Ýakyn goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, gadymyýetden gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklary yzygiderliligi hem-de ulgamlaýynlygy bilen häsiýetlendirilýär. 2007 — 2021-nji ýyllarda döwlet Baştutanlarynyň derejesinde iki ýurda döwlet, resmi we iş saparlarynyň 23-siniň amala aşyrylmagy munuň aýdyň delilidir.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýlup, şondan bäri geçen döwürde iki döwletiň arasynda dostlukly hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Türkmenistan bilen Özbegistany taryhyň, medeniýetiň, gymmatlyklaryň umumylygy, diliňdir däp-dessurlaryň ýakynlygy özara birleşdirmek bilen, ol iki ýurduň we halklaryň ygtybarly hyzmatdaşlyk saklamagyna aýratyn itergi berýär. Döwletleriň ikisi-de özygtyýarlylygyny hem-de Garaşsyzlygyny gazanandan soňra, daşary syýasatda oňyn gatnaşyklaryny netijeli dowam etdirdiler. Döwlet syýasatynyň ulgamlaýynlygy we maksada gönükdirilendigi, halkara durmuşyň derwaýys meseleleriniň ähli ugurlarynyň milli gyzyklanmalar bilen utgaşdyrylmagy däp bolan dostlukly gatnaşyklara eýerýän iki döwletiň daşary syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny kesgitleýän möhüm şertler bolup öňe çykdy.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 2017-nji ýylyň 6-7-nji martynda döwlet Baştutany hökmünde ilkinji saparynyň Türkmenistana guralandygyny bellemek zerur. Bu taryhy sapar Özbegistanyň daşary syýasatda hoşniýetli gatnaşyklara berýän möhüm ähmiýetiniň görkezijisi, ýurduň Lideriniň goňşy ýurtlar bilen dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn çemeleşmesiniň özboluşly subutnamasy boldy.
Häzirki ösüş tapgyrynda Özbegistan Respublikasy ýurduň milli gyzyklanmalaryna esaslanmak bilen, açyk, özara bähbitli we işjeň daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Döwletiň häzirki daşary syýasy ugry dünýädäki we sebitdäki üýtgäp duran ýagdaýlaryň, şeýle-de ýurduň içinde amala aşyrylýan iri göwrümli özgertmeleriň nazarda tutulmagy bilen alnyp barylýar. Türkmen-özbek özara hereketleriniň ösüşi işjeň syýasy gepleşiklere, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, şeýle-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň dürli ugurlary boýunça ysnyşykly arkalaşygyň saklanmagyna esaslanýar. Şu nukdaýnazardan, 220-den gowrak döwletara, hökümetara we pudagara häsiýetli ylalaşykdyr şertnamalardan ybarat bolan resminamalaryň agramly bukjasy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berk binýadyny emele getirmek bilen, taraplaryň özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň giň gerimini öz içine alýar.
Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Şawkat Mirziýoýewiň ýakyn dostlugy, hakyky hormaty we birek-birege bolan mizemez ynamy aýratyn ähmiýete eýedir. Ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär, iki döwletiň özara hereketleriniň täze ugurlaryny açýar. Şu ýylyň 6-njy awgustynda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan duşuşyk aýratyn wajypdyr, onuň dowamynda iki ýurduň Liderleri köpugurly hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ygrarlydyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň arasyndaky özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar, şeýle-de ýokary derejede geçirilýän resmi gepleşikler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň bar bolan ugurlaryny berkitmek bilen birlikde, onuň täze ulgamlaryny kesgitledi, taraplaryň özara hereketleriniň depginini we yzygiderliligini şertlendirdi. Ýokary döwlet derejesinde geçirilýän duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklar, geljegi uly meýilnamalar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary täze, has ýokary tapgyra çykarmaga gönükdirilendir.
Ýurtlaryň halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy türkmen-özbek özara hereketleriniň halkara giňişlikdäki işjeňliginiň görnetin mysalydyr. Iki döwletiň häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek, goňşy Owganystanyň ykdysadyýetiniň dikeldilmegi hem-de kadalaşdyrylmagy, ekologiýa meseleleriniň çözgüdi, Aral deňzi bilen bagly ýagdaýlaryň netijeleriniň gowşadylmagy, durmuş-ykdysady ulgamdaky ösüş, adam hukuklaryny goramak ýaly meseleler boýunça garaýyşlarynyň meňzeşligi halkara we sebitleýin meýdançalarda özara hereketleriň esasy ugurlaryny kesgitleýär.
Sebitiň hem-de tutuş dünýäniň durnuklylygyna we howpsuzlygyna dahylly meseleler babatda halkara bileleşigiň tagallalaryny goldamak bilen, Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy öz üstlerine alan halkara hem-de ikitaraplaýyn borçnamalaryna ygrarlydyklaryny aýdyň görkezmek arkaly, olaryň oňyn durmuşa geçirilmegi ugrunda hem möhüm işleri amala aşyrýarlar.
