Žurnalistikada interwýu gyzykly hem özüne çekiji, şol bir wagtda jogapkärçilikli çemeleşmäni talap edýän žanr hasaplanýar. Sowallar arkaly adamyň keşbini çekmeli — hakyky ýerine düşen interwýunyň üstünligi, ine, şunda jemlenýär. Ýöne şol üstünligi gazanmak asla ýeňil-ýelpaý iş däl. Onuň üçin berlen sowallaryň-da, jogaplaryň-da maňzyňa batmagy, düşnükli we täsirli bolmagy zerur. Şu ikisi özara sazlaşanda, söhbetdeşligiň asyl maksadyna ýetjekdigi gümansyz...
Biz interwýu žanryndan söz açmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň «TRT World» teleýaýlymynyň baş redaktory Ýusuf Erim bilen bolan söhbetdeşligi, onuň many-mazmuny barada gürrüň etmekçi bolýarys. Şunda bir hakykata turuwbaşdan ünsi çekmek gerek. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli milli Liderimiz «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň we TASS agentliginiň sowallaryna hem jogap berdi. Iri habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri bilen geçirilen söhbetdeşlikleriň üçüsinde-de, gürrüňsiz, ýüregi elmydama «Halkym, ýurdum!» diýip urýan, tutuş adamzadyň öňündäki jogapkärçilik hökmünde dünýä syýasatyna işjeň garylyp-gatylmak ugrunda irginsiz tagalla edýän, millilige aýratyn gadyr goýýan, döwlet işlerini döredijilik, sport bilen utgaşdyryp, hemmelere görelde görkezýän, maşgala gymmatlyklaryny gözüniň göreji deýin sarpalaýan... türkmen Lideriniň keşbi janlanýar. Hut hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň netijeliligi bolsa täze taryhy şertlerde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny mäkäm pugtalandyrdy.
Aslynda, döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtly žurnalistler bilen geçiren sowal-jogaplarynda üns çekilen ugurlaryň her biri aýratyn söhbet edilmäge mynasyp. Çünki olarda dünýä kartasynda «Türkmenistan» atly özbaşdak döwletiň döreýşinden başlap, geçen üç onýyllykda ýurdumyzyň ýeten sepgitleridir gazanan üstünliklerine hertaraplaýyn jikme-jik seljerme berilýär, görnükli syýasatçy hökmünde milli Liderimiziň döwleti dolandyrmak sungatynyň aýratynlyklary inçelik bilen açylyp görkezilýär. Şoňa görä-de, bu söhbetdeşlikleriň dünýä jemgyýetçiliginde, bilermenlerdir syýasatşynaslarda uly gyzyklanma döretmegi tebigy ýagdaýdyr. Olaryň mazmunyny bir sözde jemlemeli bolsa, «Türkmenistanyň taryhyna, şu gününe we geljegine syýahat» diýip häsiýetlendirsek, ýerine düşerdi. Biz muny Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň «TRT World» teleýaýlymynyň žurnalisti bilen söhbetdeşligiň mysalynda-da aýdyňlaşdyryp bileris.
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, garaşsyz ösüşiň 30 ýylynda türkmen döwletiniň ýeten iň wajyp sepgitleri hem-de öňde goýlan maksatlar, nesilleriň arasyndaky baglanyşygyň milli döwletliligi kemala getirmekdäki ähmiýeti, iň ýakyn goňşularymyz bolan sebit döwletleri bilen gatnaşyklarda ileri tutulýan ugurlar, ýakyn wagtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän Azerbaýjan — Türkmenistan — Türkiýe üçtaraplaýyn sammitinde garaljak meseleler, halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylan iri taslamalar, Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy derejede goşulmagynyň sebäpleri, hormatly Prezidentimiziň maşgala gymmatlyklaryna garaýşy we gyzyklanmalary, hünär saýlamakda ýaş nesillere maslahatlary söhbetdeşligiň özenini düzdi. Sowallar, göräýmäge, biri-birinden tapawutly ýaly bolsa-da, «watançylyk» diýilýän gymmatly düşünje olary bir sapaga düzýär. «Adam özüniň Watanyň ykbalyna hemişe dahyllydygyny duýmalydyr» diýýän türkmen Lideriniň hut şu ýörelgä ygrarlylygy bu gün nusgalyk göreldä öwrülip, watançylyk senasy bolup kalplara dolýar. Aýdylyşy ýaly, dünýäni söýmek hem öz Watanyňa çäksiz söýgüden gözbaş alýar.
