Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiz «Açyk gapylar» syýasatyny sazlaşykly durmuşa geçirýär we halkara durmuşa işjeň gatnaşýar. Hemişelik Bitaraplyk derejesine hem-de kabul eden halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan daşary syýasy gatnaşyklaryny hoşniýetli goňşuçylyk we giň gerimli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine laýyklykda alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde Türkiýe Respublikasy bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe çykarylýar.
Türkiýe Respublikasy baý taryha we medeni mirasa eýe bolan ýurtdur. Aziýa bilen Ýewropanyň aralygynda ýerleşip, bu ýurt dünýäniň iň gadymy siwilizasiýalarynyň, ulag-kommunikasiýa geçelgeleriniň, yklymlaryň arasyndaky durmuş-ykdysady we medeni aragatnaşyklaryň çatrygynda möhüm orun eýeleýär. Bu bolsa onuň köpugurly daşary syýasatynyň amala aşyrylmagy üçin esas bolup hyzmat edýär. Ýurduň köpugurly ykdysadyýeti, ösen senagaty we oba hojalygy bar. Ösen syýahatçylyk ulgamy hem ykdysadyýetde esasy orun tutýar. Dokma, deri, azyk, himiýa, derman senagaty pudaklary, energetika, metallurgiýa, gämi, maşyngurluşyk senagaty, hojalyk-elektrik enjamlarynyň önümçiligi çalt depginler bilen ösdürilýär. Aziýa, Ýewropa, Amerika we Afrika sebitiniň döwletleri halkara giňişlikde Türkiýäniň esasy geosyýasy hyzmatdaşlarydyr. Ýurduň daşary syýasatynda Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň giňeldilmegi wajyp ugur hökmünde kesgitlenendir.
Iki ýurduň halklarynyň taryhy-medeni umumylygy, söwda, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň köpasyrlyk däpleri, halkara we sebit gün tertibiniň derwaýys meseleleri babatda garaýyşlarynyň ýakynlygy Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň esasyny düzýär.
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 29-njy fewralynda ýola goýuldy. Geçen ýyllaryň dowamynda alnyp barlan önjeýli özara hereketleriň netijesinde iki döwletiň arasynda oňyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy. Döwletara, hökümetara we pudagara derejelerde gol çekilen we hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň giň gerimini öz içine alýan 170-e golaý ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumy türkmen-türk gatnaşyklarynyň berk binýadyny emele getirýär.
Iki ýurduň arasynda dürli derejedäki netijeli syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy. Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny görkezýärler. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, halkara we sebit syýasatynyň meseleleri babatda özara düşünişmek ýörelgeleri döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösmegine ýardam berýän möhüm şert bolup durýar.
Yzygiderli syýasy gatnaşyklar söwda-ykdysady ulgamdaky özara hereketleriň hem berk binýadyny emele getirýär. 2007-nji ýylyň 6-njy dekabrynda döredilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-türk hökümetara toparynyň işi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kadalaşdyrýan netijeli gural bolup durýar. Köp ýyllaryň dowamynda Türkiýe Türkmenistanyň esasy daşary ykdysady hyzmatdaşy bolup, haryt dolanyşygynyň derejesi boýunça öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Döwletara gatnaşyklary geljekde has-da çuňlaşdyrmak üçin iki ýurduň arasyndaky baý söwda-ykdysady şertleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda Türkmenistanyň we Türkiýäniň uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek gerek.
Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we işjeň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruny sazlaşykly durmuşa geçirmek bilen, dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlygy diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde hem üstünlikli ösdürýär. Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli iş alyp baryp, häzirki zaman dünýäsiniň derwaýys meseleleri babatda garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da umumylygyny görkezýär. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyz halkara syýasatyň gün tertibiniň wajyp ugurlary, şol sanda ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag-logistika pudagyny ösdürmek, daşky gurşawy goramak, söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça möhüm halkara başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Türkmenistanyň syýasy başlangyçlarydyr teklipleri dünýä ýurtlary tarapyndan giň goldawa eýe bolýar we bu babatda ýakyn hyzmatdaşlaryň goldawy biziň ýurdumyz üçin has wajypdyr.
Ikitaraplaýyn özara hereketlerde türki dilli döwletler bilen hyzmatdaşlyk hem aýratyn orun eýeleýär. Çünki biziň halklarymyzy taryhy kökleriň, asyrlaryň jümmüşine uzaýan medeni-ruhy däpleriň umumylygy özara birleşdirýär. Häzirki döwürde bu gatnaşyklar yzygiderli ösdürilip, täze mazmun bilen baýlaşdyryldy. Oňyn erk, ähmiýetli mümkinçilikler, ösüşe we öňegidişlige bolan ymtylyş olaryň esasyny düzýär. Şunda 2009-njy ýylyň oktýabrynda döredilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi (Türki geňeş) halkara hyzmatdaşlygyň netijeli syýasy meýdançalarynyň biri bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Türkiýe Respublikasy bu düzümiň agzalary bolup, Wengriýa bolsa synçy derejesine eýedir.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki geňeşiň ýokary derejeli sammitlerine birnäçe gezek gatnaşandygyny bellemek gerek. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara we sebit guramalary bilen özara hereketleri, Ýewraziýa yklymynda türki dilli döwletleriň eýeleýän ähmiýetli geografik giňişligindäki netijeli söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri önjeýli durmuşa geçirmekde öz başlangyçlaryny iş ýüzünde doly tassyklaýandygyny görkezýär. Türki geňeşiň esasy maksady özara ynanyşmagy we dostlugy berkitmäge ýardam bermek, daşary syýasy meseleler babatda umumy garaýyşlary işläp düzmek hem-de häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşmekde hereketleri utgaşdyrmakdan ybaratdyr.
Şu ýylyň 31-nji martynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň resmi däl sammitinde hormatly myhman hökmünde çykyş etmek bilen, türkmen Lideri foruma gatnaşyjylaryň ünsüni ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we halkara, sebit derejesindäki üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi ýaly halkara derejede derwaýys ähmiýete eýe bolan meselelere çekdi. Sammitiň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz gurama gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynda medeniýete, ylym-bilime aýratyn ähmiýet berilýändigini hem nygtady. Çünki bitewi ruhy-medeni miras hem-de umumy gymmatlyklar döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ygtybarly esasy bolup hyzmat edýär.
Şunlukda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna nobatdaky sapary, şeýle-de onuň dowamynda Türki geňeşiň VIII sammitiniň işine gatnaşmagy hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, köptaraplaýyn derejede deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, döwletlerdir halklaryň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjek möhüm waka öwrüler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46519