Türkmenistanyň halky ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesini her ýyl uly buýsanç bilen dabaralandyrýar. Şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralar halkymyzyň asylly däp-dessurlary, asyrlaryň dowamynda döreden ruhy gymmatlyklary we ynsanperwer ýörelgeleri bilen utgaşýar.
Türkmen Bitaraplygy haýsydyr bir syýasy bileleşigiň öňe süren taglymaty bolman, eýsem, halkymyzyň döreden köp asyrlyk ýörelgesiniň we häzirki zaman dünýägaraýşynyň özboluşly sazlaşygydyr. Hemmeler bilen hoşniýetli gatnaşykda bolmak, dostanalyk ýaly häsiýetler türkmen halkyna asyrlaryň dowamynda mahsus bolandyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi milli jemgyýetçilik aňynda giň goldawa eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen halkyny daşky dünýä üçin has düşnükli we açyk görkezýär.
Milli ykdysady ösüşiň wezipelerini has doly ýerine ýetirmek mümkinçiligi bitaraplyk syýasatynyň möhüm bir ugruna öwrüldi. Ykdysady-hukuk nukdaýnazaryndan, bitaraplyk türkmen topragynyň baýlyklaryny özleşdirmek, ýangyç-energetika serişdelerini dünýä bazaryna çykarmak babatda möhüm ykdysady taslamalary işläp taýýarlamaga daşary ýurt maýalaryny çekmegiň wajyp guraly bolup durýar.
Hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan öz borçnamalaryny yzygiderli we birkemsiz berjaý edýär. Dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Esasy Kanunda berkidilen, umumy ykrar edilen halkara hukuklary goldaýar. Daşary syýasatda beýleki döwletleriň içki işine gatyşmazlyk, güýç ulanmazlyk, harby toplumlara we birleşiklere goşulyşmazlyk ýaly ýörelgelere ygrarly bolup, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilik, dostluk, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklary ösdürýär.
Bitarap Türkmenistan parahatçylygy, parahatçylyk dörediji ýörelgeleri goldamak işinde halkara bileleşige hemişe ýardam bermäge taýýardyr. BMG-niň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylyk dörediji tagallalarynyň çäklerinde Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk konsepsiýasyny iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirmekde BMG bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.
Türkmen Bitaraplygy deňsiz-taýsyz dereje bolup durýar. Çünki ol döwletiň özbaşdak we hoşniýetli erkine laýyklykda saýlan ýolunyň anyk netijesidir. Ýurdumyz özüniň bitaraplyk ýörelgesi bilen adamzat medeniýetiniň ösüşine özboluşly goşant goşýar. Goňşy Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömeginiň berilýändigini, bu ýurduň ykdysadyýeti üçin möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini bellemeli. Munuň özi bitaraplygyň, şonuň bilen baglanyşyklylykda, hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatynyň anyk netijeleridir diýip bolar.
2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy Türkmenistan bilen BMG-niň netijeli we sazlaşykly ösdürilýän hyzmatdaşlygynda täze tapgyra öwrüldi. Merkeziň işi Merkezi Aziýa giňişliginde durnuklylygyň saklanmagyna hem-de netijeli özara gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam berýär.
Halkara işlerde bar bolan jedelli meseleleri we gapma-garşylyklary syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmäge goldaw bermek Türkmenistanyň üýtgewsiz ýörelgesi bolup durýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň adalatly we parahatçylyk döredijilikli ýörelgeleri häzirki döwürde ählumumy ykrarnama we hormata mynasyp bolýar. Hormatly Prezidentimiziň «Bähbitleriň köpdürlüligi — maksatlaryň bitewüligi» diýen sözleri ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara tagallalary utgaşdyrmakda Türkmenistanyň eýeleýän ornuny kesgitledi.
Bitaraplyk — munuň özi syýasy, ykdysady, taryhy, medeni ugurlary özünde jemleýän janly we dörediji güýçdür. Hut şonuň üçin hem bu mesele boýunça geçirilýän halkara maslahatlaryň dowamynda Bitaraplygyň täze mümkinçilikleri açylýar we dürli ýurtlaryň wekilleriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň tejribeleri baýlaşdyrylýar. Halkara forumlaryň bilim ulgamyny ösdürmek babatda hem ähmiýetlidigini bellemeli. Şeýle forumlaryň maglumatlary okuw gollanmalaryna girizilip, olary geljekki diplomatlar, ykdysatçylar, hukukçylar, žurnalistler bolan ýurdumyzyň talyplary içgin öwrenýärler. Görnüşi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy beýleki pudaklar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamyny hem döwrebaplaşdyrmaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ösen ýurtlaryň tejribesini öwrenmäge we işe ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri açdy.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edildi.
Türkmen Bitaraplygy döwrümiziň we geljegimiziň ugur görkezijisidir, ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikdir.
Goý, halkymyzy ösüşiň hem parahatçylygyň ýoly bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Ogultäç BALLYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň dosenti, hukuk ylymlarynyň kandidaty.