«Türk­me­ne aga diýr öz­be­giň di­li, Öz­be­ge do­gan diýr türk­me­niň di­li»

2018-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana amala aşyran resmi saparynyň çäginde guralan dostluk konsertinde ýaňlanan jemleýji aýdymdan alnan bu sözler, hakykatdan-da, türkmen we özbek halklarynyň dostlugynyň ezeldendigini subut edýär. Jeýhunyň mele suwy müňýyllyklaryň dowamynda Amyderýany ýakalap oturan bu halklaryň bagryny badaşdyrypdyr. Bagry badaşan iki halkyň saçakly gatnaşyp, birek-biregiň üstünliklerine begenip, kyn gününde goldamagy asylly däbe öwrülip gidipdir.

2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana amala aşyran resmi saparyny köp synçylar, halkara bilermenler taryhy waka diýip atlandyrdylar. Munuň özi tötänlik däldir. Çünki türkmen we özbek halklaryny müňýyllyklardan gaýdýan umumy taryhy ýakynlyk, dil, medeni, ruhy we beýleki umumylyklar baglanyşdyrýar. Munuň şeýledigini iki döwletiň Baştutanlary Daşkentde geçirilen ýokary derejeli syýasy gepleşiklerde-de tekrarladylar.

Döwletara gatnaşyklarda, ilkinji nobatda, döwlet Baştutanlarynyň syýasy erki, özara dostlugy hoşniýetli gatnaşyklary berkitmäge oňaýly täsir edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň şahsy tagallalary netijesinde, soňky ýyllarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyna dostluk, özara ynanyşmak, ygrarlylyk ruhy mahsus.

Milli Liderimiziň Daşkende şu gezekki saparynyň has önjeýli bolandygyny döwletara, hökümetara, pudagara derejesinde 23 sany şertnama gol çekilmegi-de anyk görkezýär. Olar gümrük-wiza ýeňillikleri, barlag-geçiriş nokatlary, medeni-ynsanperwer ulgam, biologik dürlüligi gorap saklamak, oba hojalygy, himiýa senagaty, serhetýaka söwdasy, özara söwda we maýa goýumlary, metrologiýa, statistika we iş üpjünçiligi, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, üstaşyr we demir ýol gatnawlary, aragatnaşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary ýaly ugurlary öz içine alýar.

Eýsem, ozalkylardan tapawutlylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna şu gezekki resmi saparynda üns berlen täze ugurlar haýsylar?!

Birinjiden, taraplaryň BMG-niň hem-de beýleki abraýly köptaraply düzümleriň çäklerinde başlangyçlary, şol sanda lukmançylyk diplomatiýasynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini bilelikde ilerletmäge taýýardyklaryny tassyklandyklary nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklipleriniň ähmiýeti we zerurlygy bellenildi. Özbegistanyň Prezidenti lukman hünärmen hökmünde türkmen Lideriniň bu meseläni çuňňur bilýändigine aýratyn üns çekdi.

Ikinjiden, gepleşiklerde Merkezi Aziýadaky ýagdaýlara aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary agzalan sebitiň dünýä geosyýasatyndaky ähmiýetli ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen sebitiň döwletleriniň arasyndaky syýasy dialogyň täze görnüşini — Mekezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklaryny döretmegiň gözbaşynda durlar. Daşkentdäki gepleşiklerde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň ähmiýeti nygtalyp, şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilen sammitiň we onda kabul edilen möhüm çözgütleriň ýokary netijeliligi bellenildi.

Üçünjiden, iki ýurduň serhetýaka sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly ähmiýeti bar. Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň wekiliýetleriniň 22-nji sentýabrda Özbegistanyň Buhara we Horezm welaýatlaryna bolan saparlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, sebitleriň ikitaraplaýyn forumyny ýola goýmak hem-de onuň birinji duşuşygyny öňümizdäki ýylda Hywada geçirmek teklip edildi. Saparyň barşynda serhetýaka söwda merkezini açmak barada Ylalaşyga gol çekildi.

