«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň (TIF 2025) çäginde Şweýsariýanyň Halkara işewürlik geňeşiniň başlygy Nikola Ramseýer çykyş etdi. Ol öz çykyşynda iki ýurduň umumy gymmatlyklaryny we ykdysadyýetleriniň biri-biriniň üstüni ýetirýän häsiýetini nygtady.
Nikola Ramseýer telekeçi we syýasatçy hökmündäki tejribesiniň durnuklylyk we berkemezlik meselelerine toplumlaýyn çemeleşmegiň ähmiýetini görkezýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, has durnukly geljegi gurmak üçin diňe işewürlik nukdaýnazaryny däl, eýsem kanunçylyk nukdaýnazaryny hem göz öňünde tutmak zerurdyr.
"Men Şweýsariýanyň we Türkmenistanyň käbir manysynda umumy gymmatlyklary paýlaşýandygyna tüýs ýürekden ynanýaryn. Iki ýurt hem doly hyzmatdaşlyk arkaly Bitaraplyga, durnuklylyga we abadançylyga ynanýarlar. Emma şol bir wagtyň özünde biziň ykdysadyýetimiz biri-biriniň üstüni örän gowy ýetirýär. Şweýsariýa ösen ýokary tehnologiýaly we kapitally ýurt, Türkmenistan bolsa ägirt uly mümkinçilikleri üpjün edýän baý ýurtdyr" diýip, ol belledi.
Şweýsariýanyň wekili işewürlik geňeşiniň agzalaryndan gelýän anyk haýyşlar barada gürrüň berdi. Ol Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energetika (gün we ýel) pudagyndaky kuwwatyny aýratyn belläp geçdi, bu ýerde Şweýsariýa maýa goýumlary we bilermenler maslahatyny berip biler.
Şeýle hem ol metanyň zyňyndylaryny azaltmak ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini belledi, bu ýerde şweýsariýaly inženerler dünýäde öňdebaryjydyr. Ramseýeriň sözlerine görä, "Galkynyş" gaz känini işläp taýýarlamak hem maýadarlaryň gyzyklanmasyny döredýär. Ol bu ugurlaryň ählisiniň arzuw däl-de, eýsem bilelikde durmuşa geçirmek üçin anyk tekliplerdigini nygtady.
HHM