“Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dörediler

17-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Serdar Berdimuhamedow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de maýa goýum işjeňligini berkitmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda gol çekilen “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakyndaky Ylalaşygy iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler amala aşyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde çykyş etmäge ygtyýar bermek baradaky Kararyň taslamasy hödürlenildi. Täze düzümiň öz üstüne ýüklenen borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üçin Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan degişli ygtyýarnamanyň kanunçylykda bellenen tertipde berilmegi teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek we ýurdumyzyň ykdysady ösüşini üpjün etmek maksady bilen, giň möçberli döwlet maýa goýum maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň halkara maýa goýum bazarlarynda ýurdumyzyň bähbidini goraýan Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Bu bank degişli ugurda dürli maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça oňyn tejribe toplady.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, milli we sebit ähmiýetli täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin daşary ýurtlaryň iri işewür düzümleriniň hem-de abraýly halkara maliýe edaralarynyň maýa serişdelerini çekmegiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz degişli Karara gol çekip hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, maýa goýum serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak we netijeli özleşdirilişini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, maýa serişdelerini maksadalaýyk ulanmak, daşary ýurt maýalaryny çekmek we olaryň ygtybarly goragyny üpjün etmek maksady bilen, degişli kadalaşdyryş binýadyny kämilleşdirmek babatda anyk görkezmeler berildi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi