýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjan Respublikasynyň Goşulyşmazlyk Hereketine başlyklyk etmeginiň netijeli häsiýete eýe bolandygy we onuň Azerbaýjanyň hem-de ýurduň ýolbaşçysynyň belent abraýyny tassyk edendigi bellenildi.
Goşulyşmazlyk Hereketiniň 2019-njy ýylyň oktýabrynda geçirilen sammitiniň dowamynda Türkmenistan goşulyşmaýan döwletleriň adalatly we açyk ýörelgelere, energiýa çeşmelerine we ony ugratmagyň serişdelerine deňhukukly elýeterlilige esaslanýan, energetika serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitlerini nazara alyp hem-de olary ykrar etmek arkaly energetika howpsuzlygynyň ählumumy ulgamyny döretmäge işjeň gatnaşmaklary baradaky başlangyç bilen çykyş etdi.
Nygtalyşy ýaly, Hazar meselesi boýunça özara gatnaşyklar türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr. Biziň ýurtlarymyz Hazar deňziniň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek we netijeli hyzmatdaşlyk zolagyna öwrülmegine ägirt uly goşant goşýar. Hazarýaka ýurtlaryň ählisiniň belleýşi ýaly, Hazar deňzi parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk deňzidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
2018-nji ýylyň awgust aýynda bäş Hazarýaka döwletleriň ýolbaşçylarynyň Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa gol çekmegi köptaraply bilelikdäki işiň anyk netijesi boldy hem-de Hazar deňzinde energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başlanandygyny alamatlandyrdy.
2019-njy ýylda Türkmenbaşy şäherinde birinji Hazar ykdysady forumynyň dowamynda biz Azerbaýjanyň Hökümet wekiliýeti bilen örän netijeli we bähbitli gepleşikleri geçirdik hem-de birnäçe möhüm ylalaşyklary gazandyk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Bu gün biz ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň, Hazar hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça uzak möhletleýin bähbitleriň gabat gelmeginiň zerurdygyna düşünmek ýörelgelerine esaslanýarys. Şeýle hem biziň döwletlerimiz, goňşy sebitleriň beýleki deňizýaka ýurtlary we iri halkara işewürligi bilen hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygyny we täze mümkinçilikleriň açylýandygyny bellemek isleýärin diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Ulag ulgamynyň hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýandygy bellenildi.
Owgan, gruzin we türk hyzmatdaşlary bilen bilelikde, Türkmenistan we Azerbaýjan bu gün Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda möhüm yklymüsti ugur bolan “Lapis Lazuli” ulag geçelgesiniň netijeli hereketini üpjün etmek ugrunda iş alyp barýarlar. Şeýle hem Türkmenistan bilen Azerbaýjan Hazar deňzi — Gara deňiz ugry boýunça ulag gatnawlar ulgamyny döretmegiň başyny başlaýjylar boldy.
Biz bilelikde örän wajyp hem-de geljegi uly taslamany amala aşyrmaga girişýäris diýip, döwlet Baştutanymyz Prezident Ilham Aliýewe ýüzlenip aýtdy. “Dostluk” käninde Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilelikdäki işleriniň üstünlikli we netijeli boljakdygyna ynanýaryn. Men bu taryhy resminama goldaw berendigiňiz, biziň halklarymyzyň hem-de döwletlerimiziň arasynda dostluk, doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de berkitmäge uly üns berýändigiňiz we onuň ösüşine şahsy goşandyňyz üçin Size tüýs ýürekden minnetdardyryn diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewi şu günki şanly waka bilen gutlap, oňa berk jan saglyk we alyp barýan döwlet hem-de syýasy işinde täze üstünlikleri, Azerbaýjanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine söz berildi. Ilham Aliýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we dabara gatnaşyjylaryň ählisini mübärekläp, şu wakanyň örän wajypdygyny nygtady.
Biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli derejelerde, ilkinji nobatda bolsa, Prezidentleriň derejesinde ysnyşykly syýasy gatnaşyklar bolmazdan, şu günki resminama gol çekmek mümkin bolmazdy diýip, Azerbaýjanyň Baştutany nygtady.
Biz çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç bilen ýurtlarymyzyň degişli düzümleriniň hyzmatdaşlyk, dostluk, özara goldaw bermek we gyzyklanma bildirilýän özara bähbitlere dogry düşünmek ruhunda ösdürilmegi üçin ähli tagallalary ederis. Şoňa görä-de, şu günki resminamany taryhy resminama diýip atlandyrmak isleýärin, çünki Azerbaýjan we Türkmenistan Hazar deňzinde ýatagy özleşdirmek boýunça bilelikdäki işe ilkinji gezek girişýärler. Munuň özi biziň ýurtlarymyzy we halklarymy has-da ýakynlaşdyrar hem-de uly peýda getirer diýip, Prezident Ilham Aliýew sözüni dowam etdi.
