Türkmen işewürleriniň kuwwatly önümçiligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen işewürleri täze zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Çünki milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmek, işewürleriň her bir başlangyçlaryny goldamak hem-de döwrebap işewürlik düzümini kemala getirmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda hususy ulgam ýurdumyzda azyk we haryt bolçulygyny döretmäge mynasyp goşant goşýar.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bazar ulgamynyň döredilmeginiň möhüm bölegi bolan hususy işewürligiň ösdürilmegine uly ýardam berýär. Olaryň innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge gatnaşyklaryny goldaýar. Türkmen işewürlerine goldaw berilmegi we ynam bildirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň bazarlarynda harytlaryň bolçulygyny döredýärler. Milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň günsaýyn gowulanmagyna oňyn täsir edýär. 

                                                                   

Munuň şeýledigini ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda bolşy ýaly, Mary welaýatynda hemtelekeçilerimiz tarapyndan amala aşyrylýan işleriň mysalynda görmek bolýar. Welaýatda iş alyp barýan hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleriniň, aýry-aýry telekeçileriň öndürýän önümleridir harytlary ýurdumyzda bazar bolçulygynyň döredilmeginde özüniň mynasyp ornuny tapýar. Işewürleriň müňlerçesi öz öndürýän önümleriniň görnüşlerini we möçberlerini artdyrýarlar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup biljek önümçiligi döredip, öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara eksport edilmeginde-de maksada okgunly iş alyp barýarlar. Sözümiz gury bolmaz ýaly, käbir mysallara salgylanalyň!  

                                                                   

Ine, «Ak hünji» hususy kärhanasyny alyp göreliň. Bu kärhana 2009-njy ýyldan bäri halkymyza hyzmat edip gelýär. Özi-de penoplastdan önüm öndürmäge ýöriteleşen kärhanadyr. Sebäbi penoplast tygşytly, tämiz, ýokary hilli we owadan önümdir. Tebigy taýdan juda arassadyr. Onuň bilen binalaryň içini, daş-töweregini bezäp bolar. Dürli görnüşli we nagyşly önümler jaýlara özboluşly gözellik çaýýar. Bu önümler ýylylygy gowy saklaýar, sowuga-da çydamly, çüýremeýär, poslamaýar, ses geçirmeýär. Şu we beýleki artykmaçlyklarynyň bolmagy halkymyzyň bu önüme bolan islegini günsaýyn artdyrýar. Penoplast önümleri diňe bir içerki bazarlarymyzda geçginli haryt bolman, eýsem, daşary ýurtlarda-da oňa isleg bildirilýär. Kärhana öz önümlerini Gruziýa, Gazagystana, başga-da birnäçe ýurtlara eksport edýär.  

                                                                   

Welaýatda ýylda 20 müň kub metr agaç gyryndysynyň dykyzlandyrylan gatlagyny öndürýän zawodyň işe girizilmegi-de bellenilmäge mynasypdyr. Bu önüm ýurdumyzda ilkinji gezek şu zawod tarapyndan öndürilýär. Gurluşykçylaryň dili bilen aýdanymyzda, ol DSP ady bilen bellidir. Zawodyň işe girizilmegi bilen täze iş orunlarynyň dörändigini-de aýtmak gerek.  

                                                                   

Zawodda bir wagtda DSP-niň 10 tonnasyny basgyçdan çykaryp bolýar. Kärhanada ini 1 metr 23 santimetr, uzynlygy 2 metr 24 santimetr we galyňlygy 8-den 24 millimetre çenli bolan DSP-ler öndürilýär. Ekologiýa taýdan arassa DSP-ler ýurdumyzda bar bolan mebel kärhanalarynyň we ilatymyzyň bu önüme bolan islegini doly kanagatlandyrýar.  

                                                                   

«Maru AGOS» hususy kärhanasy hem indi birnäçe ýyldan bäri agaç we demir gapylary, mebelleriň dürli görnüşlerini öndürip gelýär. Kärhananyň öndürýän önümleri işewürler merkezleriniň, dolandyryş edaralarynyň, öýlerimiziň bezegidir. 

  Tämizleýji serişdeleriniň önümçiligini ýola goýýan «Şatumar» hususy kärhanasy hem indi ençeme wagtdan bäri halkymyza hyzmat edip gelýär. Kärhana tarapyndan dürli ýuwujy serişdeler, aýna üçin arassalaýjy serişdeler, şampun, suwuk sabyn, egin-eşik ýuwujy, otaga ýakymly ys beriji serişdeler, çygly süpürgiçler, diş arassalaýjy pastalar öndürilýär. Kärhana «Era», «Şa», «Tumar», «Emir», «Dana», «Ýunus», «Ses» ýaly haryt nyşanly önümleri bilen tanalýar. Kärhananyň öndürýän önümleri Gyrgyzystan, Gazagystan we Özbegistan Respublikalaryna, Russiýa Federasiýasyna hem eksport edilýär.  

                                                                   

«Erkin gurluşyk» hususy kärhanasy hem özüne berkidilen 300 gektar meýdanda oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşini ösdürip ýetişdirýär. Hususy kärhananyň maldarçylyk toplumynda süýdi köp berýän simmental tohumly iri şahly mallaryň 200-den gowragy idedilýär. Olar üçin ot-iými kärhananyň özi öndürýär. Şeýle-de, kärhana miweli baglary ösdürip ýetişdirýär.  

                                                                   

«Täze aý» haryt nyşanly hususy kärhanasy hem dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan. Bu hususy kärhanada «Täze aý» nyşanly şokolad, marmelad, şokolad örtükli süýjüleriň ençeme görnüşi öndürilýär. Kärhananyň ýyllyk kuwwaty 15 müň tonna süýji önümlerini öndürmäge ukyplydyr.  

                                                                   

Umuman alanyňda, häzirki wagtda welaýatymyzda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli uly möçberli işleri amala aşyrýan türkmen telekeçilerimiziň sany barha artýar. Olaryň tagallasy bilen bu günki gün ýurdumyzda bazar bolçulygy döredilýär. Mähriban halkymyz bolelinlikde, eşretli durmuşda ýaşaýar. Elbetde, munuň özi döwletimizde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ykdysadyýetimizi ösdürmekde alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyň alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýet ulgamyny ýokarlandyrmakda we dünýä çykarmakda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda ýokary derejeli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun, tutýan beýik tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!  

                                                                                                           

Jennet BAÝRAMOWA,

                       

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.