«2021-nji ýylda, takmynan, 4,9 milliard adam ýa-da Ýer ýüzüniň ilatynyň 63 göterimi internetden peýdalandy. Munuň özi 2019-njy ýyldakydan 17 göterim köp bolup, hasaplamalara görä, şu agzalan döwürde 782 million adam internete birikdi...». Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşiginiň (HEB) sanly aragatnaşyk ulgamy boýunça her ýylda çap edilýän ählumumy bahalandyrmasyndan — «Maglumatlar we sanlar» atly neşiriniň 2021-nji ýyldaky goýberilişinden alnan şu maglumatdan görnüşi ýaly, pandemiýa şertlerinde dünýäde internetiň ulanylyşy görnetin ýokarlandy. Bu, gürrüňsiz, aragatnaşygyň şu görnüşiniň adatdan daşary ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe iş, okuw, söwda we beýleki möhüm hyzmatlaryňdyr birek-birekden habarly bolmagyň gymmatly çeşmesine öwrülendigi bilen baglydyr. Şundan ugur alyp, tutuş dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistan hem aragatnaşygyň dürli ugurlary, şol sanda sanlylaşdyrmak ulgamy boýunça ýöriteleşdirilen düzüm hasaplanýan Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn gyzyklanma bildirýär.
Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 7-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen täze ýyldaky ilkinji mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti has-da ösdürmek maksady bilen, Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi bilen anyk ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça täze teklipler hödürlenildi. «Sanly ykdysadyýeti döretmezden, döwletimiziň ösüşini göz öňüne getirmek asla mümkin däldir» diýýän milli Liderimiz bu meseläniň sanlylaşdyrmak babatda döwlet syýasaty bilen baglanyşyklydygyny belläp, degişli halkara düzümiň çäginde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu ugurda beýan edilen teklipleriň, ilkinji nobatda, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» hem-de «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmagy tizleşdirmekde ähmiýetli boljakdygyny nygtamak gerek. Çünki sanly ykdysadyýete geçmekde döwlet derejesinde işlenip taýýarlanan maksatnamalardyr strategiýalara esasy ornuň degişli bolşy ýaly, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk hem örän möhümdir. Şu babatda alnanda, bir ýarym asyrdan gowrak wagt bäri hereket edýän Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşiginiň biziň ýurdumyz üçin maglumat-aragatnaşyk ulgamynda hödürläp biljek mümkinçilikleri köpugurlydyr.
Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşiginiň, esasan, haýsy ugurlarda iş alyp barýandygy, onuň esasy wezipeleri, bu düzüm bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistan üçin bähbitli taraplary barada gyzyklananyňda, onuň 1865-nji ýylda Halkara Telegraf Birleşigi hökmünde esaslandyrylyp, häzirki güne çenli geçen taryhy ýolunda örän köp sanly üýtgeşmeler bilen ýüzbe-ýüz bolandygyna we dünýäniň iň irki halkara guramalarynyň biridigine garamazdan, hemişe ösüş-özgerişdedigine göz ýetirmek bolýar. Bu, elbetde, adamzat durmuşyny barha giňden gurşap alýan aragatnaşyk serişdeleriniň täze görnüşleriniň, şol sanda sanýetmez maglumatlaryň gory bolan internetiň ýüze çykmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hut şoňa görä-de, elektroaragatnaşyk tehnikalarynyň ösüşi nazara alnyp, Halkara Telegraf Birleşigi 1932-nji ýyldan bäri Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi diýlip atlandyrylýar. 1947-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň hataryna goşulmagy bolsa guramanyň eýeleýän ornuny has-da berkitdi.
BMG-niň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda iş alyp barýan esasy düzümi bolan Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi ählumumy radiospektr we hemra orbitalaryny ýaýratmak, aragatnaşyk serişdeleriniň hem-de tehnologiýalaryň üznüksiz arabaglanyşygyny üpjün edýän tehniki standartlary işläp taýýarlamak, internetiň elýeterli bolmadyk ýerlerinde bu ugurda hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak bilen bagly ugurlary esasy wezipesi hökmünde kesgitledi. Has sada dilde aýtsak, el telefonymyzdan kimdir birine jaň edenimizde, internete girenimizde ýa-da elektron poçta arkaly nämedir bir zat ugradanymyzda, biz Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşiginiň işiniň mümkinçiliklerinden peýdalanýarys. Bu düzüm nirede ýaşaýandygyna, haýsy aragatnaşyk serişdesini ulanýandygyna garamazdan, Ýer ýüzüniň ähli adamlaryny birleşdirmek ideýasyna ygrarlylygy baş maksady hasaplaýar.
Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi dünýäniň 193 döwletini, kompaniýalaryňdyr uniwersitetleriň, sebitleýin we halkara guramalaryň, takmynan, 900-sini özünde birleşdirýän ählumumy düzümdir. Onuň çäginde döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin hem uly mümkinçilikler bar. Çünki maglumat-aragatnaşyk serişdelerini we sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak işi iri möçberli maýa goýumlary talap edýär. Hususy pudak bolsa maliýe serişdelerini hödürlemek bilen, ykdysady taýdan girdeji gazanýar, bu bolsa, öz gezeginde, ýurtda alnyp barylýan sanlylaşdyrmak syýasatynyň depginini güýçlendirmäge ýardam berýär.
Elbetde, aragatnaşyk-sosial artykmaçlyklaryndan başga-da, internetiň dürli ugurlarda öz başarnyklaryňy ýüze çykarmak, hünär taýdan kämilleşmek, häzirki zaman jemgyýetiniň gymmatlyklaryny kemala getirmek babatdaky mümkinçilikleriniň çäksizdigi eýýäm hemmä mälim bolan hakykat. Ýöne maglumatlaryň umman ýaly giňişliginde adamlaryňam, jemgyýetiňem, umuman, tutuş döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi hem örboýuna galýar. Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşiginiň Baş sekretary Çžao Houlin golaýda žurnalistleriň biri bilen söhbetdeşlikde bu meseläniň tehnologiýalar bilen bagly döreýändigini, şoňa görä-de, HEB-niň howpsuzlyk ulgamynda täze ulgamdyr standartlary yzygiderli işläp taýýarlaýandygyny aýtdy. Onuň nygtaýşy ýaly, täze ulgamlar ýeterlik däl, çözgütleriň netijeli bolmagy üçin bu ugurda hukuk düzgünleşdirmesi, elýeterlilik hem-de sosial hyzmatdaşlyk has zerur.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda maglumat desgalary we eýeçiligiň ähli görnüşinde ulanylýan aragatnaşyk ulgamlary kibergoraglylyga degişli hasaplanýar. Olaryň hataryna döwlet häkimiýet hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň elektron dolanyşygy, elektron döwlet hyzmatlary, elektron söwda, elektron resminama dolanyşygy ulgamlary girýär. Şoňa görä-de, Hökümetiň 7-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Milli kiberhowpsuzlyk strategiýasynyň hem-de Hereketler meýilnamasynyň taslamalaryny taýýarlamagyň teklip edilmegi öz wagtynda öňe sürlen çözgütdir. HEB bilen ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň arasynda olaryň işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça yzygiderli maslahatlaşmalary geçirmek, milli kiberhowpsuzlyk türgenleşiklerini guramak we sebit derejesinde geçirilýän kibertürgenleşiklere gatnaşmak, ilatyň arasynda kiberhowpsuzlyk meseleleri boýunça düşündiriş işlerini geçirmek barada aýdylanlar bolsa Diýarymyzda kiberhowpsuzlygy üpjün etmäge toplumlaýyn çemeleşilýändiginiň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy tarapyndan Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly hödürlenen teklipleri makullady we bu ugurda anyk tabşyryklary berdi. Özara gatnaşyklarda ýakyn geljekde öňde durýan wezipeleriň ählisi bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasynda öz beýanyny tapar. Munuň özi öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek arkaly, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny sanlylaşdyrmak işiniň depginine kuwwatly itergi berer.
Hünärmenler maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny hemmelere elýeterli etmekde we sanly ykdysadyýeti ösdürmekde 4 sany zadyň zerurdygyny öňe sürýärler: infrastruktura, maýa goýumlar, innowasiýalar we sanlylaşdyrma prosesine goşulyşmak. Biziň ýurdumyzda şu zerurlyklaryň ählisi-de bar we bu babatda amal edilýän işler diňe halkyň bähbidine gönükdirilen. Diýmek, biz döwür bilen aýakdaş gadam urýarys.
Aýgül RAHYMOWA.