Türkmenistan Müsür Arap Respublikasynyň, Koreýanyň we Özbegistanyň Gazna biržalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar

Şu hepdäniň dowamynda has takygy 2-3-nji noýabrda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda ministriň orunbasary Toýly Mälikowyň ýolbaşçylygynda, ministrligiň degişli wekilleriniň, «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň we degişli wekilleriniň gatnaşmagynda Koreýa Respublikasynyň «Koreýa biržasy» hem-de Özbegistan Respublikasynyň «Daşkent» Respublikan gazna biržasynyň wekilleri bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi.

Edil şonuň ýaly duşuşyk şu hepdede Müsür Arap Respublikasynyň «Müsür biržasynyň» wekilleri bilen hem göni wideo aragatnaşyk arkaly, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçirildi.

Işewür duşuşyklaryň esasy maksady geljegi uly bolan hyzmatdaşlygy ýola goýmak, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Işewür duşuşyklaryň dowamynda Gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmekde özara tejribe alyşmaga, Gazna biržalarynyň üstünlikli işlemegi üçin amatly şertleri döretmäge hem aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlary netijesinde Türkmenistanda maliýe edaralarynyň işini kämilleşdirmek, maliýe usullarynyň görnüşlerini giňeltmegiň hasabyna ykdysadyýetimizde maliýe serişdelerini amatly paýlamak, şeýle hem durnukly esasda uzakmöhletli maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, milli gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasy wezipeleriniň biri hem bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek maksady bilen paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, gymmatly kagyzlar bazarynyň işini kämilleşdirmek babatynda anyk çäreleri durmuşa geçirmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça döwlet we milli maksatnamalar kabul edildi. «Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» şeýle-de 2014-nji ýylda kabul edilen «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmekde möhüm ädim boldy. Bu hukuk namalary ýurdumyzda maliýe bazarynyň düzgünlerini we aýratynlyklaryny özünde jemleýär. 2016-njy ýylda «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti esaslandyryldy. Bu maliýe ulgamy geljekde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ownuk we iri maýadarlarynyň pul serişdelerini bir ýere çekmekde uly mümkinçilikleri döreder.

Umuman iş duşuşyklary hoşniýetli we özara bähbitli ugurlar boýunça düşünişmek ýagdaýynda geçdi.

Iş duşuşyklarynyň ahyrynda Mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde abraý-mertebesiniň belende galmagynda ägirt uly işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi