Türkmenistan — Milletler Bileleşigi: ynam, jogapkärçilik, ykrar

Şu gün — 14-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisi açylýar

Şu gün Ýer ýüzünde köptaraplaýyn gepleşikler üçin ýeke-täk forum bolup hyzmat edýän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisi resmi taýdan öz işini tamamlaýar. Tutuş dünýäni gurşap alan adatdan daşary ýagdaýlara garamazdan, ýylyň dowamynda Baş Assambleýanyň plenar mejlisleriniň 103-siniň, ýokary derejeli duşuşyklaryň 16-synyň, ýörite mejlisleriň 2-siniň geçirilmegini, ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça Kararnamalaryň 320-den gowragynyň kabul edilmegini bolsa onuň üstünlikleriniň hataryna goşup bileris. Şunda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wise-başlyklyk eden Bitarap Türkmenistanyň tagallalary, öňe süren halkara başlangyçlary aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Bu jogapkärli wezipäni indi 6-njy gezek abraý bilen ýerine ýetiren ýurdumyz şu gün — 14-nji sentýabrda badalga alýan 76-njy mejlisde-de ileri tutýan garaýyşlaryny, milli Lideriniň täzeçil tekliplerini dünýä bileleşigine hödürlär.

Geljek ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllyk ýubileýini bellejek Türkmenistan geçen taryhy döwrüň dowamynda bu abraýly düzümiň ygtybarly hyzmatdaşyna, özboluşly daşary syýasy derejesi bilen, Merkezi Aziýada parahatçylygy berkitmekde onuň hakyky daýanjyna öwrüldi. Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň strategik hyzmatdaşlygy hakynda gürrüň edenimizde, biz munuň hakykatdan-da, şeýledigini anyk delillendirýän maglumatlary öwran-öwran gaýtalaýarys. Bu gün gündelik durmuşymyza ornan bu hakykat dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem biragyzdan ykrar edilýär, Bitaraplyk derejesi BMG tarapyndan iki gezek goldanylan türkmeniň sözi bitewülige, raýdaşlyga, nurana geljegi gurmaga çagyryş bolup ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiziň 1-nji sentýabrda talyplardyr mekdep okuwçylarynyň öňünde geçen taryhy sapagynda buýsanç bilen nygtaýşy ýaly, biziň halkara başlangyçlarymyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly düzümler tarapyndan yzygiderli goldanyp gelinýär. Şeýdip, gönezliginde parahatçylygy döretmek sungaty duran Bitaraplyk syýasatymyzyň netijesinde, dünýäniň geosyýasy giňişliginde «Türkmenistan» atly parlak ýyldyz döredi.

Geosyýasy giňişlikde dörän «Türkmenistan» atly parlak ýyldyzyň has-da ýalkym saçmagynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti pähim-parasadynyň, daşary syýasat strategiýasynyň netijeliliginiň gymmatly orun eýeleýändigini ilkinji nobatda aýtmak zerur. Çünki käbir ýewropaly diplomatlaryň pikiriçe, diplomatiýa ylym bilen deňeşdirilende, köp derejede sungatdyr. Şeýle diýmek bilen, olar daşary syýasaty amala aşyrmaga gatnaşýanlaryň şahsy häsiýetlerine has ýokary ähmiýet berýärler. Täze taryhy şertlerde hormatly Prezidentimiz türkmen diplomatiýasynyň parahatçylyk söýüjiligiň, ylalaşyklylygyň diplomatiýasy, Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň bolsa parahatçylyk döretmegiň sungaty hökmünde Ýer ýüzünde ykrar edilmegini gazandy. Diňe Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň dowamynda türkmen diplomatiýasynyň gazanan üstünliklerine gysgaça ser salanymyzda-da, muňa anyk göz ýetirip bileris:

Türkmenistan tamamlanan ýubileý mejlisde wise-başlyklyk etdi.

Bir ýyllyk mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlary esasynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalaryň 4-si kabul edildi.

Ýurdumyz 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň (BMG — Zenanlar) agzalygyna, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 2021 — 2023-nji ýyllar döwri üçin wise-başlyklygyna saýlanyldy.

