Türkmen nebitiniň taryhy, şu güni we geljegi

Türkmenistanyň nebit senagaty «Dagajyk» we «Çeleken» känlerinden gözbaş alýar. «Dagajyk» «dagjagaz» sözüniň gysgaldylan görnüşi bolup, bu ýerde ilkibaşda oturymly ilat ýaşapdyr we balykçylyk, nebitçilik bilen meşgullanypdyr. Deňiz suwunyň çekilmegi hem-de nebitiň öndürilişiniň artmagy netijesinde ilat kenara çekilýär. Bu ýere nebit daşamak üçin dürli görnüşli gämiler gelipdir we köp sanly işçi güýji talap edilipdir. 1874-nji ýylda doganlar Nobeller Hazaryň kenarynda, has anygy, Çelekende nebitli ýerleri 25 ýyllyk möhlet bilen kärendesine alypdyrlar. 1876-njy ýylda Nobelleriň firmasy 37 metr çuňlukdan nebitli goruň üstüni açýar. Bu firma el bilen nebit alynýan 164 sany guýyny hem-de 8 ýer bölegini kärendesine alyp, onda buraw desgalarynyň 3-sini gurýar. Şol ýyl tutuş Çeleken boýunça el bilen nebit alynýan guýularyň sanynyň 700-e golaýlandygy, çykarylan nebitiň möçberiniň 1600 tonna ýetendigi barada maglumatlar bar. Bu firma ýurdumyzda nebit çykarmak boýunça işlän daşary ýurt kompaniýalarynyň ilkinjisidir. 

                                                                   

Doganlar Nobeller ХIХ asyryň ahyrynda nebit daşaýan ikinji gämini hem gurýarlar. Bu täzeçillik Nobelleriň kompaniýasyny nebit önümçiliginde öňdebaryjylaryň hataryna çykarýar. Şol döwürde bug bilen işleýän sorujylar (nasos) ilkinji gezek ulanyşa girizilýär. Alfred Nobel doganlaryna çig nebiti turba geçirijiler arkaly akdyrmagy taslamalaşdyryp, ony Bakuwdan Astrahana çenli akdyrmagy maslahat berýär we ol dünýäde çekilen ilkinji turba geçiriji hökmünde taryha girýär.  

                                                                   

«Çeleken» ýatagyndan birnäçe asyr mundan öň nebit çykarylan-da bolsa, onuň hasabaty ýöredilmändir. Diňe 1876-njy ýyldan soňra, doganlar Nobelleriň maglumaty esasynda «Çelekenden» we beýleki nebit ýataklaryndan çykarylan nebitiň hasabaty ýöredilip başlanypdyr. Şol ýylda Türkmenistanyň nebitli meýdançalarynda urgy-mehaniki usul bilen burawlanan ilkinji guýular hem Nobelleriň önümçilige ornaşdyrmagy bilen peýda bolýar. Burawlamagyň aýlawly usulyny ornaşdyrmak 1932-nji ýylda girizilipdir. Nebitdagda bolsa (häzirki Uzboý şäherçesi) nebit gözlegleri XIX asyryň ahyrlarynda başlanýar. Şol döwürde belli rus magdan inženeri F.Maýewskiý: «Senagat nokady hökmünde Nebitdag diňe geljekde ähmiýetli bolar» diýip, örän jaýdar belläpdir. 1930-njy ýyllarda «Nebitdag» we «Çeleken» ýataklary ylmy esasda öwrenilip, şol döwürde nebit çykarmagyň öňdebaryjy usullary hem hut şu känlerde ulanylyp başlapdyr.  

                                                                   

1932-1933-nji ýyllarda ozalky soýuz respublikalarynyň senagat şäherlerinden nebit önümçiligi üçin zerur enjamlar we tehniki bilimli hünärmenler getirilýär. Şeýdibem, «Nebitdag» meýdançasynda nebit çykarylyşynyň taryhynda täze döwür başlanýar. Beýik Watançylyk urşunyň öňüsyrasynda Türkmenistan boýunça çykarylan nebit 587 müň tonna deň bolup, biziň ýurdumyz bu ugurda soýuz respublikalarynyň arasynda dördünji orna çykypdyr. 1941-nji ýyla çenli «Nebitdag» ýatagynyň beren «gara altyny» ýurdumyzda çykarylan nebitiň ýarysyndan-da köpdür. 1941 — 1945-nji ýyllarda front üçin Watan ammaryna 2 million 938 müň tonna ýangyç ugradyldy. Ýurdumyzda diňe 1945-nji ýylda çykarylan nebit bolsa 629 müň tonna barabar boldy. Beýik Watançylyk urşundan soňky ýyllarda Türkmenistanyň nebit senagaty giň gerim alýar, geologiýa-gözleg, burawlaýyş işleriniň depgini güýçlendirilýär. 

                                                                   

Nebitli, nebitgazly we gazly ojaklardan «Nebitdag» 1930-njy ýylda, «Gumdag» 1948-nji ýylda, «Keýmir» 1956-njy ýylda, «Gamyşlyja» 1958-nji ýylda, «Goturdepe» 1959-njy ýylda, «Ekerem» 1961-nji ýylda, «Barsagelmez» 1964-nji ýylda, «Guýjuk» 1974-nji ýylda açylyp ulanmaga berildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda «Ýaşyldepe», «Altyguýy», «Nebitlije», «Şatut», «Kemer», «Mydar», «Ýylakly», «Demirgazyk Goturdepe», «Uzynada» ýaly onlarça nebitgazly känleriň açylmagy ýurdumyzyň nebit senagatynyň taryhynda möhüm wakalar boldy. Nebitiň we onuň bilen ugurdaş gazyň çykarylyşynyň artmagy «Goturdepede» we «Barsagelmezde» täze guýularyň ýüzlerçesiniň işe girizilendigi bilen düşündirilýär. Bu iki ýatak öz gorlary boýunça diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýada hem iri nebitli ojaklar hasaplanylýar. 1975-nji ýylda ozalky soýuzyň merkezi gaz geçirijisine «Goturdepäniň» we «Barsagelmeziň» gazy sepleşdirilýär. Häzirki wagtda diňe «Türkmennebit» döwlet konsernine degişli, ýurdumyzyň gury ýer çäginde ýerleşýän nebitli, nebitgazly we kondensatly ýataklaryň 30-dan gowragy özleşdirilýär. Türkmenistan boýunça jemi 170-e golaý känden nebit we gaz kondensaty alynýar. 

                                                                   

Bilermenler biziň ýurdumyzyň umumy geologik gorlaryny 72 milliard tonnadan gowrak şertli ýangyç möçberinde diýip kesgitleýärler. Şonuň 53 milliard tonnasy gury ýerdäki ýataklaryň, 18 milliard tonnadan gowragy bolsa deňizdäki ýataklaryň ýangyç serişdeleridir. Soňky ýyllarda geçirilen geologik barlaglaryň görkezişi ýaly, munuň özi ahyrky sanlar däldir. Ýangyç serişdeleri çykarylyp başlanandan bäri bir ýarym asyra golaý wagt geçen hem bolsa, alymlar entek Türkmenistanyň çäginde üsti açylmadyk baýlykly nokatlaryň az däldigini tassyklaýarlar. Döwletimiziň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýelemegi aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr. 

                                                                   