Dördünjiden, taraplar birek-biregiň öndürýän harytlarynyň dünýä bazaryndaky hereketini goldamagy ylalaşdylar. Milli Liderimiz türkmen kärhanalarynda çykarylýan karbamidi daşary ýurt bazarlaryna ibermek hem-de Türkmenistanyň çäginde ýoduň, bromyň we natriý sulfatynyň önümçiligini guramak boýunça taslamalary amala aşyrmak üçin mümkinçilikleri öwrenmegi teklip etdi.

Türkmen-özbek gatnaşyklaryna hyzmatdaşlygy ilerletmegiň täze usullaryny gözlemek mahsus. Gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň işjeň guraly hökmünde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek topary çykyş edýär. Şu gezekki resmi saparyň başlanmagyna çenli onuň 16 mejlisi geçirildi. Şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Daşkent şäherinde geçirilen soňky mejlisiň jemleri boýunça ýurdumyzyň degişli pudaklaryna 2022-2023-nji ýyllarda oba hojalyk gurallaryny hem-de traktor tirkeglerini, 2022 — 2026-njy ýyllar aralygynda bugdaýyň haşal otlaryna we kesellerine hem-de gowaçanyň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeleri, 2022 — 2025-nji ýyllar aralygynda 512 000 tonna fosforit ununy, himiýa önümlerini satyn almaga ygtyýar berýän şertnamalara gol çekildi.

Energetika — türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň strategik ugry. Döwletleriň ikisem sebitiň ýangyç-energetika serişdelerine baý ýurtlar. Özbegistan Russiýa, Gyrgyz we Gazagystan Respublikalaryna «mawy ýangyjy» eksport edýär. Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi Özbegistan üçin örän ähmiýetli. Özbegistan hem Türkmenistan ýaly, elektrik energiýasyny goňşy döwletlere satýar. Özbek elektroenergiýasy Owganystana, Täjigistana, Gyrgyzystana, Gazagystana iberilýär. Owganystanda durnukly ýagdaýyň ýola goýulmagyna gyzyklanýan Özbegistan Haýraton — Puli-Humri — Kabul aralygynda elektrik geçirijisini gurup, ulanmaga berdi. 2017-nji ýylyň maýynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Uzbekenergo» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda elektrik energiýasyny üstaşyr ibermek we geçirmek babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama baglaşyldy. Özbegistan Hazaryň türkmen ýalpaklygyndaky uglewodorod serişdelerini özleşdirmäge gatnaşmaga, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga hem gyzyklanma bildirýär. Türkmenistan häzirki wagtda Özbegistana benzin eksporty boýunça ikinji orny eýeleýär. Türkmenistan 2021-nji ýylyň başyndan bäri Özbegistana 121 million litr benzini eksport edip, goňşy ýurda Russiýadan soň, ikinji esasy ýangyç iberiji boldy.

Ulag-kommunikasiýa ulgamy — türkmen-özbek hyzmatdaşlygynda ýene bir möhüm ugur. Türkmenistan arap dünýäsi we Pars aýlagy sebitindäki ýurtlardan gelýän üstaşyr ýükleriň Merkezi Aziýa döwletlerine we Hytaýa äkidilmeginde möhüm çatryk bolup durýar. Şol sebäpli Türkmenistan we Özbegistan öz döwletleriniň çäklerinden ýük gatnawlarynyň möçberiniň artdyrylmagyna gyzyklanýarlar. Bu babatda 2017-nji ýylyň 7-nji martynda ulanmaga berlen, Amyderýanyň üstünden geçirilen Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil köprüleri — iki döwletiň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylygyň nyşanyna öwrüldi. Bu köprüler diňe bir Amyderýanyň iki kenaryndaky Türkmenistany we Özbegistany birleşdirmän, eýsem, Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirýän möhüm ulag geçelgesiniň ugrundaky ulag-logistika desgalaryna öwrüldi.