Aýratyn bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar okgunly ösýär. Munuň üçin ýokary derejedäki özara saparlara göz aýlamak ýeterlikdir. Soňky üç ýylyň dowamynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň özara saparlarynyň bäşisi boldy. Şolaryň çäklerinde resminamalaryň 50-den gowragyna gol çekildi.
Deňeşdirmek üçin biziň özara gatnaşyklarymyzyň tutuş taryhynda resminamalaryň 100-den gowragyna gol çekilendigini aýtmak isleýärin. Şolaryň ýarysyndan gowragyna üç ýylda gol çekildi. Iň esasysy bolsa, olaryň ählisi, şol sanda biziň energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça gazanan ylalaşyklarymyzyň ählisi ýerine ýetirilýär diýip, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti nygtady.
Azerbaýjanyň Lideriniň aýtmagyna görä, “Şu günki gol çekişlik Hazaryň uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde täze sahypany açýar. Bu taslama biziň ýurtlarymyzyň hem-de olaryň goňşularynyň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam eder. Ol şeýle hem uly eksport mümkinçiliklerini açýar we şeýlelikde, halklarymyzyň abadançylygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder”.
Azerbaýjanyň Baştutany ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselelerine degip geçip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara düzümlerde ýurtlaryň ikisiniň hem birek-biregi işjeň goldaýandygy baradaky sözlerini doly tassyklaýandygyny aýtdy.
Pursatdan peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýew özüniň kärdeşini we tutuş doganlyk türkmen halkyny geçen ýyl bellenilen Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Azerbaýjanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky” Kararnamasynyň awtordaşy bolandygyny ýatlatdy.
Döwlet Baştutanymyza Goşulyşmazlyk Hereketine başlyklyk ediji hökmünde Azerbaýjanyň alyp baran işine beren ýokary bahasy üçin çuňňur hoşallyk bildirildi. Başlyklyk etmegiň çäklerinde başlangyçlarymyza goldaw berendigiňiz, hususan-da, Goşulyşmazlyk Hereketiniň sammitini geçirmek, şeýle hem türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň sammiti hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň koronawirusa garşy göreşmek meseleleri boýunça ýörite mejlisini geçirmek boýunça tekliplerimizi goldandygyňyz üçin hoşallyk bildirýärin diýip, Azerbaýjanyň Prezidenti aýtdy.
Şunuň ýaly birek-birege goldaw bermek ýörelgesi gatnaşyklarymyzyň ruhuny we häsiýetini açyp görkezýär. Biz mundan beýläk-de milli bähbitlerimiziň üpjün edilmegi ugrunda halkara giňişliginde işjeň gatnaşyk saklajakdygymyza pugta ynanýaryn diýip, dostlukly ýurduň Baştutany nygtady.
Azerbaýjanyň Lideri türkmen kärdeşiniň ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň wajypdygy baradaky pikirini goldap, bu gatnaşyklaryň ýurtlarymyz we goňşularymyz üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygyny belledi.
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ulag düzümini döretmek boýunça taslamalarynda umumylyklaryň bardygy bellärliklidir. Munuň özi häzirki zaman halkara deňiz portlarynyň işinde has-da äşgär duýulýar. Olar ýygjam gatnaşykda işleýärler we ýurtlarymyzyň çäginden üstaşyr ýükleriň gatnawyny üpjün edýärler hem-de Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda haryt dolanyşygy üçin mümkinçilikleri artdyrýarlar diýip, Prezident Ilham Aliýew nygtady.
Azerbaýjanyň Baştutany geljekde ýurtlarymyzyň arasynda ulag-logistik hyzmatdaşlygyň ösüşiň täze derejesine çykjakdygyna ynam bildirip, sebitimizde emele gelen ýagdaýlary we täze ulag ýollaryny açmak mümkinçiliklerini nazara almak bilen, bu gatnaşyklaryň ähli hyzmatdaşlarymyz we goňşularymyz üçin goşmaça amatlyklary açjakdygyny nygtady.