«Nebitgazylmytaslama» institutynyň alym-hünärmenleriniň güýji bilen, Günbatar hem-de Merkezi Garagumda, gojaman Hazaryň goýnunda, ýurdumyzyň gündogar-demirgazyk sebitlerinde nebitli we gazly känleriň ençemesiniň üsti açyldy. Häzirki wagtda geologlarymyz topragyň ýedi müň metr çuňlugyndaky gatlaklaryň nebit känlerine, gorlaryna ylmy esasda baha berip bilýärler. «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalary täze ýataklary özleşdirýärler. Diňe bir işlenip taýýarlanylýan ýataklary burawlamak bilen çäklenilmän, täze meýdançalarda geologiýa-gözleg işleri hem amala aşyrylýar. Netijede, nebitgaz ýataklarynyň we meýdançalarynyň sany artýar. Önümçilige dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Ulanyşyň giçki tapgyryndaky känlerden çig nebitiň çykarylyşyny durnukly derejede saklamak, bu känleriň nebit berijilik mümkinçiligi bolan önümli gatlaklarynda täze guýulary gazyp, önümçilige girizmek, hereket etmeýän guýularda ýerasty we düýpli abatlaýyş işlerini amala aşyrmak ýaly çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Diňe geçen ýylda daşary ýurt kompaniýalary bilen bilelikde ýurdumyzda nebitiň we kondensatyň 8 million tonnadan gowragy, tebigy we ugurdaş gazyň 83,7 milliard kub metri çykaryldy. Daşary ýurtlara «mawy ýangyjyň» 34 milliard kub metrden gowragy eksport edildi.  

                                                                   

2010-njy ýylda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan «Demirgazyk Goturdepe» ýatagynyň Hazar ýalpaklygynda ýerleşýän bölegi özleşdirilip başlandy. «Goturdepe» buraw işleri müdirligi tarapyndan 317-nji guýuda gazuw işleri tamamlanyp, nebit akymy alynýar. Häzirki wagtda bu meýdançada taslama çuňlugy 5 müň metre golaý bolan 331-nji we 250-nji belgili guýularda-da buraw işleri tamamlanyp, ulanyşa berildi. Bu işde konserniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň alymlarynyňdyr hünärmenleriniň hem goşandynyň bardygyny, olaryň ylmy derňewleriniň ýerine düşendigini aýratyn bellemek gerek. «Demirgazyk Goturdepe» ýatagynda türkmen nebitçileriniň öz güýçleri bilen kese we ýapgyt sütünli, ýokary önümli çuň guýulary üstünlikli gazyp, ulanyşa girizendikleri, bu işiň dowam etdirilýändigi hem nygtalmaga mynasypdyr. Bu ýatak boýunça 2020-nji ýylda «Ýug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasy şertnama esasynda täze guýularyň 6-syny burawlap, işe girizdi. Ýeri gelende aýtsak, geçen ýylyň sentýabrynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen gol çekilen Karara laýyklykda, bu korporasiýa günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň «Goturdepe» ýatagynyň gündogar böleginde 3D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek barada Singapuryň «Ýug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen resminama laýyklykda, nebitiň we gazyň täze gorlaryny çykarmak, ugratmak hem-de zerur bolan düzümi döretmek göz öňünde tutulýar. Hazar deňziniň türkmen bölegine degişli suw ýalpaklaryndaky önümli gatlaklary özleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hazar deňzinde iki döwletiň aralyk zolagynda ýerleşýän «Dostluk» nebitgaz känini Azerbaýjanyň hünärmenleri bilen bilelikde özleşdirmek babatda edilýän tagallalara-da türkmen hünärmenleri işjeň gatnaşýarlar. 

                                                                   

Häzirki wagtda «Uzynada» meýdançasynda täze guýulary burawlamak işleri dowam etdirilýär. «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan bar bolan senagat derejesindäki nebit gorlarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, täze nebitli gatlaklary we känleri gözläp tapmak, olary özleşdirmek boýunça günbatar Türkmenistanyň guryýer çäklerinde ýerleşýän, bu ugurda geljegi uly bolan «Demirgazyk Ekerem», «Günorta Beňňuwan», «Gündogar Körpeje», «Günorta Garadaşly», «Günorta Atajan», «Aýdogdy», «Batgalyýer», «Garmar», «Hasardag», «Günorta Eýşem», «Çukurçy» we «Nogaý» meýdançalarynda geologiýa-gözleg işlerini alyp barmak meýilleşdirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kuwwatyny has-da pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. 

                                                                                                           

Saparmyrat ARTYKOW,

                       

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.