Türkmen alabaýynyň şanyna şan goşulýar

Şu hepdäniň ilkinji gününde hormatly Prezidentimiziň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy halkymyzyň wepaly ýoldaşyna ― alabaýyna goýýan belent hormatynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen utgaşyklykda ilkinji gezek belleniljek Türkmen alabaý itleriniň baýramynyň öňüsyrasynda ulanylmaga beriljek toplumdaky tanyşlyk «mawy ýaýlym» arkaly bu pursatlara tomaşa eden ildeşlerimiziň her birinde ýakymly duýgulary oýardy.

Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk merkezleriniň gurluşyklary alnyp barylýar. Halkara assosiasiýa degişli Lebapdaky merkez Farap gümrük nokadyna barýan awtomobil ýoluň ugrunda gurulýar.

Gurluşygy «Barly gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp barylýan merkez 1 gektar meýdany eýelär. Häzir bu merkezdäki binalaryň ählisinde demir-beton gurluşyk-gurnama işleri tamamlandy. Şu günler käbir binalarda kerpiç örmek we suwag işleri dowam edýär. Binalaryň üçegini ýapmak işleri hem ahyrky tapgyrlarda alnyp barylýar. Merkeziň gurluşygyna hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylarynyň 80-si gatnaşýar.

Ýeri gelende aýtsak, merkezde it ýataklarynyň 7-si, iki gatly dolandyryş we işgärler binasy, naharhana, karantin we weterinariýa bölümleri we beýleki binalar bar. Bu ýerde tohum alabaýlary köpeltmek, olaryň saglygyny goramak üçin ähli şertler göz öňünde tutular. Welaýatymyzyň itşynaslary, eger isleg bildirseler, işlerini bu merkezde dowam etdirip bilerler. Mahlasy, merkez Halkara assosiasiýanyň welaýatymyzdaky iri edaralarynyň birine öwrüler.

Şu ýyl ilkinji gezek belleniljek bu baýram, milli Liderimiziň hem nygtaýşy ýaly, türkmen alabaýynyň mertebesine mynasyp dabaralara beslener. Taýýarlyk işlerine bolsa eýýäm badalga berildi. Duşenbe güni milli Liderimize Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň baş meýilnamasy, onuň şekil taslamasy, toplumyň baş girelgesiniň görnüşleriniň taslamalary, bu ýerde oturdylmagy meýilleşdirilýän alabaýlaryň şekilleri, tomaşaçylar münberiniň görnüşleriniň, alabaý itleriniň sergi meýdançasynyň, päsgelçilikleriň görnüşleriniň taslamalary we toplumyň desgalarynda ulanylýan bezeg serişdeleriniň görnüşleri hödürlenildi.

Baýramçylyk günlerinde alabaý itleriniň gözellik bäsleşigi, degişli päsgelçiliklerden geçmek boýunça ýaryşlar guralar. Şeýle hem dabaranyň dowamynda heýkeltaraşlaryň, suratkeşleriň we zergärleriň alabaý itlerine bagyşlanan eserlerinden sergi ýaýbaňlandyrylar.

Bu baýramyň iň esasy aýratynlygy bolsa gözellik bäsleşiginiň jemleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edilen alabaýa «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen derejäniň berilmegi bolar.

Nesip bolsa, Farap etrabyndaky merkez mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli welaýatymyzda ulanylmaga beriljek döwrebap binalar toplumlarynyň biri bolar. Bu ýerde apreliň soňky ýekşenbesindäki şanly baýramyň esasy dabaralary geçiriler.

Agageldi ITALMAZOW,

ýörite habarçymyz.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19235