Prezident Ilham Aliýew Türkmenistanyň ulag-logistika kuwwatyny pugtalandyrmakda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy goşandyny belläp, goňşy ýurtlar bilen özara gatnaşyklary ösdürmezden, üstaşyr gatnaşyklar bilen baglanyşykly meselelerde netije gazanmagyň mümkin däldigini nygtady.
Häzirki döwürde biz ulag-logistika düzüminiň ýokary derejä eýedigini belleýäris.
Munuň özi Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň bu ugurda maksatnamalaýyn işleri alyp barýandygyny alamatlandyrýar. Şeýle hem munuň özi biziň sebitimizde we sebitden uzakda Ýewraziýa giňişliginde ýerleşen ähli ýurtlar üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Ulag pudaklary hem energetika ugurlary ýaly, birek-birege baglanyşdyrylandyr diýip, azerbaýjan Lideri aýtdy.
Onuň pikirine görä, şu gün Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynda uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi örän ähmiýetli waka bolup durýar. Munuň özi geljekki gatnaşyklara oňyn täsirini ýetirer.
Prezident Ilham Aliýew döwlet Baştutanymyzyň sebitleýin hyzmatdaşlyk barada aýdan meselelerine degip geçip, häzirki döwürde Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň we Türkiýe, Azerbaýjan, Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygyň üçtaraplaýyn görnüşiniň hereket edýändigini belledi. Bu hyzmatdaşlyk işewürligi alyp barmak ugrunda has oňaýly şertleriň döredilmegine, iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine we anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň okgunly ösýändigi bellenildi.
Siz ýurduňyzy ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýarsyňyz we döwletiňiziň çäginden çykýan wajyp durmuş maksatly wezipeleriň, düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berýärsiňiz. Men Siziň maýa goýum hem-de goňşy döwletler bilen baglanyşykly syýasatyňyzyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny bilýärin. Olarsyz häzirki döwürde “Lapis-Lazuli” taslamasyny amala aşyrmak mümkin däldir diýip, Prezident Ilham Aliýew nygtady.
Bellenilişi ýaly, hut Türkmenistanyň goňşy Owganystana maýa goýum boýunça paýhasly syýasatynyň netijesinde demir ýol guruldy, häzirki döwürde Owganystandan Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň üsti bilen beýleki ýurtlara ýükleriň ugradylmagy üpjün edilýär.
Hut şonuň üçin hem bu gün biziň sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga we biz üçin hem-de goňşularymyz üçin täze ýagdaýlary emele getirýän meseleleriň çözgüdine çemeleşmelerimiziň umumydygyny aýratyn bellemek isleýärin.
Prezident Ilham Aliýew milli Liderimiziň Hazaryň häzirki döwürde hoşniýetli goňşuçylygyň we hyzmatdaşlygyň deňzi bolup durýandygy baradaky sözlerini goldap, bu gün biziň garaşsyz energetika döwletlerimiziň Hazarda hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ýene bir goşant goşýandygyny nygtady.
Biziň ýurtlarymyzyň arasynda tebigy çäk bolup durýan Hazar deňziniň mundan beýläk-de ýurtlarymyzy we halklarymyzy birleşdirjekdigine ynanýaryn diýip, Azerbaýjanyň Lideri nygtady.
Pursatdan peýdalanyp, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň doganlyk halkyna gülläp ösüş, parahatçylyk we abadançylyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi.
Iki döwletiň Baştutanlarynyň çykyşy tamamlanandan soň, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky möhüm taryhy resminama gol çekmek dabarasy boldy.
Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri J.Baýramow Ähtnama gol çekýärler.
Resminama gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara jemleýji söz bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Prezident Ilham Aliýewi we ähli azerbaýjan doganlarymyzy Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Hazar deňzinde “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde barlamak, işläp taýýarlamak we özleşdirmek barada özara düşünişmek hakyndaky taryhy resminama bolan Ähtnama gol çekilendigi bilen gutlap, munuň biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň durmuşynda dostlugyň we hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen ähmiýetli wakadygyny nygtady.
Köp ýyllaryň dowamynda iki Garaşsyz döwlet hökmünde Türkmenistan we Azerbaýjan örän giň ugurlar boýunça gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär.