6-njy awgustda Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannama hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edildi.

Baş Assambleýanyň ýubileý mejlisiniň Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylda geçmegi bolsa guramanyň dünýä syýasatynda parahatçylyk hem-de özara ynanyşmak medeniýetini berkitmek boýunça tagallalaryny işjeňleşdirmekde ýurdumyzyň aýratyn goşandydyr.

XXI asyryň ählumumy howpuna öwrülip, giň geografik çäkleri gurşap alan koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek bilen baglylykda, Milletler Bileleşiginde ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynda lukmançylyk diplomatiýasy ugrunyň kemala gelendigine ünsi çekmek zerur. Bu barada milli Liderimiz şu ýylyň 5-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen geçiren duşuşygynda-da aýratyn nygtap, şeýle diýdi: «Häzirki wagtda koronawirus pandemiýasy dünýä jemgyýetçiligi üçin esasy howplaryň biri bolmagynda galýar. Türkmenistan BMG-niň Baş sekretarynyň çagyryşlaryny hem-de Baş Assambleýanyň 75-nji mejlisiniň Başlygynyň bu wehime garşy göreşmek we onuň ykdysady hem-de durmuş taýdan ýaramaz täsirlerini peseltmek boýunça halkara tagallalary birleşdirmek baradaky başlangyçlaryny doly goldaýar». Şoňa görä-de, geçen ýylda öňe sürlen teklipler dowam etdirilip, nobatdaky, 76-njy mejlisde-de bu ugur Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň hatarynda ilkinji orunda kesgitlendi.

Hususan-da, bu ýerde gürrüň BSGG-niň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny ýola goýmak, koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin Ýörite maksatnamany düzmek, guramanyň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini döretmek, Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa merkezini açmak barada barýar. Şunda ýurdumyzyň garaýşy üýtgewsizdir: Türkmenistan koronawirusyň ýaýramagy bilen bagly meseleleriň syýasylaşdyrylmagyny ýol berilmesiz hasaplaýar hem-de gurama agza döwletleri bu howpa garşy göreşde jebislige, raýdaşlyga çagyrýar.

Elbetde, häzirki zaman dünýäsinde adamzadyň ýüzbe-ýüz bolýan howpy diňe pandemiýa däl, deňsizlik, özara ynamyň pese gaçmagy, howanyň üýtgemegi, terrorçylykly hereketler, syýasy gapma-garşylyklar, migrasiýa meseleleri... hem ählumumy gün tertibiniň tizden-tiz çözgüdi tapylmaly ugurlarynyň hataryna girýär. Çünki hut şu kynçylyklar «Gün tertibi — 2030-yň» durmuşa geçirilmegini bökdäp, bu babatda adamzadyň tagallalarynyň birleşdirilmegini derwaýys zerurlyga öwürýär. Baş Assambleýanyň mejlisleri bolsa bilelikde bir meýdança ýygnanyp, geljek üçin anyk çelgileri kesgitlemäge, olar boýunça netijeli çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistan 76-njy mejlisde-de agzalan ugurlaryň ählisi babatda öz çemeleşmelerini beýan eder. Olaryň hatarynda halkara syýasatdan başlap, howpsuzlyk meseleleri, Merkezi Aziýada, şol sanda Owganystanda parahatçylygy pugtalandyrmak, kiberjenaýatçylyga garşy göreşmek, adam hukuklaryny goramak, ulag, energetika, ekologiýa, bir söz bilen aýdylanda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen bagly täze teklipdir başlangyçlaryň birnäçesi bar. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň hemişe parahatçylygyň, agzybirligiň, abadan durmuşda ýaşamagyň tarapdarydygyny, şu asylly ýörelgäni dowam etdirip, ýakyn-u-alysdaky döwletler, iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy barha ösdürýändigini görkezýär. Milliardlarça ynsana has oňat geljegi gurmaga umyt berýän Birleşen Milletler Guramasy bolsa, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli nygtaýşy ýaly, biziň ýurdumyz üçin möhüm, ileri tutulýan hyzmatdaş bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar.

Aýgül RAHYMOWA.

«Türkmenistan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/40363