Özbegistan daşarky bazara çykmak üçin Türkmenistan tarapyndan gurlan demir ýollary üstaşyr ýük gatnawlary üçin ulanmaga gyzyklanýar. Bu babatda ýeterlik tejribe hem toplanyldy. 1996-njy ýylyň 13-nji maýynda Tejen — Sarahs — Maşat demir ýolunyň resmi açylyş dabarasy mahalynda Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň Prezidentleri Daşkent — Aşgabat — Baku — Poti ugry boýunça agzalan döwletleriň arasynda demir ýol ýüklerini daşamak barada ylalaşyga gol çekipdiler.

Türkmen Lideriniň Özbegistan Respublikasyna resmi saparynyň barşynda Özbegistanyň türkmen tarapynyň Aşgabat ylalaşygyny ilerletmek hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň düzümini doly güýjünde ulanmak baradaky başlangyçlaryny goldaýandygy nygtaldy. Türkmenistan özbek tarapynyň BMG-niň howandarlygynda özara Ulag-kommunikasiýa arabaglanyşygyny ösdürmegiň sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny goldady. 2017-nji ýylyň 20-nji maýynda Awazadaky duşuşykda özbek Lideri ýüreklere jüňk bolan bir jümläni aýdypdy: «Tebigat bize deňiz bermedigem bolsa, Taňry bize deňiz ýaly sahawatly goňşy beripdir». 2021-nji ýylyň güýzüniň örküjinde Daşkentdäki duşuşykda türkmen Lideri biziň ýurdumyzyň Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi ugry boýunça, soňra Gara deňziň portlary arkaly Ýewropa çykmak bilen, ulag ýollaryny ösdürmek boýunça bilelikde işlemäge taýýardygyny nygtady. Ýeri gelende bellesek, eýýäm bu ugurda anyk işler görünýär. 2021-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkiýäniň Stambul şäheriniň Bogazköpri menzilinden Özbegistan Respublikasynyň Ürgenç şäherine ugran 25 sany 40 putluk konteýnerlerden ybarat otly düzümi 21-nji aprelde “Teýmur Ahmedow” fider gämisinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi. Bu konteýner otly düzümi ilkinji ekspress otly düzümi boldy.

Türkmenistan we Özbegistan «Orta Aziýa – Ýakyn Gündogar» (Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman) täze ulag geçelgesi taslamasyna bilelikde başlaýjylardyr. Bu baradaky Hökümetara Ylalaşygyna 2011-nji ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabatda gol çekilipdi. Milli Liderimiz şu gezekki duşuşykda Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar halkara üstaşyr ulag geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmek babatda işjeň gatnaşyklaryň zerurdygyny aýtdy.

Türkmenistan hem, Özbegistan hem Owganystanyň ulag infrastrukturasyny ösdürmäge öz goşandyny goşýarlar. Türkmenistan 2007 we 2018-nji ýyllarda öz serişdeleriniň hasabyna Serhetabat — Turgundy demir ýoluny gurdy. 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň Kerki — Ymamnazar — Akina aralygy ulanmaga berildi. Özbegistan bolsa Owganystana tarap Termez — Haýraton — Mazary-Şerif demir ýoluny gurdy.

Goňşularyň arasynda söwda hyzmatdaşlygy hem barha berkeýär. Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly şahsy goşandyny goşan Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Islam Karimow «Türkmen bilen özbegiň bazaram bir, mazaram» diýen aýtgyny aýtmagy gowy görerdi. Bu ýan-ýana, birek-biregiň içinde gatyşyp oturan iki halky dyrnagy etden aýryp bolmaýşy ýaly, umumy ykbalyň baglanyşdyrýandygyna şaýatlyk edýän ganatly jümledir. Onuň hakykatdygyna iki döwletiň arasynda ýylba-ýyl artýan söwda dolanyşygy güwä geçýär. 2017-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy ABŞ-nyň 177 million dollaryna barabar boldy. Koronawirus pandemiýasy zerarly dünýäde emele gelen çylşyrymly şertlere garamazdan, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň durnukly artýandygy Daşkentde şu gezekki syýasy gepleşikleriň barşynda aýratyn nygtaldy. Soňky ýyllarda bu görkeziji üç essä golaý artdy. Soňky üç ýylda Özbegistanda türkmen maýasynyň gatnaşmagynda kärhanalaryň sany 11-den 162-ä çenli artdy. 2021-nji ýylyň 8 aýynda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň görkezijisi ABŞ-nyň 418,1 million dollaryna barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz şu saparyň barşynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan özbek kärhanalarynyň öndüren, umumy bahasy ABŞ-nyň 307 million dollaryndan gowrak bolan önümleri satyn almak babatda şertnamalary baglaşmak boýunça anyk teklipleriň işlenip taýýarlanylandygyny belledi. Munuň özi ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga saldamly goşant bolar. Hormatly Prezidentimizi şu gezekki gepleşiklerde 2018-nji ýylda birek-birekde Söwda öýlerini açmak hakynda gol çekilen Ylalaşygyň ýerine ýetirilmegini çaltlandyrmak barada degişli tabşyryklary bermegi teklip etdi. Şu gezekki saparyň barşynda bolsa özara söwdanyň sanawyny giňeltmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, dürli pudaklarda senagat hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, isleg bildirilýän önümleri öndürmek hem-de üçünji ýurtlaryň bazarlaryna çykmak, logistika düzümini kemala getirmek hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar degişli ýolbaşçylara “Ýol kartasyny” taýýarlamagy tabşyrmak barada ylalaşdylar.

Milli sergiler, ykdysady forumlar — söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny berkitmegiň özboluşly gurallary. 2008-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabatda Özbegistanyň harytlarynyň Milli sergisi, 2009-njy ýylyň 12-13-nji fewralynda Daşkentde Türkmenistanyň harytlarynyň Milli sergisi guraldy. Ýeri gelende ýatlasak, bu sergi Türkmenistanyň daşary ýurtda geçiren ilkinji Milli sergisidi. 2018-nji ýylyň 29 — 31-nji marty aralygynda Aşgabatda Özbegistan Respublikasynyň Milli senagat sergisi guraldy. Bu ýöriteleşdirilen ykdysady gözden geçirilişiň iki döwletiň Baştutanlarynyň başlangyjy bilen türkmen paýtagtynda ilkinji gezek geçirilendigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň Daşkende şu gezekki saparynyň öňüsyrasynda bu ýerde geçirilen bilelikdäki ykdysady forum netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen oňat netijeleri berdi. «Uzawtosanoat» we «Turkmenistan — Motors» bilelikdäki kärhanasy ilkibada 10 müň, soňra ýylda 50 müň sany oba hojalyk tehnikasyny we tirkeglerini öndürmegi ylalaşdylar. Forumyň jemleri boýunça ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan ikitaraplaýyn resminamalaryň 13-sine, şol sanda jemi ABŞ-nyň 13,5 million dollaryna golaý bolan eksport-import amallaryny amala aşyrmak baradaky resminamalara gol çekildi.

Oba hojalygy — hyzmatdaşlygyň möhüm ugry. Türkmenistan hem, Özbegistan hem senagat-agrar ýurtlar. Türkmenistan 2008-nji ýyldan başlap, goňşy döwletde öndürilen gowaça ekijileriň we kultiwatorlaryň uly tapgyryny yzygider satyn alýar. 2017-nji ýylda ýurdumyzda «Türkmen — UzABTO» hojalyk jemgyýetiniň binýadynda oba hojalyk tehnikasyny öndüriji «Uzagrotehsanoatholdingiň» Tehniki merkezi açyldy. Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 23-24-nji aprelindäki döwlet saparynyň barşynda taraplar oba hojalyk tehnikasyny, awtoulaglary, elektrotehnikalary bilelikde öndürmek boýunça ylalaşyklary gazandylar. Hormatly Prezidentimiz Özbegistanyň Baştutanynyň pagta ösdürip ýetişdirmek boýunça beren maslahatlaryny we tekliplerini öz ýurdumyzda üstünlikli ulanyp, bu möhüm oba hojalyk ekinini ösdürip ýetişdirmegiň möçberiniň ep-esli ýokarlanmagyny gazanandygymyzy nygtap belledi.