Ýokary döwlet derejesinde emele gelen açyklyk, netijeli we dostlukly syýasy gatnaşyklar işjeň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň barşynda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Şeýle gatnaşyklaryň netijeleri iki döwletiň Hökümetleriniň we daşary syýasat edaralarynyň geljekki işleriniň esasy ugurlary bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen we azerbaýjan döwlet düzümleriniň, Prezidentleriň derejesinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmäge jogapkär wekilleriň işiniň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen bellemek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Bu bolsa, öz nobatynda, iki tarapy hem türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga gönükdirilen täze teklipleriň we başlangyçlaryň tapylmagyna we olaryň durmuşa geçirilmegine höweslendirmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekilen Ähtnamanyň ähmiýetine dolanmak bilen, bu resminamanyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda energetika pudagy ýaly strategik taýdan möhüm ugurdaky hyzmatdaşlykda hil taýdan täze tapgyry açýandygyna ünsi çekdi.
Munuň üçin bolsa bizde ähli zerur meýiller — syýasy erk-isleg, tehniki we tehnologik üpjünçiligiň ýokary derejesi, ýokary hünärli işgärler hem-de nebitgaz pudagyndaky işler boýunça ägirt uly tejribe bar.
Türkmen we azerbaýjan halklarynyň arasyndaky köp asyrlaryň dowamynda bar bolan berk doganlyk gatnaşyklary Hazar deňzindäki bilelikdäki işiň üstünliginiň baş kepili bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar sebitinde berk parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek hem-de hyzmatdaşlyk esaslaryny döretmäge Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň goşandyny we ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryny aýratyn belledi.
Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň soňky onýyllygyň dowamyndaky ýokary syýasy hem-de diplomatik işjeňligi netijesinde, Hazarýaka döwletleriň sammitleri we beýleki ýokary derejeli maslahatlary yzygiderli esasda geçirmek mümkin boldy.
Kenarýaka ýurtlaryň şu günki hem-de geljekki ösüşine laýyk gelýän, Hazar deňzinde howpsuzlyk, ykdysadyýet we ekologiýa ýaly möhüm ugurlarda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitleýän halkara-hukuk binýady döredildi.
Munuň özi Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejä eýe bolmagynyň, ähli Hazar meseleleriniň çözgüdine biziň çemeleşmelerimiziň umumylygynyň netijesinde mümkin boldy diýip, pikir edýärin.
Umuman, türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ýagdaýyna ýokary baha berýärin hem-de ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we sazlaşykly ösýändigini bellemek isleýärin diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Çykyşynyň ahyrynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewi şu günki taryhy waka bilen ýene bir gezek gutlap, oňa berk jan saglyk, köptaraply döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlik, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, bagt, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe söz berildi.
Azerbaýjanyň Baştutany hemmeleri şanly waka bilen gutlap, bu günki gol çekişligiň sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk özara düşünişmek we birek-birege goldaw bermek ruhunda sazlaşykly ösýär. Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi onuň aýdyň netijesi bolup durýar.
“Hazarýaka ýurtlaryň köpýyllyk çekişmelerden soň hoşniýetli syýasy erki netijesinde, Hazaryň energiýa serişdelerini özleşdirmek, şeýle hem deňziň gurşawyny goramak boýunça bilelikdäki hereketler üçin täze mümkinçilikleri açýan Konwensiýa gol çekildi. Biz bilelikdäki tagallalarymyz bilen bu ajaýyp deňzi goramalydyrys. Ol biziň halklarymyz üçin ägirt uly bähbit getirýär” diýip, Azerbaýjanyň Prezidenti aýtdy.
Şu gün gol çekmek çäresini synlap otyrkam, biziň pederlerimiziň bu günki dabarany görmek mümkinçiligi bolan bolsa, olar muňa örän şatlanardylar diýip oýlandym. Halk arasynda aýdylyşy ýaly, “Olaryň ruhy şat bolardy”. Olar iki doganlyk halkyň egin-egne berip, birek-biregi goldap, öz halklarynyň geljeginiň bähbidine ynamly we netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýýandyklaryna, ýurtlarymyzyň köp onýyllyklara uzajak okgunly ösüşini üpjün edýändiklerine buýsanardylar diýip, Azerbaýjanyň Lideri sözüni dowam etdi.
Şeýle hem bu günki geçirilen gol çekmek dabarasynyň ýurtlarymyzyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we ykdysady kuwwatlyklaryny berkitmek boýunça köpýyllyk netijeli tagallalarynyň netijesidigini bellemeli diýip, Azerbaýjanyň Baştutany aýtdy. Bu gün Türkmenistan we Azerbaýjan halkara giňişlikde garaşsyz daşary we içeri syýasaty barada giňden beýan etmäge doly haklydyr. Munuň özi, gynansak-da, dünýä ýüzünde ýygy-ýygydan gabat gelýän ýagdaý däl diýip, Prezident Ilham Aliýew nygtady.
