Türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri

Aşgabat, 17-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşygy boldy.

 Koreýa Respublikasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi. Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo hem özüniň gynanç hatyny iberdi. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri duýgudaşlyk sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz sapar mahaly boljak duşuşyklaryň we gepleşikleriň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirip, bu gezekki çäreleriň parlamentara gatnaşyklary berkitmekde, kanun çykaryjy ulgamda tejribe alyşmagyň, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, şol sanda iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýän halkara gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary boýunça ähmiýetli boljakdygyny aýtdy. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklara, dostluk, birek-birege ynanyşmak, özara düşünişmek esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze Arkadag şäheriniň gurlandygy barada aýdyp, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda amala aşyryljak önümçilik we beýleki maksatly binalaryň taslamalaryny durmuşa geçirmäge koreýaly işewürleriň gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň wajypdygyny belledi. 

                                                                   

Häzirki wagtda biziň ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän döwletler bilen ikitaraplaýyn görnüşde we abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ýola goýýandygyny belläp, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan tarapyndan parahatçylygyň, durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň bähbidine gönükdirilen başlangyçlaryň giň goldawa eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň köpugurly esasda, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy. 

                                                                   

Soňky ýyllarda syýasy-diplomatik ugurda parlament diplomatiýasynyň orny barha artýar. Ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan diplomatiýanyň tapawutly aýratynlygy häzirki wagtda türkmen-koreý parlament wekiliýetleriniň özara saparlarynyň yzygiderli häsiýete eýe bolmagydyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz 2022-nji ýylyň 27 — 29-njy noýabrynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Saparyň çäklerinde gepleşikler, Koreýa Respublikasynyň parlamentinde netijeli duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda parlamentara dostluk toparynyň alyp barýan işleri we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Mundan başga-da, öňdebaryjy koreý işewür toparlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirilip, olaryň netijeleri boýunça ylalaşyklaryň giň toplumyna gol çekildi. 

                                                                   

Saparymyzyň netijeleri diňe kanun çykaryjylyk babatda däl, eýsem, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň toplumyny ösdürmäge-de täze itergi berdi diýip hasap edýäris. Siziň bu saparyňyza hem ozal başyny başlan gepleşiklerimiziň dowamy hökmünde garaýarys diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalaryna ýüzlenip, iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli, durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýedigini belledi. Köp ýyllaryň dowamynda iri koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda netijeli iş alyp barýandyklaryna üns çekildi. Koreýa Respublikasynda öndürilen awtoulag serişdeleri ýurdumyzda ýolagçy awtobuslary we taksiler görnüşinde ulanylýar. Olar türkmenistanlylaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir. 

                                                                   

Şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge we ösdürmäge taýýardygyny belledi. 

                                                                   

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda wajyp ähmiýetiniň bardygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bilim ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, özara Medeniýet günlerini geçirmäge, sport, syýahatçylyk we saglygy goraýyş ulgamlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge zerur goldawlaryň berilmeginiň möhümdigini aýtdy. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanlara berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we pursatdan peýdalanyp, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola hem-de ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny aýtdy. 

                                                                   

Öz gezeginde, Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gon ruhy-medeni mirasyň, ahlak gymmatlyklarynyň umumylygynyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny nygtady. Türkmenistan we Koreýa Respublikasy diňe bir söwda-ykdysady gatnaşyklary däl, eýsem, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy hem yzygiderli ösdürýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda bu ýurtda türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigi bellenildi.  

                                                                   

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýanynda döredilen koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň ähmiýeti, şeýle hem Günorta Koreýada türkmen halkynyň medeniýetine we diline uly gyzyklanma bildirilýändigi bellenildi. Bu bolsa ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek arkaly bu ugurda ägirt uly netijeleriň gazanylmagynda ähmiýetlidir. 

                                                                   

Myhmanyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň kompaniýalary bu pudakda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Şeýle-de häzirki zamanyň ajaýyp şäheri bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň gurluşygyna gatnaşmak meseleleriniň özüne çekijiligi barada aýdyldy. 

                                                                   

Türkmen paýtagtynyň gözelliginiň özünde uly täsir galdyrandygyny belläp, myhman şäheriň binagärlik aýratynlygynyň özboluşlylygynyň hem-de sazlaşygynyň ýokary derejä eýedigini nygtady. 

                                                                   

Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gon iki dostlukly halkyň ruhy we medeni umumylygyna esaslanýan türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gon birek-birege hoşniýetli sözleri aýdyp, türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. 

                                                                   

 Duşuşyga Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-Çul hem gatnaşdy. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gon bilen duşuşygy boldy. Onda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şeýle hem halkara we sebitara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň soňky ýyllarda ösüşiň ýokary derejesine çykandygyny belläp, taraplar iki ýurduň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýýan gatnaşyklaryna täze itergi bermäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.  

                                                                   

Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygy myhmanlary milli parlamentiň alyp barýan işi we onuň wezipeleri, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda kanunçylyk ulgamynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Döwlet ösüşinde giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi parlamentiň işiniň kämilleşdirilmegine giň ýol açýar. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda dünýäniň kanun çykaryjylyk tejribesiniň esasy ugurlaryny özünde jemleýän ygtybarly kanunçylyk binýady döredildi. Işlenip taýýarlanylýan we kabul edilýän kanunlar hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalary täzeçil usullary esasy ugur edinýän özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, hormatly Prezidentimiziň syýasy, ykdysady, durmuş ösüşi boýunça öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyna gönükdirilendir. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň halklarynyň bähbidine parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini giňden ulanmak, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek we degişli ugurda tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynda döredilen parlamentara dostluk toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi. Soňky ýyllarda döwletara derejede gazanylýan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny nygtap, taraplar däp bolan türkmen-koreý gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan parlamentara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gyzyklanmalaryny mälim etdiler. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

Koreýa Respublikasynyň wekiliýetiniň ýurdumyza saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň gyzyklanmalary esasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan gatnaşyklar sazlaşykly ösüşe eýe bolup, hil taýdan täze derejä çykdy. Yzygiderli geçirilýän bilelikdäki çäreler, duşuşyklar we geňeşmeler hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berýär. Taraplar ýokary derejede geçirilýän türkmen-koreý gepleşikleriniň ygtybarly ösdürilýändigine kanagatlanma bildirdiler. Umumy ruhy-medeni we taryhy gymmatlyklary bolan dostlukly halklaryň özara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ösüşiň täze derejesine çykýar. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmaga işjeň goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

Şeýle hem şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygyndaky Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna öňdebaryjy tejribäni hem-de ýokary tehnologiýalary, häzirki zamanyň ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmak, iri daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda koreý işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi. 

                                                                   

Mundan başga-da, myhmanlar üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, koreýaly hyzmatdaşlar Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördüler. Bu ýerde köp sanly halkara bäsleşikleriň hem-de festiwallaryň ýeňijisi, meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy boldy. 

                                                                   

Şeýle-de koreý parlamentarileri Arkadag şäheriniň binagärlik aýratynlyklary bilen tanşyp, bu ýerde amala aşyrylýan gurluşyk işlerine ýokary baha berdiler. Olar bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşmagy özleri üçin hormat hasaplaýandyklaryny aýtdylar.