Türkmenistanyň dünýäde garaşsyz, özbaşdak, kuwwatly we uly abraýa eýe döwlet hökmünde emele gelmeginiň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen iň arzyly sepgit bolandygy, onuň daşary syýasatyň binýatlyk esasy bolan hemişelik Bitaraplyk derejesini ykrar etdirmäge şaýol açandygy asyrlar aşsa-da, mizemejek hakykatdyr. Nämüçindir, türkmen döwletliliginiň goşa ganaty hasaplanýan Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk barada gürrüň edilende, dostlukly ýurdumyz Türkiýe hem bada-bat göz öňümde janlanýar. «Türkiýe dünýä ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup biziň Garaşsyzlygymyzy ykrar etdi, Aşgabatda özüniň diplomatik wekilhanasyny açdy. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň ähli döwürlerinde Türkiýäniň goldawy aýratyn ähmiýetli boldy. Şol döwür ýola goýlan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň däpleri, biziň gatnaşyklarymyzyň aýratyn häsiýeti ýyllar geçse-de, üýtgemän, has-da berkedi». Döwlet Baştutanymyzyň türkiýeli žurnalistiň sowalyna beren jogabyndaky, ine, şu jümleler munuň sebäbini doly aýdyňlaşdyrýar.
Şygar edip aýdylyşy ýaly, biz bir millet — iki döwlet. Türkiýe Türkmenistan üçin iň ýakyn, doganlyk ýurt. Biziň ata-babalarymyzyň ykbaly, taryhymyz, dilimiz, dinimiz, medeniýetimiz hem ruhy däplerimiz bir umumylykda jemlenýär. Birek-birege «gardaş, arkadaş!» diýip ýüzlenýän türkmen we türk halklarynyň taryhy taýdan ýakynlygy, ýürekdeşligi bu gün döwletara derejede ygtybarly, strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň binýady bolup hyzmat edýär. Dogrusy, türkmen-türk gatnaşyklarynda ýetilen sepgitler barada bu makalamyzda jikme-jik gürrüň bermegiň zerurlygy ýok. Şol gatnaşyklaryň miwelerini biz gündelik durmuşymyzda, ykdysadyýetimiziň köp pudaklarynda alnyp barylýan bilelikdäki işlerde has aýdyň görýäris.
Ýeri gelende bellesek, meýdanynyň 97 göterimi Gündogar Aziýada, 3 göterimi hem Günorta Ýewropada ýerleşip, üç tarapyny Gara, Egeý we Ortaýer deňizleri gurşap alan Türkiýe geografik taýdan täsin, geostrategik taýdan örän amatly çäkde ýerleşýär. Bu bolsa ýurduň möhüm ulag-aragatnaşyk geçelgeleriniň merkezine, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly mümkinçiligi bolan döwlete öwrülmegini şertlendirýär. Ine, onsoň, Türkiýäniň söwda dolanyşygynyň we maýa goýum işjeňliginiň derejesi boýunça Türkmenistanda öňdebaryjy orny eýelemeginiň, «Lapis Lazuli» adyny alyp, Gara deňziň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berjek Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça üstaşyr ulag taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň bähbitlerini öz ýanyňdan degşirip görmek ýeterlik.
«Ösüş arkaly parahatçylyk» — hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatynyň esasyny düzýän şygar. Doganlyk Türkiýede hem «Ýurtda parahatçylyk — dünýäde parahatçylyk» şygary döwlet syýasatynyň baş ýörelgesi hasaplanýar. Dostlukly döwletde ýörgünli ulanylýan «Özbaşdaklyk, gürrüňsiz, halka degişlidir» diýen jümle bolsa biziň ýurdumyzyň «Döwlet adam üçindir!» baş ýörelgesi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Diýmek, halklarymyzyň üstünden asyrlar aşsa-da, gymmatyny ýitirmeýän umumylyklary bu gün iki ýurduň döwlet syýasatynda-da, dünýä ykbalyna dahylly işlerinde-de mynasyp beýanyny tapýar. Bu barada milli Liderimiz Ýusuf Erim bilen söhbetdeşliginde-de aýratyn nygtap, hut «doganlyk» sözüniň özara gatnaşyklaryň ilkibaşdan we häzirki günlerine çenli syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer ulgamda, halkara giňişlikde tutuş ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň içinden eriş-argaç bolup geçýändigine ünsi çekdi.
Söhbetdeşligiň syýasy tarapy barada aýdylanda, ýakyn wagtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän Azerbaýjan — Türkmenistan — Türkiýe sammitiniň üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmak, birek-biregiň çig mal, serişde we adam mümkinçiliklerini ulanmak arkaly özara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigine pugta ynam bildirmek bolar. Üç ýurduň Gündogar — Günbatar ugry boýunça ygtybarly ulag we energetika köprüsiniň emele gelmeginde esasy orun eýeleýändigi göz öňünde tutulanda, sammitiň ulag-aragatnaşyk, söwda we maýa goýum ulgamlarynda gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleri açjakdygy ikuçsuzdyr. Ýeri gelende, hormatly Prezidentimiziň dünýäde dowam edýän adatdan daşary ýagdaýlarda özara deňiz gatnawlarynyň, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlar boýunça ulag geçelgeleriniň işiniň kadaly ýola goýulmagy ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini nygtamaly. Munuň özi pandemiýa şertlerinde yklymyň geoykdysady giňişliginde hereket edýän ýük gatnawlaryny durnukly ýagdaýda saklamakda, ýurtlarymyzyň ykdysady syýasatynyň bökdençsiz amala aşyrylmagynda, esasysy bolsa, iň ýokary gymmatlyk bolan adamlaryň zerur isleglerini kanagatlandyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmekde aýgytlaýjy orun eýeledi.