Özbegistan ilkinjileriň hatarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini goldady we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilen degişli Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Dostlukly ýurt Türkmenistanyň energiýa geçirijileriniň howpsuzlygy, ulag, ekologiýa boýunça halkara başlangyçlaryny, şol sanda sebitleýin hem-de halkara guramalara, olaryň ýolbaşçy düzümlerine agzalygyny işjeň goldaýar. Iki döwletiň arasyndaky syýasy gepleşikler ykdysady ulgamda hem netijeli, deňhukukly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Özara daşary söwda dolanyşygynyň ýylyň-ýylyna barha artmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändiginiň möhüm görkezijileriniň biridir. Şu ýylyň dokuz aýynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda Özbegistan öňdäki orunlarda durýar. Türkmenistandan goňşy ýurda nebit we nebit önümleri, mehaniki enjamlar, plastmassa we ondan ýasalýan önümler, himiýa, dokma, oba hojalyk harytlary, tehnologik abzallardyr beýleki serişdeler iberilýär. Özbegistandan biziň ýurdumyza oba hojalyk tehnikasy, gurluşyk materiallary, himiýa we taýýar dokma önümleri import edilýär. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň çäklerinde amala aşyrylýan işler iki döwletiň özara hereketleriniň netijeli görnüşidir.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Daşkent şäherinde bu toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi, onuň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi boýunça pikir alşyldy. Iki ýurduň ulag ulgamyndaky özara hereketleriniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berildi, ägirt uly mümkinçilikleri nazara alyp, ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi boýunça bilelikdäki degişli çäreleriň zerurdygy nygtaldy. Mundan başga-da, taraplaryň arasynda Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary döredildi we 13-nji sentýabrda onuň birinji mejlisi geçirildi. Sebäbi suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana nobatdaky resmi saparynyň çäklerinde geçirilýän bilelikdäki işewürler maslahaty bolsa dürli ugurlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin täze mümkinçilikleri açar.
2018-nji ýylyň aprelinde Daşkent şäherinde türkmen-özbek işewürler maslahaty geçirildi, geçen ýylyň oktýabrynda bolsa iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde Türkmenistan — Özbegistan Işewürlik geňeşiniň birinji mejlisi onlaýn görnüşde guraldy. Bu çäreler iki ýurduň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi, bilelikdäki önümleriň göwrüm hem-de görnüş sanynyň has-da artdyrylmagy üçin giň mümkinçilik berýär. Özbek işewürlik wekiliýetiniň şu ýylyň awgustynda Awazada geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine işjeň gatnaşandygyny hem bellemek gerek. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň çäklerinde taraplar serhetýaka zolaklaryň, hususan-da, Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň Özbegistanyň Buhara hem-de Horezm welaýatlary bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Iki ýurduň sebitleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, golaýda ýurdumyzyň Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň häkimleriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň Horezm we Buhara welaýatlaryna saparlary guraldy.
Biziň ýurtlarymyz sebit ähmiýetli iri energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine hem işjeň gatnaşýarlar. Ulag ulgamy netijeli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtomobil we demir ýol köprüleriniň gurluşygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Olar 2017-nji ýylyň martynda Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde dabaraly ýagdaýda açyldy. Özara hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer ulgama hem aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri iki ýurduň çäginde geçirilýän dürli görnüşli medeni çärelere, konsertdir festiwallara, bäsleşiklere, sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşýarlar.
Häzirki wagtda Özbegistanda türkmen dilinde okadylýan mekdepleriň 40-dan gowragy hereket edýär, ýurduň dürli ýokary okuw mekdeplerinde türkmen filologiýasy ugry boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. 28-nji sentýabrdan 3-nji oktýabr aralygynda Daşkent, Samarkant, Buhara, Kokant, Hywa şäherlerinde guralan «Beýik Ýüpek ýolunyň merjeni» atly halkara kinofestiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň kino günleri hem geçirildi. Özbegistanda dostlugyň nyşany hökmünde «Аşgabat» seýilgähi, beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän dynç alyş zolagy açyldy. Şunda Aşgabatda hem «Daşkent» türkmen-özbek dostluk seýilgähiniň gurluşygynyň başlanandygyny aýtmak zerur. Bu seýilgähi gurmak hakyndaky başlangyç hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Şeýle-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde, paýtagtymyzyň «Аşgabat» seýilgähi bilen Daşkendiň «Аşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähiniň arasynda iki şäheriň ýolbaşçylarynyň, sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda baýramçylyk teleköprüsi guraldy.
Milli Liderimiziň Daşkende nobatdaky resmi sapary Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyga täze badalga berer hem-de iki ýurduň halklarynyň dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda dowam etdirilýän gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42349