Ekologiýa we suw hojalygy meselesine türkmen-özbek hyzmatdaşlygynda möhüm orun degişli. Iki döwlet 1996-njy ýylda gol çekilen ylalaşyga görä, Amyderýanyň suwuny deň paýlaşýarlar. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasy Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we kämilleşdirmegiň tarapdary hökmünde çykyş edýärler. Türkmenistan Özbegistan Respublikasynyň başyny başlan, Aralýaka sebitini ekologik innowasiýalaryň we tehnologiýalaryň zolagy diýip yglan eden BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň awtordaşy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iki ýurduň suw hojalyk meselelerinde hyzmatdaşlygynyň deňhukuklylyk we özara hormat goýmak häsiýetine eýedigini belledi. Şu gezekki gepleşiklerde iki ýurduň Liderleri Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň işiniň başlanandygyny we onuň birinji mejlisiniň netijeli jemlerini kanagatlanma bilen bellediler. Düýeboýun suw howdanyndaky Soltan Sanjar bendini abatlamak taslamasyna girişiler.

Medeni-gumanitar ulgam hyzmatdaşlygyň mäkäm köprüsine öwrülýär. Ol taryhy, dil, medeni we ruhy umumylyklaryň sapaklary arkaly biri-birine berk baglanyşýan iki halkyň erk-isleginden gelip çykýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna 2018-nji ýyldaky saparynyň barşynda Daşkentdäki görnükli türkmen şahyrynyň we akyldarynyň ady dakylan köçede Magtymguly Pyragynyň hormatyna ýadygärligi açyldy. Hywada Magtymgulynyň bilim alan Şirgazy han medresesine baryp görmegi iki döwletiň hem Baştutanlarynyň türkmen akyldaryna goýýan beýik sarpasynyň nyşany boldy. 2018-nji ýylyň 24-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Özbegistanyň Horezm welaýatynda bolup, Ürgenç şäheriniň Türkmenler mähellesinde türkmen-özbek dostluk öýüniň açylmagyna gatnaşdy, «Uly howly» galasyna baryp gördi. Hywa şäheriniň taryhy-binagärlik ýadygärlikleri bilen tanyşdy. Daşkendiň Ýaşnabat raýonynda açylan Türkmenistanyň «Aşgabat» seýilgähi iki halkyň gatnaşyklarynyň berkidilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Özbek Lideri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabatda döredilýän “Daşkent” seýilgähiniň iki halkyň arasyndaky dostlugyň täze nyşanyna öwrüljekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi saparynyň amala aşyrylan döwründe “Ýüpek ýolunyň merjeni” atly Daşkent halkara kinofestiwalynyň çäklerinde geçirilen türkmen kinosynyň günleri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. 2022-nji ýylda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini guramagyň mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi.

Sungat — halk diplomatiýasynyň özboluşly «dili». Muny türkmen-özbek gatnaşyklarynda aýdyň görmek bolýar. Iki döwletiň Prezidentleriniň 2007-nji ýylda Aşgabatda, 2009-njy ýylda Daşkentde we Buharada, 2010-njy ýylda Daşoguzda, 2017-nji ýylda Türkmenabatda, 2018-nji ýylyň aprelinde Ürgençde, 2021-nji ýylyň oktýabrynda Daşkentde geçirilen bilelikdäki türkmen-özbek dostluk konsertlerine gatnaşmaklary bir derýanyň iki kenarynda mekan tutan goňşy halklaryň jebis dostlugyndan aýdyň nyşandyr. 2018-nji ýylyň 24-nji aprelinde iki döwletiň Baştutanlarynyň Horezm welaýatynda bilelikdäki türkmen-özbek dostluk konsertine gatnaşmaklary sungatyň iki halky ýakynlaşdyrýan bitewi köprüdigini ýene bir gezek subut etdi.

Hawa, «Kyýamat güni goňşudan», «Alysdaky garyndaşdan, ýakyndaky goňşy» ýaly pähimli sözler ata-babalarymyzyň bu ýörelgä elmydama ygrarly bolandygynyň alamaty. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna şowly tamamlanan resmi sapary türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny has-da berkitdi.

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42502