Türkmen dokmasynyň şöhraty artýar

Türkmenistanyň dokma senagaty milli ykdysady strategiýa esasynda üstünlikli ösdürilýär. Çig mal eksport edýän döwletden gaýtadan işleýän senagatyň giň ýaýrawly döredilmegi netijesinde, taýýar önümleri öndürýän hem-de ony diwersifikasiýa ýoly bilen eksport edýän ýurda öwürmekde bu pudaga aýratyn orun degişlidir. Häzirki döwürde dokma senagatynyň kuwwaty ýurdumyzda öndürilýän pagta süýüminiň agramly bölegini gaýtadan işlemek bilen, ondan nah ýüplük, dürli görnüşli matalar, tikin we trikotaž önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sany barha artýan gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň hatary barha artyp, netijede, öndürilýän önümleriň içerki bazarlardan artan bölegi daşarky bazarlara ugradylýar.

Türkmenistanda açylyp ulanylmaga berilýän, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalary milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny barha artdyrmaga, gymmaty ýokary bolan taýýar önümleriň eksportyny ýokarlandyrmaga amatly şertler döredýär. Üstümizdäki ýylyň awgust aýynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda, ýakynda, has takygy 17-nji noýabrda bolsa Babadaýhan etrabynda iri dokma toplumlarynyň işe girizilmegi-de aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr. Innowasiýanyň gazananlaryny özünde jemleýän bu toplumlarda halkara hil, dolandyryş we marketing ülňülerine laýyk gelýän önümler öndürilýär.

Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşky gurşawyň howpsuzlygyny goramaga hyzmat etmegi-de milli Liderimiziň bu ugurda amala aşyrýan özgertmeleriniň netijeleridir. Munuň şeýle bolmagyna ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatynyň tebigy ýerli çig mallara esaslanýandygy-da ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylyp ulanylmaga berlen Babadaýhan etrabyndaky iri dokma toplumy dokma senagatynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolup, onuň önümleri halkara derejede ykrar edildi.

Babadaýhan dokma toplumy türkmen dokmasynyň täze gazanany we ýeten kämil derejesi diýsek ýalňyşmasak gerek. Gahryman Arkadagymyzyň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde guruldy. Gürrüňi edilýän iri toplum oba zähmetkeşleriniň yhlasy bilen ýetişdirilýän pagta çig malynyň gaýtadan işleýän möçberlerini artdyrmakda, dokma önümleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmakda, daşary ýurtly maýalary çekmekde, ýurdumyzda işsizligiň öňüni almakda we Türkmenistanyň dünýä bazarlaryndaky ornuny berkitmekde oňyn şertlere eýedir. Umumy bahasy 151 million 800 müň amerikan dollar bolan bu toplumda ýüplük, boýag, tikinçilik we mata fabrikleriniň bir ýerde jemlenmegi işleriň yzygiderliligini we önümçiligiň bökdençsiz dolandyrylmagyny-da üpjün edýär. Onuň umumy meýdanynyň 20 gektara barabardygy, her ýylda 3 müň 300 tonna ýokary hilli ýüplük, 20 million inedördül dürli görnüşli, 18 million metr boýalan mata hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyplydygy toplumyň milli ykdysadyýetimizdäki ornunyň ýokary boljakdygyndan habar berýär. Babadaýhan dokma toplumy, ilkinji nobatda, serişdeleri tygşytlamaga, ýurdumyzda önüm bolçulygyny berkitmäge, türkmen dokmasynyň dünýädäki abraýyny artdyrmaga, onuň önümleri esasynda işlejek hususy pudagyň senagat kärhanalarynyň artmagyna, logistik hereketleriň we hyzmatlaryň has-da janlanmagyna itergi berer. Mundan başga-da, toplumyň täze iş orunlarynyň 1 müň 150-sini özünde jemlemegi babadaýhanly ýaşaýjylaryň, esasan-da ýaşlaryň iş üpjünçiligine, olaryň Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklaryna we şol ösüşlerde öz goşantlarynyň-da bardygy üçin buýsanmaklaryna şert döreder.

Şu ýerde bir zada aýratyn üns çekmek gerek. Toplumyň açylyşyna gatnaşan daşary ýurtly myhmanlardan daşgary, oňa Belgiýanyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň we Standartlaşdyrmak boýunça halkara guramanyň wekilleriniň sanly ulgam arkaly gatnaşmaklary hem-de çykyş etmekleri Türkmenistanyň bu pudakdaky üstünliklerinden habar berýär. Çünki bu ýagdaýlar ýurdumyzda öndürilýän şeýle önümleriň hil derejesiniň we ekologik arassalygynyň güwäsidir. Ýokary hil hem-de ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmek bolsa hormatly Prezidentimiziň esasy talaplarynyň biri bolup durýar.

Hawa, Babadaýhan dokma toplumy Türkmenistanyň dokma senagatynyň täze buýsanjy. Bu ýerde öndüriljek önümler dünýäniň çar künjüne eksport ediler. Bu bolsa türkmen dokmasynyň abraýyny has-da ýokarlandyryp, täze sarp ediş bazarlarynyň öňüni açar. Halkara söwda dolanyşygynyň eksport-import gatnaşyklarynda eksportyň paýyny ýokarlandyrmak bolsa Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň esasy maksatlarynyň hatarynda durýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda, esasan-da Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tapgyrlaýyn taslamalardyr maksatnamalar durmuşa geçirildi. Milli ykdysadyýetimize iri maýa goýumlarynyň uly mukdary çekildi. Netijede, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde dokma toplumlaryň ençemesi guruldy. Şeýlelikde, türkmen harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygy gazanyldy.

Milli Liderimiz önümçiligiň islendik görnüşleri boýunça-da, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň öndürilişini artdyrmak boýunça düýpli işleriň başyny başlady. Munuň üçin ýurdumyzyň kanunçylyk binýady berkidildi. Dokma senagaty pudagyna hususyýetçileriň-de işjeň aralaşmagy, olara döwlet tarapyndan dürli goldawlaryň we ýeňillikleriň berilmegi, ýeterlik mukdarda karz serişdeleri bilen üpjün edilmegi, ýerli önümçiligi artdyrmak bilen baglanyşykly ýörite maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi pudagyň ähli ugurlarynyň — pagta egriji, dokma, tikin-trikotaž, ýüpekçilik ugurlarynyň sazlaşykly ösüşini emele getirdi.

Türkmen dokmasyny ösdürmek boýunça işlenilip düzülen maksatnamada täze önümçilikleri döretmek, şeýle-de öňden işläp gelýänlerini düýpli döwrebaplaşdyrmak gaýragoýulmasyz meseleleriň hatarynda görkezilýär. Öňde goýlan şeýle wezipeleriň çözgüdine gowuşmagy Türkmenistanda öndürilýän ýokary hilli, elýeterli we ýokary girdejili harytlaryň hasabyna, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberini azaltmaga hem-de olaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmaga şert döretdi.

Hawa, türkmen dokmasy ösýär, özgerýär, kuwwatlanýar. Şonuň netijesinde, onuň milli ykdysadyýetimizdäki orny-da ýokarlanýar. Bularyň bary bolsa halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ysmaýyl TAGAN,

žurnalist.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/47815