“Biziň ýurtlarymyz özüni doly üpjün edýän döwletlerdir. Olar halkara karz serişdelerine hem-de daşary ýurtlaryň haýsydyr bir görnüşdäki täsirine we kömegine garaşly däldirler. Olar öz milli, ahlak we ruhy ýörelgelerine ygrarlydyrlar. Munuň özi biziň öňe gitmegimiziň ygtybarly binýadydyr” diýip, dostlukly döwletiň Baştutany nygtady.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan we Azerbaýjan ýaş, Garaşsyz döwletlerdir. Biziň ýurtlarymyzyň Garaşsyzlyga eýe bolanyna 30 ýyl geçmedigem bolsa, şu döwürde ägirt uly üstünlikleri gazanmagy başardyk. Bu üstünlikler biziň ynamly öňe gitmegimiziň, durmuş maksatly meseleleri çözmegimiziň, ykdysady ösüşimiziň we ählumumy halkara taslamalary durmuşa geçirmegimiziň baş şertini emele getirýär. Bu ýurtlar maýa goýum üçin açykdyr. Türkmenistana we Azerbaýjana daşary ýurt kompaniýalary ägirt uly maýa serişdelerini ynamly gönükdirýärler. Olar öz serişdeleriniň goraglydygyna we ýurtlarymyzyň syýasy taýdan durnuklydygyna ynanýarlar.
Bu bolsa ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Durnuklylyk bolmasa, ösüş bolmaýar. Durnuklylyk gülläp ösüşe, abadançylyga, maýa goýum syýasatyna, iri halkara kompaniýalaryň gyzyklanmalaryna we ýurduň halkara giňişlikde eýeleýän ornunyň pugtalanmagyna giň ýol açýar diýip, Azerbaýjanyň Prezidenti belledi.
Prezident Ilham Aliýew iki ýurduň taryhy we medeni taýdan garaýyşlarynyň umumylygy, köklerimiziň, dilimiziň, dinimiziň birdigi barada aýdyp, bu oňyn ýörelgeleriň häzirki zaman netijeli hyzmatdaşlygyna öwrülendigini nygtady.
“Biz şu gün Hazardaky ýatagyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek bilen çäklenmän, eýsem, gatnaşyklarymyzyň geljekki ösüşine tarap möhüm ädim ätdik” diýip, Azerbaýjanyň Baştutany aýtdy.
Azerbaýjanyň Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu şanly waka bilen gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
I.Aliýew şeýle hem milli Liderimiziň ägirt uly tagallalaryny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Aşgabady hem-de Türkmenistanyň beýleki şäherlerini abadanlaşdyrmak boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar.
Hut şonuň üçin hem Aşgabada gelenimizde, şäher ilaty üçin döredilen amatly şertlere, paýtagtyň häzirki zaman we owadan keşbine dostlarça, doganlarça begenýäris. Munuň özi ýurdy ösdürmek boýunça Siziň köpýyllyk tagallalaryňyzyň netijesi we halkyňyza wepaňyzyň täsiri bolup durýar diýip, dostlukly döwletiň Lideri aýtdy.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti özüniň wideoçykyşyny iki goňşy dostlukly halkyň umumylyklaryny tassyklap, Türkmenistanda we Azerbaýjanda düşnükli “Ýaşasyn Azerbaýjan — Türkmenistan dostlugy!” diýen sözler bilen jemledi.
Iki döwletiň Baştutanlary onlaýn dabaranyň ahyrynda mähirli hoşlaşyp, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halklaryna parahatçylyk, hoşniýetlilik hem-de abadançylyk arzuw etdiler.
***
Şu gün Daşary işler ministrliginde türkmen-azerbaýjan Daşary işler ministrlikleriniň syýasy geňeşmeleri hem geçirildi. Onda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýy hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda söwda-ykdysady ulgam, nebitgaz hem-de ulag-aragatnaşyk toplumlary ýaly strategik ugurlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Ilham Aliýew tarapyndan gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.
Hususan-da, şu gün gol çekilen wajyp Ähtnamany iş ýüzünde durmuşa geçirmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu iki ýurduň energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyra badalga berdi. Şonuň ýaly-da, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça Ýewropa çykýan (“Lapis-Lazuli”) halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça anyk ädimleriň birnäçesi bellenildi. Bu ugur Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňzi, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.
Şunuň bilen birlikde, däp bolan ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň, bilim, ylym hem-de medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň, türkmen-azerbaýjan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýän bilelikdäki çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň ähmiýeti bellenildi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18829?type=feed