Ýeri gelende, bir buýsançly ýagdaýy aýratyn nygtamaly. Düýn, 12-nji noýabrda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen Türki geňeşe agza döwletleriň Baştutanlarynyň VIII sammitinde Türkmenistanyň resmi taýdan Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde goşulmagy hakynda çözgüt kabul edildi. Bu barada türkiýeli žurnalist bilen gürrüňdeşlikde: «Men Türkmenistanyň Türki geňeşe synçy hökmünde gatnaşmagynyň guramanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda alyp barýan işlerine goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn» diýmek bilen, milli Liderimiz türkmen Bitaraplygynyň mümkinçiliklerine aýratyn ünsi çekdi. Çünki hut hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyza parahatçylygyň bähbidine iş alyp barýan halkara we sebit düzümleri bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga şert döredýär. Halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzalygyna kabul edilen Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işiniň hukuk esaslary «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» hem anyk kesgitlenendir. Hormatly Prezidentimiziň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýokary derejeli duşuşyklaryna hormatly myhman hökmünde yzygiderli gatnaşmagy bu düzümiň çäginde alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmaga, möhüm teklipdir başlangyçlary öňe sürmäge ýardam berýär.
2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda türki dilli döwletleriň Baştutanlarynyň Azerbaýjanyň Nahiçewan şäherinde geçirilen sammitinde döredilip, iş tertibi 2010-njy ýylyň Stambul jarnamasynda berkidilen Türki geňeşe Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyzystan hem-de Özbegistan hemişelik agza, Wengriýa bolsa synçy derejesinde gatnaşýar. Guramanyň esasy maksatdyr wezipelerini özünde jemleýän Nahiçewan jarnamasynda onuň döwletara hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri, şol sanda parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ählumumy wehimlere garşy bilelikde göreşmek, adam hukuklaryny goramak ýaly ugurlarda iş alyp barýandygy hakynda bellenilýär. Diňe parahatçylykly gatnaşyklaryň bähbidine hereket edýän Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň ileri tutýan ugurlarynyň türkmen Bitaraplygynyň binýatlyk ýörelgeleri bilen gapma-garşy gelmeýändigi şunda has aýdyň görünýär.
Türki geňeşe synçy derejede gatnaşmak Türkmenistan üçin nähili mümkinçilikleri açar? Şu sowala jogap bermek üçin dünýäniň syýasy kartasyny göz öňüne getirmek ýeterlik. Guramanyň hemişelik agzalary bolan Gazagystan, Gyrgyzystan hem-de Özbegistan biziň ýurdumyzyň Merkezi Aziýa sebitinde iň esasy strategik hyzmatdaşlary, Azerbaýjan bolsa Hazar deňzi boýunça goňşy döwleti. Amatly geografik çäkde ýerleşen Türkiýe Türkmenistan üçin Ýewropa yklymyna amatly çykalgadyr. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen biziň ýurdumyz çar tarapa uzaýan ulag we energetika geçelgeleriniň möhüm halkasy hasaplanýar. Türki geňeşe synçy hökmünde gatnaşmak bolsa agza döwletleriň çäginden geçip, has alyslara uzaýan iri taslamalara-da goşulmaga ýardam eder. Munuň özi taraplaryň ählisi üçin hem ykdysady taýdan örän bähbitlidir. Hut şoňa görä-de, gatnaşyjy ýurtlar Türkmenistanyň bu düzüme degişli derejede goşulmagyny biragyzdan goldadylar. Ine, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň dünýä syýasatynda eýeleýän ornuny berkitmek, Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ykdysady mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak ýolunda täze gözýetimler!
Biz makalamyzda, esasan, milli Liderimiziň «TRT World» teleýaýlymynyň žurnalisti bilen söhbetdeşliginiň syýasy tarapyna ähmiýet berdik. Ýöne ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, onda gürrüňi edilen ugurlaryň hersi özbaşyna bir söhbet. Bular barada entek kän makalalar ýazylar, teswirler berler. Olaryň ahyrky maksadynyň gelip-gelip, dünýä içre ykrar edilen Liderimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen şygarynda jemlenjekdigi gümansyz. Şu beýik şygary baýdak edinen Türkmenistanyň döredijilikli syýasaty bolsa Zemin halklaryny parahatçylyga we ynanyşmaga çagyrýar.
Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46704