Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherine iş saparyny amala aşyrdy we bu ýerde sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen duşuşyklary geçirdi.
Bu sapar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda Özbegistan Respublikasyna üstünlikli amala aşyran resmi sapary bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýedir. Şonda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň dowamynda milli Liderimiz ynamyň we özara düşünişmegiň häzirki derejesi Türkmenistana we Özbegistana öz gatnaşyklaryny geljegi nazarlap ynamly ýola goýmaga, halkara syýasatyň wajyp meseleleri boýunça çemeleşmeleri ylalaşmaga, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýum işinde, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin meýilnamalaryny kemala getirmäge mümkinçilik berýändigini nygtady.
Ýokary hem-de hökümet derejelerinde özara saparlaryňdyr duşuşyklaryň hem-de daşary syýasat edaralarynyň we işewür toparlarynyň ugurlary boýunça gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýetde bolmagy döwletara aragatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Özara bähbitlere hem-de tutuş sebitiň abadançylygynyň maksatlaryna kybap gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri bu gatnaşyklaryň özenidir.
Bu gün türkmen-özbek gatnaşyklary üstünlikli ösüş ýoluna düşdi. Dostlukly döwletleriň Liderleri — Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň tagallalary netijesinde, soňky wagtda daşary syýasat ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça anyk ädimler ädildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze gurallary işläp başlady hem-de ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär.
Daşkent şäherine iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew kabul etdi.
Dostlukly döwletiň Baştutany Özbegistanyň netijeli türkmen-özbek gatnaşyklaryny dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri hem-de umumy bähbitler esasynda pugtalandyrmaga we ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň rowaçlanmagyna goşýan uly şahsy goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi, açyklygy we aýdyňlygy gatnaşyklary giň ugurlar boýunça ösdürmäge, şol sanda söwda-ykdysady, ulag, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň uly kuwwatyny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmäge ygrarlydyklaryny nygtap, köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Şeýle hem Daşkende iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýumlar we daşary söwda ministri S.Umurzakow bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklar we uzak möhletleýin geljek bilen baglylykda, türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.
Özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini ep-esli artdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga, maýa goýumlaryny çekmäge, täze iri taslamalary amala aşyrmaga, işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga şu günki gün ähli şertleriňdir mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Bu meseleleri çözmekde bilelikdäki hökümetara topara uly orun berilýär.
Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada birnäçe resminamalara gol çekildi.
Türkmen wekiliýeti üçin Daşkendiň tehnoparkynda ýaýbaňlandyrylan senagat we oba hojalyk sergisine gezelenç guraldy. Sergide bu ulgamlardaky geljegi uly, ýokary tehnologik taslamalar barada giňişleýin maglumat berilýär.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň wekiliýetiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça geçiren iş duşuşyklary netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny tassyklady. Bu hyzmatdaşlyk Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň özara ynanyşmak gatnaşyklary, dostlukly döwletleriň Liderleriniň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýasaty netijesinde ýyl-ýyldan täze many-mazmuna eýe bolýar.